|
A.Welsapar |
| ÝARANJAŇLYK (Keseliň taryhy) |
|
Ýarsgynyna giden egri agaç ajy miwe berip, biziň dogduk topragymyzda ýaranjaňlaryň sany soňky ýyllarda taryhda hiç haçan görülmedik derejelere baryp ýetdi. Ýaranjaňlyk Türkmenistanda şeýle bir giň ýaýrady welin, indi ol, edil iň gorkuly ýokanç keseller bolan inçekesel, sarygetirme, düwnük, doňuz dümewi, SPID ýaly, halkyň geljegine uly howp salýar. Sebäbi ýaranjaňlar wezipä, ada, şöhrata, pula kowalaşyp, ony-da arassa zähmet, zehin, gujur bilen gazanyp bilmänsoňlar, öz şahsy bähbitlerine çapyp, edil ýeňles zenanlar ýaly, eklenç, pul, wezipe, baýrak üçin öz at-abraýlaryny, özlerini satuwa çykarýarlar. *** Ýadyňyzda bolsa, biz geçen ýyl Türkmenistanda pajarlap ösýän ýaranjaňlygyň garşysyna göreş yglan edipdik. Bu meselede, gynansagam, biziň agyz dolduryp aýdar ýaly bitirip bilen işimiz bolmady, ýagny biz ýaranjaňlygyň öňüni alyp bilmedik, meger, ony azaldybam bilen däldiris. Ýöne keseliň gidişine welin, gözegçilik etdik. Şonuň üçinem bu ugurdan geçen ýylyň jemlerini okyjylarymyza ýetirip biljek. Keseliň başlanyşy. SSSR döwründe ömürboýy ýaranjaňlyk edip ýaşan, Moskwa ýallaklap, sowet döwründe iň ýokary wezipelere ýeten TKP MK-nyň ozalky 1-nji sekretary Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanda bu agyr keseli ýaýradyjy boldy. Sebäbi SSSR ýykylansoň, onuň üstüne wezipesini ýitirmek howpy abandy. Onsoň ol wezipesini elden bermejek bolup, üçin SSSR-iň soňky aýlarynda we garaşsyzlyk döwründe repressiw apparaty birnäçe esse güýçlendirdi. Emma diňe gamçy bilen ýurdy saklamak mümkin däldi. Galp häkimiýeti elden bermejek bolsaň, öz repressiw syýasatyňy iň bärkisi ”depme-halal” ýuwmarlamak gerekdi. Munuň üçin Nyýazowyň kolonial döwürde ýöreden milli dönüklik syýasatyny we şondan soňky çüýrük syýasatyny goldajak hem aklajak adamlar gerekdi. Beýle işi-de diňe öz peýdasyny bilýän, edil Nyýazow ýaly binamys, ikiýüzli, zyrrajym ýalançylar bitirip biljekdiler. Garaşsyzlyk döwründe ençeme ýyllap ”Türkmenbaşy” lakamy bilen iş gören S.Nyýazow hut şeýle adamlary hem öz daşyna ýygnady we şolaryň kömegi bilen garaşsyzlyk döwründe 16 ýyllap döwlet häkimiýetini elinde saklady. Türkmenistanda ýokanç, jemgyýetçilik üçin howply ýaranjaňlyk keseliniň döreýişi hut şu döwre degişli diýse bolar. Keseliň ösüş basgançaklary 1-nji basgançak: 1991-1993-nji ýyllar. Ol döwürde Türkmenistanda ýaranjaňlyk entek köpçülikleýin ýaýramandy. Bu keseli göterijilerem, edil şähere düşen çöl alakalary ýaly, barmak basyp sanaýmalydylar. Keseliň iň howply görnüşini göterijiler ýazyjylar Berdinazar Hudaýnazarow, Sapar Öräýew, Durdymuhammet Gurbanow, Akmyrat Hojanyýazow, Annaguly Nurmämmedow, Baýram Jütdiýew, Annaberdi Agabaýew, Atamyrat Atabaýew, Gözel Şagulyýewa hem olaryň çöl ösümliginiň adyny göterýän we janawar familiýaly galamdaşlary bolup çykdylar. Gynançly ýeri hut şu döwürde türkmen žurnalistleriniň, ýazyjylarynyň we beýleki intelligensiýa wekilleriniň uly topary bu agyr kesel bilen kesellediler. 2-nji basgançak: 1993-1995-nji ýyllar. Bu döwürde ýaranjaňlyk has çuňlaşyp, aýylganç kesel Türkmenistanda giňden ýaýrap ugrady. Sebäbi, soň belli bolşuna görä, ýaranjaňlyk keseli ozal çak edilişinden has ýokanç bolup çykdy. Keseliň ýaranjaň bilen elleşilende ýa-da keseli göterijiler bilen bir howadan dem alnanda saglara ýokaşýandygy belli boldy. Şeýlelikde agzalýan ýyllarda ýaranjaňlyk keseli Süleýman Ilamanow, Rahym Esenow, Sergeý Zolotarýew, Begmyrat Ussaýew we beýleki onlarça adamlara ýokuşdy. 3-nji basgançak: 1996-2006-njy ýyllar. Bu döwürde ýaranjaňlyk Türkmenistanda ählihalk keseline öwrüldi we milleti doly paýhyn etdi. Ýurtda dörän un we çörek gytçylygy, kanunsyzlyk, eden-etdilik we neşekeşlik ýaranjaňlyk keseliniň has-da giňden ýaýramagyna getirdi. Bu döwürde ýaranjaňlyk keseliniň adamlara diňe bir keseli göterijiler bilen elleşilende ýa-da olar bilen bir howadan dem alnan-da däl-de, eýse metbugatyň üsti bilen hem ýokuşýandygy belli boldy. Howply keseli Türkmen telewideniýesi we radiosy, şeýle-de gazet-žurnallar öýin-öýin ýokaşdyrdylar. Doňuz dümewine meňzeş bu howply keseliň garşysyna diňe ýaranjaňlary hem ýaranjaňlygy itden beter ýigrenýän, immuniteti örän güýçli adamlar durup bildiler. Bedeni, ahlagy, terbiýasi, düşünjesi gowşaklar bu elhenç keseliň köpçülikleýin pidasy boldular. Keseliň hroniki, ötüşen ýagdaýa geçmegi: 2007-2009-njy ýyllar. Bu döwürde Türkmenistanda ýaranjaňlyk keseliniň hroniki, ýagny ötüşen ýagdaýa geçendigi belli boldy. Sebäbi ýaranjaňlyk keselini ilkinji bolup Türkmenleriň arasyna getiren we ýaýradyp başlan Saparmyrat Nyýazowyň 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda ölüp, onuň deregine Berdimuhammet Gurbanmuhammedowyň geçendigine garamazdan, ýaranjaňlyk keseli türkmenleriň ýakasyny goýbermedi. Ýurtda keseli ýaýradyjylaryň prosentiniň howply derejä ýetendigi üçin ol halkyň giň gatlaklarynyň arasynda has çuňdan ornaşyp, barha täze pidalary paýhynlap gidip otyr. Ýokanç infeksion keseliň soňky döwürde ýaş nesliň arasynda-da tiz ýaýrap barmagy milletiň geljegine howp salýar we hut şonuň üçinem uly howsala döredýär.
|
|
Ýaranjaňlyk keseliniň simptomlary:
|
|
Keselden goranmagyň çäreleri Siz ýokarda agzalan simptomlar, ýagny türküläp aýdanyňda, alamatlar boýunça ýaranjaňlyk keseli degenleri tanap we olardan özüňizidir bala-çagalaryňyzy gorap bilersiňiz. Ýaranjaňlyk keselinden goranmak üçin profilaktiki çäreleri görmek örän möhüm bolup durýar. Munuň üçin kesellilerden daşda durup, gowy howadan köpräk dem almak, şeýle-de käbir beýleki ätiýaçlyk çärelerini görmek hökmanydyr. Bu ugurda beýik ahlakly adamlaryň durmuşlaryny öwrenmek, ýaranjaňlykdan hem ýaranjaňlardan hatda garaňky Orta syrlarda-da özlerini gorap bilen klassyklaryň eserlerini, ilkinji nobatda-da beýik Magtymgulynyň goşgularyny, ”Görogly” eposyny, satirik şahyr Keminäniň, hanlary däl-de, gelin-gyzlaryň gözelligini wasp eden Mollanepesiň, serkerde şahyr Seýdiniň, watançy Zeliliniň eserlerini öwran-öwran okamak maslahat berilýär. Aýratynam Mollanepesiň ”Ner gezgin” atly goşgusyny gaýtalap okamak agzalan howply we kümsük keselden goranmagyň degerli çäresi bolup biler. Mundan başga-da adamlar öz saglygyny gorap saklamak üçin gahrymançylygy, mertligi, hakyky dostlugy, çyn söýgini wasp edýän türkmen halk aýdym-sazlaryny yzygiderli diňlemeli we degerli profilaktiki çäreleriň biri hökmünde öz maşgalasyna, çagajyklaryna şol belent sungat eserlerini diňletmeli. Iň esasy zat hem, bu keseliň, her niçik-de bolsa, türkmenlere mahsus kesel däldigini we ony agyr durmuşyň döredendigini, dogrusy onuň diňe halys garyp, yzagalak ýurtlarda duşýan ýokanç keseldigini, ýurduň ykdysadyýeti, adamlaryň sosial durmuş derejesi düzeldigiçe, bu keseliň dura-bara azalyp, soňra asla ýok bolup gitjekdigini hiç haçan ýatdan çykarmaly däl! |