ONJUGYŇ BOİNUNA MONJUK!

 

(Onjuk Musa we beıleki ıaranjaňlara bagyşlanıar)

 
Adama meňzeıäň,
Geıinıäň eşik.
Emma seň ynsabyň
Eleme-deşik!

Häkimi öwıärsiň,
Bileňok çakyn.
Mugt däl. Iımek üçin
Il-günüň hakyn.

Sende ar-namys ıok,
Guwanıaň ada.
Janyň hökümdara
Berdiň öň wada.

Ezraıyl gapyda
Tüıdük çalanda,
Onjuk, sen nirdediň
Ajal gelende?!

Serdar öldi, a sen
İaşap irmediň!
Nämüçin oň bilen
Gabra girmediň?

Haçana çen beıdip,
Ölüm toılajak?
Sen ıene näçeräk
Serdar jaılajak?..

Mende bir teklip bar,
Il-halk oňlasa,
İaşuly, ıaşkiçi
Sözüm diňlese…

Onjugyň haky ıok
Beıdip ıörmäge –
Serdaryndan galyp,
Döwran sürmäge!

Goı, indi ol bu gün
Özünden görsün:
Hindi zenany dek
Sözünde dursun.

Hindide är ölse,
Serdar mysaly:
Bir nöker ıakylıar,
Birem – aıaly…

İöne biz rehimli,
Däbe bendi däl:
Onjugam hindi däl,
Bizem hindi däl!

Onjuk Musaıeve
”Sagbol” aıdalyň.
Biz ony Gypjakda
Goıup gaıdalyň!
A.Welsapar