|
Ozalky ministr,
ozalky gerçek,
Ozal güne ıakman öz depäňizi,
Siz-how, näçe wagt mazamlap gezjek,
Utanman, ozalky wezipäňizi?
“Ozalky deputat” –
syn ediň gelip!
Ozalky barmak hem ozalky dyrnak!
Aıyp dälmi, bäş gün deputat bolup,
Soňra galan ömrüň öwünip ıörmek?!
Uçup bilmese-de gögi
gulaçlap,
Gara gargalaňam pes däldir päli.
Türkmenbaşyň beren emelin buşlap,
Agzyňyz dolduryp, ıaňraň bakaly!
Magşar güni bar
hemmäniň başynda,
Şoň üçin bu sorag görülmez aıyp.
Aıdyň, ıazmalymy mazar daşynda,
Ölüp, gömülseňiz, ”ozalky” diıip? |