HALKARA KITAP İARMARKASY

 

Kitap ıarmarkasyna bu ıyl 30 ıurtdan ıüzlerçe neşirıat, 788 ıazyjy-şahyr gatnaşdy, 800-den gowrak sergi, 435 seminar gurnaldy.

 

Şwesiıanyñ Göteborg şäherinde 25-28 sentıabr aralygynda nobatdaky Halkara kitap ıarmarkasy bolup geçdi. Kitap ıarmarkasyna bu ıyl 30 ıurtdan ıüzlerçe neşirıat, 788 ıazyjy-şahyr gatnaşdy, 800-den gowrak sergi, 435 seminar gurnaldy.

Bu ıyl Latyş edebiıaty Halkara kitap ıarmarkasynyñ hormatly myhmany boldy. Latyş neşirıatlaryna, ıazyjy-şahyrlaryna has uly üns berlip, şwed we iñlis dillerinde olar hakda aıratyn köp maglumat ıaıradyldy. Ol ıerden bu ıyl 24 ıazyjy-şahyr Halkara kitap ıarmarkasyna gatnaşyp, dürli temalardan çykyş etdiler.

Latyş edebiıatynyñ kitap ıarmarkasyndaky günlerini Latviıanyñ medeniıet ministri açdy hem Latviıada kitap çap etmek, edebiıaty we edebiıat wekillerini, medeniıeti goldamak üçin soñky ıyllarda durmuşa geçirilen işler barada gürrüñ berdi. İöne iñ gyzykly çykyşlary, elbetde, latyş ıazyjylary etdiler. Olar garaşsyzlyk alnandan soñ Latyş edebiıatynyñ we medeniıetiniñ öñünde keseren agyr problemalar hem olaryñ uzaga çeken çözgütleri hakda gürrüñ berdiler. İöne barybir latyş ıazyjy-şahyrlary öz çykyşlarynyñ agramly bölegini edebiıatyñ öz problemalaryna syrykdyryp, esasan bu ugurdan gürrüñ etdiler.

Göwnüme bolmasa, bu ıyl ıarmarka gelenler kitap satyn almaga ozalkylardanam has höwesek boldular. Bu ıere gelen kitap söıüjileriñ eli kitapsyzyny görmek kyndy, käbirleri bolsa, täze çykan kitaplardan hut ıüklenip gidıärdiler.

Kitap ıarmarkasynda asly Owganystanly amerikan ıazyjysy Haled Husseıniñ ”Batbörek” romany örän köp satyldy. Sowet basybalyşyndan soñra owgan halkynyñ başyndan inen agyr tragediıany anyk adam ykballarynyñ üsti bilen diıseñ çeper açyp görkezıän, Owganystandaky azlykda ıaşaıan milletleriñ, şol sanda hazarylaryñ ikitaraplaıyn ezilişini bassyr-ıussursyz paş edıän bu roman häzir dünıäde iñ köp okalıan kitaplaryñ biridir.

Halkara kitap ıarmarkasynda ”Gün” neşirıatyna-da beıleki neşirıatlar bilen peıdaly aragatnaşyklary açmak, öz çap edıän kitaplary bilen okyjylary tanyşdyrmak miıesser etdi. Bu tanyşlyklaryñ neşirıatyñ işi üçin geljekde örän peıdaly boljakdygyna ynam bar.

Kitap ıarmarkasy döwründe, has takygy 25-26-njy sentıabrda, agşamlaryna, ozaldan göz öñünde tutulyşy ıaly, Türkmen dilinden okuw sapaklary-da geçirildi. Oña Göteborg şäherinde ıaşaıan türkmenleriñ birnäçesi gatnaşdylar.

Biz size Halkara kitap ıarmarkasyndan birnäçe suratlary hödürleıäris.

A.Welsapar, ıazyjy