|
POSTSOVET GIŇIŞLIGINDEN ÇYKAN İYLAN…
|
| Okyjynyň „Kepjebaş“ romany hakda bellikleri |
|
Ak Welsaparyň „Kepjebaş“ romany 2005-nji ıylda okyjylara gowuşdy. Roman iki bölümden ybarat (her bölümde 10 bap bar.) Bu Romanda adama öwrülen ıylanyň obrazy arkaly ozalky SSSR-iň territoriıasynda dörän ıaş döwletleriň gysga wagtda kvazi demokratik diktaturalara öwrülişi hakda gürrüň berilıär. Romandaky wakalar ozalky postsovet giñişliginde bolup geçıän wakalar bilen meňzeş. Şonuň üçinem „Kepjebaş“ romanynyň Türkmenistana ıa-da Merkezi Azyıa ıurtlaryndaky reallyga baglanmagy – diňe şertli zat. Iş ıüzünde bu antitotalitar roman diňe bir biziň döwrümizdäki aıylgançlyklary görkezmek bilen çäklenmän, häzirki döwürdäki totalitar rejimleriň taryhy köklerini hem aňsatlyk bilen tapıar we olary paş edıär. Romany okasaň, bir zada düşünıärsiň: postsovet giňişliginde bolup geçıän elhençlikleriň taryhy kökleri çuñ, olar öz-özünden dörän ıa-da öz-özünden ıok bolup gitjek rejimler däl... Eger kitabyň gahrymanlarynyň atlaryny postsovet giňişliginde biziň günlerimizde hereket edıän anyk syıasy figuralaryň atlary bilen çalşyrsaň, onda roman dokumental esere golaılajak. İöne kitabyň çeperçiligi munuň üçin asla kemelmezdi! Sebäbi ıazyjy postsovet giňişliginde bolup geçıän wakalary, iň esasy-da halkyň, adamlaryň gündelik durmuşyny örän çeper beıan edıär. Autoryň wakalary çeper obrazlaryň, edebi gahrymanlaryñ üsti bilen görkezmegi kitabyň gerimini giňeldıär we ony bütin adamzat taryhyna degişli edip goııar! Bu romany okan postsovet giňişliginiň her bir ıaşaıjysy kitapdaky Jenap ıoldaş prezidentiñ we onuñ töweregindäkileriñ gylyk-häsiıetlerini öz ıurdunyñ dolandyryjy toparlarynyň häsiıetleri bilen deňeşdirip görse, onda haıran galaımaly meňzeşlikleri tapardy. İöne romanyň gahrymanlarynyň universal gymmaty, meniň pikirimçe, diňe munuň bilen tamamlanmaıar… „Kepjebaş“ romanynda umuman ähli döwürleriň häkimdarlaryna mahsus howply tendensiıalar suratlandyrylıar. Bu bolsa kitabyň Europada ıaşaıan okyjylar üçin-de diıseñ gyzykly hem gymmatly boljakdygyny tassyklaıar. Eıse şu wagt biz Europa bileleşiginiň birnäçe onıyllyklardan haısy ugur boıunça ösjekligini öňünden anyk bilıärismi? Biz öz geljegimizden arkaıyn bolup bilerismi? Eıse kim bize Europa bileleşiginiň avtoritarizmdan we totalitarizmden hemişelik halasdygyna kepil geçip biler? Eıse bu kepilnamany hut biziň özümiz öňünden gazanjak bolmaly dälmi? Bu ugurda „Kepjebaş“ ıaly antitotalitar romanlar hemişe peıdaly bolsa gerek? Totalitarizmden ägä bolmalydygyny biz eıse häzire çenli-de Frans Kafkanyň we Djordj Orueliň eserlerinden öwrenemzokmy? Meniň pikirimçe, Ak Welsaparyň „Kepjebaş“ romany bizi postsovet giňişliginde döräp, ıuwaş-ıuwaşdan bütin dünıä ıaıramaga synanyşıan we biziň geljegimize howp salıan diktaturanyň we diktatoryň täze förnüsi bilen tanyşdyrıar. Dogrymy aıtsam, bu tanyşlyk mende hüşgärlik duıgusyny oıarıar we hut şonuň üçin hem roman özüme örän peıdaly boldy diıip hasaplaıaryn. Adamlara zulum etmek üçin olary gyrmak hökman däl. Eger-de dürli bahanalar bilen olaryň erkini elinden alsaň, döwlet maşynyny adamlardan, olaryň duıgy-düşünjelerinden, hukuklaryndan ıokarda goısaň, şol hem zulumyň bir görnüşi! XXI asyryň başynda dünıäde ıüz beren syıasy wakalar we olaryň netijesinde adamzat sivilzasiıasynda bolup geçıän düıpli özgerişler hiç kimi biparh goıup bilmez. Bu meselede postsovet giňişligindäki, şol sanda stalinçilik Türkmenistandaky dowam edıän gorkunç wakalar, totalitar döwlet häkimiıeti, dolandyryjy toparlar tarapyndan adamlara edilıän zulum – diňe anyk mysaldyr. Europa sivilizasiıasynyň sesıetim ıakynynda Türkmenbaşy ıaly aıylganç diktatoryň döremegi we uzak wagtlap saklanyp bilmegi gorkunç fakt. Türkmenbaşy Günbatar bilen Gündogaryň arasynda syıasy oıun oınamagyň hasabyna 15-20 ıyllap bütin bir ıurduň halkyna itiň art aıagyndan suw içirip bilen bolsa – bu ıönelige däldir! Diımek biz häzirlikçe diktaturadan-da, zulumdan-da gutarnykly halas bolup bilen däldiris. Uçar bilen uçanyňda Europa bileleşiginiň merkezinden bary-ıogy 2-3 sagatlyk uzaklykda Türkmenbaşizm ıaly rejim döräp, uzak ıyllar halka gan ıuwutdyryp bilıän bolsa, onda bu adamzat sivilizasiıasynyň entek kämil däldigini we bize „Kepjebaş“ ıaly romanlaryň juda zerurdygyny subut edıär. Syıasy opponentlerini, başgaça pikirlenıänleri türmelere, dälihanalara atyp, dereksiz ıitirim edip, bir halkyň intellektual we medeni baılygyny gysga taryhy wagtda ıok edip, Türkmenistanyň diktatory Saparmyrat Nyıazov-Turkmenbaşy Orta asyrlarda däl-de, eıse biziň günlerimizde-de bu elhençlikleriň mümkinligini subut etdi. Munuň üçin diňe bir zat – diktaturanyň höküm sürıän ıurdunyň uglevodorodlara baı bolmagy we diktatoryň syıasy mekirligi, uly döwletleriň arasynda edil darbazçynyň tanapda ıöreışi dek deňagramlylygyny saklap, ıöräp bilmegi gerek eken! Erbet düışe meňzeş ıagdaıyň nädip kem-kemden hakykata öwrüliip bilıändigini Ak Welsapar „Kepjebaş“ romanynda ussatlyk bilen görkezıär. Romanyň baş gahrymany Jenap ıoldaş prezident gije-gündiz öz häkimiıetini berkitmek bilen meşgul. Ol öz golastyndakylara ynanmaıar. Onuň üçin duşman bilen dostuň tapawudy ıok, sebäbi dost duşmana öwrülip bilıär. Ol dünıä malyna eıe bolsa-da rahatlyk tapyp bilenok. Iň soňunda-da Jenap ıoldaş prezident näme etjegini bilmän, edil Niıazow-Türkmenbaşynyňky yaly „RU“ kitabyny ıazyp, adamlaryň şol kitaba görä ıaşamagyny talap edıär. „Ru“ kitabynda ol öz maşgalasynyň ähli agzalaryny mukaddes edip görkezıär we ıurduň ıaşaıjylaryny olara tagzym etdirıär. Halkyň erkini doly elinden almazdan, diktator arkaıynlaşyp bilenok, halky dyza çökerensoň hem oňa arkaıynlyk ıok. Ol keselli… Aıylganç şübhe, ynamsyzlyk ony içinden iııär, şonuň üçinem adamlary hiç bir zat onuñ zulumyndan gutaryp bilenok. Jenap ıoldaş prezident öz kommunistik geçmişinden hem horlukda geçen çagalygy hakdaky ıatlamalardan gutulyp bilenok, ol öz geçmişiniñ ıesirlinde. Şol günleriň gaıdyp gelmeginden gorkup, buky ıerde çörek saklaıar. Ol bütin ömri özüni çagaka aldap taşlap giden ejesine garaşıar… Mähriban ejesi aldap taşlap gidensoñ, soñra ol hiç bir ynsana ynanmaıar. Jenap ıoldaş prezidentiñ kemisli şahsyıetini döreden reallyklar şonuñ ıaly tragiki şowsuzlyklar. Ony häkimiıet başyna getiren zat bolsa – syıasy intrigalar we adamlaryñ arasyndaky özara ynamsyzlyk. Jenap ıoldaş prezidentiň üıtgeşik islegi ıok, onuň bar guwanjy – öz adyna tagzym edilmegi hem şöhrat. Ol ıurduň baılygyny saga-sola sowurmakdan, daşary ıurtlar bilen haıbatly kontraktlary baglaşmakdan hem televizorda görünmekden lezzet alıar. Onuň söııän zady-da – bol-telki iımitli, içgili banketler. Şol banketleriň bolmagy üçin ol kim bilen nähili şertnama baglaşmaly bolsa taıyn. Ol şeıdip wagt geçirıär. Kitabyň ıene bir gyzykly hem gymmatly tarapy – onda tebigatyň suratlandyrylyşy. Kepjebaş cöli taşlap, adam sypatyna girip, adamlaryň arasyna gelıär. Bu örän çeper görkezilıär. İaşaıan giňişliginiň bozulmagy ıylany öz geljegi üçin göreşmäge mejbur edıär. Biziň döwrümizde bütin dünıäde tebigata zulum edilıär. Turkmenistanda-da gazdyr nebiti gitdigiçe köp öndürmek üçin tebigat weıran edilıär: ösümlikler-de, haıwanlar-da öz ıaşaıyş giňişliklerini ıitirıärler. Kitapdaky Kepjebaş ıaşaıyş giňişligi elinden alnan jandar. Ol öz kowumdaşlarynyň betbagtçylygynyň sebäplerini gözläp, adamzat jemgyıetine gelıär. Bu ıerde-de ol özi ıaly adam sypatyna giren ençeme awuly jandarlara duşıar. Ondan başga-da beıleki dinleriň kemsidilmegi, korrupsiıa we adam hukuklarynyň basgylanmagy ıaly meseleler-de bu romanda adam ykballary arkaly örän çeper görkezilipdir. Eserdäki Çary-kitabyň obrazy muňa mysal bolup biler. Bu romany okan Europaly okyjylaryň ıadyna bada-bat Saddam, Milosewiç, Kastro ıaly biziň döwrümiziň aıylganç diktatorlary düşse gerek. Roman şeıle diktaturalaryň içini daşyna çöwrüp görkezıär. Galyberse-de, bu kitaby okan okyjy ömür boıy totalitarizmiň garşysyna durmaga özünde ruhy güıç tapar, zulumyň ıakyn-daşlygyna, öz üstüne abanıanlygyna ıa-da abanmaıanlygyna seretmez diıip, men umyt edıärin. Çünki „Kepjebaş“ romany diktatura diıilıän zadyň absolıut zulumdygyny, diktatorlara adamzat jemgyıetinde mundan eıläk orun bolmaly däldigini adam ykbalynyñ, çeper obrazlaryň, edebi gahrymanlaryň üsti bilen okyjylaryň aňyna we ıüregine ıetirıär. Bayram |