|
EWROPALY TÜRKMEN ÝAZYJYSYNYÑ ÇÖL KEPJEBAŞY!
|
| Kuwwat Berdiýew |
| ...dogrymy aýtsam, edil häzir öz topragymyz şahsyýet we dörediji hökmünde adamlañ ünsüni çekip, okyjylara hakykatdan gyzykly bolup biljek ýazyjyny öñe çykaryp biler öýdemokdym. Şu güne çenli. *** |
|
Berdi Kerbabanyñ (Berdi Kerbabaýew) öý-muzeýi we howlusy ýörite ýykylyp, beýik ýazyjynyñ öz eli bilen eken baglary-da suwsuz guradylansoñ, özümde dörän: “Indi Türkmen edebiýatynyñ gubrunyñ üstünde mazar daşy dikildi öýdýän” diýen duýgy şu günlere çenli dowam edipdi. Sebäbi Berdi agañ öýüniñ ýörite ýumrulmagy ýurduñ içinde bolup geçýän erbetlikleriñ, ýurduñ barýan ters ugrunyñ aýylganç simwollarynyñ biridi. Halkyñ hal-ýagdaýy gitdigiçe kynlaşyp, bir nesliñ ömrüniñ dowamynda iñ soñky derejä baryp ýetende we adamzat ýaşaýşynyñ gymmatynyñ ölçeg birligi diñe pul bolanda, ruhdan düşmäbilseñ düşme! Ýurduñ ykbalyny çözýän adamlaryñ bar aladasynyñ häkimiýetiñ agylynda otlap-suwlamaga syrygyp, ýazyjylaryñ, alymlaryñ hem beýleki döredijilik işgärleriniñ öz zehindir ukyplaryny diñe ”hormatly Prezidenti” hudaýlaşdyrmaga gönükdiren ýagdaýynda durmuşda näme gyzyk galýar?! Eýsem, şu wagt Türkmenistanda adam mertebesiniñ saglyk üçin gaty zyýanlydygyny, özüniñ batyrlykdan ýaranjañlygy, mertlikden namartlygy has ileri tutýandygyny häkimiýet resmi taýdan subut etmedimi?! Şol sebäpdenem, dogrymy aýtsam, edil häzir öz topragymyz şahsyýet we dörediji hökmünde adamlañ ünsüni çekip, okyjylara hakykatdan gyzykly bolup biljek ýazyjyny öñe çykaryp biler öýdemokdym. Şu güne çenli. Şu gün men ýazyjy Ak Welsaparyñ “Kepjebaş” romanyny okap gutardym. Bir ýyldan gowurak öñ elime düşse-de, bu kitaby diñe geçen 5 günüñ içinde okadym. Kitap tekjämde duran “Kepjebaşa” käwagt daşyndan seredip, käwagtam gatyny açyp, her ýerinden azajyk okap, ahyry düýpli okamaly diýen netijä geldim. “Nämüçin ol kitaby eliñe düşen badyna okamadyñ?” diýen sorag döremegi mümkin. Ýaramazmyka öýtdüm. Aslynda 17-19 asyr klassyky şahyrlarymyzyñ, 20 asyrdaky görnükli ýazyjylarymyzyñ döredijiligi bilen gowy tanyş, dünýäniñ belli ýazyjylyrynyñ hem iñ gowy eserlerini saýlap okaýan, galyberse-de iş sebäpli wagty çäkli adam bolamsoñ, diñe gowudan gowusyny okamaga halys endik edipdirin. Häzirki kitap bolçulygynda (ol diñe Türkmenistanda gyt!) bu bir geñ häsiýet dälmikä diýýän. “Kepjebaşy” okap çykamsoñ, bir zada gözüm ýetdi, bu roman diktaturany düýpli, bütin süññi bilen ýigrenýän adam tarapyndan ýazylypdyr. Adamyñ mertebesiniñ peseldilmegini, onuñ haýwanlaşdyrylmagyny, azatlygyny elinden alyp, bagtly bolmakdan mahrum edilmegini asla kabul edip bilmeýän we syýasy göýdükligiñ hem kemakyllygyñ garşysyna yzygiderli göreşýän şahsyýet tarapyndan ýazylypdyr. Şu faktyñ özi hem mende romana bolan gyzyklanmany artdyrdy. Güýçli şahsyýetleriñ ýazan kitabyny okamak we olaryñ dünýägaraýşy, durmuş tejribesi bilen tanyşmak hemişe – gyzykly hem peýdaly. Türkmenistanyñ häzirki ýagdaýyna her kim özüçe baha berýändir. Ýöne uly başlyk ýa ýönekey işgär bolsun, baý ýa garyp, obaly ýa säherli bolsun – hemmämiz şol bir jemgyýetde ýaşaýarys, çagalarymyzy ösdürýäris. Biri-birimize baglydygymyzy näçe kabul edesimiz gelmese-de, käbir ogurlyk pul bilen häkimiýet dumanynyñ arasynda aýagyny ýerden üzen, özlerini elýetmez beýikdirin öýdüp ýören kişiler muña ynanmasalar-da, gitjek ýerimiz ýok, jemgyýetiñ esasy gowy hem erbet taraplary hemmämize deñ täsir edýär. Ynanañzokmy? Ak Welsapar “Kepjebaş” – okañ-da, barlap görüñ! Bilimsizlik, kadrlaryñ derejesiniñ aşa pesligi, parahorluk, ýaranjañlyk, keselçilik, arzan neşe, narkotikler… Bu zatlar biziñ her gün başymyzda! Ýaşlar geljek üçin göreşmeli diýilýär. Ýaşlara bagt üçin göreşmek nämä gerek, ýasama bagt her ädimde satylyp durka?! Medisinañ derejesiniñ aýylganç pesligi, keselläp syrkawhana baranyñ ýa-da bäbekhana çaga dogurmaga baran enäniñ yzyna diri gaýdyp geljegini ikuçly edip goýýar. Hususy eýeçiligiñ ýoklugy – saña geljegiñi planlaşdyrmaga asla ýol goýanok! Adamlaryñ biri-birini sylaman, diñe pullarynyñ möçberini sylamagy halys lapyñy keç edýär. Türkmen erkekleriniñ köpçülikde biri-biriniñ elini ogşamagy – ýeke galanlarynda dagyn ýene, gör-bak, nirelerinden ogşaýandyr diýdirýär! Bu peslikleñ haýsy birini sanajak? Men hemmesini sanap biljek däl, her kim öz gözüniñ görenini ýatlap, sanaşdyrybersin! Sanadyñyzmy? Bu zatlaryñ özeniniñ nirededigini bilesiñiz gelýärmi? Kabiriñiziñ: “Ony özümiz gowy bilýäs, her günde şol zatlañ içinde ýaşap ýörüs” diýmegiñiz ahmal. Özümem käte şol pikirde. Ýöne Ak Welsaparyñ “Kepjebaş” kitaby – çeper eser. Okap başlasañ, ünsüñi sypdyrman soñyna çenli alyp gidýän sužetli, baý dilde, döwrebap, modern, gorkusyz erkin stilde ýazylan. Meniñ özüme has ýaran ýeri – kitabyñ başdan-aýak satira, ýumora ýugrulyp ýazylanlygy! Bu kitabyñ köp sözlemleri, frazalary halkyñ diline siñip gitjege meñzeýär. Ýadyñyza düşýärmi: Ostap Bender hakdaky kitap? Çynlakaý gülküni, şerebeli dili gowy gorýän okyjylar üçin “Kepjebaş” hakyky tapyndy. Eger sizem meniñ ýaly okajak kitabyñyzy talapkär saýlaýan bolsañyz, onda dünýä klassyklaryny ýadyñyza salyñ: G.G. Markes “Ýüz ýyla çeken ýalñyzlyk”, N.W.Gogol “Öli janlylar”, “Viý”, O.Genri “Korollar we kelem”, D.Heller “Tilsim 22”, Tomas Mann “Awanturaçy Feliks Krullanyñ syry” we beýlekiler – bular agraslygy we mistikany satira, ýumora, başdan geçirmelere garyp, ýeñil, baý, owadan dilde beýan edýän ýazyjylar. Şolaryñky ýaly eseri Türkmenistanyñ edil şu güni, ”beýik, hormatly ýolbaşçylarymyzyñ” ”syrly” durmuşy, olaryñ biz bilen, ýagny hut sen hem men bilen aradaky gatnaşyklary hakda hezil edip okasyñyz gelýärmi? Onda indi şeýle kitap bar! Berdi Kerbaba, Ata Gowşut, Nurmyrat Saryhan, Hydyr Derýa, Çary Asyr, Gara Seýitli, Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Eziz we beýlekiler XX asyryñ iñ beýik we hakyky milli ýazyjylary hökmünde halkymyzyñ ýüreginde ebedi galdylar. Olary şeýle beýik derejä ýetiren iñ esasy zatlar – özbaşdak pikirlenip bilen örän saýlantgy şahsyýetler bolandyklary, galyberse-de tebigatyñ eçilen zehinini türkmençiligiñ iñ gowy taraplary bilen sepleşdirip ulanmagy başarandyklarydyr diýip hasaplaýan. Ýogsa olar halkyñ ýüregine, añyna düýpli täsir edýän eserleri döredip bilmezdiler. Olaryñ ähli duýgy-düşünjeleri, ynamlary türkmen topragynyñ, türkmeniñ ruhy sütünleri Gaýgysyz Atabaýyñ, Nedirbay Aýtagyñ, Şaja Batyryñ tutan ýoly bilen gabat geldi. Şonuñ üçin olar edebiýatda beýik derejä ýetdiler. Ak-Muhammet Welsaparyñ ”Kepjebaşy-da” hut şol kitaplaryñ hilinden! Türkmeniñ hal-ýagdaýy, geljekki nesillerimiziñ sagdynlygy, şahsyýet azatlygy ugrynda tutan ýoly diktator S.Nyýazowyñky bilen gapma-garşy gelip, A.Welsapar 1993 ýylda Türkmenistandan mejbury çykdy. Şonda bu ýazyjynyñ özi üçinem, belki, halk üçinem tragediýa bolandyr. Emma bu gün ýazyjynyñ edebiýatda ýeten beýik derejesini görüp, onuñ öz ilinden aýralygyna gynanjagyñam, begenjegiñem bilip bolanok. Sebäbi Türkmenistanda galan bolsa, onda oña Ewropa edebiýatynyñ derejesine çykmak meger başartmazdy. Sebäbi ýurtda häzir hemme zat göýdükleşdi, diñe ýapja edebiýat galdy. A.Welsapar bolsa öz ukyby, işeññirligi, tebigy zehini bilen Skandinawiýada öz ornuny tapdy. Ýazyjy bu taýda ilkinji türkmen neşirýatyny açyp, öz halkynyñ edebiýaty bilen Ewropa halklaryny tanyşdyrýar. Köp ýyllardan bäri ýurtdan uzakda, aýraçylykda ýaşasa-da A.Welsaparyñ bar aladasy, pikiri, umytlary, ömrüniñ manysy türkmeniñ milli mertebesi, onuñ mynasyp geljegi barada. Edebi stili, ussatlygy Ewropa derejesinde, ýüregi öz halky bilen deñ urýan Ak Welsapar hakyky Ewropaly türkmen ýazyjysy! Ol öz kitaplaryny türkmen, rus hem şwed dillerinde ýazýar, Şwesiýanyñ ýazyjylar guramasynyñ hem Ýazyjylaryñ Halkara PEN-klubynyñ hormatly agzasy, onbäş kitabyñ awtory. Rehimsiz diktaturañ, kelesañ hem doñýürek diktatoryñ dabanynyñ astyna düşüp, depgilenip, halys ejizlän, aljyran, netijede öz XX asyrda gazanan derejesini aç-açan ýitirip, pese gaçan türkmen edebiýatynda “Kepjebaş” romanynyñ döremegi gaty uly waka, ol biziñ edebiýatymyzyñ geljegine ýene-de umyt oýarýar! |