BAŞY ÖLÜMLİ HANY PYGAMBERE, TAŇRA DEŇÄN BAİRAM JÜTDİŇ BOİNUNA BİR DÜZÜM MONJUK

 

«…Otly barıar süınüp-süınüp,
Täze taryh barıar, ylla!
Gözüň aıdyň, gözel ilim,
Halha, düşüp gelıär Alla!»
Baıram Jütdi, ”Abat”,
”Edebiıat we sungat”, 1999 ıyl, 1-nji oktıabr

 

***
"Gitdim melgun alyna,
Toba, biri bar, toba.
Başym goıdum tuguna
Toba, biri bar, toba."
     «Sahra» gazetiniň 232-nji sany 5-nji okt/2007 ı

 

TAŇRYSYNY TANAMAZA KÄN SALAM!

 

Baıram Jütdiň pygamberi ölüpdir,
Musulmanlar, eşidiň oň zaryny!
Pelek onuň gara bagryn dilipdir,
Alypdyr elinden biribaryny!..

Päli azyp, paşmagyna gol urdy,
Nili azyp, Alla diıdi ol hana.
Wezipe, pul üçin bet oıun gurdy,
Şeıdip, ahyretin goıdy gümana.

“Öl” diıilse, togalandy ol külde,
Gapyldy ol, diıilende: kes sesiň!
Mes döwran sürjekdi ol erksiz ilde,
Şonuň üçin täzeledi mezhebin…

Dinden hem imandan tapman hemaıat,
Bilmän, ygrar, lebiz diıen gymmaty:
Täze dine girip, okady aıat,
Boldy şeıdip, "Türkmenbaşyň ymmaty"!

Baıram Jütdi, eger saňa pent etsek,
(Elbet, hasamyz ıok dürtüp-urmaga.)
İöne senem bir zady bil, bimessep:
Din hammam däl, girip-çykyp
ıörmäge!

Pany saňa haram – ötdi ägirdiň,
Bes et takalyňy toba, din hakda.
İanyňa-da al-da İowşan şägirdiň,
Müjewür bol, git-de indi Gypjakda!
 

A.Welsapar