|
Ak Welsapar
IÑ SOÑKY GURULTAİ…
Edebi esse
Stockholm
|
|
Mazmuny:
Nämüçin hökümdarlar ähli döwürlerde
ıazyjy-şahyrlardan çekinıärler? |
| Bu masgaraçylyk hiç haçan gaıtalanmaly däldir!
|
|
1991 ıylyñ 27-28-nji fewralynda Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ X Gurultaıy bolup geçdi. Özbaşdaklyk ıoluna düşen Türkmenistanda demokratiki özgerişleri, ıurduñ gelejegini, milletiñ mertebesini, dogduk topragyñ abraıyny, adamlaryñ iñ zerur hak-hukuklaryny gormalay türkmen ıazyjylary iki gün dowam eden gurultaıda düşewüntli wezipeleriñ üstünde özara çaknyşyp, demokratik gymmatlyklaryñ, söz we metbugat azatlygynyñ gabryny gazdylar… Netijede Türkmenistanda rehimsiz diktatura giñ ıol açyldy. İazyjylar bolsa, il-güni unudyp, şondan soñ öz aladalary bilen ıaşamaga başladylar…
|
|
Her gün açdy
gul-gyrnagyñ bazaryn, Magtymguly, XVIII asyr
|
|
Berdi Kerbaba ıaly ıazyp bilmeseler-de, türkmen ıazyjy-şahyrlarynyñ hemmesiniñ-de edil Berdi Kerbaba ıaly gurply ıaşaslary, döwran süresleri gelıärdi!
|
|
1. Nämüçin hökümdarlar ähli döwürlerde ıazyjy-şahyrlardan çekinıärler? Halk ähli döwürlerde ıazyjy-şahyrlary öz hossary, howandary, hökümdaryñ, häkimiıetiñ bähbidini araıan däl-de, eıse kyn günde öz arkasynda durıan, howandarlyk edıän adamlar hökmünde kabul edipdir. Bu ynam biziñ günlermizde-de ıitip gidenok. Halk köpçüligi ıazyjy-şahyrlaryñ arassa ynsabyna ikuçsyz bil baglaıar. Şol sebäpden ähli döwürleriñ hökümdarlary çeper söze erk edıän adamlardan çekinipdirler hem-de olary öz tarapyna çekmäge jan edipdirler. Çünki çeper söze erk edıän adamlar halkyñ dilini tapmaga ökde bolıarlar, gerek bolsa halky yzlaryna düşürip bilıärler. Onsoñ eger-de hökümdar ıazyjy-şahyrlary özüne gulluk etdirip bilse, oña halky öz agzyna bakdyrmak, dyza çökermek añsatlaşıar. Añyrdan gelıän ıörelge boıunça SSSR-de hem ıazyjy-şahyrlara, umuman, döredijilik intelligensiıasyna ullakan hormat goıulıardy. Halk köpçüligi ıazyjy-şahyrlaryñ sözlerini diñleıärdi, onsoñ häkimiıetler olardan çekinıärdiler. Hut şu sebäden sowet imperiıasy döwründe-de häkimiıetler ıazyjy-şahyrlardan çekinıärdi we olary hemişe göz astynda saklaıardy. Olaryñ hemmesini öz tarapyna çekip bilmese-de, arasyndan özüne wepaly gullary ıetişdirıärdi, özüne hyzmat edıänleri maliıe taıdan goldaıardy. Munuñ tersine, häkimiıete garşy gidenlerini, özbaşdak, garaşsyz gylyklylaryny ıanaıardy, yzarlaıardy, gaty gidiberseler, tussag edıärdi, öldürip bilse öldürıärdi, bolmasa-da, watanyny taşlap gitmäge mejbur edıärdi. XX asyryñ 80-nji ıyllarynyñ ortalarynda SSSR-de Üıtgedip gurmak, Aıanlyk, Aç-açanlyk syıasaty yglan edildi. Emma her ädimde diıen ıaly reaksion güıçleriñ garşylygyna duçar bolany üçin demokratik özgerişler endigan gidenokdy. Bütin SSSR-de bolşy ıaly Türkmenistanda hem 80-nji ıyllarynyñ ahyrynda, 90-njy ıyllarynyñ başlarynda Üıtgedip gurmagyñ, Demokratiıanyñ, Söz we Metbugat azatlygynyñ ykbaly çözülıärdi. Ullakan imperiıanyñ yzagalak çet ülkesi bolan Türkmenistanda demokratik özgerişler has hem haıal gidıärdi, sebäbi bu ıerde respublikanyñ ıolbaşçylarynyñ özleri söz, metbugat azatlygyna, islendik demokratik özgerişlere diş-dyrnak garşylyk görkezıärdiler. Hut şol sebäpli-de, elbetde, bu meselede bizde ıagdaıyñ nähili boljagy köp derejede ıazyjy-şahyrlara baglydy. Türkmenistanda demokratiıanyñ ıeñjegi-ıeñmejegi, söz, metbugat azatlygynyñ ıol aljagy-almajagy döredijilik intelligensiıasynyñ bu ugurda eıelejek durmuş ornuna, etjek hereketlerine has-da beter garaşlydy. Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ X Gurultaıy hut şu adatdan daşary gyzgalañly döwürde, 1991 ıylyñ 27-28-nji fevralynda bolup geçdi. Ol wagt türkmen topragy entek sovet imperiıasynyñ golastyndady, ıöne eııäm özbaşdaklyk ıoluna düşüp, öz döwlet suverinitetini, ıagny imperiıanyñ çägindäki özbaşdaklygyny yglan edipdi. Şunuñ bilen baglanyşykly ozal 1985-nji ıylda Moskva tarapyndan respublikanyñ ıolbaşçysy edilip goılan çalasowat dikme, Türkmenistan Kompartiıasynyñ Merkezi Komitetiniñ 1-nji sekretary Saparmyrat Nyıazow bäsleşiksiz saılawlary geçirip, täzelikde ”Prezident” derejesini alypdy. Türkmenistan kommunistleriniñ çalasowat serdary hem stalinçilik ıörelgeden ugur alyp, döredijilik intelligensiıasyndan hemişe ägä bolmaly, olary berk gözegçilikde saklamaly diıen ynama eıerıärdi. Saparmyrat Nyıazow kommunistik dolandyryşyñ ähli basgançaklaryny geçen adamdy. Onsoñ ol edil özünden öñki kommunistik serdarlar ıaly ıazyjylaryñ arasyndan özüne wepaly, diıenediji kişileri tapmaga we olary goldap, hut şolaryñ elleri bilen demokratik özgerişleri duruzmaga, demokratik meıilleri ıok etmäge we halky dyza çökermäge jan edıärdi. Bu çäreler oña Türkmenistanda öz absolıut häkimligini ornaşdyrmak üçin örän zerurdy.
2. Türkmen ıazyjylary we demokratik göreş Türkmen ıazyjylarynyñ köpçüligi hiç haçan Söz, Metbugat we beıleki demokratik azatlyklar, adam hukuklary ugrundaky göreşe goşulmady. Agzalan gurultaıa çenli bu göreşe goşulan ıazyjy-şahyrlaryñ atlaryny sanamak üçin bir eliñ barmaklary ıeterlikdi… SSSR İazyjylar guramasynyñ agzalygynda duranlardan Türkmenistanyñ özbaşdaklygy, ene dilimize resmi döwlet dili derejesiniñ berilmegi, söz we metbugat azatlygy ugrundaky göreşe Akmyrat Şir, şu setirleriñ awtory, Hudaıberdi Hally we ıene birki sany adam goşulypdy. İazyjylar guramasynyñ agzasy bolmadyk, emma halk arasynda abraıly ıazyjy-şahyrlardan demokratik hereketde Bapba Gökleñdir Aman Goşa bardy. Az sanlydyklaryna garamazdan, demokratik meıilli ıazyjylaryñ abraıy ıazyjylar köpçüliginiñ arasynda we Türkmenistan İazyjylar guramasynda pes däldi. Sebäbi demokratik meıilli ıazyjylaryñ türkmen diline döwlet statusynyñ berilmegi, türkmeniñ milli mertebesi üçin göreşıändiklerini bilmeıän ıokdy. Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ gözbaşynda-da şol adamlaryñ durandygy bellidi. Türkmen ıazyjylarynyñ köpüsi bu guramanyñ ıygnaklaryna gatnaşmaga milt etmeseler-de, onuñ işi bilen yzygiderli gyzyklanıardylar. İazyjylaryñ arasynda demokratik meıilleriñ ösüp barmagy-da şunuñ bilen baglanyşyklydy. Onuñ has çynlakaı sebäpleriniñ biri-de, elbetde, iliñki ıaly ıazyjylaryñ hem ıaşaıyş derejesiniñ gitdigiçe aşak gaçmagydy.
3. Häkimiıetler demokratiıanyñ garşysyna göreşde kime daıanıardylar? Türkmen ıazyjylarynyñ arasynda demokratik meıilleriñ ösmeginden öler ıaly gorkıan Türkmenistanyñ häkimiıetleri munuñ öñüni almak üçin ozaldan kompartiıanyñ we KGB-niñ hyzmatynda duran nomenklaturaçy ıazyjy-şahyrlaryñ goldawyna daıanıardylar. Nomenklaturaçy ıazyjylar halkyñ hem öz galamdaşlarynyñ arasynda demokratiıany ıamanlaıardylar, kompartiıany we onuñ başynda Moskva tarapyndan oturdylan dikmäni bolsa öwüp, arşa çykarıardylar. Demokratik meıilli ıazyjylaryñ ıaş hem gögelediklerini, kompartiıanyñ we onuñ baştutanlarynyñ bolsa tejribeli hem parasatly adamlardygyny yzygiderli wagyz edıärdiler. Türkmenistanda, şol sanda türkmen ıazyjylarynyñ arasynda, demokratik meıilleriñ ıaıramagynyñ öñüni almak üçin Kommunistik häkimiıetleriñ we KGB-niñ nomenklaturaçy ıazyjylardan başga-da ıene bir daıançlary bardy – ol hem Orta asyrlaryñ dumanynda gezip ıören, dar düşünjeli tireparaz ıazyjy-şahyrlardy. Olary gyzza-gyzza gelende, hökümete öz peıdsyna ulanmak añsatdy. Sebäbi yzagalak reaksion pikiräki ıazyjy-şahyrlarda öz tiresinden, taıpasyndan bolmadyk kärdeşlerine ynamsyzlyk, olaryñ döredijiligine göwnüıetmezçilik, özüñi beılekilerden ıokary tutmak, ulumsylyk ıaly ıaramaz gylyklar bardy. Onsoñ bu gylyklary ulanyp, ıazyjylaryñ arasyna agzalalyk salmak, olary özara duşman etmek, şeıdibem türkmen ıazyjylarynyñ ünsüni esasy meselelerden sowmak – häkimiıetler üçin añsatdy. Geçen asyryñ 80-nji ıyllarynda, ıagny Üıtgedip gurmak döwründe-de hut şeıle boldy – Türkmenistanda we türkmen ıazyjylarynyñ arasynda demokratik meıilleriñ öñüni almak üçin kommunistik häkimiıetler we olaryñ gizlin gulluklary özleriniñ bu ozal synagdan geçen emelini giñden ulandylar. Özge milletden bolan türkmenistanlylary demokratik göreşden çetleşdirmek häkimiıetlere has-da añsatdy. Gizlin gulluklar olaryñ arasynda: ”Demokratiıa hakynda gürrüñ edıänler türkmen milletçileri, olar häkimiıet başyna gelseler, siziñ hemmäñizi ıok ederler ıa-da Türkmenistandan kowup çykararlar” diıen aıylganç dowul ıaıratdylar. Netijede başda Türkmenistanda demokratiki özgerişleriñ tarapyny tutan, bize goldaw beren beıleki milletleriñ wekilleri tizara bu göreşden doly çekildiler. Bu ugurda agalyk ediji gatlaklar we gizlin gulluklar añsat ıeñiş gazandylar. Olara Türkmenistanda döräp başlan demokratik hereket bilen türkmen milletinden bolmadyk watandaşlaryñ arasyna ynamsyzlyk salmak başartdy. İogsa, ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi we studentleriñ syıasy toparlary turuwbaşdan öz internasional meıillerini açyk görkezdiler. Haıp, bu kömek etmedi. Kompartiıa we gizlin gulluklar käbir beıleki sowet respubliklarynda bolup geçen ıaramaz hadysalary peıdalanyp, başga milletlerden bolan türkmenistanlylary gorkuzmagy we olary demokratik göreşden çetleşdirmegi başardylar. Emma hiç bir kynçylyga garamazdan, demokratik göreş dowam edıärdi we ol gün-günden güıjeıärdi.
4. Prezident nämüçin ıazyjylaryñ Gurultaıyna gatnaşdy? Türkmenistan ıazyjylar guramasynyñ taryhy X Gurultaıy, başda aıdylyşy ıaly, şeıle dartgynly döwürde, 1991 ıylyñ 27-28-nji fevralynda bolup geçdi. Türkmenistan Kompartiıasynyñ Merkezi Komitetiniñ şol wagtky 1-nji sekretary, şonuñ öñ ıanyndan eııäm galplaşdyran, bäsdeşsiz saılawlarda prezident adyny alan Saparmyrat Nyıazow ähli işini taşlap, bu Gurultaıda iki günläp butnaman oturdy. Ol şonda özüniñ ıazyjylaryñ il arasyndaky abraıyndan we olaryñ demokratik göreşe goşulmagyndan öler ıaly gorkıandygyny açyk görkezdi. Türkmen ıazyjylarynyñ hiç biri-de entek bu açylan X Gurultaıyñ özleriniñ iñ soñky gurultaılary boljaklygyny bilenokdylar. Sebäbi olar SSSR-de dowam edıän ägirt uly syıasy özgerişlerden çetde durıardylar, SSSR-iñ dargap barıanlygyndan, tiz wagtdan türkmenleriñ öz başlaryny özleriniñ çaramaly boljaklygyndan habarsyzdylar. Demokratiıa hem Türkmenistana öz-özünden geler öıdıärdiler. Olar töwereklerinde bolup geçıän düıpli hem hemişelik özgerişleri äsgermezçilik edip, öz adatdaky güımenjeleri bilen başagaıdylar. Emma wakalar ösmegini dowam etdirıärdi. ”Gupbaly jaı”, ıagny Türkmenistanyñ oınatgy hökümeti respublikada demokratik meıilleriñ doly öñüni almak üçin ähli çäreleri görıärdi.
5. Geljekki Türkmenbaşynyñ İazyjylaryñ iñ soñky Gurultaıyna sowgady… Ine, şeıle ıagdaıda-da 1991-nji ıylyñ 27-nji fewralynda Türkmenistan Sovet Sosialistik Respublikasynyñ İokary Sovetiniñ kaşañ binasynda Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ iñ soñky we taryhda iñ masgaraçylykly X Gurultaıy öz işine başlady… Edil şol gün hem respublikanyñ Köpçülikleıin Habar Serişdelerinde ıañyrak özbaşdaklyk ıoluna düşen respublikada ”Metbugatda we beıleki köpçülikleıin habar serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak boıunça Türkmenistan SSR-niñ hökümetiniñ ıanyndaky Komitet” diıilıän täze bir edaranyñ döredilıändigi dogrudaky Perman köpçülige ıetirildi.
"Turkmenskaya iskra", 1991-02-27 Bu örän geñ hem howsalaly ıagdaıdy. Ady tapawutly bolsa-da, üns berseñ, agzalan edaranyñ Üıtgedip gurmak döwründe, ıagny bary-ıogy 2 ıyl şondan öñ Moskva tarapyndan ıapylan we ozal SSSR-de ”Glavlit” ady bilen ıakasyny tanadan deslapky senzura edarasydy. Emma öz Gurultaılaryna aıylganç bir sowgadyñ edilıänligine, geljekde öz seslerini mäkäm bogjak bir kümsük edaranyñ döredilip, eııäm bogazlaryna pyçak goılanlygyna türkmen ıazyjylary gabak hem galdyrmadylar! Meniñ bu erbet hadysa ünsüni çekjek bolan ıazyjylarym, diñe bir türkmen edebiıatynyñ we sungatynyñ däl, eıse geljekde bütin türkmen halkynyñ bagtyny ıatyrjak Permany däl-de, eıse meniñ ”biderek zada” howsala düşüp ıörşümi ıazgaryp, señriklerini ıygyrdylar...
6. Türkmen ıazyjylaryny nämeler gyzyklandyrıardy? Türkmen ıazyjylarynyñ köpüsini diñe wezipe paılanyşygy gyzyklandyrıardy: kim Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ başlygy saılanar? ”Sowet edebiıaty” we ”Aşhabad” jurnallaryna kim Baş redaktor bellener? Kim ”Edebiıat we sungat” gazetine eıelik eder? Kime näme baırak berler? Gurultaıdan peıdalanyp, öz şahsy hojalygyña hökümdardan nämeler diläp boljak? Sebäbi 110 ıyldan bäri kolonial şertlerde ıaşaıan Türkmenistanda ıazyjylar köpçüliginiñ hem begiñki ıaly güni ıokdy. Kitap çykartmak üçin adyñy belli etmelidi, adyñy belli etmek üçin hem – kitap çykartmalydy! Kolonial respublikada ähli resurslar çäklendirilendi, ähli zadyñ daşy çyzyklydy. Türkmenistanyñ çaphanalary SSSR-de iñ pes derejededi, kuwwaty-da aşa pesdi. Onsoñ kitap çykartmak üçin wezipeli orunlary eıelemelidi, özüñ eıeläp bilmeseñ, haısydyr bir topara goşulyp, şol toparyñ hyzmatyny edip, öz ”pikirdeşleriñ” kömegi bilen kitap çykartmalydy. Ykbal seni başga ugra däl-de, bu ugra iteklän bolsa, onda göze ilmek üçin SSSR İazyjylar soıuzyna agza bolmalydy, at-dereje alyp, gazanç etmelidi, çaga eklemelidi, hojalygy aılamalydy… Çäklije resurslaryñ gözbaşyna golaı durmasañ, sen hemme zatdan mahrumdyñ, seniñ diñe adyñ ıazyjydy. Hökümete, KGB-ä gulluk edıän wezipeli ıazyjylaryñ her ıylda bäş kitaby çap edilse, ıönekeı ıazyjylaryñ diñe bäş ıylda bir kitaby çap edilıärdi! Nomenklaturaçy ıazyjylaryñ kitaby gaty daşly hem owadan bezeg bilen çyksa, ”garamaıak” ıazyjylaryñky mydama esgi ıaly ıumşak daşly, solak hem iñ pes hilli kagyzda çap edilıärdi. İagdaı şeıle agyr bolany sebäpli-de, Türkmenistanda ıazyjylaryñ arasynda birek-birege ynanmazçylyk, alagözlük güıçlüdi. Bu ıagdaıdan häkimiıetler hem olaryñ gizlin gulluklary özleriçe, ıazyjylaryñ arasyndaky mekir kişiler hem özleriçe peıdalanıardylar. Wezipe, at, dereje ugrundaky gazaply göreşde mekir kişiler yzagalak tire-taıpa duıgularyny ulanyp, dürli toparlary döretseler we öz maksatlaryna ıetmek üçin toparlaıyn mümkinçilikleri ulansalar, beılekileri öz ruhlaryny kompartiıa, gizlin gulluklara satıardylar. Şol edaralara arkalaryny diräp, edebiıatda özlerine ıer edinmäge dyrjaşıardylar. (Bir elde iki garpyz tutmagy başarıanlar-da bardy…) İazyjynyñ zehini kiçi boldugyça, onuñ gyzykly kitap ıazmagyñ däl-de, eıse gyzykly oıunlary turzup, başgaça ıollar bilen öñe çykmak islegi-de şonça ıokarydy! Gepiñ gysgasy, Berdi Kerbaba ıaly ıazyp bilmeseler-de, türkmen ıazyjy-şahyrlarynyñ hemmesiniñ-de edil Berdi Kerbaba ıaly gurply ıaşaslary, döwran süresleri gelıärdi!
7. SSSR imperiıasy XX asyryñ ahyrynda Dünıädäki gury ıeriñ altydan birini tutıan SSSR syıasy, ideologiıa we ykdysady gurluşy boıunça hakyky totalitar imperiıady. Bu imperiıanyñ başynda ony esaslandyran bolşewikler, soñra at berlişi ıaly Sowet Soıuzynyñ Kommunistik Partiıasy (SSKP) durıardy. Döwletiñ ıokary dolandyryşy-da şol partiıanyñ Baş sekretarynyñ elinde jemlenendi. Sowet imperiıasynda kommunistik ideologiıa we buıruga görä dolandyrylıan ykdysadyıet höküm sürıärdi. Bu ıagdaı SSSR-de 70 ıyllap üıtgewsiz dowam etdi. Emma XX asyryñ 80-nji ıyllaryna çenli kommunistik partiıa-da, onuñ ideologiıasy-da, planly-administratiw ykdysadyıet-de soñky süregine ıetdirdi. SSKP MK-nyñ başynda duran serdarlar-da köpçülikleıin garradylar. Onsoñ ägirt uly imperiıany dolandyrıan, Orta asyr soltanlaryna meñzeş SSKP MK-nyñ Baş sekretarlary yzly-yzyna ıogalyp başladylar. 1982-85 ıyllar aralygynda, ıagny bary-ıogy üç ıylda üç Baş sekretar öldi. Kremlden günde-günaşa iniñi tikenekledıän ıas sazynyñ ıañlanyp durmagy adamlaryñ gulak etini guratdy. Bu döwre dili duzly adamlaryñ ”Dabaraly jaılanyşlaryñ bäşıyllygy” diıip at bermegi ıöne ıerden däldi. Tukat saz adamlary halys eımendirıärdi, ol diñe bir nobatdaky Baş sekretaryñ ıas sazy bolman, eıse tutuş imperiıanyñ jaılanyş mukamyna meñzäp barıardy… Belki, şonuñ üçindir, SSKP-niñ çür başyndaky wezipesöıer gojalar ahyrsoñy Baş sekretarlygy öz aralaryndan ıaşrak birine – Mihail Gorbaçewe berdiler.
8. SSSR-de Üıtgedip gurmagyñ başlanmagy Mihail Gorbaçew döwlet başyna gelende sowet imperiıasy çagşap barıardy. Buıruk bilen dolandyrylıan ykdysadyıet önüm berenokdy, magazinleriñ tekjeleri tañkyrap ıatyrdy, bütin ıurtda korrupsiıa, aldawçylyk, artdyryp ıazmalar, gözboıagçylyk höküm sürıärdi. Halkyñ öz döwletindenem, döwründenem göwni geçgindi. Bu kynçylyklardan gowy habarly Mihail Gorbaçew hökümet başyna gelen badyna ıurtda düıpli özgerişleri geçirmäge başlady. M.Gorbaçewyñ bu syıasaty tiz wagtdan Üıtgedip gurmak diıen ada eıe boldy. Üıtgedip gurmak syıasatyny sowet halky gowy garşylady. Halk köpçüligi uzak wagtdan bäri şuña meñzeş bir düıpli özgerişliklere garaşıardy. Sebäbi halkyñ güzerany kyndy, ol gitdigiçe-de agyrlaşıardy, erbetleşıärdi. Ogurlyk, parahorluk gün-günden artıardy. Emma agalyk ediji gatlaklar Üıtgedip gurmak syıasatyny birmeñzeş kabul etmediler. İönekeı kommunistler hem Kompartiıanyñ aşaky dolandyryjy gatlagy M.Gorbaçewyñ reformalaryny umytly garşylasalar, ortaky zynjyr diıilıän agalyk ediji topar we has-da beteri ıokarky partiıa gatlagy Üıtgedip gurmak syıasatyna turuwbaşdan şübheli garadylar. Olar öz ellerindäki häkimligiñ gitmeginden gorkdular. Şol gorkulary üçinem bu özgerişlere aşaklykdan garşy çykdylar, oña başardyklaryndan päsgel berip, badak atdylar, onuñ öñüni almaga çalyşdylar. Hut şeıle ıagdaı Türkmenistanda has beter özüni görkezdi. Bizde halkyñ syıasylaşmagyna, onuñ syıasy inisiativasyna, işeññirligine ıol berilmedi. Türkmenistan Kompartiıasynyñ 1-nji sekretary Saparmyrat Nyıazow Üıtgedip gurmak syıasatyna başdan diş-dyrnak garşy çykdy. Imperiıanyñ merkezinde we beıleki sowet respublikalarynda durmuş gaınap, demokratiki özgerişler gidıärkä Türkmenistan gomly deñziñ içindäki asuda adany ıada salıardy, bu ıerde ümsümlik höküm sürıärdi. İöne bu ıakymly asudalyk däldi, gabrystandaky gum-gukluga ıakyndy. Çünki türkmen halky agyr gaflat ukusynda ıatyrdy. Halk oıansa, onda onuñ topragyndaky ägirt uly gaz, nebit we beıleki tebigy baılyklaryny satyp-sowrup, puluny jübüñe urup boljak däldi. Ahmal wagty türkmeniñ depesine çykan hilegärden namart S.Nyıazow hem onuñ töweregindäki bet üışmeleñ muny gowy bilıärdi, şonuñ üçinem olar türkmen halkynyñ oıanmazlygy üçin ähli çäreleri görıärdiler.
9. ”İatanlar oıandy, sen oıanmadyñ!” Üıtgedip gurmak syıasatyny durmuşa geçirmek üçin halk köpçüligini bu özgerişlere çekmek gerekdi. Şonsuz ol syıasatyñ başa barjak gümany ıokdy. Halky oıarmalydy, onuñ ynamyny gazanmalydy. Halk köpçüliginiñ, bütin jemgyıetiñ işeññirligine we inisiativasyna ıol açmak gerekdi. Mihail Gorbaçew hem onuñ Kremldäki az sanly progressiv pikirli egindeşleri bu zerurlyga düşünıärdiler. Şonuñ üçinem Üıtgedip gurmagyñ barşynda SSSR-de Aıanlyk we Aç-açanlyk syıasaty yglan edildi. Çäkli-de bolsa, bu, elbetde, söz azatlygynyñ bir görnüşidi, onuñ birinji basgançagydy. Iñ bärkije söz azatlygyna, demokratik hukuklara eıe bolan we ukudan oıanan sowet halky basym herekete geldi. Netijede Kreml tiz wagtdan Köpçülikleıin Habar Serişdeleriniñ üstünden uzak wagtyñ dowamynda berk ideologik gözegçiligi amala aşyryp gelen ”Glavlit” atly senzura edarasyny doly ıapmaga we halka has köpräk hak-hukuklary eçilmäge mejbur boldy. Şolaryñ arasynda köçe ıörişlerini, mitingleri geçirmek hukugy bu döwürde gazanylan iñ möhüm azatlyklardy. Emma hut şu azatlyklar hiç haçan türkmen halkyna nesip etmedi. Türkmenistanyñ dikmesi S.Nyıazow halkyñ bu hukugyny eden-etdilik bilen onuñ elinden aldy. Emma türkmenler merkeziñ eçilen çäklije demokratik hukuklarynyñ Aşagabatda öz ellerinden gañrylyp alynmagyna garşylyk görkezmediler. Halk S.Nyıazowyñ ıeñilkelle lakgyldysyna gulak gabartdy. Beıle etmegiñ örän howpludygyny halka düşündirmeli, onuñ öz topragyna eıe çykmak ugrundaky göreşine baştutanlyk etmeli intelligensiıa wekilleri bolsa, bu haı-haıly taryhy döwürde hiç haçan günäsini geçip bolmajak ıöwsellige we çemeçillige ıüz urdular. Netijede baştutansyz galan halk köpçüligi S.Nyıazowyñ töweregine üışen tüısi başga mekir adamlaryñ köp zatlary has öñden görüp, öz topragynyñ ummasyz tebigy baılyklaryna göz dikıändigini añşyrmady. Türkmen topragynyñ tebigy baılyklaryna eıe çykmak üçin S.Nyıazowyñ garantga hökmünde ulanylıandygyna-da düşünmedi. 1980-nji ıyllaryñ ahyryna çenli ozalky SSSR-iñ düzümine giren sowet respublikalarynyñ halklarynyñ hemmesi oıandylar we öz hak-hukuklary ugrundaky çynlakaı göreşe başladylar. Emma diñe türkmenler oıanmadylar. Olar S.Nyıazowyñ mekir hüwdüsini diñläp, iññä bäbek deıin meımiremeklerini dowam etdirdiler.
10. Saparmyrat Nyıazowy goldaıanlar kimlerdi? Şu ıerde garaşsyz Türkmenistanyñ ilkinji Daşary işler ministri, merhum Avdy Kulynyñ ıatlamalaryndan bir epizody getirmekçi. A.Kulynyñ tassyklamagyna görä, bu waka 1992-nji ıylyñ güızünde Moskvada bolup geçipdir. ”Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ şol wagtky başlygy Amangeldi Borjakow bilen Türkmenistanyñ Oba hojalyk ministriniñ orunbasary Sapar Yklymow Moskva geldiler. Çaryıev olary Moskvanyñ etegindäki öz daçasyna myhmançylyga çagyrdy. İolda barıarkak myhmanlar bilen arada şeıle bir gürrüñ boldy. Men türkmen halky Nyıazow tetelli hökümdara näçe wagtlap çydap oturarka diıip soradym. Bu soraga myhmanlaryñ ikisi-de Nyıazow tüış biziñ bagtymyza döräıen adam, ol näçe isleseñ, şonça pul gazanmaga ıol berıär, ”Bize başga ıolbaşçy gerek däl, goı, ol mydama biziñ döwletimiziñ başynda otursyn” diıip jogap berdiler. (A.Kulyıev ”2 ıyl hökümetde 13 ıyl oppozisiıada”, sah. 49). Bu durmuş orny S.Nyıazowyñ töweregindäki adamlara mahsusdy. A.Borjakow bilen S.Yklymow ogurlykda aıyplanyp, soñra wezipelerinden kowuldylar. İöne munuñ üçin hökümetde ogurlyk ıatjak gümany ıokdy. Sebäbi S.Nyıazowyñ tutan ıoly galpdy, galpyñ ıoldaşy-da hökman galplyk edıän adamlar bolmaly. Onsoñ ıagdaıy düıpli üıtgetmäge ukypsyz S.Nyıazow diñe bir ogryny kowup, ikinji bir ogryny işe almak bilen meşgullandy. Ol tä ömrüniñ ahyryna çenli bu ysnat hem kütek syıasatyny hötjetlik bilen dowam etdi.
11. ”Gedaı gezmäge-de gurp gerek…” Türkmenlerde ”Gedaı gezmäge-de gurp gerek” diıen kinaıaly bir nakyl bar. Şol nakyldan ugur alsañ, onda bir zat düşnükli: öz demokratik hak-hukuklary ugrunda göreşmek üçin adamlaryñ ozal başdan iñ bir ıönekeıje demokratik hak-hukuklary bolmaly. İagny adamlaryñ üışüp pikir alyşmaga, mitingleri, köçe ıörişlerini geçirmäge, metbugatdan peıdalanmaga haky bolmaly. Şonsuz hiç hili demokratik göreş-de, halk köpçüliginiñ syıasy işeññirligi-de asla mümkin däl. Eger-de ıurt onlarça ıylyñ dowamynda yglan edilmedik adatdan daşary ıagdaıda ıaşaıan bolsa, adamlaryñ üışüp pikir alyşmaga, öz hak-hukuklary üçin çykyş etmäge hukuklary ıok bolsa, onda demokratiıa ugrundaky göreş hem mümkin däldir. Bu günki gün türkmenleriñ öz hak-hukuklary üçin göreşmäge düıbünden ukypsyzdyklary hakynda akyl satıan gopbamsylara meniñ bir hakykaty ıatladasym gelıär. M.Gorbaçew döwlet başyna gelmezden ozal tas 300 millionlyk ilatly, ylym-bilim taıdan ägirt uly potensiala eıe bolan, territoriıasynyñ ep-esli bölegi Europada ıerleşen SSSR-de halk köpçüligi demokratiıa ugrunda göreşipmidi? Söz, metbugat azatlygy, demokratiıa, adam hukuklary ugrundaky göreş eıse köpçülikleıin häsiıete eıe bolupmydy? Elbetde, ıok! Bu nämäni añladıar? Örän ıönekeı bir hakykaty: gedaı gezmek üçinem gurp gerek! Il gezip, dilegçilik etmek üçin ilki uıat ıeriñi ıapara eşigiñ bolmaly. Şonsuz sen nädip köçä çykjak? Türkmenleriñ öz hukugy ugrundaky göreşmek meselesi-de edil şonuñ ıaly – köçä çykmaga haky ıok adamlar nädip köçe ıörişini geçirsinler? Hakyny talap etmäge hukugy ıok adamlar nädip söz azatlygy ugrunda göreşsinler? Hakyñy talap edip köçä çykmak üçin ilki seniñ köçä çykmaga, köpçülik bolup üışmäge hukugyñ bolmaly. Iñ bir ıönekeıje adam hukuklarynyñ, azda-kände söz azatlygynyñ ıok ıerinde bu gymmatlyklar ugrundaky göreş hem ıokdur. Beıle ıurtda diñe ganly rewolıusiıalar, gozgalañlar, pitneler, hökümet agdarylyşyklary bolup biler. Ägirt uly ykdysady, ylmy we adam potensialy bolan SSSR-de demokratiıa ugrundaky göreş diñe M.Gorbaçew häkimiıet başyna gelip, Üıtgedip gurmak syıasaty başlanansoñ mümkin boldy. Elbetde, M.Gorbaçew Üıtgedip gurmak syıasatyny sowet imperiıasyny täzelemek, onuñ ykdysady we syıasy kuwwatyny artdyrmak, ony Günbatar bilen bäsleşikde öñe saılanar ıaly derejä ıetimek maksady bilen başlady. SSSR adaty döwlet bolanlygynda, belki, bu maksat başa barsa-da barardy. Emma totalitar imperiıa bolanlygy üçin M.Gorbaçewyñ syıasaty garaşylandan ters netijä getirdi. Imperiıanyñ golastyndaky milletler demokratik özgerişlerden peıdalanyp, tiz wagtdan milli özbaşdaklyk gazanmagyñ ıoluna düşdüler. Bu, elbetde, obıektiv hadysady. Gutulgysyzlykdy. Emma Üıtgedip gurmak syıasatynyñ atasy bolan M.Gorbaçew bu gutulgysyzlyga öz wagtynda düşünmedi, ony äsgermezçilik etdi, ondan gorkdy. Netijede ol öz başlan progressiv syıasatyndan yza galyp, progressiv pikirli egindeşlerinden daşlaşyp, kompartiıanyñ çür başyndaky reaksion pikirli adamlar bilen ıakynlaşdy. M.Gorbaçewdaky bolup geçıän bu ıakymsyz özgerişler 1988-nji ıylda açylan SSSR İokary Sowetiniñ Halk deputatlarynyñ Gurultaıynyñ barşynda has hem göz-görtele göründi. Häkimiıetdäki deñagramlylygy saklamak bahanasy bilen ol agalyk ediji toparlardaky reaksion üışmeleñe barha we barha giñ ıol açıardy. Olaryñ öñünde ıaıaplaıardy. Bu reaksion topara İ.Ligaçew, G.İanaıew, V.Pawlow, V.Krıuçkow, B.Pugo, D.İazow, A.Lukıanow we beılekiler girıärdiler. Türkmenistanyñ dikmesi Saparmyrat Nyıazow hem hut şu topara degişlidi. Ol Üıtgedip gurmagy Türkmenistanyñ araçäklerinde durzupdy. Türkmenistanda formal däl toparlaryñ, erkin metbugatyñ döremegine düıbünden ıol ıokdy. Şonuñ üçinem gaınap duran SSSR-de Türkmenistan asudalygyñ adasy bolup görünıärdi. Daşyndan göräımäge welin, bu taıda hemme zat gülala-güllükdi. 1990-njy ıylyñ tomsunda öz İaltadaky tomusky öıünde duşuşanlarynda M.Gorbaçewyñ S.Nyıazowyñ arkasyna kakyp, ”Ine, Üıtgedip gurmagy şunuñky ıaly geçirmeli!” diımegi ıöne ıerden däldi. Sebäbi bu döwre çenli Üıtgedip gurmagyñ atasy öz başlan syıasatyndan, onuñ getiren netijelerinden, giñ halk köpçüliginiñ syıasylaşmagyndan, jemgyıetçiligiñ gün-günden ösüp barıan syıasy talaplaryndan halys basylypdy, ıadapdy. M.Gorbaçew wakalaryñ ösüşinden görnetin yza galıardy. Onsoñ demokratik özgerişleriñ ıekirilen, Üıtgedip gurmak syıasatyna ıol berilmedik, iş ıüzünde gabrystanlygy ıatladıan Türkmenistan onuñ göwnüne öz başlan syıasatynyñ şowly durmuşa geçirilıän ülkesi bolup görünıärdi. Şonuñ üçinem M.Gorbaçew Türkmenistanyñ dikmesini goldaıardy. İogsa, SSSR-iñ bu yzagalak ülkesinde ıagdaılaryñ iş ıüzünde nähilidigini onuñ bilmezligi mümkin däl. Emma Türkmenistandaky ıagdaıy göreniñde, aslyıetinde M.Gorbaçewyñ Üıtgedip gurmakdan nämäni isländigine göz ıetirse bolıar. Görnüşine görä, ol SSSR-i demokratiıalaşdyrmak däl-de, eıse diñe lagşan sowet sistemasyny azda-kände janlandyrmak, halka erkinlik bermek däl-de, eıse diñe onuñ zähmete höwesini artdyrmak isläpdir. SSSR-iñ halk hojalygyny bäsleşige ukyply derejä ıetirmek, şeıdibem imperiıany gutarnykly çökmekden halas etmek isläpdir. Bu maksada ıetmek üçin, elbetde, adamlaryñ işe bolan höwesini artdyrmaly. Halkyñ zähmete höwesini artdyrmak üçin hem adamlaryñ ynamyny gazanmaly. Adamlañ ynamyny gazanmak üçin hem olara azda-kände erkinlik, çäkliräk hem bolsa, söz azatlygyny bermeli. Mihail Gorbaçewy demokratik özgerişleri geçirmäge iteklän zerurlyklar şulardan ybarat bolsa gerek?
12. Imperiıanyñ gowşamagy SSKP MK-nyñ Baş sekretary Üıtgedip gurmak syıasatyny nähili dar maksatlar bilen başlan bolsa-da, özgerişleriñ dowamynda halkyñ hak-hukuklary ep-esli giñeldi. Sebäbi Baltika respubliklary ıaly syıasy taıdan öñdebaryjy halklaryñ aıgytly hem tutanıerli göreşiniñ netijesinde tiz wagtdan imperiıa ep-esli gowşady. Göreşmäge hem öz hukuklaryña eıe bolmaga mümkinçilik artdy. Çäkli-de bolsa, Aıanlyk hem Aç-açanlyk ady bilen girizilen Söz, Metbugat azatlygy yglan edilip, senzura edarasy ıapylanda, Türkmenistanda-da demokratik hukuklar üçin göreşmäge edil şol döwürde ep-esli mümkinçilikler bardy. Bu döwürde aıratynam ıazyjylardyr jurnalistler üçin hakykaty ile ıetirmäge amatly pursat döredi. Ol amatly ıagdaıy duşdan geçirmeli däldi. Dörän mümkinçilikden peıdalnyp, tizräk halkyñ gözüni açmalydy. Halka özüniñ nähili döwletde ıaşap ıörenligini, ıakyn hem uzak geçmişini, millet hökmünde soñky asyrdaky başyndan geçirenlerini birin-birin düşündirmelidi. Özüniñ stalinistik totalitar gurluşyñ pidasydygyny oña aıtmalydy. Otuzynjy ıyllaryñ tutha-tutlugynyñ syrlaryny açmalydy, kolhoz gurluşygy döwründe çeken ıitgilerini ıatlatmalydy. Halkda milli mertebäni oıarmalydy. Bu möhüm işleriñ hemmesi-de imperiıanyñ gowşap, SSSR-iñ dargap barıan döwründe edilmeli işlerdi.
13. Çagalaryñ we eneleriñ ölüminiñ artmagy Bu işleri etmeli adamlar-da, elbetde, birinji nobatda ıazyjy-şahyrlardy, jurnalistlerdi, döredijilik intelligensiıasynyñ wekilleridi. Döredijilik intelligensiıasynyñ bu zerur işe başlamagy üçin, elbetde, sungat adamlarynyñ, ıazyjylaryñ we jurnalistleriñ öz dar professional problemlaryna çörñeşip galman, öz güzeranlaryny halkyñ güzerany bilen deñeşdirip görmekleri gerekdi. Bu olaryñ ukybyny, güıjüni dogry ugra ugrukdyrmaga ıardam etjekdi. Sebäbi ıönekeı halkyñ ıagdaıy haısy tarapdan alanyñda-da, sungat adamlarynyñkydan, ıazyjylaryñkydan has pes, has ıaramaz, has howsalalydy. Sebäbi agzalıan döwürde biziñ halkymyz imperiıanyñ salan agyr pagta salgydynyñ aşagynda ejir çekıärdi. Türkmenistanda ıüz müñlerçe gektar ıerler şorladylyp, awuly himikatlaryñ çakdanaşa köp ulanylmagy netijesinde ullakan giñişliklerde ıer, suw zäherlenipdi. Eger XX asyryñ 80-nji ıyllarynda tutuş SSSR boıunça oba hojalyk meıdanlarynyñ her gektaryna ortaça 2 kg himiki dökün düşıän bolsa, onda Türkmenistanda bu görkeziji 64 kg deñdi! Moskvanyñ agressiv pagta syıasaty zerarly gurap barıan Aral kölüniñ düıbünden göterilıän awuly tozan hem regiona öz täsirini gün-günden güıçlendirip, töweregindäki respublikalarda ıokanç infeksion keselleriñ, şol sanda gepatitiñ dürli görnüsleriniñ, inçekeseliñ giñ ıaıramagyna sebäp bolıardy. Türkmenistanda iımit, aıratynam et we süıt, gök önümleriñ ıetmezçiligi ıiti duıulıardy. Oba ıerlerinde ıaşaıan enelerde we çagalarda uçdantutma anemiıa, ıagny azganlylyk keseli bardy. Azganlylyk – ysgynsyzlyga, ol hem öz gezeginde çagalaryñ we eneleriñ ıokanç keselleriñ öñünde durumsyzlygyna getirıärdi. Geçen asyryñ ahyrky çärıeginde çagalaryñ we eneleriñ ölümi boıunça Türkmenistan bütin SSSR-de iñ hasratly orundady. Ol döwürde bizde bäbekleriñ ölümi 70-80 promillä deñdi. Bu bolsa eneden doglan her müñ bäbegiñ 70-80-niñ entek bir ıaşyny doldurmanka ölüp gidıär diıildigidi. Türkmenistanyñ demirgazygynda, Aral kölüne golaı ıerleşıän Daşhowuz welaıatynyñ ıagdaı has hem erbetdi. Daşhowzuñ käbir etraplarynda doglan her on bäbekden biri ıaşyna ıetmänkä ölıärdi. Bu görkeziji Afrikanyñ iñ garyp ıurtlaryndaky bilen gabat gelıärdi. Emma türkmen ıazyjylary bu problemalardan daşdadylar, olar diñe öz şahsy aladalary bilen ıaşaıardylar. İazyjylary özara oñuşdyrmak üçin ilki bilen olaryñ ünsüni halkyñ agyr ıagdaıyna çekmek gerekdi. Türkmen edebiıatynda soñky onıyllyklarda ıitileşen düıpli problemalary çözmek üçin hem şol döwürde ıeterlik mümkinçilik bardy. İöne bu problemalary paıhasly, akylly-başly çözmek üçin il-günüñ bähbidini özüñkiden ileri tutmalydy, halkyñ agysyny aglamagy öwrenmelidi. Türkmen ıazyjy-şahyrlarynyñ köpçüliginde tüıs jaı wagtynda, gynansak-da, hut şu düşünje kemterlik etdi.
14. Garañkylykda ıakylan yşyk… Halkyñ agyr ıagdaıyna belet, türkmen edebiıatyndaky ıaramaz toparlanyşyklardan ıadan, SSSR-de bolup geçıän düıpli özgerişlerden gowy habarly ıaş türkmen ıazyjylarynyñ bir topary 1988-njy ıylda Garaşsyz türkmen ıazyjylarynyñ bileleşigini döretmegi karar etdiler. Syıasy gurama bolmasa-da, adamlaryñ başyny birikdirjek ideıany orta atsañ, häkimiıetleriñ we KGB-niñ gozgalañ tapjagy, oña ynamsyzlyk bilen garajagy, ideıany başa bardyrmazlyk üçin çäre görjegi öñünden bellidi. Şol sebäpden ätiıaçly hereket etmek gerekdi. Agzalan bileleşigi döretmek üçin ilki inisiativa topary döredildi, oña şu setirleriñ awtory, Kömek Kuly, Ahmet Bekmyrat, Bapba Gökleñ, Akmyrat Şir dagylar girdiler. Biz ilkinji maslahaty göz-gulakdan uzakda, Gäwersiñ düzünde geçirmegi makul bildik. Bileleleşik döredilıändigini ıaş ıazyjylaryñ hemmesine aıtmaly, türkmeniñ ıagdaıynyñ agyrdygyny, ony hökman bileleşip düzetmelidigini bilıänleriñ hemmesi maslahata çagyrmaly diıip, biz adamlara aşaklykdan habar ıaıratmaga girişdik. ”Edebiıat we sungat” gazetinde işleıän ıaş ıazyjylara bu täzeligi ıetirmek meniñ paıyma düşdi. Bu habar bilen ol gazetiñ redaksiıasyna bardym. Ol ıerde şol wagt ıaş ıazyjylardan İowşan Annagurban, Annaguly Nurmämmet we beılekiler işleıärdiler. Men İowşan bilen Annagulynyñ oturıan kabinetlerine girip, olara dilden çakylygy gowşurdym. Öñdäki dynç gününde Gäwersiñ düzüne çykıandygymyzy, o taıda ıaş ıazyjylary welaıat ıaşulularynyñ baknalygyndan çykarmagyñ gürrüñiniñ ediljekdigini, Garaşsyz ıazyjylaryñ bileleşiginiñ döretjek bolıandygymyzy aıtdym. Emma kabinet eıeleri bu hoş habara awuly ıylgyrma bilen erinlerini gyşartdylar: ”Biz onuñ ıaly zada goşulyp biljek däl!” Annaguly stoluñ başyndan turman, kinaıaly jiñkerilip otyrdy. Duluklaryndan gan damaıyn diııän ak mapraç İowşan ıerinden turup, kabinetde dokmädelik bilen o ıan-bu ıan gezmeledi, iññedençykma gymmatbaha kostıumynyñ naşyja jübüsinden gözilginç owadan zynjyrly sagadyny çykaryp, ony şyrkyldadyp, açyp-ıapdy: ”Biz eııäm arada restoranda ıygnanyşyp gördük, şol günüñ ertesi ıeke-ıekeden çagyryp, sorag etdiler, eııäm biri KGB şugullapdyr, ıogsa ıygnanan känem däldi. Men oña ätiıaçlyk çäresiniñ bardygyny aıtdym: ”Şoñ üçin biz Gäwersiñ düzüne çykmaly etdik… Onsoñam biziñ hiç hili gizlin ıa gorkuly gürrüñimiz ıok. Diñe ıaş ıazyjylaryñ erkinligi, agzybirlik, birek-birege ynanmak hakda gurrüñ etjek”. İowşan gymmatbaha kostıumynyñ ”üçlüginiñ” jilisgesiniñ goltuklaryna başam barmaklaryny ötürip, semiz alkymyny ıokary galdyrdy: ”Atyñ üstünde-de bolsañyz, atyñ jylawy başga adamlañ elindemikä diııäs…” Salkyn kabinetde oturan iıeni-içeni aıry gitmeıän bu iki ıegre dostuñ, iki egindeşiñ boluşlary mañza batarly däldi, olar nämüçindir sowet jivopis eserindäki belli görnüşi ıatladıardylar. İowşan şondaky Lenine, Annaguly hem çekistleriñ serdary Dzerjinskä meñzeıärdi... Men bu dokmäde kabinetde paltamyñ daşa degjekdigini görüp dursam-da, iñ soñky delilimi orta atdym: ”O diııäniñ ynamsyzlykdandyr. Birek-birege ynamyñ döremegi üçin üışmeli, gürrüñleşmeli, iç döküşmeli. Biz şoñ üçin düze çykjak bolıas…” ”Kabinet eıeleriniñ jogaby nagt boldy: ”İok, biz sizie goşuljak däl. Gidiberiñ özüñiz!” İowşan Annagurban, Annaguly Nurmämmet ıaly yzagalak tire-taıpa düşünjesi bilen ıaşap ıören başga-da birnäçe ıaş ıazyjylaryñ ıüz öwürmegine garamazdan, bellenilen güni Gäwersiñ düzünde ıygnanyşyk geçirildi. Soñra bu Graşsyz bileleşiik ulalyp, oña Ahmet Gurbannepes, Atamyrat Atabaı, Nobatguly Rejep ıaly has atlyrak ıazyjy-şahyrlar-da goşuldylar.
15. At “basman” diıen ıerine müñ basar! Dogrusy, şol gezek men bu iki dokmädäniñ kabinetinden “Gaıdyp bu adamlara hiç haçan ıüz tutman” diıip, çykyp gaıtdym. Emma durmuşda käte barmajak gapyñdan barmaly, görmejegiñi görmeli bolıar. Wakalar senden ökde çykıar. Bu gezegem şeıle boldy. Şondan iki ıyl çemesi geçensoñ, men İowşan Annagurban bilen Annaguly Nurmämmediñ ıanyna ıene-de barmaly boldum. Sebäbi 1991 ıylyñ oktıabrynda Aşgabat-Moskva otlusy bilen Pribaltika gidip barıan şahyr Şiraly Nurmyradow Türkmenistanyñ hukuk goraıjy edaralary tarapyndan Çärjew şäherinde tussag edildi. “Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ ıolbaşçylygynyñ tabşyrygy boıunça men türkmen ıazyjylarynyñ adyndan TKP MK-ä hem S.Nyıazowyñ adyna İüzlenme ıazdym. İüzlenme ıönekeıdi. Onda Şiraly Nurmuradowa bildirilıän aıyplamanyñ jemgyıetçilige howp salıan jenaıat däldigini nazara alyp, onuñ deslapky tussaglykdan goıberilmegi, soñra-da bu işe adalatly garalmagy talap edilıärdi. İüzlenme taıyn bolansoñ, ıazyjy-şahyrlaryñ köpçülikleıin işleıän ıerleri bolan gazet-jurnallara, neşirıatlara aılanyp başladym. Ilki bilen Şiralynyñ ozalky işlän ıeri bolan “Sowet edebiıaty” jurnalyna baryp, Baş redaktor Baıram Jütdiıewiñ kabinetine girdim. İagdaıy düşündirdim. Başlyk gol goısa, bütin redaksiıanyñ onuñ yzyny eıerjekligine şübhe ıokdy. Emma bolmady: B.Jütdi ıüzlenmä gol çekmekden boıun gaçyrdy: Şirala belet. Bolmaz. Soñra men jurnaldaky ähli ıazyjylara bir-birden ıüz tutdum. Hemmesiniñ jogaby: ”Aı, Şiraly bolsa däl… Oña belet.” Şahyryñ birnäçe wagtlap işlän kollektivinden diñe bir adam – Annaly Berdi ıüzlenmä gol goıdy. Ş.Nurmyradow ”Edebiıat we sungat” gazetinde-de birnäçe wagt işläpdi. Şol sebäpden bu gazete hökman barmalydy. Bardym. Emma ıene şol öñki ıagdaı: gol çekmäge höwesek ıok. Iñ soñunda İowşanyñ kabinetine girdim. Annaguly-da şol ıerde. Aıdyşlaryna görä, bu ikisiniñ iıeni aıry gidenokdy, ıegre dostdular… Men olardan İüzlenmä gol çekmeklerini haıyş etdim. Olar ıazgyny okap, biri-biriniñ ıüzüne seredişdiler. Annaguly kagyzy eılesine-beılesine öwürişdirdi, soñam ony stoluñ üstüne oklap goıberdi: ”İok, biz muñ ıaly zada gol çekip biljek däl!” Hiç hili düşündiriş, haıyş olara täsir etmedi. Men ıene-de bir gezek ıüzüme urlan ıaly bolup, bu dokmädeleriñ kabinetinden çykyp gaıtdym. Birnäçe ıyl bile işleşen adamyña iñ bärkije kömegi etmekden ıüz öwürmek-de boljak eken! Agzalan meselede İowşan Annagurbandyr Annaguly Nurmämmediñ bolşuny iki sany ullakan türkmen-sowet ıazyjylarynyñ durmuş pozisiıasy bilen deñeşdirmek gyzykly bolsa gerek. Gol ıygnap ıörşümize bir gije biz Aman Goşa bilen Tirkiş Jumageldilere bardyk. İüzlenmäniñ birinji setirinde öz goluny goımagyny soradyk. Ol, tyıkyrap oturmazdan, İüzlenmäniñ ikinji setirinde goluny goıdy: ”Birinji setirden men çekmäıin. Menden ıaşuly ıazyjylar bar, birinji setiri men şolara goııan.” Soñra biz Aman Goşa bilen Çary Aşyryñ öıüne bardyk. Çary aga bizi açyk ıüz bilen garşy aldy, duz-çörek hödür etdi. Bile damak edinemsoñyz, biz oña İüzlenmäni görkezdik. Ol galamy eline aldy, azajyk ikirjiñlendi. Soñam: ”Bu g...-ler 30-njy ıyllarda tas menem basypdylar, diımäıin diısem… Getiriñ bärik, hany niresine çekeıin?” diıdi-de, görkezilen ıerde – birinji setirde öz goluny goıdy. İüzlenmä gol goıanlardan şahyrlar Juma Oraz, Kakabaı Gurbanmyrat dagylaryñ ady ıadymda. Emma şahyr Gurbandurdy Geldi, merhum tankytçy Durdymuhammet Nuraly dagylar özlerine ıüz tutulanda, Şiralynyñ goragyna ıazylan İüzlenmä gol çekmekden boıun gaçyrdylar. Bu meselede olaryñ durmuş orny İowşandyr Annagulynyñkydan tapawut etmedi: beıle zada biz gol çekip biljek däl!
16. Hökümdar we ıazyjy Her näçe jan etsek-de, Şiraly Nurmyradyñ goragyna ıazylan İüzlenmä 12 ıazyjydan artyk hiç kim gol çekmedi. Onsoñ biz ony ”Gupbaly jaıa” gowşurdyk. Elbetde, eden işimiz netije berdi… İüzlenmä gol goıanlary bir-birden nyşana aldylar. S.Nyıazow bu mesele boıunça Tirkiş Jumagldini öz ıanyna çagyryp: ”Sen näme Şiralynyñ kimdigini tanañokmy? Ol seniñ eliñde işledi ahyryn!” diıip, oña ”Edebiıat we sungat” gazetinde Baş redaktor bolup işlän döwrüni ıatladypdyr. ”Bilıän – diıip, ıazyjy boıun alypdyr.” Geljekki Türkmenbaşy gatyrganypdyr: ”Onda nämüçin bu İüzlenmä gol çekdiñ? Nämüçin beıle biderek adamy goraıañ?” T.Jumageldi oña: ”Men Şiralyny däl, özümi gorap İüzlenmä gol çekdim. Edil häzir siz ony kezzapçylygy üçin däl-de, syıasy epigrammalary üçin türmä basıarsyñyz. İazyjy-şahyry eseri üçin türmä basyp bolıan bolsa, basym bize-de gezek gelermikä öıdüp gorkıan.”
17. Ikidillilik syıasaty Ozalky SSSR-iñ düzümine giren 15 respublikanyñ 14-de 1988-nji ıylda ıerli halkyñ milli dili şol respublikanyñ territoriıasynda Döwlet dili diılip jar edildi. Dogrusy, agyzly sovet respublikalarynyñ käbirinde öz ene dilleri ozaldanam döwlet dilidi. Iñ bärkisi ol respubliklarda ıerli halkyñ diliniñ rus dili bilen deñ hukugy bardy. Emma SSSR-iñ höküm süren soñky onıyllyklarynda Türkmenistanda ıagdaı düıbünden başgaçady – bizde iki sany döwlet dili bar diıilse-de, iş ıüzünde türkmen dili ata-baba topragymyzda ygtyıarsyz gul, rus dili-de, tersine, doly ygtyıarly hojaıyndy. Türkmenistanda türkmen diliniñ gerimi ıyl-ıyldan daralyp barıardy. Öz topragyñda öz ene diliñde gürlemek milletçilik, çäklilik, rusça gürlemek bolsa, onuñ tersine – progressivlik hem añrybaş internasionallyk hasap edilıärdi. 1984-nji ıylda Galmygystanyñ paıtagty Elistada ol ıerdäki döwlet edaralarynda galmykça däl-de, diñe rusça gürlemeli diıen düzgün girizilende, Türkmenistanda-da şeıle düzgün girizilse kem bolmazdy diıen sesler ıañlanyp başlady… Adamlar öz ene dilinde diñe çilim çekilıän ıerlerde gürleşse-de ıeterlik, iş kabinetlerde diñe rus dilinde gürleşilmeli diıen ideıa öñe sürüldi. İöne entek bu teklip ıazmaça däldi, diñe dilden ıaıradylıardy we ıerli halkyñ bu teklibe garaışyny bilmekçi bolunıana meñzeşdi. Birden şeıle düzgün giriziläıse, oña türkmenler garşylyk görkezermi ıa-da Galmygystandaky ıaly oña sessiz-üınsüz boıun egerlermi? Türkmenistanda, hudaıa şükür, bu düzgüni girizip bilmediler. Megerem, türkmenleriñ köpçüliginiñ beıle adalatsyzlyga boıun egmejekdigine göz ıetirendirler? Şondan köp wagt geçmänkä-de, Moskvada häkimiıet başyna Mihail Gorbaçev geldi we meşhur Üıtgedip gurmak syıasaty başlandy. Şondan soñ respublikalarda ıerli halklaryñ dilini, milli medeniıetlerini goramaga we ösdürmäge real mümkinçilik döredi. Emma 1988-nji ıylda SSSR İokary Sovetiniñ 1-nji Gurultaıynda bolup geçen waka beıleki sovet respublikalarynda halkyñ başyndan öz ene dilini ıitirmek howpy sowulsa-da, onuñ entek türkmeniñ başyndan sowulmandygyny görkezdi. Sebäbi, öñde belleışimiz ıaly, ol taryhy Gurultaıda beıleki 14 sovet respublikalarynyñ baştutanlary öz ene dilleriniñ mukaddes hukugyny gorasalar-da, Türkmenistan Kompartiıasynyñ Merkezi Komitetiniñ 1-nji sekretary Saparmyrat Nyıazowyñ öz ene dilini goramaga bogny ysmady. S.Nyıazow Kremliñ tribunasyndan Türkmenistanda ıene-de şol öñki mekir ikidillilik syıasatyny dowam etdirjekdigini aıtdy. Üstesine-de “Öleni-hä – öleni, gözüni – garga çokany” diılişi ıaly, “Ikidilliligi türkmen halkynyñ özi isleıär. Biziñ halkymyz türkmen diliniñ Türkmenistanda ıeke-täk döwlet dili bolmagyny islänok” diıip, bütin dünıäniñ öñünde dik durup ıalan sözledi. Bu, elbetde, görlüp-eşidilmedik galplyk hem milli dönüklikdi. Sebäbi ikidillilik diıilıäniñ iş ıüzünde nämäni añladıanlygyny taryh eııäm görkezipdi. Bu syıasat Türkmenistanda türkmen diliniñ daşyny doly çäklemek, türkmeniñ milli mertebesini depgilemek we rus diliniñ doly agalygyny üpjün etmek, kanunlaşdyrmak üçin oılanylyp tapylan mekir pirimdi. S.Nyıazowyñ SSSR-iñ Halk deputatlarynyñ 1-nji Gurultaıynyñ tribunasyndan eden bu çykyşy onuñ milli lider däldigini görkezdi. Bu wakadan soñ ähli beıleki respublikalaryñ halklary oıansa-da, oıanman, gaflata ukusyna gark bolup ıatan respublikada ahyrsoñy milli oıanyş başlandy. S.Nyıazowyñ ıöwselligi progressiv türkmen milli intelligensiıasynyñ hem çetine degdi. Netijede 1989 ıylyñ 1-nji sentıabrynda Aşgabatda ”Türkmen dilini goramak boıunça jemgyıet” döredildi. Bu gurama tiz wagtdan ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketine öwrüldi. Wakalaryñ ösüşi tizleşdi. Bu setirleriñ awtorynyñ şondan biraz öñ respublikan hem merkezi metbugatda çap edilen çaga ölümi, pagtanyñ monokulturasy, Aral kölüniñ gurap barmagy hakdaky türkmen we Bütinsoıuz metbugatynda, şeıle-de jurnalist Täçgeldi Gutlyıewiñ ıerli metbugatda çap edilen problemalaıyn makalalary Türkmenistanda milli janlanyşa we jemgyıetçilik pikiriniñ ösmegine goşmaça itergi berdi.
18. Şiraly Nurmyradow näme sebäpden tussag edildi? Şiraly Nurmyradowyñ dürli wezipedäki hökümet çinovniklerini tankytlaıan syıasy epigrammalary-da edil şol döwürde peıda boldy. Şerebeli epigrammalaryñ arasynda biri gös-göni Saparmyrat Nyıazowa bagyşlanypdy. ”Saña näm boldy?” diıen halk aıdymynyñ äheñinde düzülen bu sanawaç:
“…Bajysyny beıle hanyñ! diıip tamamlanıardy. Geljekki Türkmenbaşynyñ aıratyn çetine degen setirler, belki, şoldur? İöne şahyry türmä basmak üçin has degerli delil gerekdi. Ol delil köp garaşdyrmady. Şahyry wezipeparaz döwlet çinovnikleriniñ garşysyna ıazan syıasy epigrammalary üçin yzarlasalar-da, tussag etmek üçin delil – poeziıanyñ çäklerinden daşarda tapyldy. Bu ugurda Şiralynyñ o diıen saıhally bolmadyk şahsy ıaşaışy, onuñ käbir düşnüksiz gylyklary hukuk goraıjy organlaryñ işini añsatlaşdyrdy. Saparmyrat Nyıazowyñ hut öz görkezmesi boıunça epigrammaçy şahyryñ yzyny añtap ıören hukuk goraıjy edaralaryñ eline tiz wagtdan tüıs zerur gerek material düşdi. Türkmenistan Kommunistik partiıasynyñ Merkezi Komitetiniñ şol wagtky 1-nji sekretary, geljekki Türkmenbaşy Saparmyrat Nyıazowyñ garşysyna epigramma ıazmadyk bolsa, onda şahyryñ haısydyr bir çärjewli gelinden karz pul alyp, ony-da yzyna bermän ıörenligi, belki, hiç haçanam häkimiıetleri gyzyklandyrmazdy. İurdy tozduryp, millionlarça, milliardlarça manat pul ogurlap ıören döwlet ıolbaşçylary üçin haısydyr bir şahyryñ dost-ıarlaryny, tanyş-bilişlerini çürkemegi, olardan alan karz puluny yzyna bermezligi nämemiş? Emma bu gezek hökümetiñ öz çetine degilipdi. Şonuñ üçinem S.Nyıazowyñ nökerlerine diñe bahana gerekdi. İakyn aragatnaşykda bolan Çärjewli bir tanyş gelniniñ Şiraly Nurmyradowyñ aıagyndan algy-bergi meselesinde ıazan arzasy häkimiıetler üçin zerur tutaryga öwrüldi we şahyry tussag etmäge mümkinçilk berdi.
19. Aşagabatda gurlan gapan Çärjewde ıazıar… XX asyryñ 80-nji ıyllarynyñ ikinji ıarymynda we 90-njy ıyllarynyñ başlarynda, entek Türkmenistan SSSR-iñ düzümindekä, bütin ıurtda Üıtgedip gurmak syıasaty barıarka, hatda gödek goşgy üçin-de şahyry türmä basmak kyndy. Sebäbi ol döwürde çäkli-de bolsa, ıurtda demokratik azatlyklar, grajdan jemgyıetiniñ ösüntgileri, jemgyıetçilik pikiri bardy. Bu faktorlary düıbünden äsgermezlik mümkin däldi; beıtseñ, kim bolañda-da, tagtdan taımagyñ ahmaldy. Ol wagt Türkmenistandaky ıagdaıa Günbataryñ öñünde gowy görünmäge çalyşıan Moskva gözegçilik edıärdi. Onsoñ Kreml öz Türkmenistandaky dikmesi S.A.Nyıazowa demokratiıany, söz azatlygyny basgylamaga ıol berse-de, ady belli adamlary türmä basmaga rugsat berenokdy. Kreml öz dikmelerini bütinsoıuz ıa halkara derejesinde problema öwrüljek ädimlerden saklap, olaryñ jylawyndan çekip durıardy. Emma ”bajysyna” ıetilip, erbet çetine deglen Saparmyrat Nyıazow Şiraly Nurmyradowy öz şahsy duşmany diıip yglan etdi we ondan her edip-hesip edip, ar almagyñ kül-külüne düşdi. Diımek, şahyry gapjamak üçin degerli bahana gözlenjegi düşnüklidi. Munuñ üçin syıasy epigrammalaryñ awtorynyñ aıagyny sähelçe gyşyk basmagy ıeterlikdi. Elbetde, ozal bir gezek agyr jenaıatda aıyplanyp, 1969-78-nji ıyllar aralykda 9 ıyl türmede oturyp çykan şahyry täzeden gözenege gabamak kyn iş däldi. Munuñ üçin diñe amatly pursata garaşybermek galıardy. Häkimiıetler köp garaşmaly bolmadylar… Şiralynyñ özi gurulgy duran gapana aıagyny basdy. Ilden karz pul alyp, soñam bergisini ”unutmagy” endik edinen şahyr 1990-njy ıylda Çärjew şäherinde 1955-nji ıylda doglan bir azerbeıjan aıaly bilen tanyşıar. ”Saña öılenjek” diıip, ondan 650 rubl töweregi (şol döwrüñ puly bilen 650 USD çemesi) karz alyp, soñam, adatdakysy ıaly, bergisini üzmegi “unudıar”. Algysyny wagtynda yzyna alyp bilmedik aıal ”Şiraly Nurmyradowdan algymy alyp beriñ” diıip, Çärjew şäher milisiısyna arza berıär. Elbetde, bu jenaıat sudunda garalmaly arza däl, bu hadysa adaty administrativ hukuk bozulmalara girıär we beıle işlere grajdanlyk sudunda garalıar. Onsoñ onuñ nädip birdenkä jenaıat işine öwrülendigi belli däl. İöne munuñ üçin algydaryñ milisiıa beren arzasynyñ bikanun ıagdaıda KGB-ä geçirilendigini güman etse bolar. Onsoñ ol edarada syıasy goşgulary bilen il arasynda meşhurlyk gazanan şahyryñ garşysyna jenaıat işini gozgamak üçin berginiñ möçberi azyndan on esse dagyn çişirilıär we soñra 65 000 manat diılip görkezilıär. Hukuk goraıjy edaralaryñ eline düşen çärjewli gelin Şiralydan doly ıüz öwrüp, galplaşdyrylan arza gol çekıär, ony basdyrmak üçin KGB-e bilen hyzmatdaşlyk edip ugraıar. Onsoñ ıazan syıasy goşgulary sebäpli şahyryñ ıolunda Aşgabatda gurlan gapan Çärjewde – şahyryñ öz aıagyny gyşyk basan ıerinde ıazıar… Elbetde, ol wagt şahyry Aşgabatda tussag etseñ, goh ula gitjek. Şonuñ üçin Çärjewdäki gelniñ arzasy Şiralyny gapjamak üçin iñ amatly delile öwrülıär. İöne şahyryñ garşysyna Aşgabatda-da jenaıat işini açmaga taıynlyk görlendigini görkezıän käbir faktlar bar. Şiralynyñ ıakyn dostlary Aman Ussaıev bilen Öwezdurdy Nepesowyñ sud prosesinde özlerini alyp baryşlary muny subut etdi. Olar Çärjewe baryp, öz ıegre dostlary Şiralynyñ garşysyna çykyş etdiler: A.Ussaıev açyk çykyş etse, Ö.Nepesow şahyry basmaly diıip, ıazmaça görkezme berdi. Çünki olaryñ-da Şiralydan algylary bar eken… Emma barybir häkimiıetleriñ pirimi paşmady. Çärjewli gelniñ arzasy boıunça Ş.Nurmyradowy türmä basmak olara başartmady. Sebäbi sud gidip durka “Agzybirligiñ” adamlaryna şahyryñ üstünden arza beren azerbaıjan aıaly bilen duşuşmak we oña öz arzasyny yzyna aldyrmak başartdy. Ol bize öz arzasyny yzyna aljakdygyny söz berdi. Şonda ol: “Men arzamy yzyna alaıyn, ıöne siziñ şahyryñyz meni çürkedi” diıip, gözüne ıaş aılady. Ol azerbeıjan gelni mert eken, öz sözünde durdy. İöne eger-de ol şondan bäş ıyl geçensoñ, Şwesiıadan syıasy gaçybatalga alan Şiralynyñ iñ uly şwed gazetleriniñ biri “Svenska Dagbladet” neşirine (1995-11-12) beren interwıusynda ”Hon var så gammal att hon hade kunnat vara min mor” (“Ol aıal şeıle garrydy, ol maña diñe eje bolmaga ıarajakdy” diıen jypdyrmasyny eşiden bolsady, onda goşgy-gazala söıgüsi üçin ıaşuly äriniñ öñünde ıüzügara bolan gelin, belki-de, şahyryñ ıüzüni dyrçanaklap, persala etmekden hem gaıtmazdy… *** Iñ gussaly ıeri – şahyr Şiraly Nurmyradow şonda barybir türmä basyldy. Sebäbi Çärjewli azerbeıjan gelni öz arzasyny yzyna alsa-da, Şiralynyñ ıakyn dostlary bolan ıazyjy Öwezdurdy Nepesow, Aman Ussaıev öz arzalaryny yzyna almadylar. Tiz wagtdan olara şahyr Amanmyrat Bugaıev hem goşuldy, ol hem “Meniñ Şiralydan 50 manat algym bar, şony birnäçe ıyldan bäri bermän, aldap gelıär” diıip, öz galamdaşynyñ üstünden aşaklykdan arza beripdir. “Agzybirligiñ” aktivistleri we ıönekeı agzalary pul goşup, gysga wagtda Şiralynyñ bergileriniñ köpüsini üzdüler. Şahyryñ algydarlarynyñ käbiri: “Men ol puly yzyna alaryn diıip bermändim” diıip, algylaryndan boıun gaçyryp, mertlik görkezdiler. Aıdymçy Atageldi Garaıew bilen ıazyjy Goşjan Seıitmädowyñ gyzy Maısa ikisi bergilerini geçenleri bilenem oñman, meniñ haıyşym boıunça, ıörite Çärjewe baryp, suduñ zalynda şahyryñ peıdasyna görkezme berdiler. Emma bu zatlaryñ hiç biri kömek etmedi. Çärjewli gelniñ arzasy boıunça açylan jenaıat işi ıapylsa-da, şahyry tussaglykdan goıbermediler. Onuñ garşysyna ıüzugra täze bir jenaıat işi açyldy we şahyryñ ıakyn gatnaşykdaky dostlarynyñ görkezmesine görä, Şahyr Şiraly Nurmyradow 1991-nji ıylda kezzapçylykda aıyplanyp, 3 ıyllyk möhlet bilen türmä basyldy. “Agzybirligiñ” we Halkara hukuk goraıjy guramalaryñ bilelikdäki tagallasy bilen şahyry tiz wagtdan Orsıetiñ türmesine geçirmek başartdy. Belki-de, şu çäre hem onuñ türmede diri galmagyna we SSSR ıykylansoñ, möhletinden öñ tussaglykdan boşamagyna getirendir?
20. Atamyrat Atabaıew we ıaş ıazyjylaryñ hereketi Garaşsyz türkmen ıazyjylarynyñ bileleşigi hem X Gurultaıa taıynlyk görıärdi. Biz Gurultaıda ıazyjylaryñ yzagalak tire-taıpa düsünjelerine daıanıan reaksion toparlanyşyklaryñ baknalygyndan çykyp, halkyñ, topragyñ aladasy bilen ıaşamagyna täsir etmekçidik. Gurultaıda halkyñ we türkmen edebiıatynyñ iñ aktual problemalaryny gozgamak bilen biziñ niıetimiz ıazyjylar köpçüliginiñ ünsüni dogry ugra gönükdirmekdi. Biz esasan ıaş ıazyjylary öz tarapymyza çekmek üçin alada edıärdik. Munuñ üçin ıaş ıazyjylary agyzly welaıat “ıaşulularynyñ” ıaramaz täsirinden gutarmalydy. Bu ugurda biz Atamyrat Atabaıyñdyr Ahmet Gurbannepesiñ İazyjylar guramasynda ilki özleriniñ täsirli wezipeleri eıelemegine we soñra garaşsyzlyga ymtylıan beıleki zehinli ıaş ıazyjylara ıol açmagyna garaşıardyk. Gurultaı golaı gelende Atamyrat Atabaıyñ biziñ arassa ynsap, ak ıürek bilen eden işlerimiziñ netijesini bihaıalyk bilen öz ”jübüsine urandygy” belli boldy. Ol bizden gizlinlikde Annaberdi Agabaı, Berdinazar Hudaınazar, Amanmyrat Buga, Sapar Öre ıaly hökümetparaz ıazyjy-şahyrlar bilen birigip, İazyjylar guramasynda ıolbaşçy wezipeleri eıelemegiñ donuny biçipdir. Atamyrat Atabaıyñ eden bu dönükligini bize ”ıeriñ aşagynda ıylan gäwüşese” bilıän ıazyjy Agageldi Allanazarow habar berdi... Atamyrat Atabaıa arassa ynsaply Ahmet Gurbannepesi-de, dosty Nobatguly Rejebi-de öz tarapyna çekmek başardypdyr. A.Atabaı bilen A.Gurbannepes Gurultaıdan soñ Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ sekretary wezipelerini eıelediler. A.Atabaı şondan soñ tä işden kowulıança hökümetiñ hyzmatynda boldy. A.Gurbannepes hem şol ıerde işledi, emma ol ıanalıan, yzarlanıan ıazyjylara duıgudaşlygyny kesmedi. Atamyrat Atabaıyñ İaş ıazyjylaryñ garaşsyz bileleşigine dönüklik edendigi belli bolanda, bize guramaçylyk taıdan nämedir bir zady düzetmek üçin wagt galmandy. Şondan soñ uzak garaşdyrman, iñ soñky taryhy gurultaı hem alkymlap geldi.
21. Garaşsyz ıazyjylaryñ bileleşigi X Gurultaıda Gurultaıyñ gün tertibi düzülende, Garaşsyz ıazyjylaryñ kiçeñräk topary bolup, biz kezzapçylykda aıyplanyp, Çärjewde deslapky türme tussaglygynda ıatan şahyr Ş.Nurmyradyñ meselesini Gurultaıyñ gün tertibine girizmegi teklip etdik. Teklip sese goıuldy... Emma bu teklibi 200 töweregi ıazyjydan diñe 14-si goldady. Olaryñ hem köpüsi biziñ öz toparymyzdandy. Şondan daşgary diñe Abdyreşit Taşowyñ el götereni ıadymda. Netijede teklip geçmedi. İazyjylar köpçüligi öz galamdaşlarynyñ ykbaly bilen gyzyklanmaıandyklaryny görkezdiler. Şol pursatda men Prezidiumda oturan Saparmyrat Nyıazowyñ ıüzüniñ lap-lap gyzarıandygyny gördüm. Belki, ol ıazyjylaryñ bolşundan utanandyr? İok, utanç duıgusy oña ıatdy, ol adam aldamany eşekden palan alança-da görenokdy. Meger, ol begenjinden gyzarandyr? Geljekki Türkmenbaşynyñ ol döwürde begense-de, gynansa-da ıüzi gyzarardy. Soñra bu üıtgedi: onuñ ıüzi, tolgunsa, diñe agarmaga başlady… Bu alamatlar ol wagt ıazyjylaryñ gözlerine ilenokdy. Olar esasy söweşe – düşewüntli wezipeler ugrundaky gazaply çaknyşyklara taıynlyk görıärdiler. Gerek bolsa, olar şol wagt Nyıazowyñ agzyna kimi tutdurmalam bolsa taıyndylar. Özlerini aklamak üçinem – ”Biz Şirala belet, ol hiç zatdan gaıdanok. Beıle adamyny nädip gorajak?” diııärdiler. Gürrüñiñ başga biri däl-de, eıse hut özleri, tutuş İazyjylar guramasy, Türkmen edebiıaty hem Türkmenistanda Söz, Metbugat azatlygynyñ ykbaly dogruda barıanlygyna olar düşünmek islänokdylar.
22. Gurultaı gyzyşıar… Gurultaı gyzyşyp ugrady. İazyjylar dilege ıatdylar… Olar prezidentden özlerine belli bir magazinde gyt azyk önümleriniñ satylmagyny soradylar. Şahyr Gurbandurdy Geldiıew mekirlik bilen ıap-ıañy prezident adyny edinen S.Nyıazowdan ıazyjylar üçin her hepdede et berilmegini sorady. Anna Paıtyk kärdeşiniñ bu teklibini goldap, her ıazyjy maşgalasynyñ bir hepdede näçe et bilen oñjakdygyny çöp döwlen ıaly etdi – 2 kilo! S.Nyıazow bu dilege heziller etdi! İazyjylara halkdan aıratyn et bermegi wada etdi! İogsa näme, oña geregi-de şoldy! İazyjylaryñ ownuk dilege ıatanyny görüp, onuñ gurdy gündiz uwlady! Şondan soñ ıazyjylar has hem gyzyşdylar. Olar hökümdary begendirmeklerini dowam etdiler. Şahyr Nobatguly Rejebow tribuna çykdy. Biz bu çykyşa garaşyp otyrdyk. Sebäbi onuñ goltuk jübüsinde Türkmen Döwlet Universitetiniñ studentleriniñ TKP MK-a hem Prezidente ıazan syıasy İüzlenmesi bardy. Ol İüzlenmede N.Rejebowyñ dosty Şiraly Nurmyradowyñ deslapky tussagdan boşadylmagy talap edilıärdi. N.Rejebow haty Gurultaıyñ tribunasyndan okamagy studentlere wada beripdi. Emma İüzlenme okalmady, oña derek N.Rejebow hökümdardan özüne aıagulag diledi... Hezillik soñra başlandy… Şondan soñ N.Rejepden görelde alyp, özüne maşyn sorap ıatan haısy, jaı soraıan haısy. İazyjylar Söz, Metbugat azatlygyny, demokratik saılawlar hakda kanun kabul edilmegini talap eder diıip gorkup oturan Prezident onsoñ neneñ begenmesin?! …İöne gysga wagtlyk hem bolsa S.Nyıazowyñ keıpiniñ bozulmaly pursaty geldi. Gurultaıy alyp baryjy Gün tertibine laıyklykda şu setirleriñ awtorynyñ çykyşyny yglan etdi. Tribuna garşy ıöräp barıarkam men Prezidiumda oturan S.Nyıazowyñ ıüzüniñ bu gezek gyzaryp-agarıandygyny gördüm… Diımek, ol has tolgunanda reñki tiz üıtgeıän eken… Türkmen çagalarynyñ we eneleriniñ ıagdaıynyñ soñky döwürde has-da agyrlaşandygyny, respublikanyñ hökümetiniñ çagalaryñ we eneleriñ ıagdaıyny düzetmek üçin ıeterlik iş etmeıändigini, hökümetiñ bu meselede halkyñ ynamyny ödemeıändigini tankytlap ugranymda Prezidiumda gozalaga bardygy duıdurdy. Şol barmana-da ıygnagy alyp barıan Aannaberdi Agabaıewiñ: ”Wagtyñ gutardy” diıen sesi ıañlandy. Goşar sagadyma gözümiñ gaıtagyny aılanymda, men A.Agabaıewiñ sagadynyñ bolmalysyndan tiz işleıändigini gördüm… Onsoñ halal wagtymy elden aldyrmajak bolup, gös-göni hüjüme geçdim: ”Siz prezidenti tankyt etdirmejek bolup, meniñ wagtymy kesıäñiz! İöne Prezident diñe ıönekeı adamlaryñ zähmeti bilen Prezident. Adamlaryñ öz haklaryny talap etmäge hukugy bolmaly!” S.Nyıazow degişmä salan boldy: ”Sen diñe şol meni tankytlaıan ıeriñi okaı!” Zalda ıuwanjak gülki ıañlandy… Men dörän böwşeñlikden peıdalanyp, çykyşymy dowam etdim. Emma iki sözlem okap ıetişmänkäm, ”Dört A-lar” gelip, golumdan tutup, meni tribunadan düşürdiler… Şondan soñ tä ertesi, saılawlar başlanıança men diñe töweregimde bolup geçıän zatlary synlap oturdym… İazyjy kärdeşlerimiñ birenteginiñ Gurultaıdaky boluşlaryny ıatlanymda, şol wakadan 15 ıyl geçensoñ, men bir zada gowy göz ıetirdim. 1991-nji ıylda türkmen ıazyjylarynda entek edil häzirki ıaly hökümdardan öler ıaly gorkmak duıgusy ıokdy. Gorky bolsa-da, ol ölümlik däldi. İöne çemeçillik, ıaıaplamak, birek-birege ynanmazlyk, wezipä ıetmek üçin birek-birekden öñ hökümdaryñ aıagyna ıykylmak gylyklary welin, şol döwürde eııäm mazalyja özüni bildiripdi. Türkmen ıazyjylarynyñ şol gylygyndan ussatlyk bilen peıdalanyp, ıurtda söz azatlygyny bogup öldüren we az wagtdan aıylganç diktatora öwrülen Saparmyrat Nyıazow soñra Türkmenistan İazyjylar guramasyny ıapdy, türkmen ıazyjylarynyñ özlerini-de it masgarasy edip, köçä kowdy!
23. Gurultaıda jemi näçe toparlanyşyk bardy? Gurultaıda jemi üç toparlanyşyk özüni görkezdi. Olaryñ biri ozaldan hereket edıän Rahym Esen bilen Baıram Jütdiniñ baştutanlygyndaky hökümetparaz topardy. Gurultaıa taıynlyk görülıän döwürde ıene-de iki topar döredi: olaryñ biri soñra ”dört ”A”-laryñ topary” adyny alan Annaberdi Agabaı bilen Atamyrat Atabaıyñ baştutanlygyndaky ıazyjylaryñ welaıatara topary, ikinjisi-de örän az sanly demokratik meıilli ıazyjylaryñ Garaşsyz bileleşigidi. Bu toparlaryñ maksatlary dürli-dürlidi. Garaşsyz ıazyjylaryñ bileleşigi Söz, Metbugat azatlygyny goramak, döredijilik guramasynyñ işini demokratiıalaşdyrmak, ıazyjylaryñ ünsüni, güıjüni edebiıatyñ hem halkyñ real problemalaryna garşy gönükdirmek ugrunda göreşse, beıleki iki uly toparlanyşyk diñe düşewüntli wezipeleri eıelemek üçin ”saçıolda” girişdiler. Bu ıaramaz dawa ıaş ıazyjylaryñ hem ençemesiniñ çekilmegi Türkmenistan ıazyjylar guramasynyñ geljekdäki ykbalyna howp salıardy. Emma öz giren toparlanyşyklarynyñ ”ıaşulularynyñ” gözegçiliginde toparlaıyn çaknyşyklara ozaldan türgenleşen käbir ıaş ıazyjylaryñ bu hakda oılanmaga wagtlary ıokdy.
24. İazyjylaryñ ”gladiatorçylyk” söweşleri Gurultaıyñ ikinji güni gelip ıetdi… Prezidiumdan zaly göz astynda saklap otyran geljekki Türkmenbaşynyñ we beıleki ıokary wezipeli hökümet ıolbaşçylarynyñ öñünde ıazyjylaryñ hakyky ”gladiator söweşleri” başlandy. Soñky aılaryñ dowamynda ”söweşe” berk taıynlyk gören iki topar öz arasynda goç kimin süsüşmäge girişdiler! Çünki saılawlar başlandy! ”Dört A-laryñ” topary Berdinazar Hudaınazarowyñ kandidaturasyny Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ başlyklygyna hödürledi. Bu teklibiñ S.Nyıazow bilen öñünden ylalaşylandygy görnüp durdy. Garaşylmadyk teklibi eşiden R.Esendir B.Jütdiniñ we olaryñ wepaly nökerleri İowşan Annagurbanyñ, Annaguly Nurmämmediñ ıüzlerinden gar ıagıardy. Emma aldawa uçrandyklaryny bilseler-de, olaryñ wezipe ugrundaky dawadan utulyp çykmaga namys edıändikleri görnüp durdy. Bu adamlar wezipe hem düşewüntli orunlar üçin gaty köp zada taıyndylar. Şonuñ üçinem olaryñ S.Nyıazowyñ ähdiıalanlygyna erbet gaharlary gelıärdi. Bu topara girıän ıazyjylaryñ biriniñ Gurultaıdan öñ öwnüp gürrüñ bermegine görä, ”Gupbaly jaı” olara doly goldamagy wada beripdir. Ine-de, gyzza-gyzza gelende, ”Gupbaly jaı” olary satdy: arzanam däl, gymmadam – geçıän bahalaryna! Sebäbi wezipe üçin edebiıaty, öz halkynyñ bähbitlerini satan adamlaryñ bahasy nämüçin şondan gymmat bolmaly? S.Nyıazow bu toparyñ elinden hiç zadyñ gelmejegini, ıazyjylaryñ arasynda olaryñ jinnek ıaly-da abraılarynyñ ıokdugyny gördi. Onsoñ ol olary başyna ıapsynmy? Bu meselede geljekki Türkmenbaşynyñ zerur bolsa, ähdiıalanlyk etmäge örän ökdedigi ıüze çykdy. Ol R.Esendir B.Jütdiniñ toparyny aldap, iñ soñky pursatda ”dört A-laryñ” we olaryñ mekir egindeşleri Berdinazar Hudaınazaryñ, Sapar Öräniñ, Amanmyrat Buganyñ ıaranjañlar toparynyñ tarapyna geçdi. Edebiıat ugruna degişli ähli gazet-jurnallaryñ şondan soñ ıeñen toparyñ eline geçjekdigi aınadanam aıdyñdy. Bu ”adalatsyzlygy” görüp, B.Jütdiniñ we R.Eseniñ topary nätjeklerini bilmän, hum ıaly çişiıärdiler. Olar Nyıazowyñ öz taraplarynda durmagy söz berip, sözünden dänmegine düşünip bilenokdylar. Munuñ welin, diñe ıekeje sebäbi bardy – ”dört A-lar” öz töweregine has köp adam jemläp bildiler. Ikinji sebäbi-de, ıazyjylaryñ köpçüliginiñ Rahym Esenowdan mydama inleri üışenıärdi. Sebäbi Rahym Esenow ozal ömrüniñ alty ıylyny (1945-51) ganhor NKVD-niñ goşunlarynda gulluk edipdi. Öz kitaplarynda Ikinji jahan urşundan soñ Staliniñ ölüm lagerlerine düşmejek bolup, Günbatar Europada mejbury galan türkmenleri, şeıle-de Eıran, Owgan türkmenleriniñ köpçüligini pul ıa-da neşe üçin Halkara imperializminiñ hapa maksatlaryna gulluk edıän betpäl, haıyn adamlar hökmünde görkezip, iki gezek KGB-niñ baıragyny alan Rahym Esenowdan ıazyjylar örän çekinıärdiler. Galyberse-de, Rahym Esenow bütin ömri boıy türkmeniñ Jüneıt han, Eziz han ıaly halk gahrymanlarynyñ garşysyna söweşip gelipdi. Onuñ XX asyryñ 20-30-njy ıyllarynda türkmen topragynyñ azatlygy ugrunda baş goıan gerçekleri basmaçylar diıip atlandyryp, garalap ıörmegi bolsa, ıazyjylaryñ arasynda gizlin nägilelik döredıärdi. Sebäbi geçen asyryñ 20-30-njy ıyllarynda Türkmenistanda nähili wakalaryñ bolup geçendigine adamlar beletdi. Ol wakalaryñ gözli şaıatlary-da entek aramyzda diri gezip ıördüler. Kolhoz gurluşygyna garşy giden, bolşevistik hökümetiñ zalym syıasatyna boıun egmedik ıüz müñlerçe türkmenleriñ nähak ıerden gyrlandygyny ıazyjylaryñ arasynda bilmeıänler az-azdy. Üıtgedip gurmak syıasaty döwründe, gorkan öñürder edip, ilden öñürti arhivleri dörüşdirip, başgaçarak zatlary ıazsa-da, öz öñki ıazan kitaplarynyñ büs-bütin garşysyna gitse-de, ıazyjylaryñ Rahym Esenowa bolan düıpli şübheleri azalmandy. Baıram Jütdiıew hem ozalynda Türkmenistan ıazyjylar guramasyna TKP MK-nyñ ideologik bölüminden gelipdi, şonuñ üçin ol hem hiç haçan doly bahaly ıazyjy diılip tanalanokdy. Olaryñ ıaş şägirtleri İowşan Annagurbanow, Annaguly Nurmämmedow we Durdymuhammet Gurbanow dagylar hem ıazyjylaryñ arasynda zehini pes, üstesine-de tireparaz, hökümetparaz diıen ıaramaz ”şöhrata” eıediler. Onsoñ beıle adamlaryñ baştutanlyk edıän toparlanyşygyna ıazyjylar köpçüliginiñ goşulmajakdygy öz-özünden düşnüklidi. Hilegär Saparmyrat Nyıazow X Gurultaıyñ dowamynda bu hakykaty öz gözleri bilen gördi. Onsoñ ol bu agressiv topara ıakynlaşmakdan çekinip, iñ soñky pursatda duıdansyz ıerden tereziniñ agdyk gapdalyna, ıagny ıazyjylaryñ köpçüliginiñ jemlenen tarapyna geçdi oturyberdi. İogsa, Gurultaıyñ öñ ıanlarynda agzalıan iki toparyñ İazyjylar guramasynda we onuñ metbugat organlarynda düşewüntli wezipeleri eıelemek mümkinçilikleriniñ deñeçerdigi hakda gürrüñ bardy. Has köp zatdan habarly kişiler bolsa, ”Gupbaly jaıyñ” öz goldawyny bu toparlanyşyklaryñ ikisine-de aıry-aırylykda gizlin wada berendigini tassyklaıardylar. Elbetde, Saparmyrat Nyıazow üçin bu iki sany toparlanyşygyñ açgöz guramaçylarynyñ haısynyñ ıeñjekdigi, kimiñ düşewüntli wezipeleri eıelejekdigi o diıen möhüm däldi. Onuñ üçin iñ möhüm zat – söz azatlygyny bogmakdy, ıazyjylaryñ arasynda erkin pikirleriñ, demokratik meıilleriñ ıaıramagynyñ öñüne ykjam böwet basmakdy. Şol sebäpdenem ol haısy tarap ıeñse, şol toparlanyşygy goldamaga, Söz we Metbugat azatlygyny şol toparyñ elleri bilen bogup öldürmäge taıyndy. Diımek, X Gurultaıda Rahym Esenowdyr Baıram Jütdiıewiñ hem-de olaryñ wepaly şägirtleri İowşan Annagurbanowdyr Annaguly Nurmämmedow dagylaryñ işini gaıtaran ”Gupbaly jaıam”, Saparmyrat Nyıazowam däl-de, eıse türkmen ıazyjylarynyñ köpçüligidi! Eger-de bu agzalan adamlaryñ türkmen ıazyjylarynyñ arasynda abraıy ”dört A-laryñkydan” artykmaç bolan bolsa, onda olar, megerem, ıeñiş gazanyp bilerdiler. Şonda olaryñ hemmesi-de Baıram Jütdiniñki ıaly diktatory öwüp, arşa çykarardylar, öz günlerinden göwünleri hoş bolardy. Onda biz bu günki gün İowşan Annagurbanowy demokratik ”Azatlyk” radiosyndan diñläp bilmezdik, ol ozalkysy ıaly diktatura hyzmat ederdi, Rahym Esenow bolsa, amerikan PEN-klubynyñ baıragyny däl-de, belki-de, edil öñküleri ıaly, Günbatary hem daşary ıurtly türkmenleri ıamanlap, KGB-KNB-niñ, ıagny Türkmenistanyñ Milli Howpsuzlyk Komitetiniñ edebi baıraklaryny almagyny üstünlikli dowam etdirerdi.
25. Duıdansyz teklip Gurultaıyñ ikinji güni-de hemme zat öñünden sahnalaşdyrylyşyna görä, dowam edıärdi. İöne birdenkä Gurultaıyñ donuny öñünden dar hem gysgadan biçen ”Gupbaly jaı” hem ”dört A-laryñ” topary üçin ıene-de bir ıakymsyzlyk ıüze çykdy… Tribunadan garaşylmadyk teklip ıañlandy: ”Häzir biziñ ıurdumyzda Üıtgedip gurmak syıasaty barıar. Indi hatda kolhoz-sowhozlarda-da, ıolbaşçylar bäsleşikli saılanylıar. Onsoñ biz nämüçin demokratiıada we üıtgedip gurmakda ile görelde bolmaly İazyjylar guramasynyñ Gurultaıynda başlyklyga diñe bir adamynyñ kandidaturasyny görkezmeli? Men muny ıalñyş hasap edıärin. Şonuñ üçünem alternativ hökmünde ıaşuly ıazyjymyz Çary Aşyryñ kandidaturasyny başlyklyga hödürleıän!” Gurultaıyñ gidip duran zalynyñ çep ganatynda, ıazyjy Dañatar Berdiıewiñ töweregindäki ıazyjylardan on-onbäşisi bu teklibi – arakesmede gelnen ylalaşyga görä – şowhunly elçarpyşma bilen goldadylar. Bu ıagdaıy gören Gurultaıyñ Prezidiumyna görnetin aljyraññylyk aralaşdy. ”Gaty dogry teklip!” diıen sesleriñ ıañlanmagy Prezidiumy has hem aljyratdy. İüze çykan bu garaşylmadyk ıagdaı Prezidiumyñ bir ganatynda oturan Saparmyrat Nyıazowy-da aljyratdy. Geljekki hökümdaryñ ıüzi bu gezek gögümtik öwüsdi… ”Dört A-lar” näderini bilmän, hökümdaryñ ıüzüne garap, garaşdylar. Diri klassyk Çary Aşyryñ garşysyna gitmäge olaryñ bogunlary ysmady. Olar bu meseläniñ çözgüdini hökümdaryñ üstüne ıüklediler. Emma ol hem bir bada bu meseläniñ degerli çözgüdini tapmady. Şonuñ üçinem Gurultaıyñ gidişine böwşeñlik aralaşdy. Bu pursatda Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ taryhy we iñ soñky Gurultaıynyñ jylawy ”dört A-laryñdyr” hökümetiñ elinden az wagtlyk hem bolsa, ıere gaçdy. Azatlyga, erkinlige ymtylıan adamlaryñ bular ıaly unikal mümkinçiligi elden bermäge asla haklary ıokdy. Sebäbi gep bu wagt diñe ıazyjylarda, olaryñ döredijilik ykballarynda däldi, mesele ulurakdan gopıardy – gürrüñ ıurtda Söz we Metbugat azatlygynyñ geljegi, has dogrusy, tutuş Türkmenistanyñ şondan soñky ykbaly hakda barıardy! Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ taryhy X Gurultaıynda Türkmenistanyñ bütin geljegi terezä münüpdi! Sebäbi bu Gurultaıdan soñ ıurtda nähili ıagdaıyñ emele geljegi örän möhümdi. ”Gupbaly jaıyñ” hem onuñ hojaıyny Saparmyrat Nyıazowyñ özüni nähili alyp barjagy bolsa hut şu Gurultaıda çözülıärdi! İöne muña düşünmek üçin il bähbidini, ıurduñ geljegini öz şahsy we egoistik toparlaıyn bähbitleriñden has ileri goımagy başarmalydy. İöne ne ”dört A-laryñ”, ne-de R.Esenowdyr Baıram Jütdiıweiñ topary bu jogapkärçilige düşündiler. Olaryñ hiç biriniñ gözleri öz ownuk şahsy we toparlaıyn bähbitlerinden añryk uzamady.
26. Geljekki diktatoryñ ilkinji uly ıeñşi Şeılelikde garaşylmadyk ıerden türkmen ıazyjylaryna öz Gurultaılarynyñ ykbalyny hut öz ellerine almaga real mümkinçilik döredi. Eger şonda sazlaşykly hereket edilen bolsa, Gurultaıyñ gidişini üıtgedip, alternatiw esasda saılawlary geçirse boljakdy. Munuñ üçin ıetmeıän zat diñe köpçüligiñ sazlaşykly we ynamly hereketidi. Sebäbi bu pursatda Gurultaıyñ Prezidiumy-da, geljekki diktator-da dowamly aljyraññylyga uçradylar. Bu mümkinçiligi elden bermeli däldi, ony tiz we akylly-başly peıdalanmalydy. Emma hemme zat tersine boldy… Dörän ıagdaıdan Rahym Esenowdyr Baıram Jütdiıewiñ toparlanyşygy öz egoistik bähbitleri üçin peıdalanmakçy boldular. Olar göz ümleşip, öz nökerlerinden Annaguly Nurmämmedowy tribuna çykardylar. Ol hem tribuna çykyp, Çary Aşyryñ kandidaturasyny goldamagyñ deregine Rahym Esenowy İazyjylar guramasynyñ başlyklygyna hödürledi. Bu gezek zalda asla çapak çalan bolmady. Sebäbi bu teklibi İowşan Annagurbandan, Baıram Jütdiden hem olaryñ ülpetlerinden başga goldan tapylmady. Eger kimdir biri begençden el çarpmaly bolsa, onda bu gezek Saparmyrat Nyıazow el çarpmalydy. Çünki wezipä suwsan paıhassyz kişileriñ bu eden teklibi duıdansyzlykda kontroldan çykyp ugran Gurultaıy gaıtadan ele almaga hökümete we ”dört A-lara” ıol açdy. Megerem, hut şu pursatda S.Nyıazow türkmen ıazyjylarynyñ arasynda ylalaşygyñ ıoklugyny, bolup hem bilmejekdigini, olaryñ halkyñ bähbidi-hä beıle-de dursun, hatda öz umumy bähbitleri üçin-de dil birikdirip bilmejekdiklerini ıene-de bir sapar gören bolsa gerek. Türkmen ıazyjylarynyñ hatda öz hak-hukuklaryny goramaga-da ukyply däldiklerine gutarnykly düşünen bolsa gerek. Birnäçe wagtdan soñ, özüni dürsemäge ıetişen S.Nyıazowyñ görkezmesi bilen Prezidium Çary Aşyryñ kandidaturasyny aradan aıyrmaga girişdi... Hökümdardan anyk görkezme alan Annaberdi Agabaıew Çary Aşyryñ kandidaturasyny bäsleşikli saılawa goşmakdan geçen, onuñ tersine, ıaşuly ıazyjynyñ uguny ıekelemäge girişdi. Ol her edip-hesip edip, Çary Aşyra öz kandidaturasyny bäsleşikden aıyrtmalydy. İaşuly ıazyjy ilki bu mekirlige boıun bolman, mertlerçe gidişdi. Ol A.Agabaıewiñ: ”Hany, Çary aga, özüñem bir zat diı, tribuna gel-de!” diıip, eden mekir çakylygyny iki gezek gulagynyñ duşundan geçirdi, eşitmedik boldy, hatda ıerindenem gozganmady. Emma hökümli hem mekir teklip üçünji gezek has açyk ıañlananda, ıaşuly ıazyjy ıan berdi: tribuna çykyp, öz kandidaturasyny bäsleşikden aıyrıandygyny yglan etdi. Çary Aşyry şeıtmäge Gurultaıyñ gözüniñ öñünde mejbur etdiler. Eger şol wagt Rahym Esen, Baıram Jütdi, İowşan Annagurban, Annaguly Nurmämmet ıaly adamlar öz dar toparlaıyn bähbitlerine däl-de, eıse edebiıatyñ, halkyñ, söz we metbugat azatlygynyñ bähbitlerine gulluk eden bolsadylar, onda türkmen ıazyjylarynyñ X Gurultaıynyñ ikinji gününde dörän bu unikal mümkinçilik elden giderilmezdi! Eger-de bu topar zerur pursatda garaşsyz ıazyjy Çary Aşyryñ alternativ kandidaturasyny goldan bolsady, onda şol wagt Türkmenistan İazyjylar guramasyny gulçulykdan halas etmäge anyk mümkinçilik döräpdi! İazyjylar öz hukuklaryny gorap, hüjüme geçseler, onda Gurultaıyñ kontroldan çykandygyny görüp, S.Nyıazow yza tesmäge we ıazyjylaryñ Gurultaıyny taşlap, ”Gupbaly jaıa” garşy göterilmäge mejbur boljakdy. Emma, haıp, bu beıle bolmady. Onsoñ S.Nyıazow ”Gupbaly jaıa” tarap däl-de, özünden göwnühoş halda apañ-apañ basyp, ”patyşañ pyıadasyna” tarap ugrady. Emma hernäçe gedemsirese-de, bu wagt geljekki ”Türkmenbaşynyñ” ıap-ıañyja örän dartgynly pursaty başdan geçirenligini onuñ etlek duluklarynyñ bir agaryp, bir gyzaryp, birde-de gögümtik öwsüp durşundan bilse bolıardy.
27. Saılawsyz saılawlar Türkmen-sowet edebiıatynyñ diri klassygy Çary Aşyryñ kandidaturasy saılawdan gödeklik bilen çetleşdirilensoñ, belli durmuş prnsipi bolmadyk, hökümetparaz Berdinazar Hudaınazarowy türkmen ıazyjylarynyñ boınundan dakmak, ony İazyjylar guramasynyñ başlygy bellemek – itiñ añsadydy! İazyjylaryñ X Gurultaıynda hakyky saılawlar däl-de, eıse eden-etdilikli ıol saılanyp alyndy. Şu ıerde bir hakykaty belläp geçmeli. Bäsleşiksiz saılawda ıeke-täk kandidat hökmünde bulletende görkezilen B.Hudaınazarowyñ adyny gizlin ses berişlikde çyzanlar köp boldy. İönekeıje hasaplamalara görä, 30-a golaı ıazyjy onuñ adyny çyzdylar. Eger şol wagt Türkmenistan İazyjylar guramasynda jemi 200 töweregi agza bolandygyny, iñ soñky Gurultaıa-da olaryñ hemmesiniñ gatnaşmandygyny göz öñünde tutsañ, onda bu san agzalaryñ tas bäşden biri bolıar. Emma oña garamazdan, X Gurultaıda B.Hudaınazarowyñ kandidaturasy biragyzdan makullanyldy diılip yglan edildi. Bu bolsa, barypıatan galplykdy. İöne, arman, munuñ indi aıratyn bir ähmiıeti ıokdy. Sebäbi türkmen ıazyjylary has ulurak zatda utulypdylar, bu Gurultaı geljekki diktatoryñ ıörejek ıoluny öñünden arçap, oña ıurduñ üstünden rehimsiz agalygy berkarar etmäge mümkinçilk beripdi. Şondan soñ B.Hudaınazarow Türkmenbaşa diñe bir özi hyzmat etmek bilen çälenmän, eıse Türkmenistan İazyjylar guramasyny-da tutuşlygyna diktatoryñ hyzmatynda goıdy. Başgaça pikirlenıän ıazyjylar, şol sanda bu setirleriñ awtory-da tizara Guramadan çykaryldylar.
28. Prezident Köşgünde geçen ıörite Plenum Biz İazyjylar guramasyndan 1993 ıylyñ 25-nji awgustynda çykaryldyk. Bu meselä bagyşlanan ıörite Plenum İazyjylar guramasynda däl-de, Prezidentiñ köşgünde, ”Gupbaly jaıda” geçirildi. Plenumy Prezidentiñ hut özi alyp bardy, bu iş ıazyjylara ynanylmady. Biziñ meselämize garalan ıörite Plenuma biziñ özümiz çagyrylmadyk. Gepiñ gerdişine görä, bir fakty belläsim gelıär… Hatda jenaıatkärlere-de sudda, iñ soñky sözüni aıtmaga ıol berilıär, emma İazyjylar guramasyndan çykarylanymyzda bize şol hem rowa görülmedi. Plenumdan soñ ıazyjy Agageldi Allanazarow şeıle gürrüñ berdi: ”Seniñ İazyjylar guramasyndan çykarylmagyña Pravleniıe (Dolandyryşynyñ) agzalarynyñ 21-den 19-sy ses berdi, iki adam ses bermedi: men-ä ses berlende, aşak bukuldym, Tirkiş Jumageldem ses bermekden saklandy. İazyjylar guramasynyñ Pravleniıe agzalarynyñ galanlarynyñ hemmesi el göterdiler”. Şol günüñ ertesi men iñ soñky gezek İazyjylar guramasyna bardym. Dolandyryş agzalarynyñ köpüsi ıüzlerini gizleıärdiler. Özleriniñ nähili pis iş edendiklerine duşünıäne meñzeıärdiler. İöne olaryñ arasyndan diñe şahyr İylgaı Durdy açyk dil ıardy. Ol: ”Welsapar, bizden göwün etme, günümiz üçin el götermeli bolduk” diıdi. Men oña: ”Zeleli ıok, ıöne şu günüñ iru-giç öz başyñyza-da geljekdigini bilseñiz bolıar” diıdim. Görnüşine görä, meniñ İazyjylar guramasyndan hökman çykaryljakdygymy, hatda has beterräk külpetleriñ-de başymdan injekdigini öñünden bilıänler az däldi. Şondan iki ıyl çemesi öñ İazyjylar guramasynyñ jaıynda maña ”O.Saıatly” lakamly edebi tankytçy Oleg Kuzmin ıüzbe-ıüz gabat geldi. Ol meniñ gös-göni gözlerime garap: ”Tak interesno nablıudat kak ty krasivo idesh k svoyey smerti!” (”Seniñ öz ölümiñe garşy owadan ıörişiñi synlamak şeıle gyzykly!” diıipdi. Oleg Kuzminiñ kakasy NKVD-de gulluk eden, özi-de, türkmen ıazyjylarynyñ çakyna görä, edebi tankytçylaryñ köpüsi ıaly, KGB-ä gulluk edıärdi. Onsoñ men şeıle pikir etdim: ”Bu adam beıle diıse, ıönelige däldir… Demligimden gutarnykly tutmankalar, köpräk iş edip ıetişjek bolaıyn…” Häzir welin, biraz başgaçarak pikir kelläme geldi: İazyjylar guramasynyñ jaıynda indi her kim diñe özüni gaıgy edıär, halkyñ aladasyny edıänleriñ bu taıda basym tohumy tükenjek. Bulañ indi ne il-gün, ne-de toprak ıadyna düşıär, ıumrulyp barıan imperiıanyñ astyndan özleri aman sypsalar, başga armanlary ıok. Bu guramada indi Berdi Kerbaba, Gara Seıitli, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz ıaly ägirtler ıok. İazyjylaryñ indiki aladalary il-ıurt, dogduk toprak däl, diñe öz öıleri, öz gara başlary. İazyjylar çalasowat, açgöz hökümdaryñ eline ilki Söz we Metbugat azatlygyny, soñra İazyjylar guramasyny, edebiıatyñ ykbalyny tabşyrdylar. Indi ellerinde näme erk galdy? Diş-dyrnak bolup goramaly hukuklary, azatlyklary zalym despotyñ eline tutduransoñlar, öz ykballarynyñ-da onuñ eline geçendigine düşünmeıärlermikä?
29. Döredijilik guramalary bir-birden diktatoryñ eline geçıärler Türkmenistan İazyjylar guramasyny dyza çökerensoñ, geljekde zalymlygy bilen dünıä belli boljak diktator bu tejribesini ähli döredijilik guramalaryny Köşge bakna etmek üçin ulanmaga başlady. Ol guramalarda-da hökümete wepaly hyzmat etjek adamlar ıeterlikdi. Onsoñ döredijilik guramalarynda yzly-yzyna gurultaılar geçirilip başlandy. İurtda iñ abraıly hem agyzly hasaplanylıan adamlaryñ jemlenen: İazyjylar, Hudojnikler, Kompozitorlar, Kinoçylar, Jurnalistler guramalaryny ele alansoñ, diktatora halky dyza çökermäge kim päsgel berip biljek? Ozalky döredijilik işgärlerine şondan soñ diñe bir döwüm çörek üçin diıdimzor diktatora gulluk edibermek galanokmy nä? Döredijilik işgärleri nä adam dälmi, olarda bokurdak, garyn ıokmy? Maşgala, çaga-çuga ıokmy? Elbetde, bar. Onsoñ agzalalyk zerarly alaçsyz mähelle öwrülen adamlara ölmez-ödi gazanmagyñ ugruna çykybermek galanokmy?! İurdy, döwleti, edebiıaty bir çalasowat dikdüşdiniñ eline tabşyrarsyñ-da, bal güne batarmyñ? Halky itiñ gününe salyp, özüñ gowy ıaşaryn öıdıäñmi? Öz boınuñdan özüñ syrtmak salyp, ony-da bir gurrumsagyñ eline tutdurañsoñ, ol nämüçin saña rehim etsin? Ol seni nämüçin soñra burundykly düıe kimin islän ugruna sürmesin? Bu hökman şeıle bolaımalydy, hut şeıle-de boldy. Mysal üçin, İazyjylar guramasy B.Hudaınazarowyñ baştutanlygynda türkmen halkyny dyza çökermäge diktatora elinden gelen kömegi etdi. Bilıän adamlaryñ tassyklamagyna görä, türkmeniñ taryhynda iñ masgaraçylykly sahypany açyp, diktatora wepaly boljak diıip, bütin halka kasam içirmegi teklip edenem, ol kasamyñ tekstini ıazanam hut şol Berdinazar Hudaınazarow bolmalydy. *** Eıse, İazyjylaryñ Söz we Metbugat azatlygyndan, edebiıatyñ erkinliginden, halkyñ erkinden, ıurduñ, Türkmen topragynyñ geljeginden has eı gören düşewüntli wezipeleri nähili paılandy? Gurultaıyñ netijesinde Berdinazar Hudaınazarow başlyk bellendi, oña saıalndy diımäge hiç kesiñ dili barmaz. Galan wezipeler şeıle bölündi: A.Atabaı - 1-nji sekretar, ıagny B.Hudaınazaryñ sag eli, sekretarlar: Ahmet Gurbannepes, Kömek Kuly. ”Sowet edebiıaty” jurnalynyñ Baş redaktory edip, körzehin hem şermende Sapar Öre, ”Edebiıat we sungatyñ” başynda-da Hojamyrat Goçmyrat diılen bir çöññe oturdyldy. Öñ uzak wagtyñ dowamynda hökümeti ”emip” gelen agressiw hökümetparaz toparlanyşygyñ görnükli agzalary Rahym Esen, Baıram Jütdi, İowşan Annagurban, Annaguly Nurmämmet, Nargylyç Hojageldi dagylar welin, boş galdylar. Iñ soñky Gurultaıda olara hökümetiñ ”kyrk emjeginden” biri-de ıetmedi. İogsa, olar hut şonuñ üçin göreşipdiler ahyryn!
30. Diktaturanyñ gurluşyk materialy Dogduk topragymyzda şondan soñ höküm sürüp başlan, türkmen halkyny syıasy, ykdysady, medeni we ahlak taıdan hut derbi-dagynçylygyñ, ıagny garañky gorpuñ gyrasyna getiren, kökleri stalinizmden gaıdıan aıylganç milli diktaturany döretmek üçin eıse nähili gurluşyk materialy ulanyldy? Milli türkmen diktaturasynyñ ussasy Saparmyrat Nyıazov başistik diktaturany gurmak üçin stalinizmden özüne miras ıeten taıyn repressiw döwlet apparatyny giñden ulandy. İöne öwrülişik pursatynda bu entek diktatura gurmak üçin ıeterlik däldi. Geljekki diktatora bol gurluşyk materialy gerekdi. Ine, şu ıerde-de oña iñ pis adam gylyklary kömege ıetişdi. Türkmenistanda gurlan başistik rejimi bir betnyşan köşk diıip göz öñüne getirseñ, onda ol Köşgüñ gurluşyk materialy bolup hyzmat eden häsiıetler: açgözlük, gopbamsylyk, ıöwsellik, ıaranjañlyk, görüplik, birek-biregi äsgermezlik ıaly adam gylyklarydy. Bu pis gylyklar Türkmenistanda elhenç diktaturanyñ gönezligi boldy. Şol erbet gylyklara erkini beren adamlar diktaturanyñ ilkinji kerpiçlerine öwrüldiler! Türkmenbaşyçylyk diktaturasynyñ düıbi, gynansak-da, 1991-ıylyñ 27-28-nji fewralynda, Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ X Gurultaıynda tutuldy. Bu Gurultaıda ıazyjylaryñ köpüsi söz azatlygynyñ gabryny gazyp, onuñ töwereginde töwekgel tans etmäge başladylar. Söz azatlygy bolmasa, edebiıatyñ-da, İazyjylar guramasynyñ-da, hiç bir grajdan azatlyklarynyñ-da bolmajagy türkmen ıazyjylarynyñ köpçüliginiñ nämüçindir ıadyna düşmedi. Eger duşen bolsa-da, olar şeıle jogapkärli pursatda öz şahsy hem toparlaıyn bähbitlerini Söz we Metbugat azatlygyndan, edebiıatyñ bähbitlerinden, dogduk topragyñ geljeginden has ıokarda goıdular. Iñ soñky X Gurultaıda iki sany reaksion topara bölünen türkmen ıazyjylarynyñ esasy köpçüligi wezipe üstünde çaknyşyp, öz ruhlaryny arwaha satdylar! Olar Türkmenistandaky iñ güıçli jemgyıetçilik guramanyñ erkini geljekki aıylganç dikatatoryñ eline ardurja tutdurdylar. Şeıdibem ıurdumyzda uzaga çeken başistik diktaturanyñ gurulmagyna giñ ıol açdylar! Bu Gurultaıda Söz we Metbugat azatlygy depelendi, ıazyjylar onuñ bilen düıbünden gyzyklanmaıandyklaryny, öz şahsy bähbitlerini edebiıatyñ, halkyñ hem dogduk topragyñ geljeginden has ileri tutıandyklaryny açyk görkezdiler. Bu-da, elbetde, geljekki Türkmenbaşa döredijilik intelligensiıasyny nädip dyza çökermelidigini, olaryñ guramalaryny nädip ıok etmelidigini öwretdi. S.Nyıazow İazyjylar guramasynyñ iñ soñky Gurultaıynda synagdan geçiren usulyny ulanyp, soñra Hudojnikler, Kompozitorlar, Kinoçylar, Jurnalistler guramalaryny-da, beıleki jemgyıetçilik guramalary-da tiz wagtdan doly derbi-dagyn etdi! Çalasowat, emma mekir dikme S.Nyıazow adamlaryñ açgözlüginden, gopbamsylygyndan, gedemliginden, galyberse-de, döredijilik intelligensiıasynyñ arasynda sowet döwründe öñräkden höküm sürüp gelıän birek-birege bolan göwnüıetmezçilikden, äsgermezçilikden, orta asyrlara mynasyp tire-taıpa düşünjeleriniñ galyndylaryndan peıdalanyp, XX asyryñ soñunda we XXI asyryñ başynda türkmen topragynda erbetlikde, zalymlykda, küteklikde bütin dünıä ıakasyny tanadan aıylganç diktaturany gurdy.
31. X Gurultaıyñ soñky sagatlary… Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ X Gurultaıynyñ netijeleri basym ıurduñ syıasy durmuşyna öz ıaramaz täsirini ıetirdi. Gurultaı tamamlanansoñ, Türkmenistanyñ jemgyıetçilik durmuşynda birdenkä adatdan daşary ıürekgysdyryjy atmosfera emele geldi. Sebäbi indi adamlara umyt edere artykmaç ıapyşalga galmandy. İazyjylar guramasynyñ uly umyt baglanan X Gurultaıynyñ masgaraçylykly jemleri hakyndaky habarlar basym türkmen jemgyıetçiligine ıaırady. Gurultaıdan ıeñip çykan toparlanyşyk öz ıeñşiniñ ”hözürini görmäge” girişdi. Gurultaıda ”göwnüne deglen” toparlanyşyk bolsa maksatlaıyn topalañ turzup başlady. Ilki bilen olar öz ähdiıalan howandarlary S.Nyıazowa basyş görkezmäge synanyşdylar. Munuñ üçin olar Gurultaıyñ soñky sagadynda ”açlyk” yglan etdiler… Baıram Jütdiniñ ”Sowet edebiıaty” jurnalyndaky öz ozalky kabinetine girip, içinden gulplanlygy we ol ıerden öz erkine çykmajakdygy ”iniñi dygladıan” habar Gurultaıyñ zalyna gelip ıetdi. Ara salym salman, ol topardan ıene-de birnäçe adamynyñ, şol sanda İowşan Annagurbanowyñ, Durdymuhammet Gurbanowyñ, Akmyrat Hojanyıazowyñ we ıene-de birnäçe adamynyñ, eger özlerine düşewüntli wezipe berilmese, aç ölmäge taııardyklary hakyndajy ”howsalaly” habarlar geldi. İöne nämüçindir olaryñ kärdeşleri bu habary eşidip, howsala düşmegiñ deregine gaıta biri-biriniñ ıüzlerine ıylgyryşyp seretdiler…
32. Giçden soñky açlyk Ol ıylgyrmalaryñ sebäbine edil şol wagt düşünmedikler, meger, biraz soñra kemsiz düşünendirler. Gurultaıyñ soñunda diktatora basyş görkezmek üçin yglan edilen bu ”açlyk” nämüçindir dos-dogry ıarym gün dowam etdi! Şol gün agşam eııäm Baıram Jütdiıewiñ haısydyr bir sebäplere görä, açlyk çekmegini duruzıanlygy dogrudaky habar ıazyjylaryñ we döredijilik intelligensiıasynyñ arasyna ıaırady. Bu durnuksyzlygyñ anyk sebäbi bilinmese-de, ”Nyıazow olara wezipe wada beripdir” diıen habar geldi. Elbetde, edil şol wagt Nyıazowyñ hem ıagdaıy ıeñil däldi, ol ozal birnäçe ıyllap ıakyndan işleşip gelen adamlaryndan ıüz öwürmeli bolupdy. İogsa, ol adamlar ıazyjylaryñ dili bilen aıtsañ, X Gurultaıa çenli ”Merkezi Komitetiñ gapysyny elleri däl-de, eıse aıaklary bilen açıan” adamlardy. İagny has türküläp aıdañda, Rahym Esenowdyr Baıram Jütdiıewiñ topary Türkmenistan Kompartiıasynyñ Merkezi Komitetine we Saparmyrat Nyıazowa iñ ıakyn durıan toparlanyşykdy. Bu toparlanyşygyñ ”Gupbaly jaıdan” çetleşdirilmegi türkmen ıazyjylarynyñ M.Gorbaçewyñ Üıtgedip gurmak syıasatyndan gazanan ıeke-täk peıdasy diıseñ-de boljak. Sebäbi şondan başga ıeñşe ıazyjylar kän bir ymtylmadylaram, başga zada soñra wagt hem galmady. Bu agressiw toparlanyşyk türkmen ıazyjylarynyñ köpçüligine özlerini şeıle bir ıigrendiripdir welin, ıazyjylar üçin bu topary sahnadan çetleşdirmekden artyk lezzet galmadyk ıalydy! Emma özüne kän hyzmat görkezen bu topar bilen S.Nyıazowyñ öz arasyny doly üzesi gelenokdy. Çünki ol bu topara girıän adamlaryñ özüne ıene-de gerek boljakdygyny tilki mekirligi bilen öñünden syzıardy. Eıse, nä ol ”Dört A-laryñ” toparynyñ hemişelik güıç däldigini, bu toparyñ basym dargajakdygyny bilmän durmudy? Elbetde, bilıärdi. Şonuñ üçinem, elbetde, oña has berk gurmaçylykly hemişelik topar gerekdi, beıle güıç bolsa – Rahym Esenowdyr Baıram Jütdiıewiñ toparydy. Tire-taıpa we hökümetparaz düşünjelere esaslanıan bu toparlanyşyk iş ıüzünde diktatura uzagyndan hakyky daıanç bolup biljek ıeke-täk hemişelik güıçdi. Köşk hem onuñ mekir eıesi S.Nyıazow bu hakykaty unudyp biljek däldi, iki tarap-da biri birine aşyk-magşuklar kimin suwsandy, ıöne gaıtadan biri-biriniñ gujagyna dolmazdan öñürti gereklerini artdyryp, näz edip, pursat araıardylar...
33. Isleg hyjuwa öwrülende… X Gurultaıda türkmen ıazyjylarynyñ agramly bölegini birleşdiren, olary wagtlaıynça bir ıumruga öwren zat – Rahym Esenowdyr Baıram Jütdiıewiñ hem onuñ ady agzalan ıaranlarynyñ uzaga çeken dikmeliginden dynmak islegidi. İöne bu isleg eııäm bir çak hyjuwa öwrülipdi. Hujuwa öwrülen isleg bolsa, elbetde, köplenç öz ilkibaşky manysyny hem arassalygyny ıitirıär. Hyjuwa erkini aldyran adamlar özlerini aldym-berdime salıan duıgularyna bäs gelip bilmän, maksada barıan ıolda gözli köre öwrülıärler. Şonda olar, özleri-de bilmezden, garşysyna göreşän adamlaryna meñzäp ugraıarlar. Garşydaşlarynyñ häsiıetinden, edim-gylymlaryndan gaty köp zatlary alıarlar… X Gurultaıda-da hut şeıle boldy. İazyjylar köpçüliginiñ öñüne düşen ”Dört A-laryñ” topary ahyr netijede öz barlyşyksyz garşydaşlary bolan Rahym Esenowyñdyr Baıram Jütdiıewe hem olaryñ ıaranlaryna meñzediler. İogsa, şahyr Atamyrat Atabaıewdir Nobatguly Rejebowy Berdinazar Hudaınazarowdyr Sapar Öräıew bilen birleşdirjek başga nähili güç bolup biler?! Eıse Kömek Kuly, Ahmet Gurbannepes ıaly zehinli hem päli düzüw ıazylary Amanmyrat Bugaıew ıaly kümsük şahyr bilen haısy güıç goşlap çatsyn?! Okumyşlygy, ylymlylygy boıunça öz galamdaşlaryndan has tapawutlanıan, wakalara has töwerekleıin baha bermäge akyl-paıhasy ıetıän Tirkiş Jumageldiıewi Berdinazar Hudaınazarow ıaly hökümetparaz hem prinsipsiz adamynyñ kandidaturasyny sessiz-üınsüz goldamaga näme mejbur etsin?! Emma bu garaşylmadyk zatlaryñ hemmesi türkmen ıazyjylarynyñ X Gurultaıynda bolup geçdi. Belki, onuñ soñky Gurulaıa öwrülmeginiñ düıp sebäpleriniñ biri-de şundadyr? Sebäbi isleg hyjuwa öwrülensoñ, mukaddes zat galmaz eken.
34. Pişigiñ ıyndamlygy – samanhana çenli! Geljekki Türkmenbaşy öz wepaly dostlaryny edil ”iti aldap uran ıaly etdi”, wezipe wada berip, açlyklaryny kesdirse-de, soñra sözünde tapylmady. Şonuñ üçinem agzalan toparlanyşyk gysga wagtlyk hem bolsa, öz maksatlaıyn göreşini dowam etdirmäge mejbur boldy. Onsoñ tizara Aşgabatda Rahym Esenowyñ, Baıram Jütdiıewiñ, İowşan Annagurbanowyñ, Durdymuhammet Gurbanowyñ, Aşyrguly Baıryıewiñ we olaryñ ıaranlarynyñ, hamana, syıasy partiıa döredıändikleri hakda delje habar ıaırady. ”Ot ıanmasa, tüsse çykmaz” diıleni, bu ”myş-myş” çyna meñzäp, ”hä” diımän, olardan ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketine-de çapar geldi… ”Agzybirligiñ” baştutany Nurberdi Nurmämmet bize geñeşdi. Maña bolsa anyk bir sorag berdi: ”İazyjy bolansoñlar, sen olary gowy tanaıansyñ, ”Agzybirlige” giräısek diııärler. Ertir agşam olar Pirimguly Tañrygulyıewiñ Stomatologiıa institutynda üışjekler, menem çagyrdylar. Olary ”Azgybirlige” almalymy ıa-da ıok?” Men bu soraga: ”Elbetde, alsak gowy bolar… İöne bir zady göz öñünde tutmaly – olar messepsizräk adamlardyr, wezipe hödür edilse, şol gün ”Agzybirligi” taşlap, derrew hökümetiñ tarapyna geçerler. Şonda biziñ guramamyzyñ abraıyna zelel ıeter” diıdim. Onsoñ biz olara öz partiıalaryny döretmegi teklip etmegi dogry tapdyk. Isleseler, soñ bileleşik dörederis diıen netijä geldik. Onsoñ men şol agşam ıokarda ady agzalan adamlaryñ esaslandyrjak syıasy partiıasy bilen geljekde döretmeli bileleşigimiziñ Programmasynyñ we Düzgünnamsynyñ taslamasyny düzdüm. Biz oña ”GEÑEŞ” diıip, at berdik. Emma biz R.Esenow, B.Jütdiıw, İ.Annagurbanow, D.Gurbanow dagylaryñ topary bilen birleşip ıetişmedik… Edil öñünden çaklaışymyz ıaly, olaryñ ıyndamlygy samanhana çenli boldy! Sebäbi tiz wagtdan ”Gupbaly jaı” olara bir-birden wezipe hödürledi, olaram bir-birden hökümetiñ tarapyna geçip başladylar… İogsa, olar şol ikarada haman syıasy partiıa hem döredip ıetişdiler! Moskwa wekilem iberdiler. İöne ol partiıa özbaşdak däl-de, eıse Orsıetde döredilen partiıanyñ bir bölümi bolup çykdy. Şol wagt Moskwada A.İakowlewdir E.Şewerdnadzäniñ baştutanlygynda ”Demokratik Reformalar” partiıasy yglan edildi. Biziñ ”azatlyk söıüji” ildeşlerimiz-de, özlerini şonuñ agzalary diıip jar etdiler. Birki aı hakyt döşlerini gaışardyp, Aşagabatda ”dissident” bolubam gezdiler. Özlerini aldap uran howandarlary ”Gupbaly jaıa” we onuñ ähdiıalan eıesine basyş görkezmek maksady bilen dürli pirimlere-de baş urdular, emma demokratik herekete welin, elbetde, asla wepa bermediler… Çünki bu adamlar azatlyk we demokratiıa ugrunda däl-de, eıse wezipe ugrundaky göreşijilerdi. Düşewüntli wezipeler bolsa, nätseñem, diktatoryñ elindedi. Onsoñ bular ”Gupbaly jaıdan” uzaklaşyp bilenokdylar, şonuñ töwereginde köwlenişip ıördiler. Sebäbi barja maksatlary S.Nyıazowy gorkuzyp, ”özlerine laıyk” düşewüntlije wezipe edinmekdi. Aslyıetinde bu bir kyn iş hem däldi, şonuñ üçinem tizara olar öz maksatlaryna ıetdiler.
35. ”İetişikli İegensoltan” Il arasynda aşa ıetişikli adamlara ”ıetişikli İegensoltan” diııärler. Agzalan toparda-da şeıle adamlar bardy, olaryñ biri Durdymuhammet Gurbanow, beılekisi-de İowşan Annagurbanowdy. Bu iki ülpet gysga wagtda telim gezek ”syıasy düşünjelerini”, ”durmuş prinsiplerini” üıtgedip, ondan-oña, ıagny diktatura hyzmat etmekden demokratiıanyñ tarapyna, soñam ıene diktaturanyñ tarapyna geçip ıetişdiler. Şonuñ üçinem bu iki adam hakda gürrüñ gidende, düşünje hem prinsip sözlerini goşa dyrnaga almaly bolıar. Çünki bu iki dost düşünjä ıa prinsipe garanda, puldur wezipä has wepaly görünıärler. Bu häsiıet bolsa, adatça, özüne aşa göwni ıetıän adamlarda duşıar. D.Gurbanow bilen İ.Annagurbanowyñ özlerini ”türkmen edebiıatynda seırek duşıan zehin” saımaklary-da, belki şonuñ üçindir? İogsa, ıazan zatlaryny okasañ, olara ”zehin” ıa-da ”seırek zehin” diımäge diliñ baranok, olaryñ döredijiligine beıle baha bermäge hiç hili esas ıok. Has ulurak deñeşdirmeler-hä beılede dursun, hatda diñe türkmen edebiıatynyñ derejesinde alanyñda-da olar, eger bolup bilseler, diñe ortaça ıazyjylar. Agzalan iki ülpetiñ iñ ıakyn dostlary Annaguly Nurmämmedowdyr Akmyrat Hojanyıazowa-da hut şeıle baha berse bolar. Bu dört dost Saparmyrat Nyıazowdan has öñürti öz şahsyıet kultlaryny döretmäge we ornaşdyrmaga girişdiler. Olar üçin biri-birini öwmek, özlerini öwdürmek geçen asyryñ 80-nji ıyllarynyñ ahyrynda adata öwrüldi. Näzik Annatyıewanyñ jemgyıetçiligiñ öñünde olary ”Üıtgedip gurmagyñ dört çaryıarlary” diıip mahabatlandyrmagy-da, şol tendensiıanyñ alamatydy. Hakyky sungat adamlary, şol sanda ıazyjylar hem, belki, diñe bir gezek öz düşünjesini, durmuş ıa-da syıasy prinsiplerini üıtgedip bilerler. Türkmen dilindäki ”Bir ıalñyşdan är ölmez!” diıen pähim hem şuny tassyklaıar. Emma şemal ıaly dürli tarapdan öwsüp duran adamlara gezek gelende nähilidir bir düşünjedir prinsip hakda gürrüñ etmek artykmaç dälmi nä? İ.Annagurbanow bilen D.Gurbanow 1988-95 nji ıyllar aralygynda azyndan dört-bäş gezek öz ”syıasy lagerlerini” çalyşdylar. Bu bolsa haısydyr bir düşünje, prinsip hakdaky gürrüñe asla ıer goımaıar.
36. ”Daıanç” jurnaly – adaty pida! Söz azatlygy hem garaşsyz metbugat ugrunda gyzgalañly göreş gidıän döwürde, ıagny geçen asyryñ 90-njy ıyllarynyñ başynda döredilen we bary-ıogy bir adaty, iki sany-da goşmaça sany neşir edilen ”Daıanç” jurnaly türkmen jurnalistikasynda ıakymly ıatlama goıdy. ”Daıanjyñ” şol ilkinji taryhy nomerinde çykyş edenleriñ soñra Söz we Metbugat azatlygyna aıratyn wepaly adamlar diılip tanalmagy-da hut şonuñ üçindir. Emma ”Her bir kanunda kadadan çykma bar” diılişi ıaly, ”Daıançda” ”adyny belledenleriñ” hem hemmesiniñ ahlaklylygyñ ıa demokratiıanyñ daıançlary däldiklerine okyjylar tiz göz ıetirdiler. Muny olaryñ bäbenegine bazyrdadyp basanam ıene-de biziñ gahrymanymyz İowşan boldy. Bu durnuksyz kişä öz sahypasyny bagş eden ”Daıanç” jurnaly adaty bir pida öwrüldi. Ol, elbetde, Türkmenbaşy özüne düşewüntlije wezipe berıänçä ”Daıanç” jurnalynda ”Türkmen il-ulusyna ıüzlenme İa-da Türkmenistan ıazyjylarynyñ X Gurultaıyna niıetlenilen söz” ady bilen haıbatly bir makala-da çap etdirip ıetişdi. Bu adamyñ ıetişikliligine edil ıöne haıranlar galaımaly! Ol edil ”Aıgytly ädim” romanyndaky kezzap Gully han ıaly hemme ıere ıetişıär: bir görseñ, Türkmenbaşyñ Köşgünde mürze bolup, Söz, Metbugat azatlygynyñ bokurdagyny bogup otyr, bir görseñem, ”Azatlyk” radiosynda il-ulusa demokratiıany öwredip, akyl satyp otyr… Garaz, onuñ ugruna-utgasyna düşünmek kyn. Eger ol ”Azatlyk” radiosyndan ıene-de diktatoryñ Köşgüne işe geçse, muny-da geñ görüp bolmaz. İöne nirede işlese-de, ol mydama toparlaıyn bähbitlere, eden-etdilige, adalatsyzlyga gulluk etmegi başarıar. Ahlaksyzlykda ıakasyny tanadan ıa-da dürli maddy kümsükliklerde eli bar diılip güman edilıän adamlara hossar çykıar, ıaramaz adamlary daşyna üışürip, olary halkyñ boınundan gyzgyn tagan edip dakmaga synanyşıar. Eger-de ol ”Azatlykdan” käte ıek-tük gowy adamlaryñ-da sesini eşitdirıän bolsa, onda muny diñe mejburlykdan edıändigini, munuñ onuñ üçin agyr jezadygyny bilmeli. İ.Annagurbanyñ sowet döwründäki pikirdeşleriniñ, ”Edebiıat we sungat” gazetinde bölüm müdiri hökmünde ıakyndan goldan adamlarynyñ hemmesi-de soñra başistik diktaturanyñ gurluşygyna gatnaşyp, S.Nyıazowa halky aldamaga, talamaga, dyza çökermäge, türkmeni gan aglatmaga jan-dilden kömek etdiler. Ine, olaryñ käbiriniñ atlary: Baıram Jütdiıew, Durdymuhammet Gurbanow, Annaguly Nurmämmedow, Akmyrat Hojanyıazow, Kakamyrat Ballyıew, Gözel Şagulyıewa, Näzik Annatyıewa, Berdinazar Hudaınazarow we beılekiler. Bu gün onuñ öñki wepaly egindeşleriniñ ornuny: Nazar Hudaıberdiıew, Halmyrat Söıünow, Sapar Yklymow diıen ıaly kümsük şahsyıetler tutıarlar. Nazar Hudaıberdiıew ıaly añyrsy garañky adamlar bilen bileleşip, ol aslynda Söz, Metbugat azatlygynyñ diregi bolmaly ”Azatlyk” radiosynda garaşsyz adamlaryñ sesini kesmek, olary ıanamak, yzarlamak, olar hakda gybat ıaıratmak bilen meşgullanıar. Ozal korrupsiıada güman edilip ”Azatlygyñ” türkmen gullugynyñ başlyklygyndan çetleşdirilen är-aıal Zerif we Näz Nazarlaryñ wepaly dosty, öz mazamlaışy ıaly, olaryñ ”atdaşy” Nazar Hudaıberdi bilen bilelikde İowşan türkmen diñleıjileriniñ beınisini çaıkamaga, ”Azatlygyñ” tribunasyny peıdalanyp, agy – gara, garany-da ak edip görkezmäge dyrjaşıar. Şoña görä-de, İowşana indi Köşkden iş hantama bolmagyñ, belki, zerurlygy-da ıokdur. Sebäbi ol, dogrusy, ”Azatlyk” radiosyny Türkmenbaşynyñ Köşk radiosyna meñzeş bir zada öwrüp bildi: isläniniñ sesini berıär, islemediginiñkini – kesıär! Amerikan radiosynda-da onuñ iş stili edil şol sowet döwründäki ”Edebiıat we sungat” gazetindäki iş usuly. Ol stil hem ahyr netijede dostparazlyga, tireparazlyga syrygıar. Çykyş etdirıän adamlarynyñ sanawy-da esasan Köşk mürzesi bolan döwründen galan hemşerileri. Bir aıratynlygy – ozal olaryñ kimsi ministrdi, kimsi ministriñ orunbasary, kimsi deputatdy, kimsi bankirdi, kimsi-de bir edarañ hojaıyny. Indi olaryñ hemmesi-de wezipeden kowlan garantgalar, ıagny bir söz bilen aıdanyñda – ozalkylar! İöne şonda-da İowşanyñ gözüne olar adaty adamlardan eziz görünıän bolmaly. Şonuñ üçinem ol Pragada özüne şol öñki işlän Köşgüne meñzeş köşkjagaz ıasanyp, şonuñ içinde hanlyk satıar, ”Küıküni gabyr düzeder” diıleni-dä… Iñ gussaly ıeri-de, diktatoryñ Köşgünde Söz azatlygyny goldamaga gaıraty çatmasa-da, İowşanyñ ”Azatlykda” söz azatlygyny bogmaga ynsaby çatıar! Muña häzirlikçe mümkinçilik hem bar. Onsoñ ol nädip beıle mümkinçilikden peıdalanmasyn? Dogabitdi eli egri adama ”beıtme” diımek, jübükesere pully gapjygyñ çetini görkezip” şuny alaımagyn!” diıen ıaly dälmidir?
37. Agyr döwrüñ asgynjaklary Goı, hiç kes meni kimdir birini esassyz tankytlaıar diıip, ıazgarmaga gyssanmasyn. Bu makalada men käbir ıazyjylaryñ we jurnalistleriñ halkyñ ykbalyndaky agyr taryhy pursatda oınan rollaryny edebi-jemgyıetçilik nukdaı nazaryndan derñemäge çalyşıaryn. Bu ıerde ady ıygy agzalıan adamlar ol ıa-da beıleki prinsipleriñ, ıogsa-da asla prinsipsizligiñ, messepsizligiñ simwollary hökmünde mysal alyndy. Baıram Jütdiıew, Rahym Esenow, Gözel Şagulyıewa, İowşan Annagurbanow, Näzik Annatyıewa, Durdymuhammet Gurbanow, Annaguly Nurmämmedow, Onjuk Musaıew, Kakamyrat Ballyıew, Berdinazar Hudaınazarow, Akmyrat Hojanyıazow, Atamyrat Atabaıew, Annaberdi Agabaıew, Sapar Öräıew, Süleıman Ilamanow, Zerif Nazar, Nazar Hudaıberdiıew, Näz Nazar ıaly adamlar bu günki gün biz üçin geçilen agyr etabyñ sapak edinmeli ıakymsyz önümleri hökmünde gyzyklydyrlar. Bu adamlar indi türkmen jemgyıetiniñ geljegine düıpli täsir edip bilmezler, diñe aram-aram tüıslerini üıtgedip, jemgyıetiñ aıagyndan aslyşyp bilerler. Öz aıagyndan aslyşıan adamlary bolsa jemgyıet iru-giç kakyp düşürıändir. Bu makalada esasan ıazyjylaryñ we jurnalistleriñ arasyndan çykan ikiıüzli adamlaryñ atlary agzalıar. Emma şeıle durnuksyz adamlar beıleki ugurlardan hem kän tapyldylar. Türkmen suratkeşleriniñ, kinoçylarynyñ, kompozitorlarynyñ, jemgyıetçilik işgärleriniñ arasyndan hem ikiıüzli kişiler kän çykdylar. Olary paş etmek – şol guramalardaky ynsaply adamlaryñ öz işi. Eger-de bu günki gün İazyjylar guramasynyñ işi we ıazyjylaryñ öz jemgyıetçilik orny berk tankydy derñewe uçran bolsa, onda bu İazyjylar guramasynyñ Türkmenistanda iñ ıaramaz jemgyıetçilik guramadygyny ıa-da ıazyjylaryñ-da iñ durnuksyz adamlardygyny añlatmaıar. Tersine, öz içinden dömen erbet keselleri we olaryñ viruslaryny ıaıradyjylary İazyjylar guramasynyñ öz içinden kimdir biri paş edıän bolsa, onda bu – ol guramanyñ agyr dertden iru-giç saplanyp biljekdiginiñ, İazyjylar guramasynyñ geljeginiñ barlygynyñ alamatydyr. Galyberse-de, öñe çykan taryhy şahslaryñ jemgyıetiñ durmuşynda oınan roluny töwerekleıin derñemek, oña baha bermek we geçmişden sapak almak islendik jemgyıet üçin – taryhy zerurlykdyr. Türkmenistan 1991 ıylyñ 27-nji oktıabrynda öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edenden soñ häzire çenli 17 ıyl geçdi. Bu bolsa taryh üçin göz açyp-ıumasy wagtdyr. Biz häzir millet, jemgyıet hem döwlet hökmünde müñlerçe ıyllyk uzak ıoluñ başynda durus! Türkmen döwleti biziñ ömrümiziñ dowamynda garaşsyz boldy. Biz hut bakylygyñ bosagasynda durus. Gözbaş dury bolmasa, akym dury bolup bilmez. Diımek, biz şol gözbaşyñ durulygyny gazanmaly. Özümiziñ müñlerçe ıyllyk ıoluñ ilki başynda duranlygymyzy asla unutmaly däl! Öz egnimize düşıän ıüki mert çekmeli, öz nesillerimize arassa we dogry ruhy görelde galdyrmaly. Şonda biziñ agtyk-çowluklarymyza dogry ıoldan gyşarman ıöremek başardar. Agyr günde öz halkyna, dogduk topragyna asgynjak bolan adamlar hakdaky gürrüñ İagşy bilen İamanyñ baky göreşiniñ bir nusgasydyr. Şol baky göreşde İagşynyñ hem İamanyñ arasyny açmazdan, haıryñ hem şeriñ nökerlerini aıyl-saıyl etmezden, gözbaşyñ durulygyny gazanmak, progresiñ ıoly bilen öñe gitmek çetin. Türkmen jemgyıetiniñ iru-giç demokratiıa ıetmeginiñ, biziñ dogduk topragymyzda iru-giç adalatly hukuk döwletiniñ gurulmagynyñ hatyrasyna biz öz publisistik derñewimizi dowam edıäris. Eger-de zerur derñew geçirilip, adamlaryñ möhüm taryhy pursatda jemgyıetiñ ykbalynda oınan rollaryna anyk we dogry baha berilmese, ıalñyşlyklaryñ, erbetligiñ geljekde ıene-de öwran-öwran gaıtalanmak gorkusy bar. Bu publisistik derñew şol howpuñ aradan aırylmagyna belli bir derejede ıardam berer diıip, umyt edıärin.
38. Gepiñ gerdişi gelende… Gepiñ gerdişi gelende, İowşanyñ ”Daıanç” jurnalyndaky makalasyndan käbir mysallary getirmek artykmaçlyk etmez. Meselem, ol öz makalasynda şeıle diııär: ”Beıik türkmen ruhy depelendi. Häzirki heläkçilikli ıagdaıyñ, gulçulygyñ, ruhy çökgünligiñ, añyrsynda, ozaly bilen, şol aıylganç ıeñiş ıatyr. Galyberse, bolşevik-menşevikli, baıly-garyply, akly-gyzylly… namart söweşler ıatyr. Başgaça pikiri bogmak, ähli janly zady jansyz gapyrjaga gapgarmak, samsyk ideologiıa boıun egdirmek, öldürmek ıatyr. Gan ıatyr. Zorluk, sütem bilen gazanylan ıowuz tabynlyk ıatyr. Il gaıgysynyñ däl, ıumşak kürsiniñ, at-derejäniñ, weşeñ-weşeñ puluñ humaryndan gazanylan gulçulyk ıatyr. Wagtlaıyn syıasatyñ guly bolup, öz garamaıak ilini tabynlyk hüwdüsi bilen huwwalaıan ıazyjylaryñ şahsy ejizligi, şol ejizlikden gaıdan pikir çäkliligi ıatyr.” Nähili ajaıyp sözler! Niçiksi pafos! Bu sözleri ıazyp bilen gerçegiñ elini gysasyñ, oña sagbol aıdasyñ gelıär! Emma ıetişjek gümanyñ ıok. Sebäbi bu ıangynly makalasynyñ syıasy guramanka, onuñ awtory eııäm Türkmenbaşynyñ Köşgünde joñkaryp otyr! Bu makala ıerleşdirilen ”Daıanç” jurnalynyñ ilkinji sany ep-esli gijä galyp, uly kynçylyk bilen Türkmenistana getirilende, ”adalatly hem merdana ıazyjymyz” eııäm hanyñ hyzmatynda! Ol eııäm ”Daıanjy” gadagan edenleriñ arasynda! İowşan Annagurban kän gezek ondan-oña geçen adam. İel haısy tarapdan öwüsse, ol hem şol tarapdan öwüsıär. Wezipe üçin zalym diktatoryñ tarapyna geçip, edebiıatyñ, halkyñ, demokratiıanyñ bogazyny bogmalymy – bogıar! ”Daıanç” jurnalyny türmä salan rejimiñ we Türkmenbaşynyñ gullugynda ”wagtlaıyn syıasatyñ guly bolup”, ”öz garamaıak ilini tabynlyk hüwdüsi bilen huwwalamalymy” – huwwalaıar! Toba etmelimi – her ädimde toba edıär, şertini bozmalymy – bozıar! Onuñ öz ıazıan, diııän sözleriniñ yzynda durmazlygy – syrly matal. Adatça, özüni beıleki adamlardan has ıokary saııan, ulumsy adamlar şeıdıärler. Meselem, Türkmenbaşy ıalan sözlemäni eşekden palan alança-da görmezdi. İowşan Annagurbanyñam häsiıeti edil şonuñky ıaly; diktatura-da, demokratiıa-da onuñ üçin diñe gazanç çeşmesi, başga zat däl. Belki, ıazyjynyñ bu geñ gylygynyñ añyrsynda öz tekrarlaışy ıaly: ”şahsy ejizligi, şol ejizlikden gaıdan pikir çäkliligi ıatandyr?” Belki-de, bu gylyk onuñ öz halkyny ıigrenmek gylygyndan gelip çykıandyr. ”Türkmen bolsa, goısan-a!” diıen jümle hut İowşana degişli. İöne bu makalada anyk kesgitläp bolıan zatlar-da bar. Mysal üçin, awtor ”Biz indi öz ilimiziñ , diñe bir öz ilimiziñem däl, kän-kän betbagt illeriñ garşysyna ulanylan zorlugy hezil edip ulanıarys.” diıen setirleri ıazanda müñ keren mamlady! İöne ”Daıanç” jurnalynyñ Türkmenistana aralaşan sanlyja nusgasyndan säwlikden biri ellerine düşüp, bu ajaıyp setirleri okan adamlar ıañy bir öz ”gerçek” ogluna guwanjak bolanlarynda, paltalary daşa degdi. Çünki ”gerçek ogul” eııäm diktatoryñ Köşgünde, öz iliniñ garşysyna ”kän-kän illeri betbagt eden” metody ulanyp, Türkmenbaşyny gije-gündiz öwüp, halky tabyn bolmaga çagyrıardy! İowşan Annagurbany okamagy dowam edeliñ: ”Asyrlyk ruhy sütünleri ıykan ıörelgelerden ugur alıarys. Gara günlini depeleıäris. Zorluga, gara güıje, sesleriñ galp köplügne, satyn alnan bizehin massa daıanıarys. Namart oıun gurıarys. Hak sözden, zehinden, az sanly arassa adamdan gorkup şeıdıäris, şol azlygyñ, şol uzlugyñ, şol halallygyñ garşysyna gara ıygyn çekmek üçin çytraşıarys.” Ine, saña gerek bolsa! Tüıs gyzyla gaplaımaly sözler! Bu setirleri okanyñda, ”wah, nesibe dartyp, bu dürdäne sözleri agzyndan sypdyranyñ synynda namaz okasañ” diıdirıär. İüregi ıukany dagyn aglatjagam… Emma ”şol azlygyñ, şol uzlugyñ, şol halallygyñ” kimlerdigini bilseñ welin, İowşanyñ agzynyñ diııänini gulagynyñ eşidıänligine ikirjiñlenmän bolanok. Munuñ üçin ıazyjylaryñ X Gurultaıynda edil özi ıaly reaksion toparlanyşygyñ garşysyna wezipe – diñe düşewüntli wezipe! – üçin ”gladiator” söweşine girip, ıeñilen azlygyñ kimlerden ybaratdygyny ıatlamak ıeterlik. Ine, olar: Rahym Esen, Baıram Jütdi, Nargylyç Hojageldi, İowşan Annagurban, Durdymuhammet Gurban, Annaguly Nurmämmet, Akmyrat Hojanyıaz we beılekiler… Diımek, bu adamlar İowşanyñ ıoıulan añynda – halallygyñ nusgasy bolup görnen ekenler! Emma iş ıüzünde bular Gurultaıdan birnäçe aı geçip-geçmänkä, toplumy bilen başistik diktaturañ tarapyna geçip, türkmen halkyny dyza çökermäge, erkini elinden almaga rejime elinden gelen kömegi beripdiler! Diñe kömek bermekmi? Olar iş ıüzünde şol aıylganç rejimiñ gurluşykçylarydy! Umuman, İowşan Annagurban diıilıän ıazyjyda badyhowalyk örän güıçli. Emma, tersine, onda öz ıazıan zadyna jogapkärçilik duıgusy welin, juda pes. İazıan zady bilen edıän işlerini deñeşdirseñ, bu adamda jinnek ıaly-da ahlak jogapkärçiligi görünmeıär. Onuñ ıazıan zatlaryna, ruslar aıtmyşlaıyn, diñe ”slovesnyı ponos”, ıagny ”dilden züwdürmek” hökmünde garasa bolar! Şol hem onuñ jurnalistlik we ıazyjylyk önüminiñ gyzan bazardaky bahasydyr... Özüne bähbitli bolsa, İowşan arwahy öwmelem bolsa bardyr. İowşan Annagurban arwahy – adam, adamyny-da – arwah diıip görkezip biljek az sanly türkmen ıazyjylaryndan biridir. Şeıle adamlardan men türkmen ıazyjylarynyñ, jurnalistleriniñ we alymlarynyñ arasynda 50 ıaşyma çenli bary-ıogy birnäçesine duşdum, olardan anyk adyny tutjaklarym: İowşan Annagurban, Durdymuhammet Gurban, Şöhrat Kadyr, Nazar Hudaıberdi, Sapar we Parahat Yklymowlar, Annaguly Nurmämmet, Halmyrat Söıün, Myrat Esen. Nokat. Bu adamlar, özlerine bähbidi bolsa, itiñ başyna selle orap, ony ahun diıip, götergiläp eltip, metjidiñ töründe oturtjaklar. Bular dogry sözi diñe mejburlykdan aıdyp bilerler, dogry adamyny diñe egrini tapmadyk ıagdaılarynda goldap bilerler. Nokatdan soñky sözüm. Ady agzalanlaryñ ıene-de bir ”synpdaşy” bar. Ol goşguçy bütin ömri poeziany öz haram keıpi üçin ulandy. Adalatly gepläp, adalatsyz ıaşady, mertligi öwüp, namartlyk, jomartlygy öwüp, husytlyk etdi. Goşguda – gowulygy, durmuşda welin, mydam erbetligi goldady. Şol sebäpden men ony diri jeset hasap edıärin. Jesediñ adyny tutmak bolsa, dirä päl däl.
39. İeñijiler we ıeñlenler tapyşıarlar! İazyjylaryñ iñ soñky X Gurultaıynda ıeñen hem ıeñlen toparlanyşygyñ baştutanlary we işeññir agzalary tiz wagtdan başistik diktaturanyñ gyzgalañly gurluşygynda tapyşdylar! Başgaça bolubam biljek däldi, çünki ol iki topralanyşygyñ ikisi-de reakasion üışmeleñdi, ”wezipe ıesirleridi”. Wezipäniñ sakasy-da, elbetde, Köşkdedi, onsoñ olar Köşgüñ hyzmatynda däl-de, eıse nirede tapyşsynlar?! Şondan soñ ıeñen we ıeñlen topar egin egne berip, Türkmenistanda başistik diktaturany gurmaga girişdiler… Şol gurluşykda tiz watdan Berdinazar Hudaınazarow, Baıram Jütdiıew, Rahym Esenow, İowşan Annagurbanow, Sapar Öräıew, Durdymuhammet Gurbanow, Annaguly Nurmämmedow, Gözel Şagulyıewa, Akmyrat Hojanyızow, Annaberdi Agabaıew, Atamyrat Atabaıew dagylar bir agzybir kollektiwe öwrülip, tä süregine ıetdirip, sürçekleri çykıança ”jan aıaman” zähmet çekdiler! İowşan Annagurbanow, Durdymuhammet Gurbanow, Rahym Esenow, Amanmyrat Bugaıew ıaly bir aılawda Köşkden daşaryk zyñylan hyzmatkärler-de soñra ”Azatlyk” radiosyndan özlerine düşewüntli wezipe hantama boldular. Bulara meñzeş tüısi bozuk nadanlara geljekde türkmeniñ güni galmawersin!
40. Halypa we şägirt İowşan Annagurbanyñ ıazyjylyk, jurnalistik tejribesinden mysal… ”Daıanç” jurnalynda ”azlyk, uzluk, halallyk” diıip, öwüp arşa çykaran adamlarynyñ iñ saılantgysy bolan şahyr Baıram Jütdi bilen arasy bozulan badyna İowşan oña ”Hozanak” diıip at berdi. Hozanak örän durnuksyz jandar. Emma Baıram Jütdi edebiıatda – İowşanyñ halypasy, bu ile belli fakt! Eger B.Jütdi hozanak bolsa, onda hozanagyñ şägirdi kim bolıar? Galyberse-de, hozanak ne halal, ne-de nusgalyk, ol peıdasyz, mugthor jandar hasap edilıär… Emma ”Daıanç” jurnalynda Baıram Jütdini ”azlygyñ, uzlugyñ, halallygyñ” nusgasy edip görkezen İowşanyñ özi dälmi nä? İeri, onsoñ mugthorlyk, parazitlik nire – halallyk, nusgalyk nire?! Öz bähbidine görä, halaly – haram, haramy – halal diıip görkezmäge mydama taııar İowşanyñ jogapkärsizligi depe saçyñy syh-syh edıär. Ilki ”Daıanç” jurnalynda halallygyñ nusgasy diılip görkezilen Baıram Jütdi, soñra mör-möjegiñ derejesine çenli aşak düşürilıär. Onuñ İowşanyñ jan ıaly halypasydygyny bilıänler oñaısyz ıagdaıa düşıärler. İöne gürrüñ munuñ bilen hem çäklenmeıär. Şägirt öz halypasyny ilki hozanaga deñäp, soñam ol jandary çagaka nädip gynaışyny jikme-jik gürrüñ berıär: ”Oglanjyklar bolup meıdanda hozanak tutardyk. Soñ sübsäniñ tilini (telini bolsa gerek? – A.W.) ıa-da başga bir uzynja çöpi hozanagyñ ıeñsesine dürterdik…” Bu setirler İowşan Annagurbanyñ edepden we etikadan sagdyn düşünjesiniñ ıoklugyny görkezıär. Halypañ hakda onuñ bilen hatda agzyñ alaransoñ hem beıle hapa zatlary ıazmak şägirt üçin gelşiksiz. Soñra ol öz halypasyna şeıle baha kesıär: ”…şahyryñ “meni” öz sözleriniñ yzynda durup bilmedi, sähel kynçylyga ıan berdi, dostunam, Watanam, döredijilik we professional namysynam bir ıana taşlady, diñe häkimlik edıänlere ıaranmak isläp şeıtdi…” Haıranlar galaımaly! Bu setirleri okap, kim bilen iş salyşıandygyñy bilip bilseñ bil-dä! Türkmen Döwlet Universitetiniñ Türkmen filologiıasy fakultetini gutarsa-da, şol döwürde hereket eden döwlet kanunlaryny gödek bozup, öz alan mugallymçylyk hünäri boıunça iki ıyl mekdepde işlemekden gaçyp, iki setiriñ başyny çatyp bilmeıärkä ministr agasynyñ kömegi bilen ıazyjylaryñ ”Edebiıat we sungat” gazetinde wezipe eıelän, soñam ıaş başyndan iñ reaksion hökümetparaz edebi toparlanyşyga goşulan, düşünjesi ters gelip däl-de, hökümdar bilen wezipe üstünde tersleşip, bäş gün dissidentsirän, altynjy günem onuñ öñünde ıene bil epen, diktatoryñ ıörite açyp beren ”Diıar” jurnalynda wezipe alan, adamzat taryhyndaky iñ gazaply, ganhor rejimleriñ birine gulluk eden, Köşkde mürzeçilik eden adam utanman-uıalman, bu sözleri ıazar diıseñ, eıse kim ynanar? İowşanyñ ”Daıanç” jurnalyndaky makalasyny okap, diñe onuñ kimleriñ bähbidini gorap, näme sebäpden ıazylanlygyny bilmeıänler aldanyp bilerler. Jazyjylaryñ X Gurultaıynda İowşanyñ hem onuñ hökümetparaz toparynyñ düşewüntli wezipe almak üçin söweşendigini görenler üçin ”Daıanç” jurnalyndaky makala lüt utulan humarbazyñ içi kitüwli agysyny ıatladıar. Dissidentleriñ jurnalynda dökülen bu gözıaşa ”krokodil gözıaşlary” diıilıär! Şägirdiñ öz halypasyna sylag-hormatyny-ha gördük. Munça bolanyna görä, halypanyñ öz şägirdine beren bahasy bilenem tanşalyñ. Baıram Jütdi: ”İowşan ıaly agyp-dönüp ıörene, iıen duzuny depeleıän deııusa ”Aı, sen bozuk heleıçe-de ıok ekeniñ” diııändir türkmen. Hak aıdylan gep.” Bu setirleri okanyñda, oñaısyz duıgy döreıär. Hamana, iki adam sögüşıär… Olaryñ biri beılekisine, kellesi gyzyp, ”agsak haramzada!” diııär, garşydaşam oña ”agsak deııus!” diıip jogap berıär. İöne olar sögüşip bolup, hersi öz ugruna ıöräp ugranlarynda, bu wakany keseden synlap duranlar ıañkylaryñ ikisiniñ-de agsakdyklaryny görüp galıarlar… İowşan Annagurban bilen Baıram Jütdi biri-birini ıaranjañlykda, durnuksyzlykda aıyplanlarynda, iki agsagyñ biri-birine ”agsak!” diıip, barmak çommaldyşlary bialaç hakydaña gelıär. Şägirt bilen halypanyñ dialogyny şu ıerde bes edeliñ. İogsa, bujurygy artjak. Sebäbi, bilip bolmaz, bu makalany aıal-gyzlaryñ, çaga-çugalaryñ hem okamagy ahmal…
41. Täze dona – köne ıama! Köpüñ isleginiñ tersine, B.Jütdi, İ.Annagurban, A.Nurmämmet, D.Gurban, A.Hojanyıaz ıaly ”azlyk-uzluk-halallygyñ” öñ bir gezek edil şol wezipeden yzyna it salnyp kowlan R.Esenowy gaıtadan Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ başlygy edip, ıazyjylaryñ boınundan dakjak bolmaklygy nämäniñ alamatyka? Bu wakada Baıram Jütdiniñ bolşy düşnükli – ol, edil R.Esenow ıaly, edebiıata TKP MK-dan gelen adam, şol sebäpdenem olar biri-birini goldamasalar bolmaz. İöne İowşana näme gerekdikä? Eıse, ol R.Esenowyñ we B.Jütdiıewiñ nähili adamlardygyny bilenokmydy? Diñe bir bilmek däl, añyrsyna-da geçıärdi! İöne onuñ özi-de şol tetellidi, şolar ıaly hökümetparazdy. Ol edebiıata, hakykata däl-de, özüni edebiıata getiren adamlara, öz hökümetparaz toparlanyşygyna gulluk edıärdi. Ol öz bähbidine gezek gelende, adalaty depgilemäge hemişe taııardy. Bu fakt – şahsy we toparlaıyn bähbide gezek gelende – onuñ añynda geçmişe-de, geljege-de ıer ıoklugyny görkezmeıärmi? Häzirki wagtda “Azatlyk” radiosynda gündelik diıen ıaly ürç edip gaıtalaıan bir jümlesini İowşan hut şol döwürde özüne şygar edinipdi. Ol Gelveciniñ: “Eger özlerine garşy bolsa, adamlar akyla hemişe garşydyrlar” diıen pähimidi. Bu pähimden ugur alman, İowşan gaıta pislenıän gylygy özüne ıörelge edindi. Belki, ol akyldaryñ nämäni ündeıänligine düşünen däldir? Gelveciniñ pähimi adamlary akylyñ ahlagyñ garşysyna gitmekden saklanmaga çagyrıar. İowşan bolsa, dananyñ ündewine uıup, akylyñ garşysyna gitmekden saklanmagyñ deregine, bu pähimi özüne baıdak edinip, öz ıöwselligini, adalatsyzlygyny aklamaga dyrjaşıar. İöne ol, öz bähbidine gabat gelmänsoñ, Adrian Gelvecide başga-da bir pähimiñ barlygyna üns bermedik bolarly. Ine, ol pähim: ”Akmak üçin akyl – dumany dargatmazdan, duman içre ıanyp duran çyradyr”… Gepiñ tümmek ıeri – akmagy akyl neılesin… Eger-de, “Daıanç” jurnalyndaky makalada “azlyk-uzluk-halallyk” diılip görkezilen adamlaryñ toparyna gaıdyp gelsek, onda olaryñ baştutanlarynyñ biri bolan Rahym Esen ozal bir gezek 1972-nji ıylda TKP MK-a tarapyndan, ıazyjylaryñ garşylygyna bakmazdan, zorluk bilen İazyjylar guramasyna başlyk bellenıär. Şonda Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz ıaly uly ıazyjylar Rahym Eseniñ golastynda işlemäge namys edip, protest hökmünde öz wezipelerini taşlap gidıärler. Bu uly ile belli fakt. Bu wakadan sowet döwründe ıazyjylaryñ hemmesi habarlydy. Diñe ady tutulan iki zehin däl, şonda İazyjylar guramasyndan başga-da birnäçe adam protest hökmünde wezipelerinden çekilipdiler. Muny İ.Annagurbanyñ bilmezligi mümkinmi? Meger, mümkin däl. Sebäbi uly ile belli faktlary, onda-da hut ıazyjylaryñ özüne, İazyjylar guramasyna degişli faktlary bilmedik nädip ıazyjy bolıar? Şol gezek ıazyjylaryñ arasynda protest artyp baransoñ, hökmürowan TKP MK öz wepaly kadry R.Esenowy 1976-njy ıylda mejbur bolup, hamana ”başga işe geçıänligi” sebäpli İazyjylar guramasyndan yzyna ıygnaıar. Şonda hut TKP MK-nyñ şol wagtky 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurowyñ özi gelip, ıazyjylaryñ öñünde çykyş edıär we Rahym Esenowy öz ganatynyñ astyna alıar. Beıle gymmatly kadryñ kompartiıa, hökümete örän gereklidigini nygtap, ony apalap, oña “Gupbaly jaıdan” uly wezipe berıär. Bu ıerde R.Esenowyñ turuwbaşdan edebiıatyñ däl-de, hökümetiñ, kompartiıanyñ adamsydygyny anyk görse bolıar. Elbetde, ol kompartiıanyñ özüne eden uly ynamyny ödeıär we uzak wagtyñ dowamynda, has takygy, tä SSSR ıykylıança, hatda ol ıykylansoñ hem birnäçe wagtlap Türkmenistanyñ milli garaşsyzlygynyñ garşysyna göreşdi, ganhor kompartiıany dargatdyrman saklajak boldy. İazyjy hökmünde onuñ esasy wezipesi hem Türkmenistan İazyjylar guramasyny hökümetiñ we kompartiıanyñ baknalygynda saklamakdy. “Adalatyñ” howandary İowşan bolsa, öz ıegre dostlary bilen 1990-njy ıylda R.Esenowy gaıtadan arzyly kürsüde gomadyp oturtmakçy boldy. Ol täze dona, täze döwre köne ıama saljak boldy. Bu pyrryldagy başa barmansoñam, “Daıanç” jurnalynda “dat” edip, “krokodil gözıaşlaryny” paıratdy! Onuñ “Daıanç” jurnalyna goşandy diñe şundan ybaratdy.
42. Diktator diñe bir gezek öz wadasynda tapyldy! Türkmenistan İazyjylarynyñ iñ soñky Gurultaıynda hökümetparaz agressiw toparlanyşygyñ pygyllary paşmady. Olar özlerine meñzeş, ıöne has köpsanly toparlanyşykdan göz-gülban ıeñildiler. İöne diktator öz dostlaryny uzak horlap biljek däldi. İazyjylaryñ soñky Gurultaıynyñ derejesini özara çaknyşyklara çenli aşak düşürip berendikleri üçin olary sylaglamak onuñ diktatorlyk borjudy. Onsoñ ol bu toparlanyşyga ”Diıar” ady bilen ıörite täze bir edebi-jemgyıetçilik jurnaly açyp berdi! Şeıdibem wezipä suwsan toparlanyşyga girıän ıazyjylaryñ öñüne süñk oklady. Olaram, ikirjiñlenip durmazdan, ol süñki entek howadaka gapdylar... Baıram Jütdä ol jurnalda Baş redaktoryñ orunbasary wezipesi, İowşana-da bölüm müdürlik ıetdi. Soñra diktator ”gaıduwsyz dissidenti” Köşge, öz ıanyna işe aldy. Ulaltdy… İowşan Köşkde işläp, diktatora Söz we Metbugat azatlygyny, edebiıaty depgilemäge, ıazyjylaryñ bokurdagyny bogmaga, türkmen halkyny dyza çökermäge, başizmiñ düıbüni tutmaga kömek etdi. Aslynda bu gömelteı dörtlük Saparmyrat Nyıazowdan has öñ, 90-njy ıyllaryñ ilki başynda, edebiıatda öz şahsyıet kultlaryny ornaşdyrmaga synanyşypdylar. İazyjylaryñ ıygnaklarynyñ birinde şahyr Näzik Annatyıewanyñ olara ”Üıtgedip gurmagyñ Dört Çaryıary” diıip mahabatlandyryp durşy şu günki ıaly ıadymda! Soñra bu şahyr zenan öz ”ıürek joşgunyny” goşgy setirlerine geçirdi: ÜÇ İIGIT
İowşan Annagurbana,
Üç ıigit – üç ezizlem,
Sygynyp päk niıete
Ersıär meniñ ıüregim,
Siz şu günki uçurym –
Siz guruljak binalañ ”Sovet edebiıaty” jurnaly, 1990, Nr 11, 154 sah. İ.Annagurban, D.Gurban, A.Hojanyıaz hem biraz soñra Türkmenistanyñ DIM-de ornaşan A.Nurmämmet ıazyjylaryñ eserlerini gadagan etmekde, hatda senzuradan hem at gaıtarym öñe düşdüler! Döwlet senzurasy bularyñ yzyny eıgermän, tiz wagtdan Prezidentiñ Metbugat gullugynyñ ıumuş oglanyna öwrüldi. Mysal üçin, Karl Marks adyndaky Döwlet kitaphanasyndan şu setirleriñ awtory we beıleki birnäçe dissident ıazyjylaryñ eserleri hakdaky kartoteka maglumatlar 1993 ıylyñ başynda ıok edildi. Dissident ıazyjylaryñ döredijiligine degişli kartotekalary ıok etmek hakyndaky gizlin görkezmäniñ Türkmenbaşynyñ Metbugat gullugyndan gelendigini bize kitaphananyñ işgärlerinden ikisi gynanç bilen habar berdi. İogsa, biz ol wagt entek Türkmenistan İazyjylar guramasyndan çykarylmandyk. Başizmiñ ıazyjylardan azan nökerleri ”telpek getir” diıilse, kelle getirıärdiler. Has dogrusy, olar erkin edebiıaty ıok etmekde S.Nyıazowa görelde bolup, ıol görkezipdiler. Türk neşirıaty 1993-nji ıylda Türkmen ıazyjylarynyñ eserleriniñ ıygyndysyny düzende-de, hut şeıle boldy. İ.Annagurban bilen D.Gurban ıene-de senzuradan öñe düşdüler. Prezidentiñ Metbugat gullugy türk dilinde çykmaly kitapdan dissidentleriñ eserlerini gyraklatdy.
43. Şeıtana sapak berenler Eger ady agzalan mürzeler Köşkden kowulmadyk bolsalar, onda olar basym türkmen senzurasynyñ elinden işini alyp, ony çöreksiz hem aç-ıalañaç goıjakdylar! Emma bu edepsiz adamlar tizara öz pällerine uçradylar. Haçanda Berdi Kerbabanyñ, Hydyr Derıanyñ, Çary Aşyryñ, Pomma Nurberdiniñ we beıleki klassyklaryñ eserlerini ”köne”, ”sowet ideologiıasyna ıugrulan” diıen bahana bilen türkmen mekdepleriniñ okuw kitaplaryndan aıryp, deregine öz ”döwrebap eserlerini” girizjek bolan wagtlary bu şeıtana sapak beren kişiler ahyrsoñy öz yzlaryndan ıetdirdiler. Prezidentiñ şol wagtky Metbugat mürzeleri İowşan Annagurban, Durdymuhammet Gurban, Akmyrat Hojanyıaz we olaryñ ıakyn egindeşi, Türkmenistanyñ Daşary işler Ministrligine tanyşlyk arkaly sümülen Annaguly Nurmämmet dagynyñ Prezidentiñ adyna bukulyp, amala aşyrjak bolan kümsük işini şol wagtky Bilim ministri merhum Baıram Sähedow paş etdi. Metbugat gullugyndan bu duıdansyz görkezme gelende, jogapkärçilik uly bolansoñ, B.Sähedow, buırugy ıerine ıetirmezden ozal Türkmenbaşyñ huzuryna baryp, buırugyñ ıazmaça berilmegini soraıar. Şonda ol buırugyñ galpdygy belli bolıar. Prezidentiñ adyndan berlen bu görkezmäniñ yzy derñelip ugraıar. Gyssaga düşen kärdeşleri bu ”ideıanyñ” kime degişlidigini hojaıynlaryna ıetirıärler. Netijede okuw kitaplarynda Berdi Kerbabanyñ, Hydyr Derıanyñ, Çary Aşyryñ we beıleki klassyklaryñ ıerini aljak bolan ıaş ıazyjy İowşan Annagurban Köşkden kowulıar. Sebäbi şondan soñ Prezidentiñ Metbugat gullugyna ıazyjylaryñ arasynda ”Press-banda” diıip başladylar. Elbetde, bu-da diktatory ynjalykdan aıran bolmaga çemeli, onsoñ ol günäkäre bialaç çäre görmeli boldy. İowşanyñ ”Azatlyk” radiosyndan edıän çykyşlaryny diñläp, Köşkde otyrka şeıle pis işlere baş goşanlygyny bilmek kyn. Düınki Köşk mürzesi – bu günki demokrat. İöne onuñ ozalky kärine, wezipesine, derejesine, endigine wepalydygyny ”Azatlygyñ” mikrofonyny kimleriñ hyzmatynda goııanlygyndan biläımeli. Susagyñ sapy İowşanyñ elinde bolsa – gezek elmydam ozalkylaryñky… İ.Annagurbanyñ Türkmenbaşynyñ yzyna düşüp, Türkiıeden, Eırandan, Hytaıdan, Türkmenistanyñ dürli welaıatlaryndan beren ıaranjañ reportajlary entek adamlaryñ gulagyndan gidenok. Eıse ol ”Türkmenbaşy geldi welin, Was topragynda ıel ıatyp, gün çykdy duruberdi” diıip, 1993-nji ıylda televizorda eden çykyşy, beıleki ıaranjañ çykyşlary, makalalary bu gün adamlaryñ ıadyndan çykaıandyr öıdıärmikä? Meniñ pikirimçe, çykmasa gerek. Sebäbi ol öwgüler, ol ıaranjañlyk – Türkmenistanda şol döwürde gurlup başlanan adamhor rejimiñ ilkinji kerpiçleri bolupdy. Eger türkmen halky bu elhençligiñ geljekde gaıtalanmagyny islemese, onda başizmiñ binıadyny esaslandyran Durdymuhammet Gurbanyñ, İowşan Annagurbanyñ, Annaguly Nurmämmediñ, Akmyrat Hojanyıazyñ, Kakamyrat Ballynyñ, Berdinazar Hudaınazaryñ, Annaberdi Agabaıyñ, Sapar Öräniñ, Amanmyrat Buganyñ, Atamyrat Atabaıyñ, Baıram Jütdiniñ, Näzik Annatynyñ, Gözel Şagulynyñ, Osman Ödäniñ we käbir beıleki ıazyjy-şahyrlaryñ, jurnalistleriñ geçen asyryñ 90-njy ıyllarynda başizmi döretmäge goşan goşantlaryny, onuñ hyzmatynda durup, eden gabahat işlerini hiç haçan unutmaly däldir. Türkmenbaşy haçanda özi kitap ”ıazyp” başlansoñ, ozalky ”tapajyn” mürzesiniñ ideıasyny, elbetde, hezil edip ulandy. Sowet döwrüniñ klassyklarynyñ özlerini-de, eserlerini-de okuw kitaplaryndan gyrakladyp, deregine öz ”döredijiligini”, ”Ruhnamany” girizdi.
44. Gul-gyrnagyñ bazary…
Her gün açdy gul-gyrnagyñ bazaryn, 1991 ıylyñ 27-28-nji fevralynda bolup geçen Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ X Gurultaıy Türkmenistanda Söz we Metbugat azatlygynyñ köküne palta urup, öz işini tamamlady. Özbaşdaklyk ıoluna düşen Türkmenistanda demokratiıanyñ mañlaıyndan diremeli, Söz we Metbugat azatlygyny goramaly türkmen ıazyjylary iki gün dowam eden Gurultaıda düşewüntli wezipeleriñ üstünde özara çaknyşyp, demokratik gymmatlyklaryñ gabryny çuñdan gazdylar… Netijede şondan soñ Türkmenistanda rehimsiz diktatura giñ ıol açyldy. İazyjylar bolsa, il-güni unudyp, diñe öz aladalary bilen ıaşamaga başladylar… Iñ soñky Gurultaıda ıazyjylardan utany ıok. ”Utdum” diıip, heşelle kakanlar hem diñe geljekki diktatora zerur bolany üçin ”utandyklaryny”, iş ıüzünde S.Nyıazowyñ uludan guran oınunda özleriniñ diñe küşdüñ pyıadasyna öwrülendiklerini bilip galdylar. İöne olar soñra öz düşen duzaklaryndan sypyp bilmediler. Sebäbi şondan soñ Türkmenistanda diktatura hüjüme geçdi. Geljekki Türkmenbaşynyñ ıazyjylaryñ Gurultaıyna eden aıylganç sowgady – senzura soñra biziñ dogduk topragymyzda Söz we Metbugat azatlygynyñ köküni köwledi. Türkmenistan İazyjylar guramasynyñ X Gurultaıynda diñe bir adam – geljekki diktator Saparmyrat Nyıazow utuş gazandy. Gurultaıdan soñ kän wagt geçmänkä, ol İazyjylar guramasyny-da, beıleki döredijilik gurmalary-da derbi-dagyn etdi. Döredijilik intelligensiıany bolsa mal kimin, köçä kowdy. Diktator munuñ bilen hem çäklenmedi. Ol Ylymlar Akademiıasyny, ıüzlerçe kitaphanalary, etraplardaky we welaıat merkezlerindäki syrkawhanalary, Opera we Balet teatryny-da ıapdy. S.Nyıazow milletiñ adama mynasyp ıaşamagy üçin howa ıaly zerur zatlaryñ hemmesini ıok edip, olaryñ deregine türkmen topragynda diñe bir zady: gul-gyrnagyñ bazaryny açdy… Türkmen halky indi ol bazary hemişelik ıapjak gerçege garaşıar. İöne halkyñ mañlaıyndan direjek är ıigit ıat ilden gelmez. Sebäbi ol gabahat bazary açanlar türkmeniñ özünden önenler. Diımek, bu masgaraçylykly bazary ıapjaklar-da hökman türkmeniñ özünden önmeli. Ol bazardan özüne gerek ”harydy” satyn almaga gelıän köp bolsa-da, türkmene hossar çykyp, ony ıapjak är kişi özge ilden tapylmaz. Ol gaıratly ogul-gyzlar türkmeniñ özünden önmeli we olary türkmeniñ özi ıetişdirmeli! Gaıduwsyz, gerçek ogul-gyzlary dogrup, olary düşünjeli hem batyr göreşiji edip ıetişdirıänçä, türkmeniñ ıagdaıy düzelmez. Ol öz topragyna-da, onuñ ıerasty, ıerüsti baılyklaryna-da eıe bolup bilmez. ”İaşaıan ıerim – Türkmenistan, men – türkmen. Diımek, men bu topragyñ hakyky eıesi. Meniñ ata-babalarym bu toprakda ıaşapdyrlar, men hem bu eziz toprakda ıaşaıaryn, meniñ agtyk-çowluklarym hem bu toprakda ıaşamaly. Şonuñ üçinem şu toprakda bolup geçıän her bir jemgyıetçilik ähmiıetli wakadan men hökman habarly bolmaly. Prezident – wagtlaıyn, men we meniñ nesillerim bu toprakda baky. Şonuñ üçinem Türkmenistanyñ nebitiniñ, gazynyñ kime, nirä we näçeden satylıandygyny men hökman bilmeli! Wagtlaıyn ıolbaşçynyñ ebedi topragy, onuñ hasaply baılyklaryny bihasap sowurmazlygy üçin men sak durmaly. Prezidentden, hökümetden hasabat soramaga meniñ şu ıurduñ grajdanini hökmünde hakym bar, meniñ okamaga, ösmäge, adam şekilli ıaşamaga hukugym bar!” diıen düıpli öwrülişik Türkmeniñ añynda tizräk bolup geçmese, betbagtlyk uzaga gider. Belki, halkyñ añyndaky bu örän zerur öwrülişik dogduk topragymyzyñ tebigy baılyklary büs-bütin ıele sowrulmanka, şagala şam bolmanka, nebit-gazymyz tükenmänkä, ıer urup-ıerde galmankak, ıurt hemişelik tozmanka bolup geçäıedi-dä! |