Nazar Gulla
(1936-2005)

GADYMY HEM ORTA ASYR TÜRKMEN EDEBIİATY

TÜRKMEN SOVET ENSIKLOPEDIİASY
Aşgabat, 1978, tom 8, sah.343-347

Alym Nazar Gullanyñ ıagty ıadygärligine

 

Türkmenler İakyn hem Orta Gündogaryñ iñ gadymy halklarynyñ biridir. Şoña görä, gadymy halklaryñ beılekilerinde bolşy ıaly, türkmenlerde-de, halk döredijiligi bilen birlikde ıazuw edebiıatynyñ-da bolandygy düşnüklidir. Iñ gadymy döwür (takmynan b.e.öñ VII-VI asyrlardan b.e. IX asyryna çenli) folklorymyzyñ hem edebiıatymyzyñ esasy nusgalary hökmünde ”Avestany”, gadymy grek avtorlary Geredotyñ, Hores Mitilenliniñ ıazgylarynyñ üsti bilen bize gelip ıeten ”Tumaris”, ”Şirak”, ”Rüstem”, ”Odatida hem Zariadr” hakdaky legendalary, parfiıan zamanynda ıazylan ”Zaririñ ıadygärligine”, ”Hurma agajy we geçi” ıaly poemalary, Orhon hem Eniseı derıalarynyñ boıundan tapylan VII-VIII asyrlara degişli daşyñ ıüzüne ıazylan ıadygärlikleri, Mahmyt Kaşgarynyñ (XII asyr) ”Diwany lugat at-türk” kitabyndaky nakyllardyr goşgy bentlerini, dürli ertekilerdir rowaıatlary görkezmek bolar.

Gadymy Turanyñ özbaşdaklygy ugrundaky göreşleri, pähimli hem merdana aıal patyşa Tumaris, dana hem ugurtapyjy çopan Şirak (çaryk) hakdaky legendalar özleriniñ watansöıüjilik, ynsanperwerlik bilen baglanyşykly ideıalary ündeıändikleri üçin ünsi çekseler, Zarirdir Rustem hakdaky legendalar şol meşhur serkerdeleriñ gahrymançylykly hereketlerini täsirli suratlandyrıandyklary bilen gyzyklydyr.

”Odatida hem Zariadr” diıen legendada Midiiıa şasynyñ inisi Turan şazadasy Zariadryñ skif şasy Omargyñ gyzy Odatida bolan söıgüsi, Omargyñ öz ıalñyz gyzyny çet ıurtla çykarmak islemeışi, Odatidanyñ ugur tapyjylygy bilen söıgülileriñ tapyşyşlary, soñra üstleri açylmanka Turana gaçyşlary gyzykly teswir edilse, ”Hurma agajy we geçi” atly parfian poemasynda hurma agajynyñ üsti bilen ıokary gatlak, geçiniñ üsti bilen-deaşak gatlak wekilleriniñ jemlenen allegorik obrazy berlip, olaryñ adamlar üçin haısy biriniñ has peıdalydygy hakynda edıän jedelleri arkaly aşak hem ıokary gatlagyñ biri-birinden tapawudy, olaryñ adamzat jemgyıetindäki orny dogrusynda pikir ıöredilıär. Özara çekişmede geçiniñ üstün çykmagy bolsa jemgyıeti ösdürıän, öñe alyp barıan esasy güıjüñ aşak gatlak adamlardygyny şol zamanlarda hem azu.köp düşünilendigine şaıatlyk edıär.

Gadymy hem irki orta asyrlarda bulardan başga-da ençeme eserleriñ bolandygy düşnükli zat. İöne olaryñ köpüsi bize gelip ıetmändir.

Bu döwürde türkmen topragynda önüp-ösen, ykbalyny onuñ bilen baglanyşdyran Ibn Küteıbe, Abu Magşar Horasany, Ahmet Saba al-Merwezi, Abu Bekr Nakgaş, Abdyl Hamyt Wasy, Abulwezir Omar al-Abdy al-Kätip, Abulfazyl al-Merwezi, Abdylla ibn al-Mübärek al-Merwezi ıaly onlarça görnükli alymlar, arap hem pars dillerinde eser döreden Abul Apbas Merwezi, Abu Nasyr Merwezi, Bagdatda ıaşan edebiıatçy hem meşhur küştçi Abu Bekr as-Suly aş-Şadranjy (Sadranjy), Abu Nasr az-Zarify al-Abiwerdi, Ammaraıy Merwezi, Kesaıy Merwezi, Abu Nazar Abdyleziz ibn Mansur Asjady Merwezi, Abu Hanafiıe Merwezi, Ferdöwsiden-de öñ ”Şanama” temasynda ilkinji poemany (966 ı.) döreden Masudy Merwezi, Abu Salyh Gürgeni, Hanzala Badhyzy, Bähramy Sarahsy, Abu Hasan Aly Lowkeri, Hysrowy Sarahsy, Abu Sagyt ibn Abulhaıyr Mähneıi ıaly ençeme tanymal şahyrlar ıaşap geçipdir.

XI-XII asyrlar bütin İakyn hem Orta Gündogarda bolşy ıaly, türkmen edebiıatynyñ-da ıokary ösen döwri bolıar. Bu ösüş türkmeniñ kynyk taıpasyndan gelip çykan seljuklaryñ guran uly imperiıasynyñ syıasy-ykdysady taıdan güıçlenmegi, ylaıta-da, onuñ Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ıaly beıik häkimleriniñ bu ugurda belli bir derejede eden tagallalary bilen baglanyşyklydyr. Hatda seljuk hökümdarlaryndan Aly Beritegin, Gylyç Tamgaç, Togrul ibn Arslan, Jelaleddin Mälik şa, Soltan Sanjar, Tugan şa, Süleıman ibn Soltan Muhammet dagy ıalylar şygyr ıazypdyrlar. Şeıle bolansoñ, Türkmenistanyñ Abiwert (Bawert – Kaka), Amul (Çärjew), Gürgen, Mäne, Nusaı, Paraw (Gyzylarwat), Saragt, ylaıta-da, Mary, Ürgenç ıaly şäherleri ıerligi türkmenleriñ özlerinden hem-de Gündogaryñ beıleki milletlerinden bolan şol zamanyñ iñ görnükli şahyrlarydyr alymlarynyñ, bagşy-sazandalarydyr kompozitorlarynyñ, hudojnikleridir binaçy arhitektorlarynyñ we gaıry sungat adamlarynyñ köp ıygnanan medeni merkezlerine öwrülipdir. Şeılelikde Nyzamylmülk, Omar Haııam, Abu Seıit as-Samany Merwezi, Fahreddin ar-Razy, Jürjäni, Mahmyt Kaşgary, Muhammet al-Horezmi, al-Hazyny, Muhammet Awfy Merwezi ıaly uly-uly alymlar, Fahreddin Esgat Gürgeni, Abdylmälik Gurhany, Jöwheri, Emir Muezzi, Mahesti, Nasyr Hysrow Merwezi, Enweri Abiwerdi (Bawerdi), ”Bagtyıarnama”, ”Sindibatnama” eserleriniñ avtory Şamseddin Muhammet Dagaıygy, Edip Sabyr Termezi, Reşidetdin Batbat, Mahmyt Semaıy Merwezi, Ysmaıyl Baharyzy, Fakyhy Merwezi, Futuhy Merwezi, Fahreddin Merwezi, Kütübetdin Mähneıi, Humaı Merwezi, Mueııit Mähneıi, Hoja İusup Mähneıi, Humaıy, Hysrowy Sarahsy, Şemal Dehistany Horasany, Zehir Nesewi, Zahyr Faraby, Nasyr Nesewi, Aly Kengany Gürgeni, Muhammet ibn Bady Nesewi, Lamaıy Gürgeni, Abul Hasan Bähramy Sarahsy, Abdyrahym Aıazy Sarahsy ıaly ençeme görnükli şahyrlar şol şäherlerde ıaşapdyrlar, ylmy hem çeper eserler döredipdirler, ajaıyp binalar gurupdyrlar.

Bu döwürde edebi hem resmi döwlet dili parsy bolup, alymlardyr şahyrlaryñ aglabasy öz eserlerini şol dilde döretseler-de, olaryñ arasynda türkiçe ıazanlary-da bar. Muña mysal edip, meşhur alym Mahmyt Kaşgarynyñ ”Diwany lugat at-türk” (”Türki sözleriñ diwany”) atly monumental sözlügini, tanymal şahyr hem filosof Hoja Ahmet İasawynyñ diñe Türkmenistanda däl, eıse bütin Orta Azyıada, hatda Kiçi Azyıada-da ıörgünli bolan hikmetlerini görkezmek bolar. Olar muny, elbetde, özleriniñ pars dilini bilmeıändikleri üçin däl, tersine, iki dili-de gowy bilip, türkiniñ hiç bir babatda pars dilinden kem oturmaıandygyny görkezmek hem-de öz pikir-duıgularynyñ, ideıalarynyñ hut türki kowumlaryñ arasyna giñ ıaıramagy, iñ sada adamlara-da düşnükli bolmagy üçin şeıle edipdirler. Muny, mysal üçin, Hoja Ahmet İasawynyñ öz hikmetleriniñ birinde: ”Farsy tilni bilibän, hub aıtadur türkini” diımegi hem tassyklaıar. İeri gelende aıtsak, Hoja Ahmet İasawynyñ (takmynan 1103-66) hikmetlerinde terkidünıäligi, takdyra ten bermekligi, ylalaşyjylygy ündemek bilen birlikde, eziji synpa, zalym hökümdarlara, döwrüñ adalatsyzlyklaryna bolan protest-de, nebsewür, parahor kazy-kelanlary, emelsiz alymlary, iki ıüzli, kezzap molla-müftüleri, ”haram ıygıan” aldawçy hekimleri berk ıazgarmak häsiıeti-de güıçli.

Dowamy bar