2012-01-01
TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

GOÝ, 2012-nji ÝYL SIZE BAGTDYR BEGENÇ GETIRSIN!
ÝENEKI ÝYLLARA BAŞBITIN GOWUŞMAK HEMMÄ NESIP ETSIN!
GÜN NEŞIRÝATY
***
2011-11-30
”Gün” neşirýatynyň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap geçiren ”Dogduk topragyň howandary” atly Edebi bäsleşiginiň ýeňijileri
Bu gün biz sizi bäsleşikde ikinji ýeri alan ýaş şahyr Aman Nobatyň goşgulary bilen tanyşdyrýarys.
Buluda ýüzlenmek
Bulut, näme ýagta bereňok gerim? Günüň yşygyny gysganýarsyňmy? Ýa-da ýuwmak üçin dünýäniň kirin, Al-asmandan ýere gyssanýarsyňmy?
Belki-de, sen bir obanyň çetinde, Ýaş-juwanlaň duşuşygny bozarsyň. Belki-de, sen suwa mätäç ekine, Ösmek üçin ýerde yzgar bolarsyň.
Eý, bulut, sen gara geýip, ýas baglap, Ölen-ýitenleriň tutýarmyň ýasyn? Ýa köýen söýginiň agysyn aglap, Dökýärmiň sen gökden dury gözýaşyň? Bulut, sende näçe gizlin syrlar bar? Syryň aç, gel bärik daglardan aşyp! Suwsuzlara bolarsyň sen tenekar. Men saňa-da aşyk, güne-de aşyk!
Soňky hat
Meniň inçe duýgularmy jylawlap, Öz islän ugruna ýöreden dilber. Gözel görki bilen gözümi baglap, Ýüregimi gar dek ereden dilber! Bu günem sen ýakdyň meni oduňa. Derdimi dep etjek perman tapylmaz. Sen ýanaňda, kim ýeterkä dadyňa? Ýüregiň ýananda, derman tapylmaz. Gyzyl güller daşyň alyp durmaz seň, Çünki sen söýgiňi bilmediň aýap. Meniň üçin bu gün seniň bolşuň geň, Ýat bolupdyr saňa edepdir-haýa. Günler geçer, menem senden sowaryn, Başga bir heserem körär ýürekde. Men özge birine diýerin ýarym, Ýöne ýatlamalar galar sen hakda.
***
2011-10-27
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna!
”DOGDUK TOPRAGYNG HOWANDARY 2011”
EDEBI BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI
2011-10-21
Edebi bäsleşigiň žýurisiniň ýörite belligi
Biz bu Edebi bäsleşigiň jemini jemlän wagtymyz edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew türme tussaglygyndady. Hut şol sebäpdenem žýuri ”GÜN” neşirýatynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen Edebi bäsleşikde ýeňiş gazanan Döwletmyrat Ýazgulyýewi haýal etmän azatlyga goýbermegi talap etdi.
Şondan bary-ýogy birnäçe gün soňra zehinli edebiýatçy we žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew azatlyga goýberildi. Elbetde, adalatyň dabaralanmagy bizi begendirýär. Ýöne her halda biz Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna bir hakykaty ýatladyp goýmak isleýäris: öz professional borjuny ak ýürekden ýerine ýetirýän döredijilik adamlarynyň agzyny mumlajak bolmak synanyşyklaryny bes etse, türkmen häkimiýetleri üçin has abraýly bolardy!
Žýuri agzalary zehinli edebiýatçy we žurnalist, Edebi bäsleşigiň ýeňijisi Döwletmyrat Ýazgula we onuň maşgalasyna gözüňiz aýdyň diýýär! Şeýle-de poeziýa we proza žanrlaryndan ikinji baýraklara mynasyp bolan Aman Nobat bilen Baýmyrat Kepili edebi baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
***
Edebi bäsleşigiň jemleri dogrudaky maglumat
”Gün” neşirýatynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ”Dogduk topragyñ howandary” atly Edebi bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşigiň jemlerine görä, türkmenistanly ýaş ýazyjylaryň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Poeziýa žanry boýunça Aman Nobatyň bäsleşige ýollan goşgular toplumy ikinji baýraga mynasyp görüldi. Žýuri bu meselede öz gelen kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Ýaş şahyr Aman Nobatyň goşgulary türkmen poeziýasynyň öňden gelýän gowy däplerini dowam etdirýär. Bu goşgularda liriki gahrymanyň öz şahsy ykbaly, başdan geçirýän gapma-garşylykly duýgulary-da, poeziýanyň dürli tärleri ulanylyp, okyjylary gyzyklandyryp biljek derejä ýetirilýär. Aman Nobatyň goşgulary döwürdeş türkmen ýaşlarynyň öňdebaryjy böleginiň progressiw milli gylyk-häsiýetler, edep-terbiýe bilen birlikde umumyadamzat gymmatlyklaryna wepaly bolup galýandyklaryny görkezýär. Ýaş şahyryň goşgularynda ownuk-uşak çeperçilik ýetmezçilikleriň bardygyna garamazdan, olarda geljekki türkmen şahyrynyň döredijilik ýüzüni görmek mümkin”.
Bäsleşikde proza žanryndan ikinji baýrak ýaş ýazyjy Baýmyrat Kepile berilmeli edildi. Žýuriniň kesgitlemesi: ”Ýaş ýazyjy Baýmyrat Kepiliň döredijiligi ”Gün” neşirýatynyň ozalky edebi konkurslarynyň birinde 3-nji baýraga mynasyp bolupdy. Baýmyrat Kepiliň prozasy gyzykly, many taýdan goýazy setirler düşnükli hem manyly. Bu hekaýalardan döwrüň agyryly meseleleriniň awtory biparh goýmaýandygyny, onuň ruhy gözlegleriniň geriminiň-de gitdigiçe giňelýändigini görse bolýar. Ýaş ýazjynyň hekaýalary, edebi ýazgylary okyjyny döwür hakda bilelikde pikir öwürmäge, döwre baha kesmäge çagyrýar”.
Edebi konkursyň žýurisiniň kadadan çykma hökmünde bu gezek bir aýratyn edebi baýragy döredenligini-de aýtmak gerek. Edebi oçerkler žanry boýunça döredilen bu bir sany 1-nji baýrak ýaňy-ýakynda adalatsyzlyk bilen türmä basylan zehinli edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýewe gowşurylmaly edildi.
Žýuri öz kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Döwletmyrat Ýazgulyýewiň edebi makalalary türkmen edebiýatynyň bu žanra degişli däpleriniň iň gowularyny dowam edýär we ösdürýär. Türkmeniň geçmiş gahrymanlarynadyr, Gündogaryň belli edebi şahslarynadyr olaryň eserlerine bagyşlanan bu edebi oçerklerde düýpli meseleler gozgalýar. Bu işler okyjylary diňe bir taryhy şahslar, olaryň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrman, eýse öz çuňňur mazmuny bilen diňe bir geçmişiň däl-de, eýse hut biziň günlerimiziň aktual soraglaryny galdyrýar. Döwletmyrat Ýazgulyýewiň ”Jüneýt han”, Ferdöwsiniň ”Şanamasy” baradaky edebi işleri halkyň häzirki döwürde başdan geçirýän kynçylyklarynyň seljerilmegine we dogry ahlak netijeleriň çykarylmagyna goşant goşýar.
Zehinli edebiýatçy diňe bir döredijiligi bilen däl-de, eýse öz şahsy mertligi, kynçylyklaryň öňündäki durnuklylygy bilen-de türkmen okyjylarynyň, aýratyn-da ýaşlaryň gyzgyn goldawyny gazanmagy başardy”.
”Gün” neşirýaty we ”Dogduk topragyň howandary” atly Edebi bäsleşigiň žýurisi Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň geljekde-de galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edýär!
Şeýle-de Edebi bäsleşigiň žýuri agzalary we bäsleşigi gurnaýjy ”Gün” neşirýaty Türkmenistanyň häkimiýetlerinden toslama günä ýöňkelip, nähak türmä basylan zehinli edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň haýal edilmän azatlyga goýberilmegini talap edýär!
”Dogduk topragyň howandary 2011” atly
Edebi bäsleşigiň žýurisiniň adyndan –
Ak Welsapar,
”Gün” neşirýatynyň Baş redaktory
2011-10-21
***
Bildiriş: Edebi konkursyň möhleti 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy!
2011-06-15
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GARAŞSYZLYGYNYŇ
20 ÝYLLYGYNA
BAGYŞLANAN EDEBI KONKURS!
”DOGDUK TOPRAGYŇ HOWANDARY”
2011
Edebi konkursyň möhleti 10-njy oktýabra çenli uzaldyldy! Bäsleşigiň žýurisi 10-njy oktýabra çenli neşirýata gelip gowşan çeper eserleriň bäsleşige gatnaşdyryljakdygyny habar berýär!
”GÜN” neşirýaty
Türkmenistanyň milli garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, 2011-nji ýyl üçin ”Dogduk topragyň howandary” atly nobatdaky açyk edebi bäsleşigi yglan edýär. Edebi bäsleşigiň maksady – türkmen edebiýatynyň we diliniň ösüşine goşant goşmak.
2011-06-15
Edebi konkursyň şertleri:
Bäsleşik proza (detektivden özge) we poeziýa žanrlary boýunça geçirilýär.
Eserler türkmen dilinde bolmaly. Konkursa 18-35 ýaş aralygyndaky ýazyjy-şahyrlar gatnaşyp bilerler.
Konkursa ozal çap edilmedik, radio, telewideniýe, beýleki elektron serişdeler arkaly köpçülige ýetirilmedik eserler kabul edilýär.
Konkursa ýollanjak çeper eserleriň göwrüminiň çägi:
a) prozadan her ýazyjy iki eser hödürläp biler. Eserleriň her biriniň göwrümi A4 standart kagyzda bir awtorlyk liste çenli bolmaly (24 sahypa);
b) poeziýadan her awtor umumy göwrümi 500 setire çenli eserlerini iberip biler.
Eserler post (poçta) arkaly ýa-da elektron görnüşde ”Gün” neşirýatyna ýetirilmeli. Eserleri kabul etmegiň soňky möhleti 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabry. Şoňa çenli neşirýata gelip gowşan eserler bäsleşige gatnaşdyrylar.
Konkursa gelen golýazmalar yzyna gaýtarylmaýar.
Konkursyň jemi boýunça Žuriniň gelen kararyna goşmaça düşündiriş berilmeýär.
Edebi bäsleşige gatnaşyjylar öz isleglerine görä, lakam ulanmaga haky bar.
Konkursda proza we poeziýa žanrlary boýunça aýratynlykda baýrakly orunlaryň üçüsi bar:
1-nji baýrak: 300 USD (bir sany).
2-nji baýrak: 200 USD (bir sany).
3-nji baýrak: 100 USD (bir sany).
Edebi bäsleşikde baýrak alan eserler soňra umumy ýygyndy görnüşinde çap ediler. Bu kitaba baýrakly orunlara düşmedik, ýöne Žuriniň gowy bahasyna mynasyp bolan awtorlardan hem birnäçesiniň eserleri giriziler.
Edebi konkursyň Žurisi:
1. Ak Welsapar, ýazyjy;
2. Hudaýberdi Hally, ýazyjy;
3. Gözel Durdyýewa, şahyr;
4. Allamyrat Rahym, şahyr;
5. Kuwwat Berdiýew, edebiýatçy.
Edebi bäsleşigiň jemleri 2011-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda yglan ediler.
Eserleri ýollamak üçin adres:
Gün Förlag
Fannagatan 36 B
749 41 Enkoping
SWEDEN
Elektron görnüşdäki eserler şu adrese iberilmeli: gunedebikonkurs@gmail.com
”GÜN” neşirýaty
2011-06-15
***
TÜRKMEN DILINDE EDEBI KITAPLAR
Ak Welsapar: ”Kepjebaş”, roman, türkmençe, gaty daşly, bahasy 10 USD. Studentler we pensionerler üçin 5 USD.
Ak Welsapar: “Kobra”, roman, rusça, gaty daşly, bahasy 15 USD. Studentler we pensionerler üçin 5 USD.
Ak Welsapar: ”Böwsülen tümlük”, roman, türkmençe, ýumşak daşly, bahasy 10 USD, Studentler we pensionerler üçin 5 USD.
Tirkiş Jumageldi: ”Milli oýun”, roman, türkmençe, gaty daşly, bahasy 10 USD. Studentler we pensionerler üçin 5 USD.
Tirkiş Jumageldi: ”Gorky belasy”, roman, türkmençe, gaty daşly, 10 USD. Studentler we pensionerler üçin 5 USD.
Post (poçta) çykdajysy: 2 kg çenli ýüki dünýäniň islendik ýurduna ugratmak: 25 USD.
*Bir gezekde birnäçe kitap alynsa, poçta çykdajysy azalýar, ýagny çykdajy kitap sanyna bölünýär.
Mysal: 3 student bir gezekde 3 kitap alsa, kitap olaryň hersine ýol harjy bilen bilelikde 14 USD-den düşýär.
Bu kitaplaryň ýany bilen B.Gökleňiň, A.Welsaparyň goşgular kitaplary, sowgat hökmünde, mugt iberilýär.
*Kitaplary şu adrese sargyt edip bolýar: gunesh.redaktor@gmail.com
Kitaplaryň käbiriniň elektron görnüşini “Gün” neşirýatynyň internet saýtyndan tapyp bilersiňiz: www.gunesh.org
***
2011-02-15
(”Gorkut Atanyň kitaby”)
***
DÖWHÄ GOJA OGLY
DÄLI DOMRUL BOÝUNY BEÝAN EDER
Oguz illerinde Döwhä goja ogly Däli Domrul diýen bir är bardy. Ol bir gury çaýyň üstünden köpri gurup, kim şondan geçse, otuz üç akja (akja: teňňe, pul – Ak Welsapar) alyp, geçmedikden-de, gaýta ura-ura, kyrk akja alardy. Muny etmesiniň sebäbi onuň özüne aşa göwni ýeterdi. Onsoň ol: “Dünýäde menden däli, menden güýçli är tapylsa, ol meniň bilen söweşe çyksa. Şonda meniň ärligim, batyrlygym, çalasynlygym, ýigitligim Ruma, Şama ýetip, äleme ýaýrardy!” diýerdi.
Bir gün şol köprüniň ýamajyna bir oba göçüp geldi. Şol obada bir ýagşy ýigit dünýäden ötdi. Allanyň emri bilen ol ýigit öldi. Kimse ogul diýu, kimse gardaş diýu, aglaşdylar. Ol ýigit üçin uly ýas baglandy. Duýdansyz ýerden Däli Domrul bu oba atyny çapdyryp ýetip geldi, aýdar:
– Meniň köprümiň ýanynda näme üçin aglarsyňyz, bu ýas, bu gowga näme?
Olar:
– Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin aglaşarys – diýip, jogap berdiler.
Däli Domrul:
– Siziň ol ýigidiňizi kim öldürdi? – diýdi.
Olar aýtdylar:
– Alla tagaladan buýruk boldy. A:l ganatly Ezraýyl onuň janyny aldy.
Däli Domrul:
– Ol adamyň janyny alýan Ezraýyl diýýäniňiz kimdir? – diýip sorady. – Eý, kadyr Alla, birligiň, barlygyň haky üçin Ezraýyly bir meniň gözüme görkez! Onuň bilen söweşeýin, çekişeýin, dikleşeýin, bu ýagşy ýigidiň janyny gutaraýyn! Gaýdybam Ezraýyly ýagşy ýigitleriň janyny almaz ýaly edeýin! – diýdi.
Däli Domrul ol ýerden gaýtdy, döndi, öýüne geldi. Hak tagalaga Domrulyň sözi ýakmady.
– Bakyň, bakyň! Däli kişi meniň birligimi bilmez, birligime şükür kylmaz. Meniň dergähimde men-menlik eýlär – diýdi. Ezraýyla buýruk etdi:
– Ezraýyl, sen bar-da, ol däli kişiniň gözüne görüngil. Onuň meňzini saraltgyl! Harladyp, janyny algyl! – diýdi.
Däli Domrul kyrk ýigidi bilen iýip-içip oturardy. Duýdansyz ýerden Ezraýyl onuň gapdalyndan çykdy. Ezraýylyň öýe girenini ne çawuş gördi, ne gapy sakçysy. Ine, birdenkä Däli Domrulyň görer gözi görmez oldy, tutar elleri tutmaz oldy, dünýä-älem gözlerine garaňkyrap göründi. Däli Domrul ner kibi kükreýip, gygyrdy:
– Ja:n, ne haýbatly goja sen?!
Gapyçylar seni görmedi, çawuşlar seni duýmady,
Meniň görer gözüm görmez oldy, tutar ellerim tutmaz oldy!
Titredim, janym joşa geldi,
Altyn käsäm elimden ýere gaçdy,
Agzymyň içi buz kibi, süňklerim duz kibi oldy!
Eý, sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöňňe goja!
Mere, ne haýbatly goja sen, diýgil maňa!
Gadam-belam tokunar bu gün saňa!
***
2010-12-17
”GÜN” NEŞIRÝATYNDAN BUŞLUK HABAR!
”Gün” neşirýatynda çykan kitaplaryň ikisine ýaňy-ýakynda Şwesiýanyň Medeniýet ministrliginiň grant-baýragy berildi.
”Şwed dilinden beýleki original dillerde döredilen eserler üçin” diýen kategoriýa boýunça bu ýyl daşary ýurt ýazyjysy Tirkiş Jumageldiniň ”Milli oýun” romany hem-de şwed-turkmen ýazyjysy Ak Welsaparyň ”Ýagtylykda ýitenler” atly kitaplary edebi grant-baýraklara mynasyp boldy.
Biz ähli türkmen okyjylaryny türkmen edebiýatynyň gazanan bu ýeňşi bilen gutlaýarys. Neşirýat öz begenjini okyjylar köpçüligi bilen paýlaşyp, türkmen okyjylaryna garaşsyz edebiýata berýän ýürekdeş goldawlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär!
”Gün” neşirýaty,
2010-12-17
***
2010-1016
Akmyrat Esen
Kartoşka-geroý
Hekaýa
Aman daýym giçlik myhmançylyga geldi.
– Gel-geç, daýy, saçak başyna! – diýen mürehedimi göwünjeň kabul etdi. Öňünde goýlan kartoşka owmajyny işdämenlik bilen iýip oturyşyna:
– Şu gün-ä hem ýadaw hem aç – diýip, soňam şähere näme maksat bilen gelendigini düşündirdi: – Uruşa gatnaşan weteranlary ýygnaga çagyrdylar. Ýogsam bolmasa, men öýden kän bir çykybam ýöremok. Aýaklarda agyry bar bolansoň, dynç oturanym kem däl. Ýylda bir gezek bizi hem ýatlan boilýarlar, şoňa-da şükür. Düýbünden ýatlamasalaram, etjek alajyň ýok. Ýygnakda sowgat berdiler, alkyş aýtdylar, sag bolsunlar.
Ýöne ýaňy takside size gelýän wagtym bir aýal bar keýpimi gaçyrdy. Meniň döşümdäki orden-medallaryma göwnüýetmezçilik bilen seredip:
– Ýeňiş siziň ýeňşiňiz däl – diýýär. Ýeňiş türkmen halkynyň ýeňşi däl, ol rus halkynyň ýeňşi. Meniň halkymyň ýeňşi – diýýär. Ýaş, owadan rus aýaly. Ýüregi welin, tutaçdanam gara bolarly. Türkmenistanda ýaşap ýörse-de, türkmenleri äsgermeýän eken, ýüreginde-de ýigrenç toplap bilipdir. Belki, nämedir bir zada gahar edip ýörenlerdendir, belkämem, düşünjesi şeýleräkdir, bilmek kyn-da adamyň ýüregini. Menem oňa söweşlerde gurban bolan ýoldaşlarym barada gürrüň berdim. Diňläb-ä oturdy, belki näme, soňluk bilen pikirinem üýtgedäýedi-dä.
Men:
– Daýy çekilme, iýip-içip otur – diýdim.
Ol:
– Iýdim, bereket bersin. Tagamly kartoşka eken. Biler bolsaň, nemisi ýeňen kartoşkadyr. Uruşda bizi aglaba kartoşka bilen naharlardylar. Uruşmaga güýç-gurbat berenem kartoşkadyr. Kartoşka – geroýdyr! – diýdi.
***
2010-10-11
Eýran-türkmen şahyry Araz Muhammed Araznyýazy biwagt aradan çykdy. ”Güneş” saýty şahyryň ýakynlaryna hem dost-ýarlaryna öz gynanjyny bildirip, merhumyň hatyrasyna onuň döreden goşgularyndan birini çap edýär.
*
Araz Muhammed Araznyýazy
Galypdyr heniz!
Ýygnalsa-da çagalygyň saçagy,
Bir dişlem çöregim galypdyr heniz.
Bitmese-de bu gün baýrymda läle,
“Aýmy, Gün-teregim” galypdyr heniz.
Saçyma çal sepdi gyşyň aňzagy,
Bigünä baragym galypdyr heniz.
Üýtgese-de bu gün keşbi adamlaň,
Tanyş töweregim galypdyr heniz.
Seň gaşyňa gelmen ellerim gülsüz,
Pos tutan oragym galypdyr heniz.
Söýgi meniň jaýlasa-da umydym,
Umytdan geregim galypdyr heniz.
Ýykylsa-da ýaşyl başly çynarym,
Syrdam ak deregim galypdyr heniz.
Tylla Günüň naýzasyny gizleýän,
Gijede ýaragym galypdyr heniz.
Dag daşlarna ötmese-de dyrnaklam,
Yöne şir ýüregim galypdyr heniz.
***
2010-09-22
”Gün” neşirýatynda ussat türkmen ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty Tirkiş Jumageldiniň ”Gorky belasy” atly täze kitaby çykdy. Bu kitaba ýazyjynyň soňky ýyllarda döreden iki eseri - "Gorky belasy" atly romany we "Ömürzaýa" powesti - girizildi. 23-26-njy sentýabrda Şwesiýanyň Göteborg şäherinde geçýän Halkara kitap ýarmarkasynda bu kitabyň tanyşdyrylyşy bolar. Biz Ýewropada, aýratynam Şwesiýada ýaşaýan türkmen okyjylaryny Halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşmaga we ”Gün” neşirýatynda çap edilen täze türkmen kitaplary bilen tanyşmaga çagyrýarys!

Tirkiş Jumageldi. Gorky belasy: roman we powest. – Stockholm: ”GÜN” neşirýaty, 2010. – 382 s.
***
2010-09-01
”Güneş” saýty öz bäş ýyllyk ýubileýi mynasybetli edebi materiallaryň tapgyryny çap etmäge girişýär
Bu gün 1-nji sentýabr. Türkmenistanda 100 müňden gowrak oglan-gyzjagazlar ilkinji gezek ak mekdebiň gapysyny açyp, öz ene dilinde bilim almaga girişýärler. Şeýle bagt bu günki gün, kem-käsleýinem bolsa, Owgan türkmenlerine-de ýetdirdi. Yrak türkmenleri-de ýurtdaky diýdimzor režim ýykylansoň, türkmençe bilim almaga hukuk gazandylar. Emma uzaga çeken milli sütem zerarly bu günki yrak türkmenleri, gepleşikde türkmen dilini ulansalar-da, okuwda olara türk dilinde bilim almak aňsat görünýär. Sebäbi mekdeplerde türkmen dilinde okuw kitaplary, gollanmalar ýok, kitaplaryňdyr-gollanmalaryň hemmesi häzirlikçe diňe türk dilinde. Yrak türkmenleriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu ýagdaýyň birnäçe ýylyň dowamynda türkmen diliniň peýdasyna üýtgemegi mümkin. Ýöne bu ugurda Türkmenistan döwletiniň degerli goldawy gerek.
Ene diliňde bilim almak meselesinde iň agyr ýagdaý eýran türkmenleriniň başynda. Eýranda türkmen mekdebini açmak resmi taýdan gadagan. Şonuň üçinem bu gün ilkinji gezek mekdebe baran türkmen çagalarynyň gulagynda ene dili däl-de, pars dili ýaňlanar. Şeýdibem, ilkinji günden başlap, eýran türkmenleriniň ýene-de bir nesli parslaşmaga mejbur ediler.
Ählumumy bilim güni bolan 1-nji sentýabra gabatlap we eýran türkmenleriniň milli hukuklaryny goldap we olaryň bu ugurdaky parahatçylykly göreşine raýdaşlyk bildirip, bu gün biz öz okyjylarymyza eýran-türkmen şahyrlarynyň döredijiliginden käbir nusgalary hödürleýäris.
Bu goşgulary hödürlemek bilen bir hakykaty tekrarlamak zerur: pars şowinizmini ýöredýän we milli azlyklaryň hukuklaryny aç-açan depgileýän totalitar tähran režimi her näçe jan etse-de, bu režime eýran türkmenleriniň elinden milli kimligini almak başartmaz. Türkmenler, messebini, aslyny saklamak, öz gahryman ata-babalaryna mynasyp ýaşamak, türküläp aýtsaň, türkmen bolup galmak üçin asyrlar boýy göreşip geldiler. Bu göreş biziň günlerimizde-de dowam edýär. Munuň iň uly subutnamalarynyň biri – eýran türkmenleriniň medeni durmuşyna degişli mysallardyr. Eger-de türkmenler, Eýranda türkmençe bilim almagyň gadagandygyna garamazdan, öz ene dilinde goşgy ýazýan, edebi eserleri döredýän bolsalar, bu olaryň milli aň-düşünjesiniň ýaşaýandygyny we ösýändigini görkezýär. Sebäbi gündelik gürleşilýän, goşgy düzülýän, aýdym aýdylýan dil – diridir, ol dil geçmişde galmaz, ol diliň geljeginiň bardygy ikuçsyzdyr!
Ak Welsapar, ýazyjy
***
2010-05-30
Saralan
sahypalar syr açýar…
(1991-nji ýylyň awgusty)
Soňky ýyllardaky jemgyýetçilik durmuşymyza ser salanyňda ýazyjylaryň abraýynyň kem-kemden pese gaçýandygyny görmek bolýar. Türkmenistanly ýazyjylaryň fewral aýynda bolup geçen onunjy gurultaýynda hem bu ýagdaý barada gürrüň edildi.
Totalitar döwlet ykdysady taýdan belli bir kuwwata eýekä öz bähbitlerine hyzmat etdirmek üçin döredijilik işgärlerini dürli ýollar bilen goldaýardy. Agalyk ediji toparyň bellän çäginden çykmaýan ýazyjylaryň galam hakam, ordendir medalam, sylag-serpaýam öz wagtynda eýesini tapar durardy. Ýöne soňky döwürde döwlet bilen ýazyjylaryň arasyndaky aýy dostlugy tamamlanana meňzeýär. Indi döredijilik adamy diňe öz talantyna bil baglamasa, başga ýol ýok.
Ykdysady goldaw bermäge ukypsyz döwlet edebiýatyň, sungatyň julawyndan el çekmeli, olaryň boýnundan ideologiýanyň syrtmahgyny aýyrmaly boljakdygyna düşünýär. Bu ýagdaý bolsa, belli bir derejede döredijilik azatlygyny wada berýär. Täze şertlerde döwlet bilen edebiýatyň aragatnaşygy nähili bolmaly? Redaksiýada bolan aşakdaky gürrüňçilik, esasan, şol meseläniň daşynda aýlandy.
***
Poeziýa baýramçylygyna
Magtymguly
Baglar, heý!
Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara,
Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý!
Haýran-Mejnun bolup, çykam çöllere,
Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý!
Oýun bilen oglanlygyň deminden,
Ýetip geldim kämilligiň çeminden,
Köňlüm lerzan boldy dünýä gamyndan,
Tutdy synam çapraz-çapraz daglar, heý!
Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan,
Ýetip geldim kämilligiň paýyndan,
Batdy başym, çyka bilmen laýyndan,
Ýada düşer öňki gezen çaglar, heý!
Jahyllykda çar tarapa atyşan,
Bilmezlikden hamu işe gatyşan,
Ajyz galyp, garrylyga ýetişen,
Dert edinip, öz-özünden aglar, heý!
Magny aňlan Magtymguly sözünden,
Pikre düşer, ýaşlar akar gözünden,
Hemme zatlar tagýyr tapar özünden,
Ýa, reb, ýykylmazmy beýik daglar, heý!
***
20010-04-20
Edebi bäsleşigiň ýeňijisi!
Baýmyrat Kepil
Köp zatlar üýtgäp barýar. Köp zada goşulyşyp, bizem üýtgeşiklige uçraýarys. Aslynda, seredip otursaň, biziň duçar bolýan üýtgeşikliklerimiz durmuşa bolan höwesimizi artdyrýar. Onsoň biziň ýaşamaga bolan hyjuwymyz has hem goýazylaşýar. Eýsem, tebigatyň maňzynda üýtgeşiklik ýokmy näme? Özgeriş, kämillik ýa-da bolmasa, has ýönekeý dilde aýdanymyzda, özgerişlik.
Hyýal dünýämize gezelenç edýäris; ilki bilen ýadymyza pyntyklap oturan ýaşyl hyjuwly agaç düşýär. Ýa-da bolmasa, saralyp-solan ýapraklarmy? İkisinde-de tebigatyň gözelligi bar, ikisi-de özünde durmuş pelsepesini jemleýär. Pyntyklar – ternelik, gögelelik, sary ýapraklar bolsa kämillik, gaýtalanmazlyk. Bir pursat oýlanyp, içki dünýämize ser salsak näme üçin Ezizowyň sary ýapraklardan monjuk örenine göz ýetirip bileris. Bir ýerde ýaprak barada gürrüň edeninde ol şeýle diýýär:
“Sary şemal ony tändirip geçýär”
Ussat suratkeşiň kämil galamyndan dünýä inen ýakymly surat ýaly ýokarky setirler bizi özüne bendi edýär.
Gözümiň öňünde sary şemal we sary ýaprak ikisi bilelikde janlanýar. Sary ýapraklary idirdedip, öňüne salyp kowalap barýan öçügsi şemal – aýralygy ýadyma salýar.
Has-haslap, ýola düşen gazaply otly güýzüň çigrek howasynda al-asmandan öçügsi şöhlesini eçilip, öz yzyndan garap galýan Günüň ýadaw tyglarynyň astynda öňe sary omzap barýar. Çigrek şemal şahalarda şuwwuldaýar. Otly gür agaçlygyň içine siňip gidýär. Onuň tizliginiň güýjüne emele gelen tebigy ýelgin meniň ünsümi özüne çekýär. Demir ýoluň gyrasyndaky agaçlardan gaçan ýapraklary ýerinden gozgap, aňyrlaryk kowup geçen otlynyň şemalyny şahalarda sykylyklaýan gazaply şemal bilen deňeşdirýärin. Başga başga zatlar...
Üýtgäp barýar köp zat. Otlynyň wagonlary – ömrümiň ýyllary. Ýapraklar – ömürler, daragt – dünýä, gazaply şemal bolsa ýapraklary daragta baglaýan sapagy goparýan ajal...
Çagalykda seniň aýak basan ýerleriň indi ebedi tagma bolup, seniň durmuşyň geçmiş sahypalaryna siňipdir. Ýetginjekligiň bolsa däli jeýhun derýa bolup, akyp ýatyr. Ýöreýän ýollarymyz, ýodalarymyz köpelýär... Ýodalarymyz bize kesekileşýär. Pikir ýöretmek gerek. Özüňi tapmak gerek. Reňkden reňke girip, pasyllardan ybarat geýimleri çalşyrynyp, her sekundyňy garbap tutmak, oňa düşünmek gerek.
“Öli ozanlaryň jemgyýeti” atly filmde täsin mugallym okuwçylara garap “Seize the day”, ýagny, “Ýaşaýan her günüňi garba” diýýär. Filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýän bu aňlatmanyň her bir erkin pikirlenip bilýän adamyň durmuşynda uly gymmaty bar. Aslynda şeýle beýik düşünjäni durmuşymyzda maksat edinen ýagdaýmyzda biziň her bir sekundymyzyň bahasy gymmatlar, wagtyň gadyry artar, ýöreýän ýolumyz aýdyňlaşar...
Ýene-de bir pursat ýüregime diň salyp, onuň çuňunda ýaňlanýan beýik ussadyň setirleri bilen ýangynly göwnüme teselli berýärin...
Ömri gyl üstünde ýapraklar öçýär.
Sary şemal ony tändirip geçýär.
Sary şemal ony tändirip geçýär.
Soňkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ýör höwri.
Beýik ussadyň yzyna eýermek agyr. Onuň geçen ýoly şeýle bir gowgaly şeýle bir çetin, hatda ol ýerde sary şemalam, altyn ýapragam, şahalaryň şuwwuldysam aýry many aňladýar. “Ýol” düşünjesi – giň we çuň...
Käbir ömürler zabun şemalyň güýjüne daragtyndan aýrylýar. Käbir öwüsgin ömürlere bagtyýarlyk paýlaýar... Käbir daragtlar öz ýapraklaryny gazaply ýelden gorajak bolýar... Pikirler, aň edil talapkär öwüsgin mysaly göwünleri daraklaýar, taraşlaýar, oňa täze öwüşgin çaýýar, täzeçillik bagyşlaýar. Şeýlelikde köp zat özgerýär. Adam durmuşynda uly many bolany üçin biz hem has çuň “biz-e” öwrülýäris, özgerýäris, ösýäris.
***
2010-03-31
”DOGDUK TOPRAGYŇ HOWANDARY” EDEBI KONKURSYNYŇ JEMLERI
”Dogduk topragyň howandary” ady bilen ýaş türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda 2009-njy ýylda yglan edilen Edebi konkursyň jemleri jemlenildi.
Bu Edebi bäsleşigi Ýewropada hereket edýän ”Gün” neşirýaty geçirýär.
Geçen 2009-njy ýylda Edebi konkursa gelip gowşan goşgularyň az sanly hem hil taýdan gowşaklygy sebäpli bu gezek poeziýa žanry boýunça ýeňijiniň baýragyna mynasyp bolan ýok.
Proza žanry boýunça-da 1-nji we 2-nji baýraklar eýesiz galdy. ”Dogduk topragyň howandary” atly Edebi bäsleşigiň jemlerine görä, 3-nji baýraga Türkmenistanly ýaş prozaçy Baýmyrat Kepil mynasyp görüldi. Baýmyrat Kepile ”Gün” neşirýatynyň Diplomyny we 3-nji derejeli edebi baýragy gowşurmak karar edildi.
Žuri öz kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Ýaş ýazyjy Baýmyrat Kepiliň eserlerinde sagdyn pikirleriň durmuş filosofiýasy bilen sazlaşykly utgaşmasy bar. Onuň hekaýalaryndaky we liriki oýlanmalaryndaky ruhy merdemlik, aýlawly dil, tebigy obrazlar okyjynyň ünsüni özüne çekmäge, ony imrindirmäge ukyply. B.Kepil sözleri we söz düzümlerini ýerlikli ulanmagy, töweregindäki durmuşdan özüçe filosofiki netijleri çykarmagy başarýar. Onuň eserlerinde türkmen diliniň hem türkmen topragynyň gözellikleri janlanýar.”
”Dogduk topragyň howandary” atly Edebi bäsleşigiň žurisi:
Ak Welsapar, ýazyjy, žuriniň başlygy
Žuri agzalary:
Hudaýberdi Hally, ýazyjy;
Saparmyrat Öwezberdi, şahyr (merhum);
Allamyrat Rahym, şahyr;
Kuwwat Berdiýew, edebiýatçy.
2010-03-22
***
2010-02-14
(Keseliň taryhy)
Ýarsgynyna giden egri agaç miwe berip, biziň dogduk topragymyzda ýaranjaňlaryň sany soňky ýyllarda taryhda hiç haçan görülmedik derejelere baryp ýetdi. Ýaranjaňlyk Türkmenistanda şeýle bir giň ýaýrady welin, indi ol, edil iň gorkuly ýokanç keseller bolan inçekesel, sarygetirme, düwnük, doňuz dümewi, SPID ýaly, halkyň geljegine uly howp salýar.
Sebäbi ýaranjaňlar wezipä, ada, şöhrata, pula kowalaşyp, ony-da arassa zähmet, zehin, gujur bilen gazanyp bilmänsoňlar, öz şahsy bähbitlerine çapyp, edil ýeňles zenanlar ýaly, eklenç, pul, wezipe, baýrak üçin öz at-abraýlaryny, özlerini satuwa çykarýarlar.
***
***
2009-11-18
EDEBI
KONKURSYŇ MÖHLETI UZALDYLDY
***
”GÜN” NEŞIRÝATYNDA TÄZE KITAP ÇAPDAN ÇYKDY

Ak Welsapar. Ýagtylykda ýitenler: edebi-publisistik esse. – Stockholm: ”Gün” neşirýaty, 2009. – 257 s.
Eger kolonial garaşlylyk milli gulçulygy hem garaňkylygy aňlatsa, milli garaşsyzlyk – ýagtylygyň hem graždan erkinliginiň dabaralanmagy bolmaly. Şol sebäpdenem SSSR imperiýasy ýykylyp, 1991 ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edensoň, halk hakyky graždan azatlyklaryna garaşypdy. Eýse, bu arzuw hasyl boldumy? Näme sebäpden adam hukuklary, söz we metbugat azatlygy ýurtda öňküsindenem erbetleşdi?
Türkmenistanda nädip başisitik diktatura döredi? Onuň kökleri nireden gaýdýar? Rehimsiz diktaturanyň döremeginde türkmen intelligensiýasy, aýratynam döredijilik intelligensiýsy, aýry-aýry şahsyýetler nähili rol oýnadylar? Eliňizdäki kitapda bu soraglaryň jogaplary agtarylýar.
***
”Zalymlar har bolar, galar aýakda!”
Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar har bolar, galar aýakda,
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!
Magtymguly, XVIII asyr

Mäti Wekiliniň fotosy
Halkara kitap ýarmarkasynda ýazyjy A.Welsaparyň çykyş edýän pursaty
Şwesiýanyň Göteborg şäherinde 24-27 sentýabr aralygynda Halkara kitap ýarmarkasy bolup geçdi. Oňa, adatdaky ýaly, örän köp ýurtlardan neşirýatlar hem ýazyjylar gatnaşdylar. Iki gatly ullakan binanyň içinde – dogrusy, onuň içinde at çapybermeli! – dört günläp dowam eden kitap baýramçylygynda ýazyjylaram, okyjylaram özlerine gerek ylhamy aldylar.
Bu ýere gelen okyjylar birnäçe günläp öz söýgüli ýazyjy-şahyrlary bilen duşuşyp, olaryň ,ykyşlaryny diňlemäge, awtorgraflaryny almaga, olara özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge mümkinçilik aldylar. Adatdakysy ýaly, şwed ýazyjysy Jan Guillou öz daşyna iň köp märekäni ýygnady. Ýaňy at alyp ugran şwed ýazyjysy Lisa Marklund bu ýyl märekäniň ünsüni geçen ýylkysy ýaly köp çekip bilmedi. Muňa onuň ady bilen baglanyşykly şu ýylyň başynda ýüze çykan skandal häsiýetli jedel päsgel beren bolsa gerek?
”Gün” neşirýaty bu ýyl beýleki kitaplar bilen birlikde türkmen edebiýatyna degişli iki sany täze kitaby okyjylara hödürledi. Olaryň biri mekdep ýaşyndaky okuwçylar üçin niýetlenilen ”Varför grodan kväker”

(”Gurbaga näme üçin warryklaýar”) atly türkmen halk ertekileriniň şwed dilindäki ýygyndysy we ikinji kitap-da

ussat ýazyjy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty Tirkiş Jumageldiniň ”Milli oýun” atly gyzykly hem täzeçil äheňde ýazylan romany boldy.
Bu kitaplaryň ikisi-de okyjylaryň ünsüni çekip bildi. Iň bärkisi kitaplardan Halkara kitap ýarmarkasyna eltilen onlarçasynyň hemmesi şwed hem türkmen okyjylarynyň ellerine geçdi.
Kitap ýarmarkasynyň dowamynda Şwed ýazyjylar guramasynyň uly sahnasynda türkmen-şwed ýazyjysy, Şwed ýazyjylar guramasynyň agzasy, Ýazyjylaryň Halkara Pen-klubunyň hormatly agzasy A.Welsaparyň ”Türkmenistandaky bogulýan sesler” atly çykyşy boldy. Onda ýazyjy türkmen edebiýaty hem şu günki Türkmenistanda edebiýatyň hem ýazyjy-şahyrlaryň kitaplarynyň gadagan edilişi hakda gürrüň berdi.
”Gün” neşirýaty
2009-10-15
***
2009-07-17
DOŇÝÜREK WATAN
Ýat ilde şahyr öldi,
Watanynyň hassasy.
Ajal ýene zor geldi
Ýa aýralyk gussasy.
Telek iş batdy jana,
Dogan ilin terk etdi.
Ilden aýryldy, ýöne
Ykbalyna erk etdi.
Saýrak dil dymdy indi,
Gözler baky ýumuldy.
Aýdylmadyk aýdymlar
Gara ýere gömüldi.
Duşman boldy Watany,
Her ädimin sanady,
Belent maksat tutany
Yzarlady, ýanady.
Ne eçildi saýasyn,
Ne-de saldy sese diň:
Ne aldy ideýasyn,
Ne, ölensoň, jesedin.
Galdy şahyr ýodasy,
Söýüp, ykbal gatany,
Öz iline wadasy
Hem doňýürek Watany.
Ak Welsapar
***
2009-06-02
ARWAHYŇ AGŞAMLYGY
Ýazyjy Rahym Eseniň portretine käbir ştrihler
Rahym Esenowyň öz ýatlamalaryndaky ýazgylar, adam atlary, seneler we agzalýan faktlar hakykata azda-kände laýyk gelýändir diýen umyt bilen bu makalda olara salgylanylýar…
Rahym Esen öz düşünjeli ömrüne adam aňtamakdan başlaýar. On alty ýaşynda ony adamzat taryhynda iň elhenç gizlin gurama diýlip hasap edilýän NKVD-niň ”meýletin ýardamçylar” toparyna alýarlar. Ýazyjynyň öz sözlerine görä, bu waka 1943-nji ýylyň ýazynda bolýar… R.Esenow bu barada ”Garagumdaky çäre” atly ýatlamasynda şeýle ýazýar:
”Uruş döwründe, 1943-nji ýylda men 16 ýaşly ýetginjek oglankam döwlet howpsuzlyk guramasyna şol ýyllaryň wakalaryna gatnaşygymyň bardygyny gizlin saklajakdygymy söz berip, gol çekdim…”
R.Esenowyň sözlerine görä, bir gün agşamlyk olaryň öýlerine uçastok milisioneri gelýär we ýetginjegiň ýüzüne ”sen özümiziňki” diýen äheňde dostlukly ýylgyryp, onuň özi bilen nirädir bir ýere bile gitmelidigini aýdýar. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, milisioner ony azajyk gyssaýar. Milisioner maňa:
- Bol tiz geýin! Näme ýaşuly ýaly dökünjiräp dursuň! – diýdi. Ejeme-de: - Siz tolgunmaň… Biziň munluk bir işimiz bar. Meni başlyklam iberdi. Ýöne goňşy-golama, asla kimdir birine bu hakda dil ýaraýmaň, eşidýäňizmi!”
Şeýdip, milisioner ýetginjek Rahymy NKVD-niň Kirow raýon (häzirki Babadaýhan etraby) bölümine getirýär. Ol kabinetde raýon çekistleriniň başlyklary Gurban-peýan, Vasiliý Skirko we beýlekiler ýetginjege nähili jogapkärli işiň garaşýanlygyny düşündirýärler. Gepiň gysgasy, ýetginjek oglanyň NKVD-niň ýörite döredilen toparyna goşulandygy belli bolýar.
Şol wagt uzak bir ýerlerde Ikinji Jahan urşy gidip dur. Bu ýerde, tylda, Tejen topragynda eýse ýörite ýaragly topar näme üçin döredildikä? Ýaragly topar döredilse, onda hökman ol töwerekde duşmanlar bolmaly. Ol duşmanlar kimlerdikä?
Ýaragly toparyň bitirmeli işi şundan ybarat eken: urşa gitmekden boýun towlap, Garagumda gizlenip ýaşap ýören adamlary tapyp, diri tutmaly, tutup bolmasa, atyp öldürmeli, ýok etmeli. Olaryň arasynda Tejenden hem iki dogan, daýhanlar Mürdi hem Nunna bar eken. Ýetginjek Rahym NKVD-niň bu rehimsiz buýrugyny ýerine ýetirmäge höwesek bolýar. Onuň özi bu hakda buýsanç bilen şeýle gürrüň:
”Ertesi biziň hereket toparymyza ýarag paýladylar. Maňa-da uruş tüpeňidir okdan doly kiçeňräk sumka berdiler. Ol meniň ömrümde ilkinji uruş ýaragymdy, ol tüpeň 32 gije-gündizläp meniň aýrylmaz hemram boldy. Soňra tas alty ýyl harby goşunda gulluk etsem-de, ençeme gezek şahsy ýarag berilse-de, şol ilkinji tüpeňimiň nomeri häzirem ýadymda.”
Gepiň gerdişi gelende, Rahym Esenowyň soňra ýigit çykansoň, haýsy bölümde gulluk edenligini-de aýtmak artykmaçlyk etmez: 1945-nji ýylda, 18 ýaşyny dolduransoň, onuň ”päk” arzuwy hasyl bolýar – ony NKVD-niň goşun bölümine harby gulluga alýarlar. Sowet häkimiýeti döwründe ol özüniň dünýädäki iň adamhor guramada gulluk edendigini gizlejegem bolmazdy, gaýta muňa buýsanardy. Belki, beýnisiniň şol guramada bekänligi üçindir?.. (Diňe soňky döwürde: ”Men MVD-de gulluk etdim” diýip, ol tilki sapalagyny atyp ugrady. Diýmek, ol özüniň ýaşlykda ibaly ýerde gulluk etmänligini bilýär, indi döwrüň üýtgänligini-de bilýär, şonuň üçinem sapalak atýar…)
NKVDN-iň hatarynda gulluk etmekden başlamak – ýaş ýetginjek üçin örän şowsuz başlangyç. Eýse, bu şowsuzlygyň günäkäri kim? Munuň gözbaşy nireden gaýdýarka? Bu hakynda Rahym Esenow dil ýaranok. Emma muny bilmek – örän gyzykly! Çünki bir sebäbi bolmasa, ýöne ýerden 16 ýaşly ýetginjegi beýle jogapkärli gizlin hem howply işe – çölde adam aňtamaga ibermejekdikleri görnüp dur. Ozal NKVD-niň synagyndan geçmeseň, ynamyny gazanmasaň, beýle işi kim saňa tabşyrsyn? Ýöne 16 ýaş entek beýle agyr synagdan geçerden has irräk dälmidir? Ol ýaşda dünýä belli ganhor edaranyň synagyndan geçip ýetişmek üçin ýaşajyk Rahym nähili üýtgeşik işleri bitirdikä?..
Dowamy bar
***
2009-05-29
DILDEN – DILLERE!
2009 ýylyň 23-nji maýynda Şwesiýanyň Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi.

Jeýhun bile bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
***
Şwesiýanyň Göteborg şäherinde 23-nji maýda beýik Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi. Bu abraýly konferensi Göteborg Türkmen kultur ojagy taýynlady. Bu konferensi geçirmek boýunça ilkibaşda ýörite guramaçylyk komiteti döredildi we ol komitet birnäçe aýyň dowamynda ähli zerur guramaçylyk işlerini alyp bardy. Bu döwürde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada dört dilde, ýagny türkmen, iňlis, şwed we pars dillerinde ýörite çykyşlar taýynlanyldy.
Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky edebi konferense diňe bir türkmenleriň däl, eýse dürli halklaryň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşan şwed we iňlis ýazyjylary konferensiň gurnalyşyna we onda şahyryň döredijiligi dogrudaky edilen çykyşlara örän ýokary baha berdiler. Şwed ýazyjysynyň sözlerine görä, bu ýatdan çykmajak waka bolan bolsa, iňlis ýazyjysynyň sözlerine görä, Magtymgulynyň ömri we döredijiligi hakda iňlis we şwed dillerinde edilen çykyşlar olar üçin hakyky açyş boldy.
Göteborgly türkmenleriň köpüsi 23-nji maýda şäher kitaphanasynyň konferens zalyna milli egin-başlaryny geýip geldiler. Konferense bu şäherde ýaşaýan parslar hem köpçülikleýin geldiler. Konferensiň başynda giriş sözüni sözlän şäher häkimliginiň medeniýet bölüminiň başlygy Helena Nyhus şeýle diýdi: ”Men bu gün şäher kitaphanasynda geçirilýän bu dabara begenýärin. Biziň şäherimiz köpmilletli, şol milletleriň hemmesi-de biziň şäherimiziň umumy medeniýetine uly goşant goşýarlar. Bu gün şäheriň merkezi kitaphanasynda türkmen klassyk şahyryna bagyşlanan konferens geçirilýär. Eger-de Göteborgda diňe şwedler ýaşan bolsa, bu tukat bolardy. Häzir welin, biziň şäherimiz dürli medeniýetlerden ybarat ullakan baýlyga eýe. Men size bu konferensiň üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!”
Helena Nyhusuň giriş sözünden soň konferens zalynyň sahnasyna dabarany alypbaryjylar – milli lybasly türkmen gelni Elmaý Durdypur bilen Nureddin Ýaraly çykdylar.

Olar ilki sözi Türkmensähradan myhman çagyrylan we bu dabarany başdan-aýak aýdym-saz bilen bezän belli bagşy Mansura gezek berdiler. Kämil türkmen halk sazyndan soňra çykyşlar başlandy.
Professor Ýusup Azmun Magtymgulynyň ömri we döredijiligi hakda iňlis dilinde giňişleýin maglumat berdi.

Şahyryň ömri we döredijiligi dogruda şwed dilinde çykyş eden ýazyjy Ak Welsapar Magtymgulynyň döredijiligini döwürdeş şwed şahyrlary Olof von Daliniň, Johan Henrik Kellgreniň döredijiligi bilen deňeşdirdi. Bu deňeşdirmede Magtymgulynyň XVIII asyr türkmen durmuşyndaky nogsanlaryny tankyt edýän goşgularynyň döwürdeş şwed şahyrlarynyň bu temadan ýazan goşgulary bilen sazlaşýandygy anyk mysallar arkaly nygtaldy. Magtymgulynyň ”Bolar sen” atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Belent daglar beýikligňe buýsanma,
Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!
Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!
Lukman kibi dertler dermanyn kylsaň,
Süleýman dek döwni permana salsaň,
Isgender dek ýeriň ýüzüni alsaň,
Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!(Magtymguly, Eserler, ”Türkmenistan”, 1983, 1-nji tom, 159-njy sah.)
Henrik Kellgreniň (1751-1795) ”Kaşaň jaýlar” goşgusyndaky setirler Magtymguly Pyragynyň ýokarda getirilen setirleri bilen ruhy we mazmun taýdan golaýdyr:
Eger hakykatyň gödek oduna
Gözleriň gös-göni bakyp bilsedi,
Görerdiň sen öz ýüregiň tümünde,
Geňler galyp, meger, edil şol demde
Hars urup ýygnalan hazynalaryň
Ýok boluşyn göz gyrpasy salymda!
Beýik türkmen şahyry Magtymguly ýaly onuň döwürdeşleri bolan Henrik Kellgrendir käbir beýleki şwed şahyrlary-da begleri, baýlary men-menlikden saklanmaga, ýönekeý halka rehimli bolmaga, kyn günde mätäçleri, ejizleri, ýetimleri goldamaga çagyrypdyrlar.
Magtymgulynyň döredijiligi hakda pars edebiýatçysy we jemgyýetçilik işgäri Reza Talebi giňişleýin çykyş etdi. Türkmensähranyň görnükli şahyry Aýdy Ownugyň Magtymguly hakdaky türkmençe çykyşy-da, Germaniýaly Eýýup Gerkeziň ”Magtymgulynyň döredijiliginde satiriki äheň” diýen temadan eden çykyşy-da konferense gelenlerde örän gowy täsir galdyrdy. Edebiýaty söýüji, Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu abraýly konferensi gurnaýjylaryň biri Aşyrmämmet Deweji türkmen dilinde Kerim Gurbannepesiň Magtymgula bagyşlanan ”Pyragynyň gaşynda” diýen goşgusyny okady.

Konferense öz makalalaryny goşant hökmünde iberen Kümüşdepeden Hamid Kaminiň, „Magtymguly we türkmeniň milliligi”, Kanadadan Hangeldi Ownugyň „Magtymgulynyň eserlerinde romantizm”, Bender-türkmenden Maşatguly Gyzylyň, „Magtymgulynyň syrly setirleri“, Pragadan Akmyrat Gürgenliniň, „Magtymguly kim bolupdyr?“, şeýle-de Gümmetkabusdan Abdylla Kahharyň, Akgaladan Ýedulla Sähnäniň, Bender-türkmenden Taňyrguly Ýylgaýyň, Gümmetkabusdan Annadurdy Onsorynyň atlary konferense gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirildi. Eýranly türkmen suratçysy Annamuhammet Sheýh bu dabara Magtymgulynyň portretini ýollapdyr. Magtymgulynyň kanoniki portretine golaý bolsa-da, bu eseriň modern häsiýetde ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.
Doganlar Saradyr Samie we Ezizedir Sahyda türkmeniň milli lybasynda küştdepdi tansyny ýerine ýetirenlerinde, konferense gatnaşyjylar Saranyň ýolbaşçylygyndaky bu tansçy gyz-gelinleriň toparyny şowhunly elçarpyşmalar bilen hormatladylar.

Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp Şwesiýada geçirilen konferense iň uly we saldamly goşant goşanlaryň biri-de Türkmensähraly şahyr Gafur Hojadyr. Ol konferensiň guramaçylyk işlerine başdan-aýak gatnaşmak bilen dabarada ulanylan hem ýaýradylan ululy-kiçili reňkli posterleriň dizaýnyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Netijede beýik şahyryň dabaraly konferensi şahyr Gafur Hojanyň yhlasy siňen suratlardyr posterler bilen bezeldi.
Dabara gatnaşan şwed we iňlis ýazyjylary Magtymgulynyň döredijiliginiň özlerinde uly gyzyklanma döredendigini belleseler, Germaniýadan gelen dr. Berdi Ahangari bu dabara şeýle baha berdi: „Özüniň netijeliligi boýunça Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu konferens gürrüňsiz taryhy ähmiýetli wakadyr.“
Beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyň döredijiligi dilden dillere, ilden illere öz şöhratly ýoluny dowam edýär.
„Gün“ neşirýatynyň maglumaty,
2009-05-25
2009-04-17
MAGTYMGULYNYŇ
DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANAN KONFERENS
***
EDEBI KONKURS:
”DOGDUK TOPRAGYŇ HOWANDARY”
2009
”GÜN” neşirýaty 2009 ýyl üçin ”Dogduk topragyň howandary” atly nobatdaky açyk edebi bäsleşigi yglan edýär. Edebi bäsleşigiň maksady – türkmen edebiýatynyň we diliniň ösüşine goşant goşmak.
Elektron görnüşdäki eserler şu adrese iberilmeli: gunedebikonkurs@gmail.com
***
2009-03-15
2009-02-11
Bapba Gökleň
Hekaýanyň teksti Türkmen-latyn elipbiýinde ”Gün” neşirýatynda 2008-nji ýylda täzeden ýygyldy.
***
2009-01-18
Ak Welsapar
Meniň pikirimçe, bu göreş adamzat ot ýakmagy öwrenensoň, başlanan bolmaly!
***
2008-11-27
Ýaşlaryň döredijiligi
Baýmyrat Kepil
Hekaýa
“Şol günden soň gijemi, ha gündizmi
Gaplaň bar wagtyny aglap ötürdi.
Şeýdip, ejizligiň başlanan güni,
Şol gaplaňyň gaplaňlygy gutardy.”
Gurbannazar Eziz
Şäherde ýaşasaň wagtal-wagtal tanyş dost-ýarlaryň bilen seýilgähedir dynç alyş medeni merkezlere gitmek, elbetde, geň zat däl. Emma Berdiniň eýýäm bir hepdeden bäri gün sypdyrman ürç edip diňe haýwanat bagyna gatnamagy welin, oňlarlykly endik däl. Ol her gün mekdepden gelip, çaýyny içip günortanlygyny edinensoň, haýwanat bagyna eňýär. Ýedinji klasa ýaňy geçen okuwçyny haýwanat dünýäsi gyzyklandyrýan bolmagy ahmal ýöne munuň täsin yzygiderliligi welin, gyzyklanmadan öteräk bir duýgy bolsa gerek.
***
2008-10-30
Kuwwat Berdiýew
EWROPALY TÜRKMEN ÝAZYJYSYNYŇ ÇÖL KEPJEBAŞY!
Berdi Kerbabanyň (Berdi Kerbabaýew) öý-muzeýi we howlusy ýörite ýykylyp, beýik ýazyjynyň öz eli bilen eken baglary-da suwsuz guradylansoň, özümde dörän: “Indi Türkmen edebiýatynyň gubrunyň üstünde mazar daşy dikildi öýdýän” diýen duýgy şu günlere çenli dowam edipdi. Sebäbi Berdi agaň öýüniň ýörite ýumrulmagy ýurduň içinde bolup geçýän erbetlikleriň, ýurduň barýan ters ugrunyň aýylganç simwollarynyň biridi.
***
2008-10-07
HALKARA KITAP ÝARMARKASY
***
2008-09-15
ENE DILINDEN OKUWLAR DOWAM EDÝÄR
”Gün” neşirýatynyň ýanyndaky Ene dili kurslary boýunça bölüm,
Göteborg Türkmen kultur ojagy.
2008-09-12
***
Ýaňy-ýakynda Pekinde bolan Halkara Olimpiada oýunlarynyň netijeleri hakda Türkmenistanly sport janköýeri bilen geçirilen gürrüňdeşlik.
*
Latyn elipbiýinde
***
Täze bölümler dowamly makalanyň soňunda
ýerleşdirildi.
***
Bu masgaraçylyk hiç haçan gaýtalanmaly däldir!
1991 ýylyň 27-28-nji fewralynda Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyň X Gurultaýy bolup geçdi. Özbaşdaklyk ýoluna düşen Türkmenistanda demokratiýanyň alnyndan diremeli, Söz we Metbugat azatlygyny goramaly türkmen ýazyjylary iki gün dowam eden Gurultaýda düşewüntli wezipeleriň üstünde özara çaknyşyp, demokratik gymmatlyklaryň gabryny gazdylar… Netijede Türkmenistanda rehimsiz diktatura giň ýol açyldy. Ýazyjylar bolsa, il-güni unudyp, şondan soň öz aladalary bilen ýaşamaga başladylar…
BÖLÜMLER:
42. Diktator diňe bir gezek öz wadasynda
tapyldy!
43. Şeýtana sapak berenler
44. Gul-gyrnagyň bazary…
***
2008-06-19
AKYLLARYŇ HEM DUÝGULARYŇ SOLTANY
Çingiz Aýtmatowyň ýagty ýadygärligine
Şol gezekki gürrüňçilikde meniň bir hakykata gözüm ýetdi. Çingiz Aýtmatow türkmen klassyky edebiýatyna örän uly hormat goýýar eken. Onuň 1983-nji ýylda Magtymgulynyň 250 ýyllyk ýubileýine Aşagabada gelmegem şol sebäpden bolsa gerek. Çingiz Aýtmatow öz şol baýramçylykdaky çykyşynda Magtymguly, Şeýdaýy, Magrupy, Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili ýaly şahyrlaryň adyny tutup, olary ”Türkmen klassyky poeziýasynyň Uly ýedigeni - diýip atlandyrdy. – Şahyrlaryň şeýle ýagty ýyldyzlar toplumy şol döwürde töwerekdäki halklaryň hiç birinde ýokdy” diýip, ol örän uly hormat bilen aýtdy.
***
2008-05-26
”DOGDUK TOPRAGYNG HOWANDARY” EDEBI
KONKURSYNYŇ
JEMLERI
2008
Türkmenistanda aýlaryň, hepdäniň günleriniň atlary ýene-de ozalky görnüşine getirildi!
Bu çäre merhum diktator Saparmyrat Nyýazovyň ozal ýurtda girizen tersin düzgünlerine garşy häzire çenli urlan iň güýçli zarbadyr!
***
2008-01-22
EDEBIÝATDA DOSTLUK HEM HALYPALYK
***
Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhammedova açyk hat
***
2008-01-12
GÖKDEPE TRAGEDIÝASYNA 127 ÝYL DOLDY
***
POSTSOVET GIŇIŞLIGINDEN ÇYKAN ÝYLAN…
Ak Welsaparyň „Kepjebaş“ romany 2005-nji ýylda okyjylara gowuşdy. Roman iki bölümden ybarat (her bölümde 10 bap bar.) Bu Romanda adama öwrülen ýylanyň obrazy arkaly ozalky SSSR-iň territoriýasynda dörän ýaş döwletleriň gysga wagtda kvazi demokratik diktaturalara öwrülişi hakda gürrüň berilýär.
***
TÜRKMEN-LATYN
ELIPBIÝINDEN OKUW GEÇIRILDI
Türkmen-latyn elipbiýini öwrenmek boýunça 2007 ýylyň 27-nji we 28-nji sentýabrynda Swesiýanyň Göteborg şäherinde iki günlük okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklary sentýbaryň soňunda Göteborg şäherinde açylýan Halkara kitap ýarmarkasyna gabatlap gurnaldy we agzalan günlerde agşam sagat 19.00-dan 21.00-a çenli dowam etdi.
***
2007-10-27
GARAŞSYZLYK HAÇANDAN BAŞLANÝAR?
***
2007-10-20
Аман Эсен
Болан вака
***
2007-10-12
***
2007-10-04
”GÜN” NEŞIRÝATY ”DOGDUK TOPRAGYŇ HOWANDARY” ATLY EDEBI KONKURS YGLAN EDÝÄR!
”GÜN” neşirýaty
”Dogduk topragyň howandary” atly açyk edebi konkurs yglan edýär. Edebi
bäsleşigiň maksady – türkmen edebiýatynyň we diliniň ösüşine goşant goşmak.
***
2007-10-03
TÜRKMEN ERTEKILERI ŞWED OKYJYLARYNYŇ GÖWNÜNI AWLAÝAR!
”Gün” neşirýaty Şwesiýanyň Göteborg şäherinde her ýylda sentýabr aýynyň soňky hepdesinde geçirilýän Halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşdy. Bu kitap baýramçylygyna Göteborgda we onuň töwereginde ýaşaýan türkmen okyjylaryndan hem ençemesi geldiler.
”Gün” neşirýatynyň hödürlän eserlerinden Halkara kitap ýarmarkasynda iň uly gyzyklanma döredeni – şwed dilinde çap edilen ”Dirilik suwy” kitaby boldy. Türkmen ertekileri şwed okyjylarynyň göwnüni awlamagy dowam edýär. Diňe bir şwed okyjylary däl, bu ýurtda ýaşaýan türkmen ene-atalary hem ”Dirilik suwy” kitabyna uly gyzyklanma bildirýärler. Sebäbi şwed dilinde bilim alýan türkmen çagalary üçin doga edebiýatdan öz ökde bilýän dillerinde kitap okamak – hezil.
Bapba Gökleňiň ”Ýolma guşuň ganatyn!”, Ak Welsaparyň ”Ak guş bolup uçsamdym!” kitaplary-da türkmen okyjylarynyň ünsüni çekip bildi.
Kitap ýarmarkasynda ”Gün” neşirýaty özi üçin gyzykly we peýdaly bolan birnäçe aragatnaşyklary ýola goýdy. Bu gatnaşyklar geljekde türkmen edebiýatyny Europada has giňden ýaýratmaga ýardam eder.
”Gün” neşirýaty
***
2007-09-22
”MÜLLI TAHYRYŇ HUDAÝLYGY” ROMANYNDA AÝAL-GYZLARYŇ OBRAZY
***
2007-09-03
Gadyrly okyjylar! Biz sizi bu gün ozal ady köpçülige mälim bolmadyk ýaş şahyryň döredijiligi bilen tanyşdyrýarys! Akmyrat Esen türkmen hem rus dillerinde goşgy ýazmakda güýjüni synap görýär. Onuň rus dilinde ýazan goşgusyny siz ”Güneşiň” rusça bölüminde okap bilersiňiz!
Akmyrat Esen
HALK SIZDEN BIZAR!
”Eý agalar, ajap eýýäm gelmedi!”
Diýip, ozal ýanyp geçen Pyragy,
Eýse şu günleri arzuw edipmi?
Türkmeniň bu güni: gülkümi, agy?
Eýse arslan ýürek batyr türkmeniň,
Aýagy zynjyrly saklanjak çagy –
Düýşde-huşda düşüpmidi ýadyňa,
Rastyň sözle bu gün, eziz Pyragy!
Şumudy seň arzuw eden günleriň?
Kalbyňda besläniň, söýeniň çaklap?
Şu günlermi eýse wasp edeniň kän,
Görkün götereniň ýürekde saklap?
Biziň depämizden han boldy Fetdah!
Minnetli aş iýýäs, sorama derdin…
Bu günümiz görseň, eziz Pyragy,
Dogrusy, sen başyň alyp giderdiň!
Kemlik bilerdiň sen görseň eger-de
Namartlaryň mertden öňe geçenin.
Kemlik bilerdiň sen türkmen ilinde,
Olaň namys söwdasyny açanyn.
Elbetde, ýürekler arzuwdan doly,
Elbetde, geljege inçe umyt bar.
Türkmen ili bu gün ejiz, ýöne ol
Mert bilen namardy gowy tanaýar!
Şonuň üçin, siz ýaranjaň namartlar,
Takal okap ýörmäň iliň adyndan!
Ekip bilmersiňiz ýaranjaň tohum,
Basym çykarsyňyz halkyň ýadyndan!
***
2007-08-23
Saparmyrat Öwezberdi
KINAÝALY GOŞGULAR
GARYBYŇ YRSGY...
Garyp öz yrsgyny özi çöpleýär,
Ganhorjyklar ýalan-ýaşryk gepleýär.
Onsoň olaň yrsgy türmede ölýär,
Galan yrsgy doňuz kimin bögürýär...
Garyplaram şol durşuna gezip ýör,
Kasas bolsa kyýamata galmaýar.
Bergi etse,
Bergisini üzüp ýör,
Ganhor ölýär,
Garyp ilat ölmeýär.
Washigton, 16.01.2007.
ŞEÝTAN
Ýamanlyk edeniň soňy soňlandy,
Bu soňlanma ulus ilde oňlandy.
Entegem ýamanlyk etjek ýörjekdi,
Ýyllarboýy şeýdip ömür sürjekdi.
Ölmelidi. Emma weli ölmedi,
Asla bir gezegem toba gelmedi.
Muňa haýran bolýar her kim her ýanda,
Toba gelmek däbi ýokdy şeýtanda.
Washington,27.12.2006.
IBLIS
Dost diýip saýanym
Duşman bolupdyr,
Baldagy döwülen
Bagym solupdyr,
Iblis ölmän-ölmän,
Ahyr ölüpdir.
Dostuň duşman bolsa,
Ýürek gyýylýar,
Bagyň solsa,
Tebigatdan görülýär,
Iblis ölse,
Bolaýypdyr –
diýilýär...
Washington,28.12.2006.
PAKYRDAWUK PATYŞANYŇ,
ýagny Saparmyrat Nyýazovyň Türkmenistanda hanlyk süren döwründe tutuş ýurdumyzda aýdylan gysga, emma weli örän jaýdar ýaňsyly goşgy setirleri şeýledi:
Bäş welaýat - bäş dogan,
Bäşisi-de aç dogan,
Bir elinde gaty nan,
Bir elinde ýaş sogan...
Halk döredijiliginiň bu kiçijik şerebeli nusgasyny Washingtondan iberen
Saparmyrat ÖWEZBERDI
***
2007-07-31
INGMAR BERGMANYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE…
***
Ak Welsapar
GÖZLERIŇI SATYP GAL!
Kinaýa
Geldi şeýle zamana,
Ýurt ýykylýar – ýykyp gal!
Umyt goýma amana,
Omzuň bilen kakyp gal!
Mesirgeşip, bökýän kän,
Senem göge böküp gal!
Dul gapysyn kakýan kän,
Kem galaýma – kakyp gal!
Köpeldi ili çapýan,
Öz iliňi çapyp gal!
Namart elini öpýan,
Senem egil, öpüp gal!
Boz garybyň mydaryn,
Göz ýaşyny döküp gal.
Eşitseň ýetim zaryn,
Gulagyndan çekip gal!
Dürli nysak tapylýar,
Senem bir zat tapyp gal.
Kim ýykylsa, depilýär,
Rehim etme, depip gal!
Hiläň bolmasyn hakda,
Ýagşy görseň, çakyp gal!
Bäsleş ýaranjaňlykda,
Senem orta çykyp gal!
Geçmişiňi ýumur sen,
Geljege daş atyp gal!
Soňra abat il görseň,
Gözleriňi satyp gal!
***
2007-07-11

Hekaýa
***
2007-07-08
***
2007-06-04
EDEBI BAÝRAGYŇ DABARALY GOWŞURYLŞY

”Dirilik suwy” kitabyna 28-nji maýda ikinji Edebi baýrak gowşuryldy. Bu dabara Şwesiýada ýylyň bu günleri dürli şäherlerde we obalarda geçirilýän Medeni hepdelik çäreler bilen utgaşdy.
Has giňişleýin maglumaty biraz soňa goýup, biz size dabaradan bir suraty hödürleýäris.
”Gün” neşirýaty
***
2007-05-27
BIR KITAP –
IKI BAÝRAK!
”Gün” neşirýaty ”DIRILIK SUWY” kitabynyň Şwesiýada ikinji gezek Edebi baýraga mynasyp bolanlygyny uly şatlyk bilen öz okyjylaryna habar berýär.
Juriniň kararynda aýdylyşyna görä, bu kitap türkmen edebi mirasyna şärik bolmaga hemmelere uly mümkinçilik berýär.
Ertir, 28-nji maýda baýragyň gowşurylyş dabarasy bolýar. Şol dabaradan soň biz size bu hadysa dogruda has giňişiräk maglumat bereris.
”GÜN” NEŞIRÝATY
2007-05-27
***
2007-04-03
TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA KINAÝALY GOŞGULAR
Türkmen poeziýasynda irki döwürlerden bäri işlenip gelnen
ýene-de bir gyzykly ugur bar, oňa kinaýaly goşgular diýilýär. Öňki döwürde
biziň
edebiýatymyzda kinaýaly goşgular az bolmandyr. XIX asyr türkmen edebiýatyndan
bize gelip ýeten nusgalarda şeýle goşgularyň ençemesine duş gelýäris.
Bir gezek bir gartaşan baý öz mal-mülküne daýanyp, goňşy welaýatdan ýaş gyza öýlenmekçi bolýar...
Saparmyrat
Öwezberdi:
KINAÝALY
GOŞGULAR
***
2007-05-15
Saparmyrat ÖWEZBERDI
Gördüm,
towşan ýürek gördüm,
Gördüm,
gapyk garak gördüm,
Gördüm,
kütek galam gördüm...
***
2007-04-17
SOZULMAZ POLAT BOLMAZ!
Ýazyjy Hudaýberdi Hally 60 ýaşady!
***
2007-03-05
BILDIRIŞ
”Gün” neşirýaty Türkmen halk döredijiligine degişli eserleriň ýygyndylaryny satyn alýar. Şeýle kitaplary bize gowşurmak islän adamlar neşirýatyň adresine ilki ol kitaplar hakda anyk maglumatlary ibermelidirler. Şol maglumatlaryň esasynda neşirýat, bahasyny ugurlaşansoň, özüni gyzyklandyrýan ýygyndylary saýlap alar. Maglumatlar bu adrese ýollanyp bilner: gunesh.redaktor@gmail.com
2007-03-04
HOŞ HABAR!
Türkmen edebiýaty Skandinaviýada uly üstünlik gazandy. Skandinaviýada ýerleşýän ”Gün” atly türkmen neşirýatynyň taýynlan we şwed dilinde çap eden ”DIRILIK SUWY” atly kitaby täzelikde Şwed Medeniýet ministrliginiň abraýly grant-baýragyna mynasyp boldy.
”DIRILIK SUWY” kitabyna türkmen halk ertekileriniň ozal neşir edilmedik görnüşleri girizildi. Bu ertekiler çeperçilik taýdan gaýtadan işlenilip, soňra şwed diline geçirildi.
Şwesiýanyň Medeniýet ministrligi şwed dilinde çap edilen türkmen kitabynyň ýurduň ähli kitaphanalaryna ýaýradylmagy üçin gerekli maliýe çykdajylaryny-da öz üstüne aldy.
”DIRILIK SUWY” kitaby 108 sahypadan ybarat bolup, ol köp sanly reňkli suratlar bilen bezelen. Kitabyň bezeg işlerini Moskvaly suratçy K.Samarina ýerine ýetirdi, ertekileri şwed diline geçirenler D.M. we A. Welsapar.
Ertekileri çeperçilik taýdan işlän A.Welsapar.
”Gün” neşirýaty
***
Anna Rahmanova
***
Ak Welsapar
TÜRKMEN TOPRAGYNYŇ GARAŞSYZLYGY UGRUNDAKY SÖWEŞLER
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň!
Magtymguly, XVIII asyr
***
AMAN ANNADURDY
***
***
”DA VINÇINIŇ KODY” HRISTIAN DÜNÝÄSINI ODA SALÝAR
***
ÖZ MILLI KIMLIGIŇI, ASLYŇY, ENE DILIŇI SAKLAMAK WE ÖSDÜRMEK UGRUNDAKY GÖREŞ – IŇ MUKADDES GÖREŞDIR!
***
Nazar Gulla (1936-2005)
GADYMY HEM ORTA ASYR TÜRKMEN EDEBIÝATY
TÜRKMEN SOVET ENSIKLOPEDIÝASY
Aşgabat, tom 8, sah. 343-347
Alym Nazar Gullanyň ýagty ýadygärligine
***
2006-03-09
GARAGUMDA BITEN GÜL
Annasoltan Kekilovanyň keç ykbaly
---------------------------------------------------------© 2005 Günesh
”Güneşden” göçürilip çap edilen materiallaryň adresi hökman görkezilmeli