|
Ak Welsapar |
|
TÜRKMEN TOPRAGYNYÑ GARAŞSYZLYGY UGRUNDAKY SÖWEŞLER |
|
Jeıhun bilen
bahry-Hazar arasy, Magtymguly, XVIII asyr |
| GARRYGALA SÖWEŞI Garrygalada 1858 ıylda
Eıran goşunlary bilen türkmenleriñ arasynda bolan taryhy söweş. Duşmanyñ
öz öñünde goıan maksady: Sumbar jülgesini we Garrygalany basyp almak, bu
giñişligi Eırana gutarnykly tabyn etmek. Eıran şasy Nasyretdin şa (şalyk süren ıyllary: 1831-96) Sumbar jülgesini basyp alyp, ony Eırana birikdirmegi ıüregine düwıär. Munuñ üçin ol öz golastyndaky wassaly, Büjnürdiñ häkimi Japarguly hana Günorta Türkmenistana ıöriş etmegi, Sumbar jülgesini we Garrygalany basyp almagy emr edıär. Japarguly han goşun toplap, ägirt uly leşger bilen Sumbar jülgesine tarap hereket edip ugraıar. Bu habary eşidip, gökleñler söweşe taııarlyk görüp başlaıarlar, ıöne täk özleriniñ öñünde durardan sürnüp gelıän duşmanyñ güıjüniñ has ökdedigini bilip, harby kömek sorap, tekelere we ıomutlara çapar iberıärler. Käbir tire-taıpa han begleriniñ garşy çykmaklaryna garamazdan, tekeler we ıomutlar goşun iberip, gökleñleri goldamagy, umumy duşmana garşy bilelikde söweşmegi ıüreklerine düwıärler. Türkmenleriñ birleşen
güıçlerine teke hany Nurberdi han baştutanlyk edıär. Söweş Garrygalanyñ
golaıynda, Monjuklydepe diıen ıerde bolup geçıär. Uzaga çeken gandöküşikli
gazaply uruşda türkmenleriñ birleşen güıçleri Eıran goşunlaryny çym-pytrak
edip, örän möhüm taryhy ıeñiş gazanıarlar. Bu wakadan çykıan netije diñe
bir söweşde gazanylan harby ıeñiş bilen çäklenmeıär. Garrygala söweşiniñ
taryhy sapaklary has uludyr. Tire-taıpalara bölünip ıaşasalar-da,
türkmenler iş ıüzünde özleriniñ bir bütewi halkdygyny sürnüp gelen
duşmanyñ öñünde-de, taryhyñ öñünde degerli subut edıärler.
MARY SÖWEŞI Maryda 1860 ıylda Eıran goşunlary bilen türkmenleriñ arasynda bolan söweş. Duşmanlaryñ öz öñünde goıan maksady: Mary oazisini basyp almak we bu topragy Eırana hemişelik tabyn etmek. *** Garrygala söweşinden (1858) degerli netije çykarmadyk Eıran şasy Nasyretdin Garrygala söweşinden bary-ıogy iki ıyl geçensoñ, ıene-de türkmenleriñ üstüne harby ıöriş guraıar. Bu gezek ol Mary sebitini basyp almagy ıüregine düwıär. Ol öz ıakyn garyndaşy Hemze Mürze Eşmet Döwläni ägirt uly leşgere baş edip, Mary etrabyna ıollaıar. Ok-däriden, iımitden, geıim-gejimden ykjam ıüküni tutan 27 müñlük leşger 30 sany topy süıräp, Marynyñ üstüne dökülıär… Mary türkmenleri duşmana degerli gaıtawul bermek üçin Murgap derıasynyñ aşak akymynda ıerleşıän Garaıap diılen ıere çekilıärler. Eıran goşunlary Murgap derıasynyñ orta akymlarynda ıerleşıän taşlanyp gidilen Porsugala berkitmesinde goş ıazdyrıarlar. Iki tarap hem öñdäki söweşlere taıynlyk görıär. Eıran leşgerlerine goşulyp, türkmen topragyna gelen pereñ kartografy we injeneri Gulibef de-Blokviliñ ıazgylaryna görä, agzalıan söweşiñ dowamyndaky harby hereketler 1860 ıylyñ iıulyndan tä oktıabr aıynyñ ortasyna çenli dowam edıär. Söweşiñ barşynda Eıran goşunlary taşlanyp gidilen Mary galasyny eıeläp, ol ıerde her gün irden top atyp, söweş teblini kakyp, surnaı-kernaı çalyp, türkmenleriñ howuny basmak üçin dabaraly öwrümler geçirıärler. Türkmenler bolsa, diñe özlerine belli gizligin ıol-ıodalar, köne ıaplaryñ hanalary bilen gelip, duşmanyñ üstüne dyngysyz we duıdansyz çozuşlary edıärler. Bu duıdansyz çozuşlarda türkmen batyrlary öz atlaryny taryhyñ gatlaryna müdümilik ıazıarlar. Dört sany türkmen atlysy – Gowşut han, Täçgök serdar, Nury ıetimek, Kelhan Kepele – bir gün dañdan ukuda ıatan basybalyjy Eıran goşunlarynyñ arasyna urduryp girip, edil goıun sürüsine möjek darana dönderıärler, duşmana köp zyıan ıetirıärler. Emma yza dolananlarynda, Kelhan Kepeläniñ aty büdräp, ol ıaralanıar we duşmanlaryñ eline ıesir düşıär. Türkmenleriñ garadangaıtmazlygyndan öler ıaly gorkan Hemze Mürze ele düşen batyra aıylganç jeza berıär. Kelhan Kepeläniñ ellerini we aıaklaryny dört ata ıüp bilen dañyp, soñra atlary dört tarapa birden sürıärler… Emma duşmanlaryñ ele düşen türkmenlerden gazaply öç almaklary-da, birnäçe esse artyk harby güıçleri-de, dyngysyz haıbatlary-da türkmenleriñ söweşjeñ ruhuny peseldip bilmeıär. Gaıta hemmesi tersine bolıar, türkmenleriñ söweşjeñlik ruhy gün-günden ösıär. Netijede Oktıabr aıynyñ ortasynda Seıit Nasyrgalanyñ ıanynda bolan aıgytly söweşde türkmenler san taıdan özlerinden birnäçe esse agdyk Eıran goşunyny derbi-dagyn edıärler. Eıran basybalyjylary ol ıerden masgara bolup gaçıarlar. Türkmenleriñ eline olaryñ süıräp gelen toplaryndan ençemesi, köp mukdarda ıarag, ok-däri we beıleki oljalar düşıär. Pereñ kartografy Gulibef de-Blokvil hem türkmenleriñ eline ıesir düşıär we Maryda on dört aılap ıesirlikde bolıar. Soñra, pereñ kartografy bilen ozaldan baglaşylan şertnama görä, Eıran häkimiıetleri ony köp pul berip, ıesirlikden boşadıarlar. Fransiıa dolanyp baransoñ, Gulibef de-Blokvil ”Türkmenleriñkide 14 aı ıesirlikde” diıen kitabyny çap etdirıär. Ol kitapda pereñli ıesir türkmenleriñ öz dogduk topraklaryny gahrymançylykly goraıyşlary, söweşjeñ ruhlary, belent adamkärçilik sypatlary dogruda gyzykly gürrüñ berıär. Bu söweşlere ajaıyp türkmen şahyry Mollanepes-de urşujy hökmünde gatnaşıar. Şahyr bu söweşleriñ birinde agyr ıaralanıar we ıarasy simläp, birnäçe aıdan soñ, 1861 ıylda aradan çykıar. Mary urşuna serkerdelik eden Gowşut hanyñ harby zehini, Täçgök serdaryñ batyrlykdaky şahsy göreldesi, urşujylaryñ gaıduwsyzlygy soñra külli türkmeniñ guwanjyna öwrülıär. Türkmenler gysga wagtyñ içinde ikinji gezek basybalyjy Eıran goşunlarynyñ üstünden ıeñiş gazanyp, öz topraklaryny goramaga ukyplydyklaryny subut edıärler. Garrygala we Mary söweşinden soñ türkmenleriñ gaıduwsyzlygy, batyrlygy we ıeñilmezekligi hakdaky habarlar bütin Gündogara ıaıraıar. Fransuz diliniñ üsti bilen bu habar Europa ıurtlaryna-da baryp ıetıär. Dowamy bar |