Keçetelpek

 

İARANJAŇ

 

Başlyklar ne diıse, agzyny açar,
Her sözün howada gapar ıaranjaň.
Her ädimde üzeňňiden üç geçer,
Güıçlüniň göwnüni tapar ıaranjaň.

Buıruk eşitdigi ”lepbeı” diıer ol,
Her günde minnetli aşdan iıer ol,
Adam däl, wezipä hormat goıar ol,
Başlykly perdeden gopar ıaranjaň.

Nätjek, biziň döwür şeıle kyn boldy,
Mertlik hem namartlyk goşa syn boldy,
İaranjaňlyk – özbaşyna din boldy,
Guıruk bulap, çar ıan çapar ıaranjaň.

İaranjaňdan egri geljek orak ıok,
Ygrary ıok hem sözünde derek ıok,
Diıer ol ”mertlikden indi çörek ıok”,
Pul üçin bilini eper ıaranjaň.

Bolup ıörşi gülki, ıöne gülmersiň,
Türkmendigne kesesinden ölmersiň,
Aıaldygny, erkekdigni bilmersiň,
Uıat ıerin çala ıapar ıaranjaň.

Keçetelpek, mertlik türkmen ıoludyr,
Bu ıoldan çykanlar – namart, loludyr,
Daşyndan göreňde erkek ıalydyr,
Emma erkek elin öper ıaranjaň.

2008-11-29