Saralan sahypalar syr açýar…

 

EDEBIÝAT: DÖWRÜŇ ÇATRYGYNDA

 

Ýazyjylaryň arasyndaky bu jedel 1991-nji ýylyň tomsunda bolupdy. Ol örän üýtgeşik döwürdi, SSSR-de Üýtgedip gurmak syýasaty gidýärdi. Bütin ýurtda çäklendirilen derejedäki söz we metbugat azatlygy bolan – aç-açanlyk hem aýdyňlyk syýasaty dowam edýärdi. Gyzyl imperiýa öz-özünden dargap barýardy. Hä diýmän, Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny almalydy, onuň nähili döwlet boljagy-da şol döwürde köp derejede türkmenleriň syýasy-jemgyýetçilik aktiwligine, graždanlyk batyrlygyna baglydy…

 

"Ýaşlyk" žurnalynyň arhiwinden: 1991-nji ýylyň awgusty...

 

Soňky ýyllardaky jemgyýetçilik durmuşymyza ser salanyňda ýazyjylaryň abraýynyň kem-kemden pese gaçýandygyny görmek bolýar. Türkmenistanly ýazyjylaryň fewral aýynda bolup geçen onunjy gurultaýynda hem bu ýagdaý barada gürrüň edildi.

Totalitar döwlet ykdysady taýdan belli bir kuwwata eýekä öz bähbitlerine hyzmat etdirmek üçin döredijilik işgärlerini dürli ýollar bilen goldaýardy. Agalyk ediji toparyň bellän çäginden çykmaýan ýazyjylaryň galam hakam, ordendir medalam, sylag-serpaýam öz wagtynda eýesini tapar durardy. Ýöne soňky döwürde döwlet bilen ýazyjylaryň arasyndaky aýy dostlugy tamamlanana meňzeýär. Indi döredijilik adamy diňe öz talantyna bil baglamasa, başga ýol ýok.

Ykdysady goldaw bermäge ukypsyz döwlet edebiýatyň, sungatyň julawyndan el çekmeli, olaryň boýnundan ideologiýanyň syrtmahgyny aýyrmaly boljakdygyna düşünýär. Bu ýagdaý bolsa, belli bir derejede döredijilik azatlygyny wada berýär. Täze şertlerde döwlet bilen edebiýatyň aragatnaşygy nähili bolmaly? Redaksiýada bolan aşakdaky gürrüňçilik, esasan, şol meseläniň daşynda aýlandy.

 

Orazgylyç Çary: Ilki bilen bu meseläniň taryhyna-da ser salmalymyka diýýärin. Bolşewikler häkimiýeti ele alanlarydan soň, milli edebiýatymyzyň, sungatymyzyň başyna düşen agyr gün hakda soňky wagtlarda metbugat sahypasynda yzygiderli gürrüň edilip gelinýär. Sosialistik ideologiýa perdelenen şowinistik syýasat şol ýyllardan özüni tanadyp başlapdy. Ilki Berdi Kerbabaýew ýaly köne intelligentleriň şol syýasata aç-açan garşy çykyş edendigini, ýöne köp wagt geçmänkä-de olaryň öz nukdaý nazaryny üýtgetmeli bolandygyny bilýäris. Ol ýyllar döwlet edebiýaty özüne gullyk etdirmek üçin esasan bir metody, ýagny mejbur ediş metodyny ulanýardy. Ýöne nämüçindir sowet edebiýatynyň höküm süren döwründe, şol ýyllaryň bütin taryhynda häkimiýet eýeleriniň ýöredýän syýasatyna garşy açyk çykyş eden türkmen ýazyjysyny, şahyryny tapmak örän kyn. Şu ýerde maňa: “Abdylhekim Gulmuhammedow näme?” diýilmegi ahmal. A.Gulmuhammedowyň sowet döwletine gyýa göz bilen garamandygyny, gaýta, onuň esasy diregleriniň biri bolandygyny Ahmet Bekmyradow bilen Myratgeldi Söýegow “Gulmuhammedowyň gyzykly hem gussaly ykbaly” atly makalalarynda subut etdiler. Olar bilen ylalaşmazlyga , meniň pikirimçä, hiç hili esas ýok. A.Gulmuhammedowyň sowet häkimiýetiniň öňündäki ýeke-täk “günäsi” – onuň köptaraply sowatly bolanlygynda hem türkmen edebi mirasy, taryhy barada özbaşdak pikir öwürmegi başaranlygynda bolsa gerek. Ýaňky makalada onuň ölümi barada hem söz açylýar. Daşary ýurda gaçmaga synanyşyp, wepat bolmagyny awtorlar Gulmuhammedowyň öz ýalňyşy hasaplaýarlar. Meniň pikirimçe, ol täze gurluşa tüýs ýürekden ynanyp, şol ynamyň hem puja çykyp barýandygyny görüp, aýgytly herekete baş goşan bolmaly.

Köp babatda adalatsyz syýasata boýun bolup gelendikleri üçin ýazyjylary günälemegem aňsat däl. Olar täze gurluşyň artykmaçlyklaryna tüýs ýürekden ynanan bolmaly. Ynam üçin ýazgaryp bolmaýar.

Aman Goşa: Hawa, hemmesi şol ýyllardan başlanypdy. Geliň, meseläniň teoriýa bilen baglanyşykly tarapyny alyp göreliň. Biziňki teoriýa bilen. Teoriýany bolsa, bizden has parasatlylar ýüz ýylda bir dogulýan geniler oýlap tapýarlar. Bize derek Maksim Gorkiý, Wladimir Maýakowskiý dagy kelle döwüp, edebiýaty öňki klassyklara görä däl-de, täze synpyýet biçüwine görä ösdürmegiň tärini tapypdyrlar, şolar şeýle netijä gelensoňlar, biz proletar ýazyjylaryň hoşasyny çöpläbilsek han boldugymyz. Aslynda edebiýatdan has galarak zatlaryňam synpy, rewolýusion ösüşiň kanunlaryna görä hasaby çykarylan bolsa nätjek. Dogrusy, jemgyýetiň şo ösüş kanunyny açyk klassyklaryň taglymatynyň mizemzligine özümizem şert ýeterlikdir öýtmeýärdik. Olaryň ýanynda san bolmaga-ha däl, özüňe edebiýata dogry düşünýän diýdirjek bolsaňam, ýazjak goşgudyr-gazalyňy partiýalaýyn nazarýetden seretmegiň zerurdygyna ynanypdyk. Edebiýata partiýalaýyn çemeleşmegiň hötdesinden gelmeseň weli, dat günüňe! Magtymguly bolsaňam, Azady bolsaňam, adyň yzyna klassyk sözi goşulsa-da, düýpli bir kemçiligiň bardyr... Okyjylara rewolýusiýon taglymaty öwüt-ündew etmeseň, halka adalatyň ýeke-täk dogry ýoluny salgy berip bilmersiň, klassyk bolsaňda näme! Gürrüňimiziň kinaýaly çykýany üçin bagyşlaň. Adam pahyr öz-özüni aldap bilse, ýalany çyn hökmünde kabul etse, soňundan özüni ýaňsylamakdan, öz-özüne igenmekden başga çäre tapmaz ekeni...

Biziň çeper edebiýatymyz-da, edebiýaty öwreniş ylmymyzda-da şeýle boldy. Sosialistik realizm metody diýip, pellehanaň nirededigini bilmesegem atymyzy ýeke çapdyk. Debsiläp, daljykdyryp ony heläkledik. Ýok, biziň özümiz heläk bolan ekenik. Sebäbi bu gün oýlanyp otursak, aýagymyzyň astynda şo at diýýänimiziň asla bolmanlygyna göz ýetirýäris. Geliň, indi beri özümizi köşeşdirmäliň. “Heniz edebiýat taryhynda görlüp-eşidilmedik çeper ýörelge tapdyk, şonuň täsiri bilenem adamzadyň täze bir neslini terbiýeledik” diýip, öz-özümizi aldamamyzy indi bir bes edeliň. Ýalan bilen terbiýelenen nesliň nähili nesildigini düşündirmegem bir görgi. Käbirleri olara “sowet adamsy” diýip, kinaýa alsa, käbirleri “mankurt” diýip, aňrybaş sözi tapdylar.

Ak-Muhammet Welsapar: Umuman, geçen ýyllaryň içinde oýlanyp tapylan pirim bir ýa iki däl. Şolaryň iň howplusynyň biri-de halkyň adyndan gürlemekdir, ýagny islendik ýolbaşçynyň halkyň adyndan gürlemek hukugyna eýe bolmagydyr. Gul eýeçilik döwlet gurluşynda-da, feodalizmde-de, kapitalizmde-de, bu nogsan şeýle howply derejä ýeten däldir, adamkärçiligiň, mertligiň, ygrarlylygyň, ahlaklylygyň garşysyna şeýle bihaýalyk bilen işledilen däldir. Resmi syýasat bilen pikirdeş bolmadyk islendik adamyny halkyň adyndan “halk duşmany” diýip yglan edip bolsa, iki-ýeke ýolbaşçynyň hyzmatyny etmäge taýýar, ýa-da hyzmat etmäýende-de, diňe olaryň nämüçindir göwnüne ýaran şahyry, ýazyjyny bütin halkyň adyndan “halk ýazyjysy” diýip, jar edip bolýan bolsa, mundan aýylganç zady göz öňüne getirmek hem kyn! Şondan soň halkyň, tutuş milletiň erkini elinden almak – eşekden palan alança-da ýok!

O.Ç.: Şu ýerde bir zada ünsüňizi çekesim gelýär. Türkmen edebiýatynda agalyk ediji toparyň ýöredýän syýasatyna tankydy göz bilen garaýan ýekeje esere-de duşulmaýandygynyň esasy sebäbi ýazyjylaryň gorkaklygy ýa-da ikiýüzlüligi däl-de, olaryň özleşdiren ruhy iýmitleriniň birtaraplaýynlygyndady. Şu pikirimi şeýle bir mysal bilen berkidesim gelýär. Belli iňliz ýazyjysy Jorj Orweliň “1984” atly bir romany bar. Romanda gürrüňi edilýän ýurtda täze diliň sözlüginiň üstünde işleýärler. Romanyň gahrymanlarynyň biri şeýle diýýär: ”Täze diliň esasy wezipesiniň pikir gözýetimini daraltmakdygyny bilmeýäňmi sen? Iň soňunda zyýanly pikirleriň birem galmaz. Sebäbi täze dilde şolar ýaly pikiri aňlatmak üçin ýekeje sözem tapylmaz.”

Ine, şeýle synagy halkymyz, şol sanda ýazyjylarymyzam, başdan geçirmedilermi eýse? Olaryň söz, pikir örüleriniň şeýle dar bolmagyny başga näme bilen düşündirjek? Özlerini bilip görenleri şol matlaply sözler, olar başga hili oýlanybam bolar öýden däldirler. Döwlet bolsa köe kitaplary aýagaldygyna ýakyp, elipbiýi çalşyp, olaryň şol ynamlaryny hasam berkidipdir.

Dogry, geçen ýyllaryň içinde öz eserleri üçin ýazgarylan ýazyjy-şahyrlaram bar. Ýöne ol eserleriň hiçisinde hem dowam edip gelýän düzgüne närazylyk ýokdy. Ata Atajanow pahyr “Edebiýat we sungat” gazetinde çykan bir makalasynda ozal ýanalan şahyrlaryň döredijiliginden mysallar getirip, olaryň eserlerini gadagan eder ýaly hiç bir esasyň bolmandygyny subut edipdi. Ol Juma Ilmyradowyň “Türkmenistanyň” goşgusyny mysal getiripdir. Geliň, şol goşgynyň bir bendini bizem ýatlalyň:

Belent çykar barly öýüň tütüni,
Gaýratly är müner bagtyň atyny,
Munda azatlygyň mermer sütüni,
Keýp-sapasy kändir Türkmeistanyň.

Bu setirleri Ata Atajanow awtoryň nähak ýazgarylandygyny, olarda “buržuaz milletçilikden” nam-nyşan ýokdugyny subut etmek üçin mysal alýar. Biz onuň bilen doly ylalaşýarys. Juma Ilmyradowyň “Munda azatlygyň mermer sütüni” diýip, totalitar sistemanyň netijesinde ýere siňip barýan Türkmenistany göz öňünde tutandygy köre-de mälim. Hawa, gynansagam, öz eserleri üçin ýanalan türkmen şahyrlarynyň barysy hem ak ýürek bilen adalatsyz sistema gulluk etmäge taýýar adamlardy. Hatda olar: “Halkym!” diýip ýazanlarynda hem öz halkynyň bähbitleriniň tersine gidýärdiler. Şeýdenleri üçin olary ýazgarmagam aňsat däldi. Döwlet bähbidiniň halkyňam, şahsyýetiňem bähbitlerinden ýokarda goýlan döwründe adamsöýüjilik, halkylyk ideýalar bilen ruhlanmaga hiç hili mümkinçilik ýokdy.

A.G: Elbetde, edebiýatyň, sungatyň sübsegärleri edileni üçin Körmollany, Durdy Gylyjy, Moillamurty günäkär saýmak ýalňyş bolsa gerek. Ýöne biziň günlerimizde-de:

Parahatlyk mekany
Gözel ülkäm ýaz ýaly -

diýip goşgy goşup, yzyndanam aýdym zowladyp, özüňi müýnsiz hasaplap bolarmyka? “Kireýsiz kilim kakylmaýar” diýlişi ýaly, edebiýatyň syasatyň, aýry-aýry döwürlerde aýry-aýry “patyşalaryň” hyzmatkärlerine öwrülmegi köpler üçin maddy gymmatlyklaryň gözbaşy bolup hyzmat etdi. Näme ýazaňda näme – pul töleseler bes, gutardy... Häli-häzirem: “Goşgyny, hekaýany çagalam üçin ýazýan, çaga-çugasyz dagy bolsam, ýeke setirem çyrşamazdym” diýip, gypynçsyz “içini dökýänler” kän ahyry.

A.W: Men ýaş nesliň öz zehinini syýasatyň gurbany etmegine garşy. Belki, Bapba Gökleň, Gowşutgeldi Daňatar, Kömek Kuly, Muhammet Oraz, Aman Goşa, Ahmet Halmyrat dagylar öz atlaryna guwanar ýaly eserler dörederler? Iň bolmanda, şoňa umyt baglasyň gelýär. Şu oglanlaryň häzirki ýazyp ýören eserleri türkmen edebiýatyda täze bir döwri wada berýär. Ölmesek, iru-giç göreris...

Ýöne zehinli adamlary hiç haçanam öz günlerine goýmazlar, her kesiňem ýiti ýarag ulanasy gelýär. Öňki döwürde diňe köşk şahyrlary bolan bolsalar, onda biziň döwrümiz köşk žurnalistlerini hem döretdi. Şol köşk žurnalistleri, köşk ýazyjylary biziň aramyzda gezip ýörler. Olaryň howply ýeri-de şundan ybarat. Olar ýazyjylaryň, žurnalistleriň içinde gezip, hamana şolaryň biri ýaly bolup gürleýärler, çykyş edýärler. Emma olaryň hakyky ýazyjylar, žurnalistler bilen ruhy bir däl. Iýýän-içýän zatlary hakynda-ha gürrüňem ýok!

Çyn zehinler parahatçylyk döwründe-de okdan ölýärler. Olaryň garşysyna hökmän ok tapylýar... Men muny Gurbannazar Ezizowy göz öňünde tutup aýdýaryn. Parahatçylyk döwründe oňa biri ýarag çenär diýip, ýeri, kimiň ýadyna-oýuna düşjekdi?.. Annasoltan Kekilowanyň ykbaly hem juda hasratly, ony diriligine dälihanada çüýretdiler. Akyly kemter bolany üçin däl, dürdäneligi sebäpli. Ol aýal öz pikirlerini goşgularyna geçirdi.

Olardan has irräk Hydyr Derýa öz ýazan eseri üçin jebir çekdi. Ony “Ykbal” romanynyň ilkinji görnüşi bolan “Ganly penjeden” atly eseri üçin Sibirden çykardylar. Ol 20 ýyllap Sibirde tussaglykda we sürgünde boldy. Men indiden eýlägem ýazyjylaryň güni aňsat düzeler diýen pikirden daşda. Häzirem ýagdaý öňküsinden düýpli üýtgäberenok, howsala salýan alamatlar bar...

O.Ç: Her döwrüň özüne ýetesi kynçylyklary bolýar. Mysal üçin, ýazyjylaryň öňünde bäş-on ýyl ozal bir hili wezipeler duran bolsa, häzirki wagtda olar, meniň pikirimçe, göz-görtele üýtgedi. Öň açyk aýdyp bolmaýan zatlar hakynda açyk aýtmak mümkiinçiliginiň döremegi – ýazyjylaryň, umuman, döredijilik adamlarynyň öňünde peýda bolan ullakan synagdyr.

A.G: Biziň türkmenlerimiziň “Ýalan ryskyňy iýer, toba – günäňi” diýen jaýdar sözi bar. Adam toba gelensoň, onuň günäsi bagyşlanýar. Ýöne biziň toba edişimizden, dogrysy, özümiň-ä göwnüm suw içenok. Biz toba gelmezden günämiziş ýuwmak isleýäris. Toba gelmezden “gaýtmyşym” etmezden günäňi ýuwjak bolmak biziň şo aýbygadym endigimize – gury söz bilen dünýäni düzetjek bolmaga barýar. Ozal “ak” diýýänimize indi “gara” diýýäris. Ozal “sosialistik realizme” iň naýbaşy metod diýip ýazanlar bu gün “täzeçe pikirlenişi” baýdak edinip, umumyadamzat gymmatlyklaryny birinji orunda goýýan ugurlary magtap, ýerde-gökde goýanoklar.

A .W: Hawa, häzirki emele gelen ýagdaý ýazyjylar üçinem, beýleki döredijilik işgärleri üçinem uly synaga öwrüldi. Öň diýjegiňi diýip bolanokdy. Onsoň ýazyjylar köplenç aýlawly gürleýärdiler, biziň edebiýatymyzda ýaňzytmalar inçe hem jaýdar bolmalydy. Olara edebiýata serenjam berýän çinowniklerdir senzorlar-a düşünmeli däldi, okyjylaram düşünmelidi. Oňa setirasty many hem diýilýär. Bardy-geldi senzorlar şahyryň, ýazyjynyň nämäni ýaňzydýanlygyny aňaýanda-da, şol eseri saklamaga senzorlaryň gönümel tutarygy bolmaly däldi. Mysal üçin, Stalini, Brežnewi ýa-da olaryň emeldarlaryny taňkytlamak üçin taryhy eserler ýazylýardy, geçmişdäki han-beglere şolaryň häsiýetleri, daş keşpleri ýa-da gürleýis endikleri, hatda öňe sürýän ideýalary berilýärdi. Has açyk ýaňzytmalara baý eserleri, elbetde, senzoralar aňsatlyk bilen saklap bilýärdiler.

1985-nji ýylyň aprelinden soň ýagdaý üýtgäp ugrady. Ýarym asyrlap gadagan edilen eserler çap edilip başlandy, öň gadagan edilip, hiç kime görkezilmän çeperçilik fondlarynyň ýerzeminlerinde küt-küt bolup ýatan žiwopis eserleriniň sergileri guralyp başlandy. Çeper edebiýaty alyp görseň, onda ozal çap edilmedik iri eserlerden A.Rybakowyň “Arbatyň perzentleri” atly romanyny agzamaly. Bu romany “Družba narodow” žurnalynyň çap edişi ýadymda – ol 1987-nji ýylda bolupdy. Biziň neslimiziň ýadynda bu waka mydamalyk galsa gerek. Bu hakyky böwsüşdi. Abraýly merkezi žurnalda çykan bu gyzykly antistalinçilik romany bütin Soýuz okady. Žurnala ýagan hatlar muňa şaýat. Tä şeýle eserler žurnallarda köpçülikleýin çykyp ugraýança olaryň çeperçilik derejesi hakdaky gürrüň ýol almady. Sebäbi adamlar şeýle eserleriň diňe çap edilendigi üçin hem örän şatdylar. Olaryň çap edilip bilinmegi – esasy hadysady, böwsüşdi, ýeňişdi.

Indi häzirki döwrüň kynçylyklary nämeden ybarat? Meniň pikirimçe, biziň ýazyjylarymyzyň üstüne bu asyrda garaşmaýan bagtlary iýndi: aç-açan taňkytlap bolýan zatlaryň gerimi iňňän giňedi. Inçe ýaňzytmalaryň indi gymmaty gaçdy. Sowet edebiýatynyň bolsa, esasy türgenleşen, kämileşen ugry şol, onsoň gysga wagtyň dowamynda beýleki tärleri göwün diýerlik özleşdirmegiň kyndygy üçinem, üýtgedip gurmak döwri entek stalinçilik, brežnewçilik döwründäki ýaly juda iri eserleri ýüze çykaryp ýetişenok. Ýöne, belki, olar eýýäm ýazylyp ýörendir? Ýütgedip gurmak diýleni bilen hemme zat gülala-güllük bolup gidibermedi, aç-açanlygam, aýanlygam entekler doly däl, senzura-da häli-şindi özüniň bardygyny duýduryp dur. Biziň respublikamyz hakynda aýdanyňda-ha entek köp zatlar şol öňki-öňküligine galýar, bolup geçýän üýtgeşmeler gaty ýüzleý, ujypsyz. Dogrusyny aýtsaň, bize üýtgedip gurmagyň diňe dabarsy gelýär, entek özi gelip ýetenok. Şonuň üçinem ýazyjylaryň entekler öňki özleşdiren çeperçilik tärlerini ulanybam saldamly eserleri döretmäge wagty bar.

O.Ç: Gadymy grekler aýtmyşlaýyn: şol bir derýa iki gezek girmek ýok. Bize-de geçmişe gaýdyp barmak ýok, haýallyk bilenem bolsa, garaz, ümzügimiz öňe. Belki, ýagdaýymyz gowulaşar. Türkmenistanyň garaşsyzlygy berkär, biz öz tebigy baýlyklarymyzyň, ýerasty, ýerüsti baýlyklarymyzyň ýeke-täk eýesine öwrüleris, daşary ýurtlarda Türkmenistan döwletiniň ilçihanalary açylar. Ýöne bir zat meni ynjalykdan gaçyrýar. Edebiýatyň, sungatyň kommersiýalaşmagy şu gidişine gitse, onda halkymyzyň milli ruhuna zeper ýetirmezmikä? Indiki nesilleriň ruhy baýlygy agsamazmyka?

A.W: Indiki nesilleriň ruhy derejesem häzirkilerden pes bolmasa gerek. Dogry, çeper eserleriň sungat eserleriniň bahasy diňe pul bilen ölçelse, onda bu erbet. Emma şu çaka çenli ol näme bilen ölçeldi? Ideologiýa bilen dälmi? Eýse ideologiýanyň puldan näme arassa, artykmaç ýeri bar? Ikisini deňeşdirip görseň, ýene-de pul mert bolaýmasa?.. Onuňam, elbetde, öz ýowuz ýörelgeleri, endikleri bardyr, ýöne hemme zat ideologiýa bilen ölçelende, olam rehimli bolup çykmady. Ol özüne gulluk etmedik ýazyjylary nätdi?!

Biziň bir kitaba bir düýe berip satyn alýan halkymyz bar, iň bolmanda biz şonuň ýaly adamlaryň nesilleri, şonuň üçinem eger biz hakyky eserleri ýazsak, onda ony satyn alarlar. Gymmadam bolsa alarlar. Men muňa ynanýaryn. Ýöne halkyň bilim derejesini, onuň sowatlylyk derejesini ýokary galdyrmaga bizem kömek etmeli. Kitaby diňe sowatly adamlar okaýarlar! Şony unutsaň, bolmadygy. Umuman, ýazyjy, meniň pikirimçe, hut öz atasy hökümdar bolsa-da, onuň gapdalynda durup halk bilen gepleşmeli däl-de, eýse halkyň arasynda durup, hökümdar atasy bilen gepleşmeli. Ýazyjy hemişe il-güniň agysyna aglamaly.

O .Ç: Herhalda häzirki döwür köp adamlary oýlandyrýar: ugrumyz hanjak? Bu gün ýazyjylaryň öňünde nähili wezipeler durýar?

A.W: Ýazyjylaryň öňünde häzirki döwürde hiç hili wezipe duranok. Meniň diýjek bolýanym: döredijilik adamsynyň öňünde her döwürde aýratyn bir wezipe durup bilemz. Sungat adamsynyň öňünde dünýe döräli bäri şol ýeke-täk wezipe bar – olam hakyky sungata gullyk etmek.

Şu çaka çenli: “Ýazyjynyň borjy oldur, budur” diýip, gulagymyzy kamata getirip geldiler. “Ýazyjylar partiýanyň syýasatyny halka geçrijilerdir”, “Sowet ýazyjylarynyň borjy sowet halkyna hyzmat etmekdir” diýen ýaly tassyklamalar ýörgünli boldy. Emma, dogrusyny aýtsaň, ýazyjylaryň sowet halkynyň öňünde-de, amerikan halkynyň öňünde-de hiç-hili borjy-da bergisi-de ýok, olaryň diňe sungatyň, edebiýatyň öňünde bergisi bar. Olam hakyky çeper eserleri döretmek. Şu ýerde: “Näme, ýazyjylaryň, hudožnikleriň haýsydyr bir ideologiýa, syýasata, partiýa gulluk etmäge haky ýokmy?” diýilmegi mümkin. Elbetde, haky bar. Ýöne munuň sungat bilen ne işi? Her kim öz ömrüni sarp edesi gelen zadyna sarp eder-dä? Kimdir biri sungatdan artdyran wagtyny kompartiýanyň syýasatyny wagyz etmek üçin sarp edýär, kimdir biri demokratik partiýanyň. Bu – tebigy ýagdaý. Özüm-ä “kommunist traktorçy”, “kommunist doňuz çopan”, “kommunist ýazyjy” diýen ýaly sözleri eşidenimde, birhili bolýaryn, çünki adamyň edýän işiniň onuň syýasy akymlara degişliligi bilen gatyşdyryp oturmagyň nämä geregi bar? Dogrusy, munuň özi “baptist eneke” diýen ýaly bir zatdyr. Haýsydyr bir aýal bakjada eneke bolup işleýär, ol öz işine yhlasly. Jemgyýet üçin esasy zat şol ahyryn! Ol haýsy dine, haýsy syýasata uýanda näme? Goý, haýsyna uýasy gelse, şoňa-da uýsun. Kimsi uçýan tarelkalara ynanýar, kimsi kompartiýa, kimsi-de, arwah-jynlara. Bu ynamlaryň haýsyny alyp, haýsyny goýjak, hemmesem ynam. Esasy zat – adam öz göwnüni hoşlaýar, bolany şol.

REDAKSIÝADAN: BEÝAN EDILEN GÜRRÜŇÇILIKDE DÜRLI  PIKIRLER ORTA ATYLÝAR. OLARYŇ IÇINDE YLALAŞÝANLARYMYZAM, YLALAŞMAÝANLARYMYZAM BAR, ŞOL PIKIRLERI OKYJYLARA HÖDÜRLEMEK BILEN BIZ ÖZ ÖŇÜMIZDE BIR MAKSAT GOÝDUK: GOÝ, HER BIR ADAMYŇ GOZGALAN MESELELER BARADA ÖZBAŞDAK PIKIRLENMÄGE MÜMKINÇILIGI BOLSUN. EGER GOZGALÝAN MESELELER HAKDA SIZEM SESLENSEŇIZ, MINNETDARLYGYMYZYŇ ÇÄGI BOLMAZDY.

“Ýaşlyk” 1991/8