| Berdi Kerbaba |
|
GYZLAR DÜNİÄSI |
|
”GYZLAR
DÜNİÄSI” ilkinji gezek 1927-nji ıylda ”Türkmenistan” gazetinde çap edilıär.
Şondan bir ıyl soñ özbaşdak kitap bolup çykıar. Poemanyñ teksti
Nurmuhammet Aşyrpuryñ 1980-nji ıylda Eıranyñ Kümmet-Kowus şäherinde çap
edilen kitabyndan alyndy. Arap-pars elipbiıinden latyn elipbiıine geçiren: |
| GYZLAR DÜNİÄSI Öñ zamanlar bardy şeıle bir wagyr: Bu pikir gelıärdi örän uzakdan, Diıseñ: ”Gyzy boldy planyñ, äheı!” Gyz kişiniñ maşgalasy ahyry, Gyz ıurt goramaz, busar oturar, Gyzdan yurt eıesi ıa nesil bolmaz Oguldyr atanyñ arka daıanjy, Şeıle wagyzlardan gulak ganansoñ, Eşidende atasy ”göbek kes” sözün Ogul bolsa, derrew azan aıdarlar, Gyz bolanda, azan-kamat aıdylmaz, Müınli bolar gyz doguran aıal hem, Dogmasyndan ata göwni jaı bolmaz, Enesem gyzyna etmez kän geleñ, Açlykdan gyz pahyr aglasa ıekän Lak atanlar diıer: ”başyñ sogrulsyn!” İylgyryp, bökjekläp gelse-de gola, Ogul ıaly gyz görülmez gowurak, Gülüp-oınamaga ıarap başlansoñ, Hajyk-hujuk, bir azajyk bakylar, Bu nä ”başy kesilen!” diıp taşlarlar, Alty-ıedi ıaşda bogup gulpagyn: Tur-otura ıarandan soñ neılärler? Enesi öwreder oturuş-turşun, Birnäçe wagt gezer, bökejeklär towsup, Bagy üzülip, dökülmese hünjüsi, Şol wagt göıä bir açylıan gunça, Çekinmezler ıalan-ıaşryk öwmeden, ”Baı, bu gyz-a örän gymmat bahadyr! Bermeris hiç kime, bolmasak belet, Salmarys gapydan her öñıeteni, Her gün şeıdip, köp degerler oıundan, Kä agladyp, käte-käte söıerler, Yhlas bilen iş öwreder ejesi, İüñüñ gowsun darap, çüprek tüıtmesin, Mahlasy birkemsiz ugradyp işe, Göze görnüp ıetişensoñ gyz halky, Adam barka geplemäge utanar, Elek-çelek bakmaz, dört ıana garap, Dört tärim, el işi bir tenha özi, Şeıleräk bolsa-da gyzyñ ykbaly, Barly ıerden: baıdan, beginden, handan, Alandan soñ gelıänleriñ habaryn, Diıerler: "Nesibäñ bolsa ıetersiñ, Derñärler, nähili kowmun-tiresin, Azajyk göz ıetse bir şikesine, Göwün ıetse, bar zadyna ıerbe-ıer, Kesmek üçin gyzyñ malyny uly, Gyz atasy çagyr kowum-gardaşyn, Ikiıan gerilşip çaı-paı içerler, Sanarlar ummasyz beterden beter Güıçsüz bolsa, ”çak ıetmez” diıp
aıdarlar, İükçi bolsa, hiç darykman bakarlar, Diıerler: ”Eşitdik gyzyñ bahasyn, Aıtdyk biz hemmeje bahañ çen-çakyn, Ikiıandan çekeleşip başlarlar, Gelenler kem-kemden ıokary süıner, Bir ıany diır: ”o bolmasyn, bu bolsun!” Ertirden agşama ikiıan tartyp, Agzaşarlar hemme halat-serpaıyn, Mal geçirmek üçin sähedin belläp, Gyz otyr daş çykman başga bir öıde, Käıinip bir özi örtenip-bişer, “Atam-enem meniñ işim görıärler, Men pahyr bir boıny bagly goıun-la! İokmy maña öz obamda hyrydar? Aıtsalardy Annamyrada gel-ä… ”Razymy, razy däl?” - menden sorıan ıok! İamanlygy ıokdur atam-enemiñ, Hyıal eden barmy gyz göçürmäge, Gyz atasy ıygnar ıene kowmuny, İigit taıy sanar başdan gyrany, Utanjyndan gyz galdyrman kirpigin, Gelin utansa-da, uıalyp gaçmaz, Pul alansoñ, durman o taıdan gaçar, Bäşden-bäşden gyran sanıan dogrulap, Sanalansoñ puly halta jaılarlar, Gelinaljynyñ günün belli ederler, Çykjak gyzyñ gyzlar üışüp daşyna, Hersi bir zat tapyp jykyrdar olar, Bu gyzlara gelip gaty gahary, Içinden käıinip, ot alyp ıanar, ”İer çeken, bedibagt, maña dözenler, Gelinaljynyñ geljek pursaty ıeter, Ertir irden turar gamly, gaıgyly, Söwüş goınuñ birnäçesin öldürler, Obadaşlar häzirlener ıygnanyp, Atbaşçylar topar tutup gelıändir, Salarlar kesegi dazyrt-da-dazyrt, Atbaşçylar atyp tüpeñ pagtabent, Kä oglany kowalap, öıe dykarlar, Hatar tutup, geler gelinalyjy, Oba ıetmän düıelerden düşerler, Topbak tutup, gerler öıuñ işigne, Üışüp duran gyzlar gapyda hatar, Töwerekden galdap gelinaljyñ daşyn, ”Heı, siziñ bir!” - söze gyzlar dagaşar, Ur-tut biırler gantly çaıdyr palawy, Gelnalyjylar ”käse hakyn” alansoñ, Ugrarlar gapydan ıekeden çykyp, Gyzyñ bu wagt böküp durar ıüregi, Bilmez neneñsikä oña boljak är, Bütin dünıä ömür boıy ıoldaşy, Nega saz bolmasa, onki synasy, Gapa baryp öı hakyny tölärler, Getirler göterip palas üstüne, ”Tur” diıseler, diırler: ”Ber palas
hakym! Süırärler palasy ”göter-hä, göter!” “Mün! – diıerler, soñ geline – dessine!” Ugramakçy borlar, gallap daşyny, Berip, berip, düıe başyn sypdyrlar, Alyp gyzy, saılanarlar obadan, Gyz adyny taşlap, ”gelin” dakarlar, Meselem, biri diır ”ıigdimiz kel, kör”, Gözmonjygy ıaly, Aıyñ bölegi! İalandan janygyp, uzadyp elin: Gör nirlere seniñ nesibäñ çeken? Barar gelin bürenjegne ıapyşyp, Gelnaljy geçäıse oba duşundan, Gyz-gelin ıygnanyp, öñden çykarlar, ”Tüweleme, tuf! - diıerler - Aı ıaly! Obanyñ gyrasy çala görnenden, Şonça baırak berjek diıip bellärler, Oba adamsy iç-daşary çykyşyp, ”Anha, gelıär öñürdikläp öñatly” Eñişip atlylar tozan turuzıar, Oba öñünden geçerler okkesdirme, Diıseñ: gelin alıanyñ öıi bu taıy, Atbaşçylar geler pagtabent atyp, Gelin-gyzlar üışüp çykar öñüñden, Getirler geliniñ daşyny gallap, Penjeläp, gelin üste seçer pişmesin, İere düşen pişmeleri çöplärler, Üışmek tutup, gelni getirler gapa, İaglyk almak üçin gapy saklarlar, Her birine ıaglyk berip sowarlar, Idekläp ol gelni, meñzedip köre, Gelnalyjy, atbaşça gant bilen çaıy, ”Gözüñ aıdyñ, how!” diıp jarçy gygyrar, Almyt isleıän kändir, her dürli ıygyn, Her haısyna berler baıragy telläp, Uludan-uludan alyp demini, Tizräk bir habar bilmäñ kastynda, Bilenok getirlen niçik-neneñsi? Nämüçin bu gelni ozal görmändir? Çagyrlar mollany nika gyımaga, ”Yhhym” diıip molla geler ardynyp, Olañ ıeri çetde ojak başydyr, Girer öıe çişip, bäş-on ıaşuly, Bellärler iki adam pyıada kazy, Salam berip, ol sowfyny sanarlar, Gyssarlar birnäçe adam görkezip, Gaıtalarlar şunça razy bolynça, Jogaby tabşyrlar gelip märekä, Pyıada kazylar gelip otyrlar, Nika suwy ortadadyr ezilgi, Okar molla Abolbaşar hutbasyn, Nika wagty elindedir synnysy, Açyp”bagşylaryñ” serin-sepini, Hutbadan soñ nika suwun aılarlar, Kazylara berler pully ıaglygy, Getirler ıigidi gelniñ üstüne, ”Ak-gök geıdirme” diıp, berer nesihat, İigit ıöne otyr öñki ıerinde, Täzeden dartañrak edip geıdirip, Gelin pahyr galar güman içinde, Ünjä goıan bir zat bolar gelini, Götergiläp ıañky ıigdi getirler, ”Çykar” diıer ıigit ädigin uzadyp, Bir diıende gelin asmasa gulak, Çykarmaga gelin ädigin çeker, Aıal-erkek syn ederler üışüşip, Ädikden soñ guşagyna ıapyşar, Guşagyny çözjek bolup dyrmanyp, İigidiñ eline gamçy tutdyrlar, İigit urup, gelin-gyzy gamçylap, İeke galyp iki ıatlar bir öıde, Pessaı-pessaı ıigit gelne söz goşup, İuwaş-ıuwaş bir-birine ıanaşar, İigit ıakyp çöpün, janyny barlar, ”Aıyr eliñ” diıer, bakman sözüne, İigit aırar gelniñ elin zor edip, Göwne ıaksa, elin salar boınundan, Gelin ıigde seretmäge uıalyp, Gujaklaşyp, bir-birine gysyşar, Deñ bolsalar, biri-birin halaşyp, Şatlyk bilen gijelerni geçirler, Ertirden soñ gelin añyrsyn bakyp, İigidiñ ıanyna üışüp deñ-duşy, Biri çekip, ıigdiñ bagjygyn ıolar, Bagjyk dakdyr ıigit bulañ gaşynda, Ondan soñ diıerler: ”görkez gelniñi!” İigit turup, gelni pugta gujaklap, Bürenjegin serpip, ıüzün görkezer, Gurby ıeten berer ullakan baırak, Uly- kiçi toıa baka ıörärler, Ikibirden goşup, köp at çapdyrlar, Tegelek ortada guralyp göreş, Gyzlar gelni käte çykar meıdana, Görjek aıal gelip, ıüzüni açar, *** Baş salmaga aıal-gyzlar üışerler, Gyz-gelinler tutar gelin tarapyn, Iki arada bolar ullakan göreş, Aıallar bir dony alyp eline, Gyz-gelinler ıapdyrmaga goımazlar, Bir gelin, bir aıal çykyp arada, Topulşyp iki ıan bütin garyşar, Bulaşyp saçlary, galam-gaşlary, Ahyrynda ökde gelip aıallar, Gutarlar bu oıny gelne baş salyp, Gelin bilen ıigit ıaşar birigip, Gyz taıyndan geler bir gün çagyrjy, Olar munda bir gün bolup gaıdarlar, Bir aıdan soñ çelpek ıapmaly bolar, Oturup hamyrdan çelpek ıaparlar, Birdenkä gapydan ıaş-ıeleñ girip, Atasy öıne indi gelni gaıtarlar, Öılerinde gelin iki-uç ıyl gezer, Taıynlar şaı-sepin, harç edip ençe, İigit barar ogryn gelin yzyndan, Çörek berip barar, ite duıdurman, Sandyraklap, ıuwaş girip gapydan, Garanjaklap, ıakyp otly çöpüni, Boıun burup, ıalbar, gelnin çykarar, ”Işlemese” ıigdiñ bagty bu ıerde, Ahmallykda birden gapy takyrdar, İigdiñ gelenini derrew duıarlar, Çäre tapman, ıigit diıer ”tanalıa”, Gaharjañrak bolsa gyzyñ atasy, Dümly-duşdan turup, muny kowlarlar, Iderler howutlap ”haıt, çüw” edip, Zordan sypyp, ıigit zeırenip gaıdar, Munuñ üçin iki arada bolmaz jeñ, Gelin geler ençe wagtdan soñ gaıdyp, Öy içiniñ ygtyıary gelinde, Onda-da är sözi ökde aıala, Razydyr ”kemligine” aıal ärinden, Bu dogurda bir gep ıokdyr diıesi, Käte çanak çakyşsa-da öıünde, Içinden diır: ”är-aıalyñ uruşy” - Bu barada şeıle diımek hem gerek: Kändi o döwürde garyp ıaşıanlar, Garyplaryñ garyplygy geñ däldi, Hordy zähmet çekseler-de ärlerçe, Diırdiler: ”Bagtym pes, emgegim zaıa”, Kyndy olañ datly tagam datmasy, Garyp gyzlañ ters gelıärdy täleıi, Garyplyk durmuşa awy gatıardy, Aç gyrmazlyk üçin çülpe çagasyn, Garyp gyzyn berse bir aç gallaja, Bir garyba berse deñ-duşy diıip, Ömür boıy aç-ıalañaç galjakdyr, Mydam ıüzer agyr oılañ küıünde, Pul, elbet, ıapıardy köp aıyplary, Pul köre göz biırdi, lala saırak dil, Emma gyzy pula bermek bir hili, Muña çäre gözläp garyp hem gallaç, Pul bolsa ıamasy bitjek ıalydyr, Şeıdip garyp gyzlar örän harlandy, Bu hakda-da birki agyz aıdaly, Baı garyby hiç özüne deñ saımaz, Getirlende ilki gelniñ ıanyna, Üışmeleñde öz-özünden ıel alar, Turuwbaşdan çişip gelniñ üstüne, ”Ädik çykar” diıip, ony hürseklär, Öz bolşuny görenlere göz eder, Gelin heniz aılanmanka bärsine, Hütüledip deper ıatan ıerinden, Gyzyñ dert üstüne derdi sepişer, Gül ıaly jenany horlar ol, arman, Añsat däldir çözmek çigşen guşagy, ”Tüweleme” diıer, çyksa synçylar, Öıde ıeke galar diñe iki ıat, İigit birje hoş söz aıtman geline, İüreginde ıaman niıetin beklär, Elden gelen zulmun eder geline, Göıä gyrgy penjesindedir gelin, Zarynlar hiç ıerden bolmaz bir jogap, Aıdar öz içinden:”Eı, enem-atam, Naıynsap taganna gazan ataryp, Baı malyna gyzyp, meni satdyñyz, Seljermän kimdigin maña är boljak, Ene-ata perzendini şeıdermi? Men balañyz dälmi eıse bu geñle, Gezerdim men torguş kimin bakjaklap, Arman, geçip gitdi menden o döwran, Näıynsap eline geldim-de düşdüm, Men bir ejiz, ol üstüme gygyrıar, Garyp gyzy bolmagym meñ aıypmyş, Dişini syrtardyp, dalıar ıyrtyjy, Ertir turup ıeñsesini tüññerdip, Deñ-duşlary gelse onuñ ıanyna, “Ahaı! - ysnat getirme sen äriñe, Oılanman soñunyñ näm boljagyny, Şaıly börük töre bakan myçylar, Günde azar berip geçir bir aıyn, Gije-gündiz ıaşly bolup gözleri, Gaıtarlansoñ käte baryp yzyndan, Utanmaz ıaman iş, ıüz garalykdan, Keser serpik bagyn, taıyn dokmasyn, Gaıny bilen ıersiz ıere sögüşer, ”Bolıa-da” sözünden galyp kän derde, Ah nädeıin, gara mañlaı, şum bagtym, İadymdan çykmandy öñki azary, Il içinde barmy, kesıän dokmany? Etjegini edip, diııär bolıa-da, İuregim ot alyp ıanıar-la bagrym, İazygym näm boldy, bagtym garaltdyñ? Käşgi ıetmän ol zalymyñ destine, Meni mal ornunda görıär ol zalym, ”Bir özüm” diıp, düşünmeıär biçäre, Gelin gaıynlarna gaıdyp gelensoñ, Doluşan gunçasyn gülüp açmanka, Äri her gün turşardar-da ıüzüni, Zat ıok ıerden geçip gelniñ daşyna, İersiz ıere bu pahyry taıaklar, İokdur gelniñ haky garşy durmaga, Otursa: ”tur” tursa diıer: ”gel otur!” Buzdan tozan, tozandan-da buz arar, Garyp gyzy gara görner gözüne, Diıer: ”edep-terbiıäni bileñok, Heleı däldir belki seni doguran, Seniñ bilen ıaşap bilmesem gerek, Täze heleı alaryn men üstüñe, Kir ıuwarsyñ, kül süpürer-atarsyñ, Aıal-gyzy hak-hukukdan kesen kim? Ruhany, namalar dälmi baglanlar, Aıal-erkek bir däl diıip Kuranda, Şaıatlykda bir är ıerne - iki aıal, Mirasdan-da gyzyñ haky ıarym paı, Satyn alan maly – ursun, öldürsin, Baılar şol ”kanuny” doga edinip, Guıruklarny bulap, arlap gezdiler, Din zynjyry aıal-gyzy torlapdy, Baı ıerde har bolar garybyñ gyzy, Hemmejesi uçdantutma baıardyr, Her haısysy bir ıanynda lagyrdar, Gaıgydan, hasratdan egilip başy, Dula bakyp, başyn çümre bürenip, ”Garyplykdan köıdüm, eı atam, enem, Tutmaga elim ıok, gaçmaga aıak, Janym eje, bir mähriban ıok maña, Eı hudaıym, meni betbagt ıaratdyñ, İa-da sen hem para-peşgeş aldyñmy? Baılygy nämüçin berıäsiñ baıa? Gylaw berıar oña altyn teññesi, Goı, jahennem, alsyn ıene ikisin, Hiç bir ynsan çekip bilmez bu zulmy, İa bir düıpsüz guıa eıse özümi İa bir ıurda gideıinmi baş alyp, İagşy, çykdym gitdim nirä baraıyn? Yzymdan at salyp hökman ıeterler, Öñküden aıylganç zulma başlarlar, Şum bagtymyñ heı çyrasy ıanmazmy? Jan jellady zyndandan bir çyksamdym, Ah, nädeıin, gara boldy mañlaıym, Gije-gündiz dynman çekip endişe, Pul döküp, mal berip, etmezden haıal, Birden sulhy alsa eger soñkyny, Şeıdip baılañ hiç galmazdy armany, Bedasyllañ nemunasy ne ıaman, Göwnümiñ guwanjy türkmen gyzlary, Zalym baılar berip goıun, pul, düıe, Ygtyıary eliñizden aldylar, Urup-ıenjip maksatlarna ıetdiler, Kä biriñi ıersiz-ıere öldürip, Kimiñi kesdiler, kimi asdylar, Gara gözler, güler ıüzler, ıaı gaşlar, Emma indi geçdi senden ol zaman, Öñki zulum, öñki jebir hem jepa, Partiıamyz seniñ bagtyñy açdy, Tiz tur indi, gal ıeriñden ıaıdanman, Bilim alyp, azatlyga tut ıüzüñ, Deñlik size ärler bilen her işde, Halyñ öwşün atsyn, ösdür sen käriñ, Azap ıok, zulum ıok, rähnet seniñki, Ykjam ıapyş, kän iş bagly aıala, Solmarsyñ sen, täze açylan gülsüñ, |