TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA KINAÝALY GOŞGULAR

Atañ ýylan gyrkyp ýygnan ýüñleri
Kiz bolanda deñleşersiñ biz bilen!”

 

Türkmen poeziýasynda irki döwürlerden bäri işlenip gelnen ýene-de bir gyzykly ugur bar, oña kinaýaly goşgular diýilýär. Öñki döwürde biziñ edebiýatymyzda kinaýaly goşgular az bolmandyr. XIX asyr türkmen edebiýatyndan bize gelip ýeten nusgalarda şeýle goşgularyñ ençemesine duş gelýäris.

Bir gezek bir gartaşan baý öz mal-mülküne daýanyp, goñşy welaýatdan ýaş gyza öýlenmekçi bolýar. Şonda bu gabahat işe gahary gelen adamlar öz çakyny bilmedik baýa kürtä dolap, 90-a ýetip barýan bir garry heleýi iberýärler. Baý iki welaýata gülki bolýar. Bu waka dogruda zehinli şahyrlaryñ biri HEŞDEK BAÝ” atly meşhur goşgusyny ýazansoñ bolsa, ol akmak baý külli türkmen iline gülki bolýar.

Heşdek atly bir marly öýlenipdir Çärjewden
Çärjewden alan gelniñ gutly bolsun, Heşdek baý!”

diýen setirler bilen başlanýan bu goşgy türkmen edebiýatynda hemişelik galýar.

Ýene-de bir goşgy-da edepsiz şägirdiñ bolşy kinaýa astyna alynýar. Özünden ulyny asla sylamalydyr öýtmedik hünäri çalak-çulak öwrenen gopbam ýigit ussadyñ gaşyna baryp: ”Menem indi siz bilen deñleşendirin” diýende, ýaş ýigdiñ edepsizligine geñ galan ussat oña kinaýaly goşgy bilen jogap berýär. Ol täsin goşgy-da, ine, şeýle setirler bar:

”Atañ ýylan gyrkyp ýygnan ýüñleri
Kiz bolanda deñleşersiñ biz bilen!”

Durşy bilen kinaýa ýugrulan bu goşgy uzak ýyllar il gezip, ahyrsoñunda biziñ döwrümize gelip ýetipdir.

Şahyr Saparmyrat Öwezberdiniñ ”Güneşe” ýollan goşgularyna-da türkmen edebiýatynda köneden gelýän bu ýörelgäniñ dowamy hökmünde baha berse bolar.

Ak Welsapar, ýazyjy