Keçetelpek

 

Arada Aşagabatda köçeden barıarkam, halys aıagym ıadap, awtobusa mündüm. Ömür ıetdirıän däldir welin, şol gün bagtym çüwdi. Ilki men şeıle hasap etdim. İöne soň, öň ıanymdaky oturgyçda oturan iki ıaşulynyň gürrüňini bialaç eşidip, lapym keç boldy. Tozgun oturgyçlarda ornaşan iki ıaşuly özara şeıleräk gürrüň etdiler. Ol gürrüňi men ”Güneşiň” okyjylaryna gylyny gymyldatman ıetirıärin. Iki sakgaldaş haısydyr bir biedep ”gyzdan” zeırendiler. Ol ”gyzyň” kimdigini, goı, okyjylaryňyzyň özleri tanajak bolsunlar!

 

"Akjagül"…
(Iki sakgaldaşyň gürrüňi)

 

- Essalawmaleıkim!
- Waleıkimsalam!
- Soraşyň!
- Sizdendir! Soraşyberiň!
- Obalar saglykmy hem goňşy-golam?
- Şükür. Bizem entek üstünde ıeriň.

- Gözüň aıdyň, öıeripsiň ogluňy!
- Köp sag bol, sakgaldaş, Taňyrıalkasyn!
- Şeıdip, aram-aram toı etmek gerek,
Şatlyk terk etmesin, Türkmen ülkesin!

- İogsa-da, sakgaldaş, ıetişen ogul
Sende-de bolmaly, haçan öıerjek?

- Wah, sakgaldaş… Meň ıarama duz guıma.
Meniň dogmam
deň-duşundan saılandy,
Şunça gowy gyzlaň deňinden geçip,
Şol bisyrat ”Akjagüle” öılendi…

Bolmandyr. Nätjek-dä… Kysmatydyr-da…
Üıtgejek zat barmy, hernäçe ökün.
Aı, hawa-da, türkmen ganyma duşdy,
"Akjagül gyz" kesjek türkmeniň kökün…

2008-11-30