|
TÜRKMENIÑ ERKI – TAÑRYDANDYR!
|
|
Mukaddes Oraza baýramyñyz gutly bolsun!
|
|
Oraza baýramy ýagşy niýete baý. Ol adamlarda iñ gözel arzuwlary oýarýar. Bu gezek hem şeýle: Türkmenistanda Ýagşylygyñ Ýamanlygykdan üstün çykjagyna uly umyt döredi. Bu umyt gün-günden artýar. Türkmenistan şahsyýet kultunyñ ýetiren agyr zyýanlaryndan saplanmak ýoluna düşýär… Ýurtda soñky döwürde bolup geçýän özgerişler muña şaýat. Ýurduñ täze baştutany şahsyýat kultunyñ kerebinden saplanylmasa, öñe gitmegiñ kyndygyna gün-günden gowy göz ýetirýär. Ýöne bütin halkyñ goldawy hem güýji bolmasa, bir adama ýurdy düzetmek başartmaz. Halk öz hak-hukuklarynyñ goragyna hem şahsyýet kultunyñ zyýanly galyndylarynyñ garşysyna aýaga galmaly. Adamlar biri-birine ynanmaly we şol ynamy goramaly! Goý, türkmeniñ asyrlardan gelýän mert gylygy mukaddes Oraza baýramy günlerinde gaýtadan dikelsin! Mukaddes Oraza baýramynda birek-birege ýagşy arzuwlar edilýär. Bizem bu gün birek-birege iñ gowy arzuwlary edeliñ. Emma diñe arzuw bilen iş bitenok. Tañry öz ýagşy işlerini biziñ ellerimiz bilen etmeli! Adamlaryñ akyl-paýhasy, gujury – Tañryñ ýagşy işlerine uly kömekdir. Bu hakykaty inkär etmek – ”Alma biş – agzyma düş!” diýip, ýatan kölegesöýere ýaraşar, edenli hem akylly adamlara däl. Biz öz dogduk topragymyzda Adam hukuklarynyñ dabaralanmagyny öz güýjümiz bilen gazanmaly! Keseden gelip, hiç kes bize azatlygy sowgat bermez. Her ýurduñ baştutany diñe öz halklarynyñ aladasy bilen. Çünki öz halky şony talap edýär. Türkmenler hem öz prezidentinden, hökümetinden öz ýagdaýynyñ düzelmegini talap etmeli. Halkyñ bu talaby täze baştutanyñ ýagşy işlerine zerur goldaw bolar! Oña öz daşyny gabamaga jan edýän ýaranjañlaryñ sülsadyndan tizräk dynmaga kömek eder. Ýagşy dilegleriñ hasyl bolmagy üçin öz hak-hukuklarymyzyñ goragynda sak duralyñ. Goý, hiç kes türkmeniñ hakyny garawsyz iýip bilmesin! Onuñ hukuklaryny gypynçsyz bozup bilmesin! Türkmeniñ şahsyýet derejesindäki hem milli hak-hukuklaryny bozmaga milt eden adam kim bolsa-da, güýçli gaýtawul görsün! Tutan orazañyz hem-de ýagşy dilegleriñiz kabul bolsun! Beýik Tañry biziñ hemmämizi ýagty günlere başbitin ýetirsin! Ata-babalarymyz ”Ýagşy niýet – ýarym döwlet!” diýipdirler. Anyk iş, güýç-gaýrat bilen berkidilen ýagşy niýet – hak döwletdir! Türkmen öz erkine dilegçi bolmasyn: Türkmeniñ erki – Tañrydandyr! Ak Welsapar, ýazyjy |