Ak Welsapar

 

İEDIÑ BIRI İESЕRDIR...

 

Ertir guşluk çemesi. Torgaılaryñ owazy paırap, dury asmandan düz ıere dökülıär. Olar salkyn bilen aıdym aıtmak keıpinden çyksam diııän dek biri birine gezek bermän, jan edip saıraıarlar. Az salymdan tüp yssy düşjegini bilensoñlar, ir ertirki salkynyñ hözürini görmäge gyssanıarlar. Torgaılar al-asmandan orak meıdanyny synlap ıörüşlerine, tä ıadaıançalar süıji saz-söhbet edip, jüıbüldeşip, soñam iım gözleginde, petekelerini doldurmak üçin ıer peıläp, pessaılap ugraıarlar.

   Takyr ıoldan mytdyldap barıan atarabanyñ üstünde gyşaryşyp ıatan adamlaram yssynyñ tiz düşjeginden habarly. Şol sebäplem orakçylaryñ ulusy Jümmi brigadir atyñ jylawyny elinde saklap, irkilip oturan arabaça:

   – Sür-how, Täşli, uklap oturma, adamlary gowrup eltmejek bolsañ! – diıip iñirdeıär. – "Hä" diımän, Gün süır depämizi jazyrdadar. Señ-aı, walla, bu zatlar piñiñe-de däl!

   Arabaçy gamçysyna ıapyşıar.

   – Çüw, jüre getirmiş! Çüw! Lagar düşen sen, iñirdi iımelem – men!

   – Täşli, diııän-ä... – diıip, orakçylaryñ brigadiri keltejik göwresini arabanyñ üstünde has jaılaşykly ornaşdyrmak üçin ıeke dyzyna galyp, aşagyna ıazylan donuny düzedişdirıär. – gep iñirdide däl, gep tizräk oba aşmakda. Haçanky çykylyp gaıdylyşy, çagalañ gözi ıoldadyr.

   – Çagalañ ejeleriniñem! – diıip, Ojar gyşaryp ıatan ıerinden "at goşıar".

   Orakçylaryñ gözleri açylyşyp, arabanyñ üsti janlanıar.

   – Uzaga gitse, "oragam gursun, hoşasam!" diıdirjek bu... – Annageldi nägile äheñde hüñürdeıär. İarym aıdan artyk öıden elkin ıatmak kyn bu adamlara. Bir hepdeden çalşar ıaly edip bolmazmyka bu içigara galmyşy? Nä görgümiz beıdip, bitimizi şänik ıaly edişip, meıdanda enteşip ıörüp? Barybir bu hökümetden biziñ görümize gümmez galdyran ıok.

   – Gaıta öñki gümmezlerem ıykyp gutaryp barıar... – diıip, Ojar ıene ıarym degişmä saldy.

   – Häıt! – diıip, brigadir oñ sesini kesdi. – Diliñe eıelik et, "Tamda gulak bar, tañka-da göz!" diılipdir, özüñizem çül çaga. Töweregiñizde bolıan zatlary görüp ıörsüñiz... İerin bilip gepleseñ, dildir başyñ galasy, ıerin bilmän gepleseñ, dildir başyñ belasy!

   – Anha ıykylan gala, anha-da gara tañka... – diıip, Ojar Jümmüniñ gepine ähmiıet bermän sarnady.

   İöne Annageldi öz içinden: ”İediñ biri ıeserdir" diıen pähimi ıatlap, töweregine gözüniñ gyıtagyny aılady-da, öz aıdanyny ıuwmarlamak bilen boldy.

   – Diımedigimiz-how, bu zamanda iki gözüñ biri ıagy bolupdyr: hulp atandan gowusy ıok. İañkyny men-ä diımändirin, sizem eşitmänsiñiz, gaıtmyşym, gara guşum! Gaıtmyşym gara...

   – Ana, gara-da göründi! – diıip, Ojar onuñ sanawajyny şarpa ıoldy.

  Adamlar ilki Ojar bälçireıändir öıtdüler we görkezilen ugra garaman, onuñ öz ıüzüne tiñkelerini dikdiler.

   – İok – diıip, ol elini uzatdy, – maña däl, beıläñize garañ! Gündogara! Arabany görıäñizmi? Tejen gapdaldan gelıäne meñzeş...

   – Käşgi bu ıoldan Tejenden öññe ıerden ulag gelse diı… – Jümmi brigadir ıat arabanyñ garasyny görenden ıüregine aralaşan uşajykdan ıakymsyz ünjini basjak bolup, uguralla hüñürdedi: – Gelende nä, gelse gelipdir-dä! Nä araba görmediñizmi? Tejeniñ arabasynyñ Mänäñkiden nämesi artyk, gelse, gelşi ıaly geçer gider. Ir döwürlerde-de bu ıolda Tejeniñ arabasyna kän duşardyk. Bu çatrykda dört arabañ gabat gelen gezegem bardyr, munuñ nämesi geñ?

   Jümmi brigadiriñ soragyna jogap beren bolmady. Añyrdan golaılap gelıän arabany synlap, her kes onuñ nähili arabadygyny, üstünde nähili adamlaryñ oturandygyny has öñräkden görjek bolup, assyrynlyk bilen jan edıärdi. Annageldiniñ gözleri welin, tersine, öz ıoldaşlaryndady. Ol öz gözlerine ynanmaıan ıaly, gany gaçan dodaklaryny müñküldedip, arabanyñ üstündäkileri ıene bir gazek sanap çykdy: ne eıläk, ne beıläk – dos-dogry ıedi adam… Bu ony ünjä batyrdy. Belki, şonuñ üçindir, ol, hamana, öz ıoldaşlaryny ilki gezek görıän dek, ıüzlerine bir-birden çiñerilip çykdy: ıediñ biri ıeserdir...

   Gözi jöwherli ıaly Ojar ıolkessir ıetip gelıän ıat arabanyñ üstündäkileri garagörnümden saıgardy we öz çakyny orta atdy:

   – Bu araba däl, purgun... Üstünde-de sallat görünıär. İalpyldaıan zadam bäşataryñ nili öıdıän...

   – NKVD-äñ purgunydyr-ow... Häı, Täşli, "sür!" diılende, süräımediñ-dä adam şekilli, kän aıtdym men saña häliden irkilip oturma diıip welin... Hany, indi bir çal bekräk ıabyña! İetişdirmezmik-ä öñräjik geçmek çatrykdan? Çal gatyrak!

   – Çüw, çüw! Bir araba ıedi bolup münersiñ-de, nä şundan tiz giderin öıdıäñmi? Çüw, iıeni haram bolmuş!

   – Kime diımelidigi-hä belli-le welin ony, arman wagty däl-dä. Sür, añalma indi bir!

   Gamçynyñ şarpyldysy batly çykdy. Lagar ıaby onuñ üçin öñürdige ıazaımady-da, hälki bir mytdyldyñ tizligini artdyran ıaly etdi. İöne onuñ üçin artyk ıol önmedi. Arabalar edil çatrykda gabatlaşdylar. Üsti brezent örtgüli ıapyk atarabany hem onuñ arka ıüzünde aıaklaryny sallaşyp oturan ıüzi solgun adamlary howsala bilen synlap gelıän orakçylar ara golaılaşdygyça galpylda çümdüler. Çünki indi olaryñ hiç birinde-de bu çola ıerde duşanyñ NKVD-niñ "halk duşmanlaryny" çekıän arabasydygyna şübhe galmady. Adamlaryñ süññi gowşady, Täşliniñ elindäki gamçynyñ ıañadandan bady gaçdy. İöne näme-de bolsa, orakçylar NKVD-niñ arabasyndan öñürdip çatrykdan geçip ıetişdiler. Adamlar edil dilleşen ıaly uludan bir demlerini aldylar. Täşliniñ eline ıañadandan ysgyn geldi, ol çatrykdan tizräk arany açjak bolup, ıabysyna goşa gamçy çaldy. İaby gyssanjyna büdräp, brezent örtgüli arabadakylaryñ ıadaw ünsüni özüne çekdi.

   Her kimiñ howsalasynyñ özüne ıetikligi üçinmi ıa-da arabaçynyñ soñky janykmasyny oñlamadymy, garaz, Jümmi brigadir oña ıene-de gözüni alardanyny duıman galdy. Orakçylaryñ bar aladasy bu wagt ıat arabany görmezlikdi. Çünki ol araba gözüñi dikmek gorkulydy, iñ bärkisi – gözüñ tanyş ıüze düşmegi ahmal. Çigidiñ çeti ıaly-da ıardamyñ degmejek ıerinde töwerek-daşdan haraı isläp barıan bir betbagtyñ gözleri bilen gözleriñ sataşaısa, bu nä ıeñil jezamy? Şonuñ üçinem bu wagt orakçylaryñ bar umydy lagar ıabydady. Haıwanam bolsa, orakçylaryñ howsalasyny duıan ıaly, garaşylmadyk ıerden çuslanan ıaby-da öñe dyzaıardy. Gyzgyn Gün ıaby janawary-da derrew gara dere batyrdy.

   Bu wagt harby geıimlileriñ ofiseri daşlaşyp barıan orakçylaryñ yzyndan nämüçindir ıiti-ıiti seredıärdi. Soñra ol goşa aty sürüp oturan esgere garşy kellesini egip, bir zatlar diıdi. Esger başyny atdy-da, arabadan böküp düşdi, atynyñ jylawyny arabañ arşyna taşlap, orakçylara allowarrdan "duruñ!" diıen yşarat etdi-de, ädigini gorsuldadyp, bäriligine gaıtdy. Orakçylaryñ ıanyna gelip, egnindäki tüpeñini gobsundyryp ykjamlandy.

   – Nıame gaty surıa? Name gaçıamy? Kim gaçıar arabada?

   Täşli esgeriñ özüni dikanlaıandygyny görende aljyrady, näme diıjegini bilmän, dilden-agyzdan galyp ıuwudyndy. Esger bolsa, öñünde serim-sal bolşup oturan, ıüzleri güne ıanyp çoına dönen orakçylary howlukman, ıeke-ıekeden synlap çykdy. Onuñ bolşy bazardan iş ıabysyny almaga geleniñkiden enaıy däldi, orakçylaryñ has-da howy basyldy, olaryñ hiç birinden ses çykanokdy. Bu oturanlaryñ garamatkeşidigi ıadyna düşen Jümmi brigadir ahyr soñy howsalasyna basyp, dil ıardy.

   – Gaçıan ıerimiz ıok, kemendir, orakdan gelıäs. Rabotaı kän. Obada-da çagajyklar ıolumyza gözlerini dikip oturandyrlar, çörek kuşaı gerek. Begenjimize gatyrak süräıendiris. Indi stoıat edäıeris, kemendir.

   Harby geıimli ıaş ıigit mawy gözlerini güldürdi:

   – Men kemendir dıal. Kemendir siz bilen gürleşıar edıar. Durıar şu taıda, stoıat!

   Onıança añyrdan epeı basyp, ofiser ıetip geldi. Ol entek arabanyñ ıanyna ıetmänkä Jümmi brigadir:

   – Idrasti! – diıip, oña ıaıaplap salam berdi.

   NKVD-niñ asman ıaly dury gözli ofiseri gülüp, başyny atdy:

   – Zdrasti!

   Şol iki aralykda Jümmi brigadiriñ:

   – Täşli, irkilip oturma diıdim men saña, gurbanyñ gideıin, etmediñ! – diıip, dişinden syzdyrmagy orakçylaryñ arabasynyñ garaşylman durka ıerinden siltenip gozganmagyna sebäp boldy. Orakçylar edil ukudan oıanan ıaly bolşup, biri biriniñ ıüzüne seredişdiler. Bu ahwalat ofisere ıakmady. Esger ıigit bolsa, ıabynyñ jylawyndan çalyp tutdy.

   – Gitmek ıok! Nira gidıa?

   – Hiç ıere-de gitmeris, tä "git" diııänçäñiz, ıaby ürkendir – diıip, Jümmi brigadir derrew ıuwmarlady.

   – Hany suw içıar hoçu, suw berıar!

   – Içjegiñiz suw bolsun, wah! – diışip, ıükleri ıeñläne dönen orakçylar ıerli-ıerden jürdeklerine ıapyşdylar. Ofiser bilen esger biri biriniñ ıüzüne köpmanyly seredişip, orakçylaryñ jürdeginden suw gulkutdylar. Soñra ofiser oturanlara ıüzlendi:

   – Kim naçalnik?

   – Men bulañ ulusy! – diıip, Jümmi brigadir ıerinden gobsundy. – Näme hyzmat, kemendir?

   Ofiser oña "yzyma düş!" diıen yşarady etdi-de, arabadakylara garşy papagynyñ ıeñsesini öwürdi. Jümmi brigadir boıunegijilik bilen onuñ yzyna düşdi, olar arabadan arany ep-esli açyp, garşyma-garşy durdular. Ofiser derrew öz talabyny bildirdi.

   – Bir halk duşmany biziñ arabadan gaçdy bar. Seniñki arabadan bir duşman tapıa sen! – ol gürrüñdeşiniñ egninde bilgeşlin elini goıdy. Şonda orakçynyñ boıy öñküden-de beter kelte göründi. – Şeıle... biz Aşgabada 30 sany "halk duşmany" äkidıas. Bu arabada 10-sy bardy. Ana, ol taıda, ıolda olar siııas etdi, birisi gaçdy gerek. Tapıan ıok. Men 9 duşman äkidıa bilmeıa, birisi ıetmeıar, tapmalydyr. Getir bir adam sen, 30 duşman bolıa! Ine, dokument bar, telegramma, 30 duşman gorkezilıar, eltıa men Aşgabada!

   Jümmi brigadir ör-gökden geldi:

   – Bolmaz, kemendir! Heı, orakçylañ içinde-de bir halk duşmany bormy? Bular bir garamaıak, duşmançylygyñ nädip edilıäninem bilmez bular. Hemmesi halal adamlar, özlerem çül çaga.

   Ofiser araba garşy göz aılady-da, Täşlä barmagyny çommaltdy:

   – Ony berıar!

   – İo-ok, bolmaz! Ol bir betbagt adam! Sekiz çagasy bar biri birinden manenkiı. Aıal bolnoı! – diıip, Jümmi brigadir, batdyk-sutduk orsçalady.

   – Onda ony berıa! – diıip, ofiserem erjellik görkezdi. Bu gezek onuñ barmagy Durdy-pereñe garşy uzady.

   – İok, kemendir, bolmaz, nädip ony öıünden aıyrjak? Uluja ogluny ıañy öıerdi, özem inçekeselli, tüberkülöz, "kühhe-kühhe" etdi bar! Onuñ halk duşmany bolmaga hiç ıagdaıy ıok, çül çaga!

   Ofiser çalgyrt dilde gaharly gürledi:

   – Nämüçin sizde halk duşmany ıok? Hemme obada bar, sizde ıok? Eto podozritelno! Men barjak başlyk ıanyna, sorajak, seniñ özünde çaga ıok, ha?! Men akidıär seni! İetti adam içinde bir halk duşmany tapmasa, sen özün halk duşmany bolıa!

   Gaıyş ädikli nas reñk geıimli ofiseriñ güne ıanan saryıagyz ıüzünde mährewiñ öñküden-de beter azalandygyny gören Jümmi brigadiriñ keltejik aıaklary, çepiksije göwresini götermejek boldy, dili basyldy. Ofiseriñ mawy gözleri asman ıaly durudy, owadandy, ıöne düıpsüzdi hem häzir olarda rehim ıokdy. Jümmi brigadir öz orakçylaryna garşy naıynjar göz aılap, başlaryndan duıdansyz inen bu gorkudan gutulmak üçin ıene-de delil agtardy. Arabanyñ üstündäkileriñ-de bu wagt saly suw üstündedi. Her gezek ofiser bäriligine barmagyny çommaldanda, orakçylar galpyldap ugraıardylar, çünki barmak kime garşy uzasa, ıanlaryndaky esgeriñ şoña ıakynlaıandygyny olar görüp otyrdylar.

   Bu ıagdaı uzaga çekdigiçe aralarynda kimdir biriniñ depesinden gumansyz inäımeli bolup görünıän betbagtlyga garaşmakdan ıaña adamlaryñ sabry azalyp barıardy. Her kes öz öıüni, hojalygyny ıatlaıardy, çagalarynyñ arasyna aman dolanyp barmak isleıärdi. İöne orakçylardan kimdir birine bu bagtyñ miıesser etmejegine-de olar düşünmezçe bolmadylar. Şonuñ üçinem Durdy-pereñ birdenkä arabadan syrylyp düşende, oturanlar oña ıerli-ıerden geñirgenip seredişdiler. Ol bolsa, işdeşlerine hiç zat diımän, özlerini garawullap duran esgeriñ ıanyna bardy.

   – İa pomagaı...

   Esger onuñ ıüzüne ilki ynamsyzlyk bilen seretdi-de, yzyna düşürip, ofiseriñ ıanyna äkitdi. Şondan soñ orakçylar Jümmi brigadiri taşlap, Durdy-pereñ bilen NKWD-niñ ofiseriniñ añrylygyna ıörändiklerini gördüler. Adamlaryñ galpyldysy has-da artdy. Olar hiç zada düşünmeıän şekilde, eginlerini gysyşyp, biri biriniñ ıüzüne seredişdiler. Arabanyñ üstüne öñküden-de beter aıylganç ümsümlik aralaşdy. Onıança-da ofiser orakçylara garşy elini uzatdy. Soldat arabanyñ ıanyna gelip, Annageldä barmagyny dürtdi. Ofiser baş atan dessine soldat ony tüpeñiñ nilini böwrüne diräp, arabadan düşürdi.

    – Sen gidıa!

   Bu sözi eşidende, Annageldi allaniçiksi boldy. Onuñ ıüzüniñ derrew reñkiniñ solandygyny orakçylar gördüler. Ol dalda isläp, aljyraññy halda töweregine göz aılady, emma adamlar onuñ başyndan inen betbagtçylyga hamana düşünmeıän şekilde, aşak bakyp, ıer dyrmadylar. Onuñ ıüzüne seretmekden gaça durdular. Onsoñ Annageldi esgeriñ öñüne düşüp, yzyna gañryla-gañryla bu ıerden daşlaşyp gitdi. Ony eltip, üsti ıapyk ataraba dykdylar.

   Ofiser Durdy-pereñi-de şol ıere eltdi. Az salymdan onuñ bir tagta kagyza barmak basyşyny gördüler. İöne nämüçindir şondan soñam ony ol ıerden añsat goıberesleri gelmedi. Orakçylaryñ göwnüne bolmasa, tussaglaryñ arasyndan oña ıer arçadylar. Adamlaryñ tolgunmasy artdy. Daşyny gögeıin alan lagar ıaba haıpygelijik bilen seredişip, bu wakanyñ soñuna garaşdylar. Ahyrsoñy Durdy-pereñ yzyna gaıdyp geldi. Orakçylar oña gabak astyndan garap, señriklerini ıygyrdylar. Ol araba münende, üışenmekden ıaña adamlaryñ endamy ıene-de ıakymsyz galpyldady. Durdy-pereñiñ ıüzi betnyşan ajydy, dirilikden nyşan galmandy.

   Haıal etmän, arabalaryñ ikisi-de ıola düşdi. İap-ıañyja aralarynda oturan Annageldini gitse-gelmeze alyp barıan atarabanyñ yzyndan gorkuly garap, orakçylar belanyñ bu gezeklikçe hut öz üstlerinden sag-aman sowlandygyna şükür etdiler. Durdy-pereñ-de, hamana hiç zat bolmadyk ıaly, orakçylaryñ arasynda aıbogdaşyny gurap otyrdy. Elbetde, il deñinde ol hem Allany çagyrıardy. Onuñ häzir kiçeñräk bir ünjüsi bardy: gorky üstlerine abanayp gelende, ol nämüçin Hudaı ıoluna iliñki ıaly bir däl-de, eıse iki tegelek çörek bagş etdi?

   Ol töweregine ynamsyzlyk bilen göz aılady: bularyñ arasynda öz başyndan iki çörek aıtjagy barmy? İok, hernäçe gyssansalar-da, bular Hudaı ıoluna artykmaç zat berjek adamlar däl. Öñden gelıän däbem şeıle: bir başa – bir tegelek nan. Dogrusy, bu ıeter-ıetmezçilikde şolam az zat däl. Eger Hudaı adamlaryñ ıagdaıyny bilmeıän bolsa, onda özünden görsün!

   Diımek, bir tegelek nan – onuñ öz başyny beladan goramaly. Onda ikinjisi näme? Belki, ol ilden iki esse artyk gorkandyr? Muny boıun almak ıakymsyzdy. Durdy-pereñ obada gorkak diılip tanalıan adam däl. Onda nämüçin ol Hudaı ıoluna ilden iki esse artyk çörek berdi? Garasy ıitip barıan eımenç arabanyñ yzyndan tiñkesini dikip oturyşyna, Durdy-pereñ il bilen deñ abanan howpuñ öñünde durup bilmän, näme sebäpden ilden iki esse artyk çykdajy edendigini ıadyna saljak bolup dyngysyz pikir öwürıärdi, kösenıärdi.