Ýaşlaryñ döredijiligi

 

Baýmyrat Kepil

 

KAPASADAKY ERKINLIK

Hekaýa

 

 

“Şol günden soñ gijemi, ha gündizmi
Gaplañ bar wagtyny aglap ötürdi.
Şeýdip, ejizligiñ başlanan güni,
Şol gaplañyñ gaplañlygy gutardy.”
Gurbannazar Eziz

 

Şäherde ýaşasañ wagtal-wagtal tanyş dost-ýarlaryñ bilen seýilgähedir dynç alyş medeni merkezlere gitmek, elbetde, geñ zat däl. Emma Berdiniñ eýýäm bir hepdeden bäri gün sypdyrman ürç edip diñe haýwanat bagyna gatnamagy welin, oñlarlykly endik däl. Ol her gün mekdepden gelip, çaýyny içip günortanlygyny edinensoñ, haýwanat bagyna eñýär. Ýedinji klasa ýañy geçen okuwçyny haýwanat dünýäsi gyzyklandyrýan bolmagy ahmal ýöne munuñ täsin yzygiderliligi welin, gyzyklanmadan öteräk bir duýgy bolsa gerek.

Bu günem ol gündekisi ýaly mekdepden gelip howul-hara çaý-suw, ýürekselik edindi-de, ylgap diýen ýaly baga tarap gitdi. Onuñ bu bolup ýörşünden ejesi Maral gelneje ynjalyksyzlanýardy. “Oglum, heý, günde-günde-de bir haýwanat bagy bolarmy?” diýip, igençli iñirdäp galdy. Her näçe igense-de, Maral gelneje bir tarapdan oglunyñ öñüni kesmek islänokdy. Belki-de, oglumyñ bu hereketleri onuñ janly-jandarlara bolan mährini, söýgüsini artdyrar diýip, ol öz ýanyndan pikirlenýärdi.

Bu gün Berdä bir zatlar-a bolupdyr. Ol haýwanat bagynyñ gapysyndan kürsäp diýen ýaly girdi. İndi gapydakylar ony gowy tanaýardylar. Olar bilen salamlaşansoñ, ol haýwanat dünýäsine çümdi gitdi...

Berdi käbir haýwanlara ünsem berenokdy. Şoñ üçinem ol gazlaryñ, ördekleriñ, beýleki guşlaryñ deñinden howlukmaç geçdi. Birsalym, masgarabaz maýmynlaryñ gözenekden asylyşyp oturşyny synlajak ýaly etse-de, olaryñam deñinden tiz geçdi. Tilkilerdir kirpiler, şagallardyr towşanlaram Berdini kän bir gyzyklandyranokdy. Ony diñe haýwanat dünýäsiniñ şasy hasaplanýan Ýolbars gyzyklandyrýardy. Edebiýat sapagynda mugallymyñ ýolbarsyñ batyrlygy, hökmürowanlygy baradaky gürrüñi, täsirli ertekilerdir hekaýalary onuñ üçin diñe bir erteki bolman, eýse durmuş hakykaty bolup görünýärdi.

Haýwanat bagyndan töwerege ýaýraýan erbet ys adamlaryñ bu ýere seýrek gelmeklerine sebäp bolýardy. Gelim-gidim az bolansoñ, haýwanlaram adamlary tülelläp bilerdiler: haýwanlary iýmleýän işgärleri yslaryndan tanardylar.

Berdi wagt ýitirmän, yolbarsyñ saklanýan demir gözeneginiñ ýanyna bardy. Ýolbars ýatan ýerinden Berdä “geldiñmi?” diýýän dek ýadaw nazar aýlady. Ol uly göwresini ýere berip, öñ aýaklaryny ýassanyp, erkinlikden umydyny üzen tussag kimin, töweregine müýnli garap ýatyrdy. Haýwanlaryñ şasy, birwagtky hökmürowan indi kapasa gabalyp, adamlara görkezme esbap bolup hyzmat edýärdi. Pelegiñ çarhyny diýsene, ol ne güýçlüni sylaýar, ne-de ejizi.

Elbetde, onüç ýaşyndaky Berdi üçin “erkinlik”, “azatlyk” sözleriniñ manysy entek nämälimdi. Şonda-da köp ertekileriñ baş gahrymanynyñ, haýwanlaryñ şasy ýolbarsyñ bolup ýatyşyna onuñ haýpy geldi. Ýüregi awap, öz ýanyndan kapasanyñ içindäki läheñ haýwana göwünlik beren boldy. Berdiniñ bu gün bu ýere howlukmaçlyk bilen geleniniñ sebäbi öten agşam düýşünde gören çyn ýolbarsy bilen kapasadky ýolbarsy deñeşdirmek islegidi.

Düýşündäki ýolbarsam edil haýwanat bagyndaky ýaly kapasadamyş. Berdi hem ony synlamak üçin kapasanyñ golaýyna baranynda ýolbars kapasany döwüp Berdiniñ üstüne topulýarmyş. İrden oýanan wagty entäk çaga-da bolsa onuñ öz gören düýşüne gülesi geldi. “Ýolbarsam bir kapasadan boşanyp bilermi?” diýip, içini gepletdi.

Ynha, bu gün onuñ maksady düýşüniñ oraşanlygyny ýa-da däldigini barlap görmekdi. Huşdaky ýolbarsyñ boşanmak, gözenegi döwüp, gaçyp çykmak niýetem ýokdy. Ol öz ýagdaýyna öwrenişip gidene meñzeýärdi.

İlki-ilkiler tokaýdan tutup getirilen günleri ol köp urundy, köp jan etdi... Kapasada İki baka arlap gezdi, demirlere topuldy, azatlykdan mahrum edilenine ynanyp bilmän, her gün göwni erkinligi küýsedi... Ýöne wagt ony gula öwrürdi...

Indi diñe bir daşky sypaty diýäýmeseñ , onuñ erkinlikdäki şire meñzeýän ýeri ýokdy. Haçan görseñ , göwresini ýere berip, diñşirgenip ýatyrdy. Berdi çalaja pyşyrdady: “Eý, haýwanlaryñ şasy, meniñ saña ýüregim awaýar. Seni näme üçin demir gözenege gabap goýdular? Sen öz durmuşyñdan razymyñ ? Belki, özüñ islänsiñ – günde üç gezek iýmitlenip gözenekde ýatmagy? Indi garrapsyñam, bu ýerden gaçmak seniñ ýadyña-da düşýän däldir, düýşüñe-de girýän däldir...”

Birwagtlar haýwanat dünýäsine hökmüni ýöreden beýik erk, ynha, çaganyñ gözüniñ öñünde ýere serlip ýatyrdy. Birdenem ýatan ýolbars silkinip ýerinden turdy-da garşysyndaky oglana dikanlap seretdi. Soñam töweregine garanjaklap, ýuwaşlyk bilen oglana: “Bu gün men saña Spartagyñ gozgalañy barada gürrüñ berjek” diýip, syrly äheñde pyşyrdady. Oglan gözüni elek-çelek edip, töweregine ýaltaklady, garaşýan söhbetiniñ başlanany üçin ýüzüne begenç çaýylyp gitdi. Berdiniñ näme üçin haýwanat bagyna her gün gelýänligi indi düşnüklidi. Ýolbars Spartak barada, soñra Aba serdar, halk arasyndan çykan beýleki erkin gozgalañçylar barada azajyk sojabrak, ýöne örän agraslyk bilen gürrüñ berdi. Oglanlykdan saýlanyp gelýän Berdi üçin bu zatlar çuñ meselemi ýa-da ýok – ony bilmek kyndy, ýöne ýolbarsyñ gürrüñi diñe bir Berdini däl, eýse onuñ deñ-duşlaryny, klasdaşlaryny hem gyzyklandyrýan hekaýatlardy. Berdi ýolbarsa düýn gije gören düýşi barada gürrüñ bermek isledi:

 – Bilýäñizmi, men öten agşam düýşümde edil size meñzeş bir ýolbarsy görüpdirin. Ol has güýçli hem başarjañ eken.

Kapasadaky ýolbars bu sözleri eşidip biraz geñirgendi. Çagajygyñ näme diýjek bolýanyna doly düşünip bilmän soragly garady:

 – Ýeri, onsoñ ?

Berdi bu gezek ýolbarsa dos-dogry sorag berdi:

 – Onsoñy ol ýolbars demir gözenegi döwüp, erkinlige çykdy. Muny sen başarañokmy?

 – Düýşüñ ýorgudy bilen gyzyklanýan bolsañ , men saña aýdaýyn. Ol kapasadaky 

ýolbars erkinligi elinden alnan, gözenegiñ añyrsyndakylary alamatlandyrýar. Onuñ boşanmagy – bu hemmäniñ azatlyga çykjakdygyny añladýar. Aslynda seredip otursañ, bu günki gün menem özümi erkinlige çykan hasaplaýan. Sebäbi, ynha, sen meniñ erkim. Mundan beýläk men öz bilýän zatlarymy, erkinlik hakdaky aýdymlarymy saña öwrederin sen hem ony başgalara öwredersiñ. Şeýdip, biziñ erkinlige çykyşymyz hem, edil Spartagyñky ýaly, dillere dessan bolar. Sen meniñ dowamatym bolarsyñ !

Berdä tarap ýöräp gelýän haýwanat bagynyñ işçisi bir zatlary añjak bolýan ýaly bilesigelijilik bilen çaganyñ ýanyna gelip saklandy. Ara ümsümlik aralaşdy. Diñe gapdaldaky kapasada iki ýana jöwlan urýan syrtlanlaryñ üýtgeşik hyşyrdyly aýak sesleri ümsümligi bozýardy. Bu ahwalat gapdaldaky kapasada böküşip ýören maýmynlaryñ piñine-de däldi. Olar hemme zatdan hoşal, göräýmäge hemmelerem olardan hoşal. Onýança haýwanat bagyñ işgäri gelen ýoly bilen yzyna gitdi. Şonda ýolbars ýene pyşyrdyly gürrüñini dowam etdi:

 – Asyrlar halklaryñ erkini kämilleşdirýän güýçdür. Ozal erkin bolan halk erkinligi elinden alynsa-da, ony yzyna almagyñ arzuwy bilen ýaşaýar. Bu günki gün adamlaryñ arasynda döreýän agzalalyklar, duşmançylyklar diñe erk üstünde! Her kim öz hökmüni ýöredip, başgalaryñ erkini elinden aljak bolýar. Emma erk – iñ gymmatly zatdyr. Ony ýitiren halkyñ ne gelejegi bolar ne-de bu güni...

Berdi garry ýolbarsyñ sözüni böldi:

 – Bagyşlañ welin, meniñ gitmeli wagtym boldy. Men yzyma-da ýöräp gitmeli köp wagtymy alar. Ejemden ikindine çenli rugsat alyp gaýdypdym.

Ýolbars öñküdenem beter agras ses bilen:

 – Näme boldy? Ýa senem erkini elinden aldyranlardanmy..? – diýip, Berdiniñ azajyk çetine degdi.

 – Dogrusyny aýtsam, seniñ özüñçe gyzykly hasaplaýan gürrüñleriñ ýüregime düşýär – diýip, ýedinji klasyñ okuwçysy pert jogap berdi we duran ýerinden göni yzyna öwrülip, kapasadan daşlaşyp gitdi.

Berdi dogrusyny aýdýardy, erkinlik, erk bilen gyzyklanardan ol entek gögeledi. Bu abstrakt düşünjeler barada çaganyñ ýanynda gürrüñ etmek – wagt ýitirmekdi. Ýolbars welin, öz ýüreginde entegem köreýän azatlyk hakdaky arzuwyny oglanjyga miras goýmak isleýärdi.

Berdi maña bu hekaýaty gürrüñ berende, men oña: “Nägile bolara, nalara zat ýok. Kapasadakylaryñ özleri siñekden pil ýasaýarlar. Haýwanat bagynda adamlara hyzmat etmek, eýse gul bolmakmy? Aslynda ýolbars adamlara meýletin hyzmat etmeli dälmi nä? Bu eýse onuñ üçin dereje dälmi?” diýdim.

Adamlar öz pikirlerini biri-biriniñ boýnundan dakmak isleýärler. Ýolbarsyñ aýdyşy ýaly: “Dünýäde erk üçin göreş gidýär. Men öz düşünjämi çaganyñ beýnisine ornaşdyrjak bolýan, ýolbarsam – öz düşünjesini... Kim mamla – ony bilýän ýok. Hiç kes öz düşünjesiniñ takykdygyny, hakykatdygyny anyk bilenok, ýöne şonda-da adamlar öz pikirinden el çekmäge taýyn däl. Onda hany durmuş hakykaty? Ol nirede? Hemmeler hak söze, hakykata teşne, ýöne olar welin, hiç haçan ýetdirenok, tutduranok. Adamzat hak sözüñ ugrunda sergezdan. Onda biziñ gözlegimiz nämeden ybarat? Belki, bu biziñ başgalaryñ öz beýnimize guýan düşünjesi bilen hakykatyñ arasyndaky baky janserekligimizdir?