Täze kitap!

GORKY BELASY
Roman
2010-09-22

 

”Gün” neşirıatynda ussat türkmen ıazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baıragynyň laureaty Tirkiş Jumageldiniň ”Gorky belasy” atly täze kitaby çykdy. Bu kitaba ıazyjynyň soňky ıyllarda döreden iki eseri - "Gorky belasy" atly romany we "Ömürzaıa" powesti - girizildi. 23-26-njy sentıabrda Şwesiıanyň Göteborg şäherinde geçıän Halkara kitap ıarmarkasynda bu kitabyň tanyşdyrylyşy bolar. Biz İewropada, aıratynam Şwesiıada ıaşaıan türkmen okyjylaryny Halkara kitap ıarmarkasyna gatnaşmaga we ”Gün” neşirıatynda çap edilen täze türkmen kitaplary bilen tanyşmaga çagyrıarys!

Tirkiş Jumageldi. Gorky belasy: roman we powest. – Stockholm: ”GÜN” neşirıaty, 2010. – 382 s.

 TIRKIŞ JUMAGELDI, türkmen ıazyjysy, Türkmenistan İazyjylar guramasynyň agzasy, ıigrimiden gowrak edebi-çeper kitaplaryň awtory; türkmen dilinde ıazıar.

Ussat türkmen ıazyjysy, Magtymguly adyndaky milli edebi baıragyň laureaty Tirkiş Jumageldiniň bu kitabyna onuň soňky ıyllarda döreden iki eseri girizildi.

                      ”Ömürzaıa” eseriniň baş gahrymany, oba gelni Altynyň obrazy arkaly ıazyjy geçen asyryň ortalarynda türkmen milli ahlagynyň öňünde keseren ıiti soraglara jogap agtarsa, ”Gorky belasynda” türkmen jemgyıetiniň şu günki duçar bolan kynçylyklaryny döwürdeşlerimiziň ykbalynda howsalaly jikme-jikliginde açyp görkezıär.

                      Dürli döwürlerde öz öňünden çykıan global soraglara türkmen jemgyıeti degerli jogap tapyp bilıärmi? Halkyň milli ahlagy, milli aň-düşünjesi durmuşyň jogapkärli öwrümlerinde duşıan agyr synaglara näderejede hötde gelıär? Ine, bu kitaby eline alan okyjylaryň ıüzbe-ıüz bolıan soraglary.

”Gün” neşirıaty