|
Ak Welsapar
|
| ÝAGŞYLYK WE ÝAMANLYK |
| Meniñ pikirimçe, bu göreş adamzat ot ýakmagy öwrenensoñ, başlanan bolmaly!
|
|
Ýagşylyk bilen Ýamanlyk adamzadyñ baky hemralary. Olaryñ ahyr netijede haýsynyñ gutarnykly ýeñjekdigini anyk bilýän ýok. Ýöne Ýagşylyk Ýamanlygy iru-giç hökman we gutarnykly ýeñer diýen umyt bar. Sebäbi başgaça bolsa, onda Ýer ýüzünde ýaşaýyş soñlamaly. Eger bolmasy iş bolup, adamzadyñ, ýaşaýşyñ, Ýer togalagynyñ ykbaly bir günden bir gün Ýamanlygyñ eline geçäýse, şondan soñ name boljagy belli däl. Şol erbetligiñ adamzadyñ, ähli janly-jandaryñ, bütin ýaşaýşyñ başyndan inmezligi üçinem iñ gadymy döwürlerden bäri göreş gidýär. Ol Ýagşylyk bilen Ýamanlygyñ arasyndaky baky göreş. MENIÑ PIKIRIMÇE, BU GÖREŞ ADAMZAT OT ÝAKMAGY ÖWRENENSOÑ, BAŞLANAN BOLMALY! Sebäbi adamzat ody ele alansoñ, diñe bir sowukdan goranmak, öz sümelgesini ýylatmak hem ýagtyltmak, iýmitini bişirip iýmek däl-de, eýse töweregini ýakyp-ýandyrmak mümkinçiligine eýe bolýar! Şondan soñ, özi bilse-bilmese-de, adamzadyñ üstüne Ýaşaýyşyñ jogapkärçiligi düşýär. Şondan soñ adamzat hudaýlaşyp başlaýar, çünki onuñ eline hudaýlaryñ gudratynyñ bir bölegi geçýär… Bu gudraty, elbetde, Ýagşylyk ýagşy işler üçin, Ýamanlyk hem ýaman işler üçin ulanmaga jan edýär. Oduñ töwereginde başlanan bu aldym-berdimli göreş müñlerçe ýyl dowam edip, ilki ot sowurýan ýaraglar, soñam olaryñ iñ elhenji – janly-jandary köpçülikleýin gyrýan – atom we ýadro ýaraglary oýlanyp tapylýar. Häzirki wagtda dünýäniñ iñ ösen döwletleri ozalkylardanam elhenç nanotehnologik ýaraglary döretmegiñ ugrunda gije-gündiz haýdap işleýärler. Ýöne nano ýaraglary oýlanyp tapylmaýanda-da, hazire çenli döredilen we ýasalan ýaraglar (munuñ içine himiki we biologiki ýaraglar hem girýär) adamzady, janly-jandary, tutuş ýaşaýşy, hatda bütin Ýer togalagyny bir gezek däl, onlarça gezek ýok edip biljek! Bu aýylganç ýaraglaryñ hemmesi-de ähli ýurtlarda, hamana, diñe gowy maksatlar, hamana dine kesekiniñ hüjüminden özüñi, öz ýurduñy goramak üçin oýlanyp tapylýar we öndürilýär. Emma olary ýagşy niýet bilen ulansañ-da, ýaman niýet bilen ulansañ-da, soñky netijesiniñ şol bir zat bolmagy ahmal. Ýagny göz açyp-ýumasy salymda ýaşaýyşyñ köki kesilip biljek. Diýmek, Ýagşylyk bilen Ýamanlygyñ arasyndaky baky urşuñ howpy biziñ günlerimizde has aýylganç derejä baryp ýetdi. Ýöne häzirlikçe bu müdimi uruşda ne Ýagşylyk ýeñýär, ne-de – Ýamanlyk... Olaryñ arasyndaky göreş şol dowam edip gidip otyr. Eger irde-giçde Haýyr gutarnykly üstün çykaýsa, elbetde, onda dünýäñ ýüzi, hamana, uçmaha dönmeli. Nämüçin – hamana? Sebäbi bu doly anyk däl. Sebäbi garşylyk bolmasa, ösüş hem ýok diýen düşünje bar. Eger bu düşünjeden ugur alsañ, onda Ýagşylyk hem absolýut gowulyk däl. Garşylyksyz galan Ýagşylyk öz çepbesine çöwrülip, onuñ öz içinden gaýtadan Ýamanlyk dömüp biler. Şeýdibem adamzat döräli dowam edip gelýän gapma-garşylyk täzeden tutaşyp, Gurbannazar Eziz aýtmyşlaýyn: Başlar baky urşy Ýok bilen Baryñ! Emma Şer gutarnykly üstün çykaýsa welin, ýaşaýşyñ dat gününe! Diýmek, akylly-paýhasly, ynsaby düzüw adamlaryñ hemmesiniñ orny bu aldym-berdimli göreşde dine Ýagşylygyñ tarapynda bolmaly. Bu dünýäde Ýamanlygyñ nökerleri onsuzam ýeterlik! Ýagşylygyñ ýardamçysyna öwrülmek üçin ilki bilen bu göreşiñ tebigatyna düşünmeli bolsa gerek. Eýse Ýagşylyk bilen Ýamanlygyñ köki nireden başlanýarka? Olaryñ gözbaşyna düşünmek üçin name etmeli? Biz ahyr netijede Şeriñ ýeñmezligi üçin nämeler edip bileris? Bu baky uruşda biziñ her birimiziñ ornumyz barmy ýa-da bu aldym-berdimli tutluşyk biziñ güýjümiz, täsirimiz ýeterden has ýokarlarda, has ýokary derejede bolup geçýärmi? 2009-01-18 |