|
Ak Welsapar |
| SÜLEÝMAN USSA
|
| Hekaýa |
|
Sözi ötmejegini bilse-de, Ogulbibi ärine nega-da bir igesini sürtüp alardy: “Iliñ äri tomus gelýä, gidýä Orsýetiñ tokaýyna, ýüzi-gözi täzelenip dolanýa. Bu bolsa, şol jokrama yssyny çekip ýörendir, garört bolup. Ýeri, señ ekläbilmeýäniñ bamy diýsene? Ilde-de bar-a señki ýaly bäş baş, alty baş maşgalaly, git, men çydajag-a!” Süleýman ussa gitmez. Işden boş aýynda-da ýa biriniñ jaýyny boýnuna alar ýa-da töweregine kitap köküni üýşürip, içki tam-da bir gysym bolup ýatandyr. Onuñ tarypyny Ogulbibä etdiräýseñ: “Okap-okap usurgar. Ýoñsuz wagtdan soñ alagarañky tamyñ içinden gözüni ýumjukladyp çykyp gelşini görenem armanlydyr, görmedigem. – Ogulbibiniñ hem gahary geler, hem jany jowranar. – Nä görgiñ beýdip, nä derdiñ? Wah, Ogulbibiniñ ýörelgesinden ýöranliginde, beýle boljakmy? Kösenjekmi beýle? Aýalynyñ ýörelgesinden ýöräp, birentegi nirelere baryp ýetýär, nähili wezipelerde oturýar! Hudaý ýokdurmadyk! Munuñky – kösenç, bu kösenmek üçin dogan adam. Kösenmese, oña Süleýman diýiljekmi? Onda oñ adyny üýtgetmeli bor-a, Süleýman diýmeli bolmaz-a oña!” “Öñünde üç wagtyna awulygyny goý-da, gepleşjegem bolma, şol kitaplaryny boýnundan assyn ýörsün” diýip, tüýs jany ýananynda, Ogulbibi goñşusy Miwäniñ ýanynda jibriner. Miwe-de “hä” beren bor, Ogulbibiniñ ärine “kellesi kesilen” diýse, “jana diýdigine welin beletdir. Oba içinde bir öz äriniñ ilden üýtgeşikligine Ogulbibiniñ buýsanjynyñ az däldigini Miwe bilmän durmy? Onsoñ bu ýerde äriñden zeýrenen bolma nämä gerek? Onda-da Miwe goñşusynyñ ýüzüne gelmez. Ogulbibiniñ özi zeýrener, özi goýar. Ýeke gezek aldawa duşen Miwe onuñ gapdalyndan “at goşup”, gözi näme gördi. “Ah-heý, nämä gerek şol artyp kitaby okap? Aşgabatda okasalar bolýamyş-da. Oba içinde kitap okap, aljak galañ bamy? Ondan-a birki sany kel toklyny baka goý!” diýäýmezmi. Ogulbibi üşerildi. Birhili ýüzi çytylyp gitdi. Yzyndanam şeýle diýdi: “Hemme kişi mal-hal bilen çörñeşip ýörse, il-günüñ gamyny kim iýsin, gyz? Oba-da bolanda, okumyşy gereg-ä, gyz! Hemme zady Aşgabada ynanyp, galanyñ ýöne garnyñy suwa atyp ýatybermeli diýen zat bamy?!” Miwe-de gatyrganyp, içinden: “Işan-ahun gutaryp, señ äriñ tetärik bolar-ow” diýdi. Emma daşyna çykaryp, goñşusyny içikdirmedi. “Olam şeýle-dä” diýip oñdy. Indi oña Ogulbibiñ ýanynda Süleýmany ýamanladaýmarsyñ. Bir gün Süleýmanyñ ýanyna kärdeşi Öregylyç geldi. Olam oba arasynda jaý ussaçylygyny edýär. Salan tamlarynyñ içinde meñki bolsun diýer ýalysy bolmasa-da, döşüni gaýşardyp, ussa adyny göterip ýör. Gazanjy hem Süleýman ussanyñkydan pes däl, asyl has beýigem. Salan tamynyñ çytanagy çykyşyp dursa-da, hiç kes oña barmagyny çommaltmaga milt edenok. Asyl ol hiç kesiñ özüni ýamanlamaga eli ýeter ýaly-da edenok, pişesi iliñ üstüne çöwjäp, iliñ salan jaýyna at dakmak. Il-bende onuñ eden işine at dakmakdan ellibizär geçen, özüne degilmese, müñde bir razy. Süleýman ussa döremedik bolsa, Öregylyjyñky şol şowuna boljak gitjek oturjakdy. Emma onuñ mañlaýy şor ekeni, gel-gel, öz obasyndan, alkymynyñ aşagyndan eli çeper biri döredi oturyberdi. Indi il onuñ ören kerpijini başga biriniñki bilen däl-de, eýse hut Süleýman ussanyñky bilen deñäp ugrady. Şol ham Öregylyjyñ ýok abraýyny minaradan gaýtardy, ony ätlemejek gapysyndan ätletdi. Ol bir gün temegini göge tutup, Süleýman ussanyñka geldi, hödür edilen gök çaýdan bir käsäni owurtlap, öý eýesine iñirdedi: – Beýdip ýörme, senem ile meñzejek bol. Süleýman ussa-da: – Ile nädip meñzemeli? – diýip, oýuna salyp, iñirdiden gutuljak boldy. Az-owlak daşynda köw uransoñ, myhman esasy gürrüñe geçdi: – Bes et janyñy gynamañy! Nyrhyñy galdyrsañam – bir hasap: galdyr içigar nyrhyñy, bizem igençden dynaly. Sen kerpiç ýonup, jaýyñ daşyny sünnäleýäñ, nagyş salýañ. Soñ il bize-de şony etdirjek bolýa. Jaýyñ daşynam, içinem aşa ýylmaýañ, nämä gerek şol? Kerpiç ýonup, aýnañ ýokarsyny nagyşlamany çykaran sen! Ine, indi uly il oda düşýä, bizem gara günde galýas. Oñ ýaly hokga çykarjak bolsañ, hakyñy galdyr. Golaýyna barar ýaly bolmasyn. Süleýman onuñ bu geñeşini almady, öz pikirini-de gizlemedi: – Ýok, ol bolmaz. Hakymyz ozalam ýetik, galyñ bendäñ nä derisini soýjakmy mundan beter? Her kimem çaga ekleýä: “Ynsap – diniñ ýary” diýlipdir. – Beýtme, Süleýman, köpe zelel edýäñ – Öregylyç ýalbarjak boldy. – Bolşum şu, nädeýin? Size ”palan hili boluñ” diýip biljek däl, ýogsa munyñyza görä ynsaplyrak bolaýañyzda-da ýaraşman durmazdy. Öregylyjyñ gahary geldi: – Sen onda atyñy ýeke çapjak-da, şeýlemi? – Men atymy ynsabyma gorä çapjak. – Sen ynsaply, bizem ynsapsyz bolduk, şeýlemi onda? – Ony özüñiz gowy bilersiñiz. Meni öz günüme goýuñ. Öregylyç ýüzüni turşartdy: – Bolýa-da onda, bolşuñ şu bolsa. Biziñem saña edibiljek çärämiz ýok, ýöne gör-dä, köpüñ garşysyna gidip, entek gülünen-ä ýokdur... Suleýman oy dikanlady, kinaýaly sorag berdi: – Näme etsem-petsemiñ bar onsoñ? Aýdyp otur... Öregylyç Süleýmanyñ janyna degjek delil agtaryp, başga hörpden gopdy: – Sen şöhrata kowalaşýañ! Süleýman oýa batdy, birsellem dymdy. Jogap berende, sesi ynjyly çykdy: – Şu gepiñ-ä ugrundan barmanam duranok, men şöhrada kowalaşýan. Añan ekeniñ… Ýöne şöhratyñ şöhratdan parhy bardyr, biler bolsañ… Gulak goý, Öregylyç, sen bir gepi eşitjekdiñ, şony eşidip git – Süleýmen ussa sägindi, diýjek gepiniñ başyny çatdy: – Dogrymy aýtsam, men şu döwürde Soltan Sanjar ýaly bir hökmürowanyñ ýoklugyna ahmyr edýän… Öregylyç haýran galyp, sorag berdi: – O nämüçin? Soltan Sanjar bir ganojak han… – Han däl, soltan – diýip, Süleýman ussa kinaýaly ýylgyrdy. Han bilen soltanyñ arasynda ussa bilen şägirdiñ arasyndaky ýaly tapawut bar. – Bolsa bolupdyr-da, maña ol bildirenok. Ýöne sen nämüçin han-soltanlary küseýäñ? – Üçini-dä. Şoñ ýaly bir soltan bolsady häzirem, olam şü tebit alyp ýatan topragyñ üstunde müñ ýyllap seleñläp durjak bir bina buýrsa, şoñ ugrunda başymy goýjak. Ýogsa, häzirki takallardan ýene müñ ýyldan näme galar? Ertire ynam edilmeýän ýaly ähli zat iki günlük, “menden saña barynça” gurulýa. Däl bolsa aýt! – Öregylyç sesini çykarmady. – Hany bi ýurda eýelik etjek är? Iñ bolmanda, öleñsoñ jesediniñ şu topragyñ üstünde müñ ýyl ýatjagyna ynamy bar kişi? Hany şol gadymkylaryñ ynanjy? Hany? Nämüçin ähli zat wagtlaýyn, geldi-geçer? Isgender Zülkarneýin sekiz ýaşyndaka pars ilçilerini kabul edeninde, ilki bilen olarda siziñ ýurduñyzyñ ýollary uzynmydyr diýip sorapdyr. Onuñ pähiminden çen tutsañ, ýurduñ berkararlygy ýollaryndan görünmeli. Hany, seret töweregiñe, syn et: gözüñ näme görýär? Ýollar gurlan gününiñ ertesi sökülýä. Kileñ suwagy dökülişip duran yşnaksyz, biri beýlekisinden görnüksiz jaýlar. Howalanyp duran bina ýokdur. Bolanam ýüz ýyla eter öýdemok. Hany olaryñ bäbenegiñi deşip gelýän syrçasy, nagşy? Hany gaýtalanmajak görki? Bizden indikilere näme galmaly? Hoş sözmi? Gum basyp, telim ýüz ýyldan soñ üsti açylsa, biziñ bi görgüli güzeranymyza indikileriñ ýüregi awamazmy? “Bu beton gapyrjaklarda ne alaç edip ýaşadylarka?” diýip, içlerini çekip, içegelerini üzmezlermi? Dur, dur! Sen maña erkana durmuş hakynda gep nokatlama. Besdir! Gep owadanlamak añsat. ”Biz azat-erkin ýaşaýas” diýibem, edil totuguş ýaly, günuzyn gaýtalasa bolar. Iýmit üçin. Eýäñe görünmek üçin. Ýöne erkinlik bar bolsa, ol sözüñ özi bilinmezdi. Erkinlik diýlen zadyñ tagamyny dil bilmeli. Onuñ tagamy ýaşaýyşdan gelmeli. Gündelik. Her ädimde. Ony adamlar duýmaly däl. Howadan dem alýanymyzy bilip baramzog-a! Demimiz ýetmese, şonda howany öwüp ugraýas. Şeýle-dä. Bol zadyñ gürrüñi edilmez, diñe ýeter-ýetmez zadyñ öwgüsi ýetirilýändir. Gahardan ýaña Süleýmanyñ ýüzi görnetin üýtgedi. Hemişe çekinjeñ ýaly görnensoñ, hiç kes ondan gaty-gaýrym söze garaşanokdy. Öregylyç häzir öz kärdeşini tanamajak boldy, gözüni süzüp, gaşyny çytdy. Süleýman onuñ bu bolşuna ünsem bermedi, ol häzir öz pikiri bilen gümrady, gaty gahary gelendigi bildirýärdi. Şonuñ üçinem sesi ynjyly çykdy: – Bu bolup ýören zatlaryñ soñy bardyr. Bizden öñem kän nesil ýaşapdyr, emma bu topraga biziñki ýaly kast etmändirler. Olar ynsaply ýaşapdyrlar. Çaky, olar bilendirler şu toprakdan gaýry howandarlarynyñ ýoklugyny. Biz kime arka diräp beýdýäs? Öz ýurdumyzy tozdurýas? Sadagasy gitdigim, iýýän çöregiñde, içýän suwuñda tagam galmansoñ, nämäni öwýäs? Nämäniñ hatyrasyna öwýäs? – öý eýesi birdenkä gözüni tegeläp, sesini peseltdi, Öregylyja “gulagyñy tut” diýip, barmagy bilen yşarat etdi. Myhman aşak egildi, Süleýman ussa pyşyrdady: – Bizden galýan kül, hapa-hupa çüýränok, biziñ tebigatyñ depesinden eñterýän hapamyz müñ ýyldanam çüýrejek zatlar däl, men şondan gaty gorkýan... – Öregylyjyñ ýüzi ak tam boldy, ol bu habaryñ özünden däl-de, aýdylyşyndan gorkdy. Süleýman bokurdagyny arçap, sesini düzetdi-de, ýene dowam etdi: – Adamlara şek ýetirjek däl, hemmäniñem ýüreginde gowulygyñ gönezligi bardyr, emma durmuşyñ özünde bir göze görünmeýän ýowuzlyk bar, diýmejegiñi diýdirýär, etmejegiñi etdirýer. Men şu hakda kän pikir öwürdim, sebäbini agtardym. Bilesim gelýä, nämüçin beýle bolýa? Çaky, adamlañ arasynda şuñ ýaly bir arabaglanyşyk emele gelipdir: olar hökman biri-birini aldaýmaly, hökman ogurlyk edäýmeli, hökman ýurduna, ata-babasynyñ topragyna kast edäýmeli. Ho-ow, biz indi ölümizi nähili jaýlajagymyzy bilemzog-a! Eýtseñ, eýle ýaly, beýtseñ, beýle ýaly bolup dur! Arada daşkyrak garyndaşlarymyzyñ biri şäherde ejesiniñ patasyny aldy. Näme diýip, näme aýtjak, gelenleñ öñünde başy ýalañaç sömelip dur. Daşyndan özüm utandym, edil ýere giräýjek boldum. Dogrusy, kellesine telpek geýip gelenler özlerindem utandy. Muña näme diýjek, ýeri? Hany, sen aýt, her millet ata-babadan gelýan däbini ýöredibermelimi ýa ýokmy? Millet bar – başyny ýalañaçlap, ölüsini ugradýar, millet bar, tersine, başyna bir zat iltäp, ölüsini gömýär. Bulañ ikisem özüne görä däp: haýsyny alyp, haýsyny goýjak? Olaryñ biri erbet, beýlekisi gowy diýip bolarmy? Her kimiñki öz göwnüne jaý. Patada telpeksiz duranyñ bilen ol señ hudaýsyz boldugyñ däl, hudaýyñy çalşan ýaly bolýarmyka diýýän. Başyñy ýalañaçlamagyñ añyrsy-da bir dine barýandyr-a? Olam bir dapdir-ä. Ýañky gürrüñini edýan kişimem wezipesinden gorkup, pata gelenleñ öñünde gözden düşdi. Eýse, ikiýüzlüligi bize kim etdirýa? Öregylyç töweregine gorkuly goz aýlady, öz başyny kel-kelä sokmazlyk üçin ätiýaçdan: – Özümiz edýäs – diýip, ysgynsyz dillendi. Süleýman ajy ýylgyrdy: – ”Özümiz” diýip, diñe özüñi göz öñünde tutýan bolsañ-a bolýa weli… Muny uly il barada aýdýan bolsañ, onda bu taýda bir nätakyklyk bar. Ölüsini müñ ýyllap jynaza okap gömen adamlara sen bu gün ony nähili edip gömdürjek? Nädip gömjek ol ölüni? Aýdym aýdypmy? Tans edipmi? Beýdibem-ä bolmaz, Öregylyç. Bolarmy ýa? Öregylyç howsala bilen töweregine garanjaklap, pyşyrdap diýen ýaly gürledi: – Seniñ agzyñ diýýanini gulagyñ eşidenok… Süleýman arkaýynlyga saldy: – Belki, men indiki hepde ölmekçi-de, şoñ aladasyny edýändirin, kimiñ ne işi?! Nä indi bu ýurtda adam şekilli ölmegem bolanokmy? Onuñ gürrüñdeşi kinaýa etmäge mümkinçilik aldy, turbadan çykýan ýaly ýognas sesi bilen hoññuldady: – Päheý-de welin, gül ýaly ýurdy ýamanlap, bu nirä gitjekkä diýipdirin! Gitjek ýeriñ gabrystanlyk bolsa, guşaklykdan ak ýol! – myhmanyñ gepiniñ soñy batnyksyz gülkä ýazdy. Öý eýesi tukat äheñde jogap berdi: – “Gül ýaly” diýip, öwüp-öwüb-ä, ýurdy ýeñilkelle heleýiñ gününe düşüripdiñiz. Bu ýurtda guwanarlyk zat goýduñyzmy? Indem ”Jähenneme giden ýoldaş gözlär” edýäñiz. Ätiýaçsyz aýdylan sözi eşiden Öregylyç ekezlendi: – Sen çakyñy bil, han ogul, çygryñdan çykma. Meniñ 20 ýyl bäri jübümde partbilet göterip ýörenimi unutma! Men saña ata-babalañ gany bilen gurlan ýurdumyza dil ýetirtmen! Süleýman ussa onuñ bäbenegine garady: – Men ony ýekeje minudam unudamok. Ýöne senem, haýbat atjak bolañda, edil şu wagt meñ ýanyma nämüçin geleniñi unutma! Nämüçin ýurdy, döwri öwmeli bolsa, meñ damagym dolup dur, sen tetelliler welin, edil öñbaraga goýberilen ýaly. Nämüçin? Öregylyç hüjüme geçdi: – Şundan gowy döwri sen nireden aljak? – onuñ sesi dabaraly ýañlandy: – Näme señ gözüñ körmi? Haçan gören zady türkmeniñ bu günki ýaly erkana durmuş? Süleýman saklanyp bilmedi: – Sen gaty beletmi türkmeniñ añyrsyna? Gürrüñdeşi pes oturmady: – Beled-u belet däl, garaz, habarym bar-da. Ata-baba gören zady däldir bu zatlar türkmeniñ! Süleýman ussa jibrinerli göründi: – Haýsy zatlar: telewizormy? maşynmy? Totuguş ýaly eşideniñi gaýtalap ýörinçäñ, pikir et, otur-da! Haýsy halkyñ nesilbaşysy maşyn münüp, mamont kowalanmyş, hä? Haýsy milletiñ? Süleýman ussa diýjegini diýip, dodagyny dişläp, başyny ýaýkady, oýa batdy. Myhman ilki onuñ bilen ylalaşarly göründi, eñegini ýokary göterip, gürrüñdeşiniñ ugrundan gopdy: – O diýýäniñem-ä biçeme däl… Hiç halkyñam biziñkiden üýtgeşikligi ýok. – Onda bizem özümizi aýak astyna salmany bes etmeli. Emma myhman öý eýesiniñ näme diýjek bolýandygyna ýa-ha düşünmedi, ýogsa-da düşünesi gelmedi. Onuñ öz maksady bardy, ol başga zada kellesini agyrtman, ýene-de şol maksadyna dolandy: – Menem diñe öz kelläm bilen gelemok bu taýyk, köpüñ islegi şol. Bilip goý. Bizem seniñ zyýanyña çapamzok. Öz eden işiñ hakyny al diýýäs. Biz müñ kerpiji elliden örsek, sen altmyşdan, ýetmişden örüber, şonda aramyzda dawa bolmaz. Olar soñam az kejeleşmediler, arasynda gürrüñ ýañka-ýañka-da bardy. Emma Süleýman öz diýenini tutdy, mizemedi. Öregylyç zemzen ýaly çişip turup gitdi. – Bilip goý – diýip, ol daşarda öý eýesine haýbat atdy: – Señ hemme aýdýan zadyñ ýalñyş. Özüñem hiç haçan köpüñ garşysyna gidip ýol almarsyñ! Süleýman giñ göwrümlilik etdi: – Köpem hil-hildir. Kesbiñizden kemal tapyñ, bizem nä, mañlaýymyzdakyny görüberdik! Öregylyjy ugradan Süleýman ussa göýä siñekli çaý içen ýaly ýakymsyz duýga ulaşdy. Gije bir çene baryp, ýatmak üçin düşegine geçende, özüne käýindi: “Gepläbildiñ. Indi netijesine garaşyber…” Süleýman ussañ göwnüne gelşi ýaly hem boldy… Şondan birnäçe gün geçensoñ, ony raýon merkezine çagyrdylar. Ol ýerden ol yzyna keýpsiz dolanyp geldi. Günortanlar iş ýerine, gurluşyga baranda, Abdyl aga bilen Kemal gürrüñçilik edip oturan ekenler. – Beýlede ýene goh turýa – diýip, Kemal Abdyl aganyñ ýüzüne gözüniñ gyýtagyny aýlady. Abdyl aga adaty äwmezekligi bilen sorady: – Hä, ýene näme gürrüñ bar? Näme bolupdyr? Jogaba garaşyp, Süleýmanam üşerildi. Kemal kärdeşlerine göz aýlap, eşidenini orta oklady: – Ermeni bilen azerbeýjan urşup başlapdyr. Abdyl aga: – Ýeri, urşanda näme? – diýip, arkaýynlyga saldy. – Bu zamanda uruşýan gytmy? Onda Kemal: – Görersiñiz, ynha ýene türkmeni ýygnap ugrarlar – diýip, öz howsalasyny aýan etdi. Abdyl aga närazy hüñürdedi: – Inim, başga biri tüpgen turuzýa diýip, türkmeniñ ezeneginden tutubermek bolmaz-a! Kemal kinaýaly gürledi: – Bilmedik bolmasañyz-la, Abdyl aga. Tüpgen turuzsa-da güýçlini ýygnap bilesleri ýog-a, ýene ejize ýapyşarlar-da gelip. Bu gepe Süleýman ajy ýylgyrdy. Onuñ gözüniñ öñünde bu gün irden raýon merkezinde, Hoşly Ataýew bilen bolan duşuşyk janlandy… Süleýman ussa bu gün irden çagyrylan wagty paýkomuñ başlygynyñ ideologiýa boýunça orunbasarynyñ kabinetiniñ gapysyndan girdi. Kabinet eýesi ilki ony hoşamaýsyrap garşylady: – Özüñiz-ä bir düşünjeli ýigide meñzeýañiz – diýip, ol bosagada saklanan Süleýman ussa bilen ýerinden turup görüşdi. Süleýman ussa-da onuñ öz hörpünde jogap gaýtardy: – Sizem, elbetde… – emma kabinet eýesiniñ gaşlarynyñ çytylandygyny görensoñ, közüñ üstünde oturjak ýaly, bir setir oturgyçdan ahyry birini saýlap, aljyraññylyga düşendigini bildirip, nämüçindir, oturmazdan öñ lowurdap duran arassa oturgyjy eli bilen çalgylaşdyrdy. Soñam öz eden işinden utandy, ýüzi gyzardy. Hoşly Ataýew başardygyndan giñ göwrümli, hoşamaý ýylgyran boldy. Aý görjek ýaly elindäki kagyzyñ ýüzünden gözüni aýyrman, esli wagt eglendi. Soñam agras gürlemäge çalyşdy: – Hawa… Elbetde, siz hünärment adam, eliñizden dür dökülýär diýip eşidýäris. Adamlar size tam saldyrmaga höwesek. Ýöne welin, siziñ şu Soltan Sanjar ýaly ganojak han bilen näme ilteşigiñiziñ barlygyny bilip bilemok. Süleýman ussanyñ entek gürrüñiñ mylaýym äheñde gitjegine ynamy gaçyp ýetişmändi, şonuñ üçinem ol ýylgyryp, düzediş berdi: – Han däl, Hoşly Ataýeviç, soltan. Ol ikisiniñ tapawudy bar… Kabinet eýesi oña tiñkesini dikdi, sesini çykarman, gürrüñdeşini başdan-aýak göwnüýetmezçilik bilen gaýtadan synlady. Soñam, hamana, onuñ diýenini düýbünden eşitmedik äheñde öñki soragyny gaýtalady: – Biz seniñ Soltan Sanjar ýaly ganojak bilen näme ilteşigiñ bardygyny bilip bilemzok. Belki, özüñ aýdarsyñ? Süleýman ussa zöwwe ýerinden turdy, dodagyny müñküldedip bir zatlar diýjek boldy. Soñ adaty endigi boýunça öz içinden nämedir bir zatlary tekrarlap, başyny ýaýkap, aşak oturdy: – Biz oñ bilen daýy-egen… Kabinet eýesi gülmedi. – Onuñ ýaly ýakyn garyndaşsyñyz-a öýdemzok. Ýöne hat ýazanlar: “şoñ neberesinden” diýib-a ýazypdyrlar. Garaz, çyn-u ýalan, şo zeýilli faktlañ ýüze çykmagy düzüwli zat däl. Oñ özi adama abraý getirjek faktam däl. – Süleýman agzyny açdy. Hoşly Ataýew dowam etdi: – Sen oñ bilen garyndaş bolubam bilersiñ, bolmanam. Bizem ýöne bir ýöne akmakdyr öýtme. Şu taýdan çykyp gidip, ertir: “Raýkomyñ adamlary maña “sen Soltan Sanjaryñ garyndaşy” diýdiler” diýip obada jar çekip ýörme. Bizem çöregi agzymyzdan iýýäs. Garyndaşlyk nire, zat nire. Asyl garyndaş bolaýañda-da, sen ony bilip bilmersiñ. Sebäbi sekiz ýüz ýyl oýun-oýunjak zat däl, gaty uzak ara, ikiñiziñ saçakly gatnaşykda däldigiñiz belli. Gep bu ýerde… – Hoşly Ataýew gözlerini süzüp sägindi, garşysyndaka siññin garady: – gep bu ýerde, meniñçe, ruhy garyndaşlyk barada barýarmyka diýýän... Ol bolsa gan garyndaşlygyndanam erbet fakt… Bu hatyñ manysyna men şeýle düşündim. Ýazanlaram şeýle diýjek bolan bolsalar gerek. – Hawwa-da – diýip, Süleýman ussa kinaýa etdi: – meniñ özümem nesil şejeräm Soltan Sanjara däl-de, Muhammet ibn Atsyza barsa, kem göremok. Sebäbi ol ikimiziñ aramyzda näme-de bolsa, ilteg bar – hünärimiz bir. Onsoñam, men ony öz halypam hasaplaýan. Ideologiýa orunbasarynyñ närazylygy mese-mälim artdy: – Ýeri bolýa, gepi köpeldip oturma. Gören ýeriñde Soltan Sanjary öwüp ýörmekden başga seniñ işiñ ýokmy? Señ şol Soltan Sanjaryñ bolmasa, onda ýurdy düzetjek ýokda? Şeýlemi? Süleýman ussa günäkär äheñde seslendi: – Ýok, men edil beý-ä diýmändim. Hoşly Ataýewiñ sesi ýognady: – Näme diýeñde-de, manysy şoña barýa. Bu taýda buýtar-suýtar edere maý ýok. Şu adamlaram özüni Soltan Sanjarça görýä. – Dogrudyr – diýip, Süleýman ussa onuñ bilen ylalaşdy. – Görýänsiñiz. Hoşly Ataýew ýañsyny duýdy, gözüni alartdy, gürrüñdeşini alarladybererli göründi. Pähim edip, gaharyny ýuwutdy. Şol mahal olaryñ oturan kabinetiniñ gapysy çalaja açyldy-da, göwresi inçemik, äýnekli adam içerik boýnuny uzatdy: – Çagyran ekeniñiz – diýeninde, onuñ sesin-de aşa ýaýdanmaçlyk bildirdi. – Gir – diýip, Hoşly Ataýew oña azm urdy. – Gir bärik! – inçemik kişi kabinete girip, edil bosagada eginlerini gysyp durdy. – Hany, sen otur-la birsalym – diýip, Suleýman ussadan ünsüni sowan kabinet eýesi täze geleniñ daşyna geçdi: – Nämüçin buýrugy ýerine ýetireñok? Inçemik kişi bir zatlar jogap berjek boldy: – Ýoldaş, müdir, ýoldaş orunbasar... Emma kabinet eýesi onuñ gepini şarpa ýoldy, elini daldalady: – Dur entek! Nämüçin uzyn gün sür diýilse, ýarym salkyn goýberýämişiñ mekdebi? Bilýäñmi, ýokarkyñ (ol gözüni depesine dikip, ýokarky gata ümledi) nähili kakyny tutdy señ eden işiñe… Pagta wagtam bir okuw bormy?! – Okuw uruş wagtam ýatyrylmandyr-a! – mekdep direktory garaşylmadyk gaýduwsyzlyk görkezdi. Bu sözleri eşiden ideologiýa orunbasarynyñ gany depesine urdy, ol ýangynly gepledi: – Uruş gutardy, diýmäýin diýsem! Indi diñe pagta! Ikisiniñ ýerine-de – pagta! Düşnüklimi! Mekdep direktory mañlaýyna inen derini sylyp, derdinjek boldy: – Mekdebimiz ýykyljak-ýykyljak bolup dur, täzesini gurjak diýipdiñiz... – Bes et! – diýip, Hoşly Ataýew onuñ sözüni gazap bilen ýoldy. – Şo mekdebem size kän. Şony gutaranlaram aldygyna ýazyp ýatyrlar. Siziñ obañyzyñ arza-şikaýaty gutaranok! Täzesini dagyn gurup beräýsek, siz onsoñ bizi Aýa uçaýmaly edersiniz. – Süleýman ussanyñ mekdep direktoryna ýüregi awady. Çünki, göwnüne bolmasa, mekdep direktory ussanyñ iýmeli kötegine ardurja eýe çykdy. Ol bu gürrüñiñ yzyna bialaç gulak saldy. – Saña, Gandym, bir gün möhlet berýäs, dek ertiriñ özünde sür mekdebi pagta! Mekdep direktory ellerini serdi: – Ýoldaş Ataýew, ýazmaça buýrugyñyzda okuwçylary ýarym gün goýbermeli diýlipdir-ä? Hoşly Ataýewiñ myrryhy atlandy: – Mönsüre ýene birsalym! Ýazmaça bolsa, oñam öz okalmaly ýeri bardyr, ony hökman sen ýa señ okuwçylañ okamaly diýen zat ýok! Düşnüklimi! Gürrüñ gutardy. Bar, ugra! Direktor gidibermelidi welin, ýene-de bir zat hakynda dil ýaryp, kabinet eýesiniñ has beter gazabyna duçar boldy. Direktor çekinjeñlik bilen öz haýyşyny aýtdy: – Ýoldaş Ataýew, özüñiz haý-küş diýaýmeseñiz, birgatlara çenli mugallymlaryñ üstüne düwleşip durlar. Özem okuwçylañ gözuniñ alnynda. Bizi halys masgara edýäler. Hoşly Ataýew häliden bäri elinde oýnap oturan ujy çiş galamyny stoluñ üstüne oklady. Soñam ony täzeden eline alyp, ujuny mekdep direktoryna gezedi, gazaply jogap berdi: – Garagyñyzy çykaraýsadylar käşgi siziñ! Size şolam az. Dawaý, boşat kabineti, meñ bar işim sen däl. Ertir selektor maslahatda başlygyñyzdan sorarys galanyny. Ugra şu taýdan! Mekdep direktory sesini çykarman, gapa garşy ýumlukdy. Tutawajyndan ýapyşyp, içine açylýan gapyny daşyna itip, özüne zor saldy. Kabinet eýesiniñ: – Özüñe çek! – dien zarply sesi ýeñse çukuryna bary degende, göni gelýän kesekden bukulýan ýaly aşak egildi. Soñ ol ýolbarsyñ penjesinden sypan dek, daşaryk kürsäp çykdy... Direktor gapynyñ añyrsynda gözden ýitensoñ, Hoşly Ataew Süleýman ussa garap, hamana, garşysynda pikirdeşi oturan görnüşde zeýrendi: – Iýeni bokuragyna tegek bolmuşlar diýsäni. Şular bilen işleşeniñden, mal-hal bilen iş salşanyñ añsatdyr. – Hawa-da – diýip, Süleýman ussa gusaly seslendi. – Ýöne olam malyna bagly-da… Ýatlamadan aýñlayp, töweregine garansa, täk ozi dur. Soltan Sanjaryñ gubury-da alysda howalanyp görünýär. Kärdeşleriniñ hümürdisi gurlup ýören jaýyñ ikinji gatyndan eşidilýär. Ussa olaryñ ýanyna bardy. Ikinji gatdan synlap, onuñ pagtaçylyk bilen zeýkeşiñ arasynda gysylyp oturan oba ýüregi awady. Palçyk garyp duran Abdyl aga bilen Kemala bir zat diýerli göründi. Gulagynda Hoşly Ataýewiñ iñ soñky sözi gaýtalandy: “Bolýar, häzirlikçe gaýt, ýöne indikide üstüñden şunuñ ýaly arza gelmesin, gelse, özüñden gör, gözüñi Sibirden açyldy bil. Bilip goý, hut özüm baryp, öýñüzden alyp gaýdaryn!” Kabinet eýesi şondan soñ iki tagta kagyzy ýokaryk göterip, süýr depesinde bulady-da, gymmatly dokumenti gizleýän dek, aýratyn bukja salyp, aýawlylyk bilen stoluñ çekerine atdy. Bu taýdan, täze gurlup ýören jaýyñ ikinji gatyndan synlasañ, köneden galan belent bina, bir görseñ-ä, ýalñyzdy, gussalydy, bir görseñem, gedemdi, tekepbirdi, arzuw ederden alysdady. Ussa bolsa, oba bilen Soltan Sanjaryñ guburynyñ arasynda, hamana, geçmiş bilen geljegiñ ortasynda galan dek serimsal bolup durdy. Onuñ näler işläsi, gurasy, döredesi gelýärdi, ýöne nämüçindir häzir eli işe baranokdy. Gyzyl çog bolup ýaşyp barýan äpet Gün köneden galan belent binanyñ gümmezini öz nuruna gark edip, al-asmandan geçip barýardy. Ikindin öýüne gelip, Süleýman ussa hum çäýnege demlenen gök çaýdan birki käsani tagamyny bilmän içdi. Çaýyñ soñuna Ogulbibem şarik çykdy. Ol humdan gyrmyzy çaýy käsesine guýup oturyşyna: – Nämüçin çagyran ekenler? – diýip, ärinden ýakymly umyt bilen sorady. Süleýman gurşuna dönen agyr gabaklaryny galdyryp, aýalynyñ gözlerindäki tükeniksiz ynamy görüp, göwni giñedi. Kellagyrysy azalyşan ýaly boldy. Onsoñ ol degişdi: – Başgarak iş hödürleýärler. Ogulbibi güp ynandy: – Sen näme diýdiñ? – ”Aýalyma geñeşeýin” diýdim. Birki gün wagt soradym. Ogulbibiniñ gözleri tes-tegelek boldy: – Ýeriñe birini alaýmazlar-da oña çenli? Saklañ şo ýeri bir diýdiñmi? Wah, mundan öñ maña sala salyp ýörmüdiñ diýsen-e! Meñ geñeşime zarmy diýsene sen? Gije-gündiz kitap okaýan-a sen, hany olañ haýry degmedimi şoñ ýaly ýerde? – Şolañ haýry-da şü degýän... – Süleýman ussa ajy kinaýa bilen ýylgyrdy. Ogulbibi dert-azar özüniñkini hetjikledi, janykdy: – Beräýmeli ekeniñ-dä razylygyñy. Saklarlarmyka bir indi o ýeri señ üçin? Süleýman ussa aýalyny köşeşdirdi: – Saklarlar-la. Jaýy ýaramazrak bolansoñ, başga bir döwtalabam tapylar öýdemok. – Jaýy owarram-la. Ähli zadyny duşurjak gümanyñ bamy? Ylalaşaýarlar. – Ylalaşmaly bor – ol dyzyna galdy. – Hany getir oragyñy, haltañy! Sen kolhozdan ýadap gelensiñ, dynjyñy al, agşam otuñy özüm ýygyp bereýin. Ogulbibi oña kümeden oragy, haltany alyp berip, ýola saldy-da, özi goñşusy Miwäniñ ýanyna eñdi. Täze habarynyñ ony serpmeden gaýdan ýaly etjekdigine begendi. Gidip barşyna: “Bu-da çaltrak ýokarlaryk çekilse, bizem kolhozyñ şu artyp talabançylygyndan dynsak, pagta otamakdan, ýekelemekden, dañ atandan, Gün batýança iki bükülip ýörmekden dynsak” diýip, dynman içini gepledýärdi. |