Ak Welsapar

 

JÜBÜKESER

Hekaıa

 

Öten agşamky jedel ıadyna düşende İalkym seňrigini ıygyrdy: ”Hudaı kessin, nähili adamlar-aı şu Nyıazmyrat bilen Waleriı? Ömür düzelmän geçjekler. Nä ıurduň içindäkileri bir ıaňasy etdiňiz-de, indi daşary ıurtlylar galdymy diısene! İeri, inturist bilen ne işiňiz bar? Gapjarlar, gidersiň-dä ıeriň aňry ujuna aıagyňy sallap. ”Walıutaçy” diıip, doňdurarlar bir agyr maddany, sypyp bilseň, syp, göreıin! Şolar-a, walla, iki bolup işlemeseler, aç hem öljekler. Waleriı-hä başyny çarasa-da çarar welin, şu Nyıazmyrad-a edil iki günde ele düşermikä diııän… Günüňe ıanaıyn, seniň jübükeser bolaışyňdan!

   Ol Waleriniň içiňden geçip barıan tes-tegelek ıylan gözlerini ıatlady.

   – Bilip goı, pul aıallarda bolıandyr – diıip, ol piwodan keıplerini köklänsoňlar, akyl satardy. – Sebäbi aıallar ıanlary pulluja gezmäni gowy görıärler.

   – İok – diıip, İalkym oňa garşy çykardy: – pul erkekde bolar! Sebäbi erkekler ıanlary pulsuz gezmegi halanoklar!

   Bu köne jedel dek düınem ”awdan” soň içgiden keıplerini kökläp otyrkalar olaryň arasynda täzeden tutaşdy.

   – Puluň erkekde bolmaga haky ıok – Waleriı sünnälenip ıonulan uzyn dyrnakly süıem barmagyny ıokaryk çommaltdy. – Pul hemişe aıallardadyr. Sebäbi hojalygy aılaıan şolar. Erkekleriňki – gazanjyny lükgeligi bilen aıallarynyň eline tutdurmak. Içjeginden öňňesini. Onsoň aıallar ol pullary gysymlaryna gysyp, şäheriň içinde dükan söküp ıörler. Aıalyň gapjygyny çilseň, ömür boş çykmarsyň! Erkekleriň arasynda welin – tüf! – diımäıin diısem, ıyrtyk bir manat bilen şäherde entäp ıörenleri näçe diıseň tapylıar. Aıallaryň arasyndan, tap-da göreıin şolar ıalyny, tapaımarsyň! Olarda, bolmadym diıende, 5-10 manat bardyr.  Aıalyň gapjygyndan şondan az pul çykany meň-ä ıadyma düşenok,

   Nyıazmyradam ülpediniň gepini sözme-söz gaıtalady:

   – Pul aıalda bolar, inim, bu taıda jedel nämä gerek? Biz-ä özümizem tapan-tupanymyzy aıalymyza eltip berıäs… Şeıtseň, öıe baraňda ıüzlüräk bolıaň.

   Bularyň dilleşen ıaly bir perdeden gopuşlaryna İalkymyň girre gahary geldi:

   – İok – diıip, ol piwoly bokalyny eline alyp, ör turdy. – İok! Siziňki ıalňyş: pul erkekde bolar! Biziň bu taılarymyzda entegem maşgalany ekleıän erkekler. Onsoň pula hojaıynçylyk edıänem ıene şolar. Erkegiň gapjygy hemişe heleıleriňkiden agyrdyr. Bagtyň işlese, on aıaldan ogurlajak puluňy bir erkekden çilse bolıar!

   – Sen biziň halkymyzyň milli gylygynyň özgerendigini göz öňünde tutaňok! – diıip, Nyıazmyrat syıasata tutdy. Bu onuň kärdeşlerinden ökde ugrudy. Şonuň üçinem gerek ıerinde ol syıasaty ulanyp, adamlary agzyna bakdyryp bilıärdi. – Halk üıtgedi. Özem gatyja üıtgedi. Durmuş bilen aıakdaş gitmeseň, hor bolarsyň!

   İalkym onuň agzyna öıkündi:

   – ”Biziň halkymyzyň milli gylygynyň özgerendigini göz öňünde tutaňok…” Diliň dagy näteňet? Edil ıöne gazet okap oturan ıaly-la! Sen tutıaňmy göz öňünde şol üıtgeşikligi?

   – Hawa tutıan. Taıak iımejek bolsaň, öwrenmeli zady wagtynda öwrenip, ony halk bilen aragatnaşykda ulanmagy başarmaly… Il üıtgeıärmi – bizem üıtgemeli, işi dogry guramaly...

   – Öwrenseň, tutsaň, ıalňyşıaň-da. Türkmen hemişe-de türkmendir, bilip goı! Bu taıyny Orusıet bilen gatyşdyrma, bu taıda entegem pul erkeklerdedir, mydama-da şeıle bolar! Biziň işimizde seň ol syıasatyň nämä geregi bar? Syıasat diımek – boş takal.

   – Syıasat hemme zatda gerek. Syıasatdan gaçyp gitjek ıeriň bolmaz, ony diňe öwrenmeli!

   Häzir, geınip durşuna, İalkym bu jedelde birneme öte geçendigini duıdy. ”Türkmenem bolanda, indi öňki murtuny palta kesmez türkmeniň ıok” – diıip, ol öz halkyndan göwni galyp hüňürdedi. Şäheriň içinde heleıiniň yzyna düşüp, burny burundykly bugurçy ıaly höltüldeşip ıöreni kän. Waleriıniň aıdyşy ıaly, jübülerinde-de mydam posly birlikdir.

   İalkym bu gün diňe aıal-ebtatlar bilen iş salyşmagy ıüregine düwüp, öıden çykdy. Agzyndan düınki içen aragynyň ysy aňkap, ”müşderileri” ürküzmezligi üçin gül ysly atyrdanam birki owurt owurtlady. Elbetde, aıaly Güljahan bolan bolsa, onuň dumuşy başgaçarak bolardy. İöne onuň aırylyşyp, iki çagasy bilen atasy öıüne gidenine birnäçe ıyl geçdi. ”Indi onuň gelmejegidir – diıip, İalkym öıden çykyp barıarka oılandy. –  Indi gelse-de, getirmen. Ynha, sentıabrda student gyzlar geler, ugruna çyksaň, suw meıillirägini yrsa bor. Olara oba dolanmasalar bolany. Kolhoz işi halys alyp ıatıar öıdıän. Dagdyraşyp durlar, yzyna gitmeli diıseň, şäherde it alsa-da galmaga taıyn. – Ol alyp-kowan aıallaryny sanap, ”öwhüldänini” duıman galdy. – Soňam yzlaryna, oba dyzaıalar, garaz, düşüner ıaly däl.”

   Ol öz ”işleıän” ugry bolan ”on üçlük” awtobusyň duralgalarynyň birine wagtynda barmak üçin taksi tutdy. Bu gün anna günüdi, şol ıadyna düşende, ol taksiçini gyssady:

   – Süreweri, agam! Bas gatyrak!

   Orta ıaşdan agan taksiçi, onuň ıüzüne-de garaman, ıüzüni aldy:

   – Näme, göçüň geçıärmi, inim?

   – Aı, gijä galıan-da…

   – Entek sagat dokuzam bolanok, ıetişersiň.

   – Aı, biz ilden ir barmasak bolanok. Adamlar dagaıa ötägidıä…

   – Dagasynlar, özlerine gerek bolmasa, saňa näme?!

   İalkym nägile hüňürdedi:

   – Özüne geregini-gerek dälini bilıämi bu millet. Dagaıa gidıä – wessalam!

   Ol ”on üçlügiň” duralgasyna gelip düşdi-de, adamlara goşuldy. Göwnüne bolmasa, märeke selçňräk ıalydy, şonuň üçinem onuň kejebesi darykjak boldy. Ertirki dyknyşykdan boş çyksaň, bu gün agşamlyk hijem alan galaň bolmaz. Bäşinji gündür adamlar ak öıländen ikiden-ıekeden işden gaçyp ugrarlar. Işden soň topbak bolup, dyknyşyp awtobusa münjegi azdyr! İalkym bu bidüzgünçilige käıinenini bilmän galdy:

   – Päheı-de welin, ıene-de üıtgedip gurıasam diıen bolıarlar-a! Günüňize ıanaıyn, üıtgedip gurjagam siz bolsaňyz, näbileıind-ä! Size bukulyp, işden gaç diıseň!

   Ol duralga gelensoň, ondaky adamlara birlaı göz gezdirdi. Aıal kän däl, dört-bäş sany. Eli gaıyş hindi sumkaly ıaňagy çukurjykly gelin ıanyndaky boıdaşyna zeırenip gürrüň berıär:

   – Artyp galmyş, düınjük söz berdim, gijä galman diıip. Neneň galmarsyň? Nädip galmajak? Ynha, tegelek 10 minut ir çykdym düınküden, artyplar galan! Peıdasy näme?

   Onuň boıdaşy, ıüzi törpülenip ıasalan ıaly orta ıaşly aıalam janykdy:

   – Menem şony diııän-dä! Ir çykdyň, giç çykdyň – bary bir. Ulag wagtynda gelmese, işe nädip ıetişjek? Duransyň duralgada sagatlap irikgä bolup, tozan ıuwudyp! İöne… – ”törpülenip ıasalana” sözüni soňlamaga maı bolmady, ullakan sary awtobus öwrümden öwrülip, bäriligine gaıtdy. – İeteli, gyw! Ahmal bolsak, galarys mundanam! Işe gijä galıan diňe ikimiz däl, bütin şäher gijä galıar!

   Aňyrdan dykyn bolup gelen awtobus bu duralgada durman, oıtarylyp geçdi gitdi. Geçse-de geçdi welin, gargynç kökünem iıdi. Adamlar sürüjä agyzlaryna gelenini diıdiler. İalkym adamlary synlamagyny dowam etdi. Erkegiň-aıalyň bir gözi goşar sagadynda, adamlar gyssanıar. İalkyma-da geregi şol, olam syr bildirmejek bolup, arasynda sagadyna sereden bolıar. Çünki, göwnüne bolmasa, erkekleriň biri oňa häliden bäri gabak astyndan şübheli garaıar. İalkym bialaç ıüzüni sowdy, başam barmagy bilen çekgesindäki çuň ıara yzyny dyrmalady. Birküç ıyllykda jübä girende, ele düşenini ıatlady. Çekgesindäki yz şonda galypdy… Daş sypatynyň ıylmanak däldigi onuň keıpini gaçyrdy. Kärdeşi Nyıazmyradyň daş keşbine gözi gitdi, jüwlük diıer ıaly däl: saçy gyradeň agaran, ıüzi bäbegiň ıüzi ıaly, edil ıöne günäsiz perişdäň bar-da! Juda dikanlaımasaň, gözünden dagynam aňyrsynda galdyr-basdyrlyk bardygyny aňjak gümanyň ıok. Halalyň bol-a! Hudaı eçilende eçilıär-ow! Waleriı ikisiniň ynsap özlerinde, daşyndan seredip, olara ogrudyr diıjek tapylmaz. Şonuň üçinem ol ikisi aıalu-erkek – tapawudy ıok – esasan geınüwli epeı adamlaryň jübüsine girıärler. Orsy-türkmeni deň talamak üçinem bile tirkeşıärler. Çürkenip görmeseler, olara betgüman boljak ıokdur. Hany şu gün şolaň usuly boıunça işläp göreli, nähili bolıarka?

   Indiki awtobus duralgada saklanan badyna İalkym aıallaryň arasy bilen sürrekleşip, basgançaga aıagyny basdy. Hindi sumkaly aıalyň ”törpülenip ıasalan” boıdaşy İalkyma hindi sumkasyna golaılaşmaga maı bermän, ara düşdi. Emma İalkym barybir ol sumka golaılaşmagyň alajyny tapdy. Munuň üçin ol, hamana, yzdan zor görıän kişi bolan bolup, ”törpülenip ıasalany” boıdaşynyň üstüne döşi bilen itekledi. Ol öňe egilende-de, İalkymyň eli gaıyş sumka ıetip, çalasyn barmaklary hindi sumkasynyň düıbüne ıetip gaıtdy. Iş bitdi…

   Gapjygyň eline salan agramyndan İalkym oljasynyň oňanlygyny aňdy. Oňa şol ıerden yzyna gaıdybermek galdy. İöne nämüçindir, ”törpülenip ıasalan” bilen onuň boıdaşynyň ıanynda eglenesi geldi. Göwnüne bolmasa, ıaňaklary çukurjykly bu burunlakdan gelen görmegeı gelni öňem bir ıerde gören ıalydy. İalkym boıdaşlaryň gürrüňine gulak asdy...

   – Artyp galmyş – diıip, görmegeı gelin ulagyň üstünde dik durup gitmeli boljagyna göz ıetirensoň, käıinjiredi. – Basan ıerimiz gap-çanak… Indi magazinlerden öňküje alıan zatlaryňam alyp bolanok, taňkyrap galdy. Bu başlyklaňam biri ”kommunizm gurjak” diııär, beılekisi ”üıtgedip gurjak” diııär, garamaıaga bolsun diııäni-hä ıok arasynda.

   ”Törpülenip ıasalan” boıdaşy bu gezek oňa garşy çykjaga meňzedi:

   – A gyz, Mahynur, sen nä garamaıakmy, gyz? Iliň-ä, ıolda-yzda seni görüp bilse armany ıok, artist diıip.

   – Artist bolaň-da nä, gyz, garnyň doııarmy? Biz-ä, şu gidişine gitse, el tutuşyp, köçä çykaımaly bormukak diııän. Entegem tanyş zawmaglar alyp çykaııar. İogsa dagyn hut aç öläımeli. Bu eııämde ıekeje zady dogrulap baryp aljak gümanyň ıog-a! Ilki-hä pul gazanmaly, soňam şol puluňa-da ogurlyk etmeli! Il-bende-de telewizorda bir ıylpyldasaň, begiň güni ıaly günüň bardyr öıdıär.

   İalkym birahat gobsunjyrady: gör, ol kimiň sumkasyna giren ekeni… Asyl burnunam bir tanyş gördi-le…

   – Artyp galmyş, işiň bolsa-bomasa-da, edarada bir görünmeli-dä. İogsam, ynha, tanyş zawmagam şu gün geläıgin diıipdi. Uly haly berilıämiş. Reňki ıitiräginden goıaıyn diıipdi.

   ”Törpülenip ıasalanyň” soňky gepini eşidende, ol derrew çykalga garşy süışmegiň alajyny agtardy: ”Tizräk düşmeli!.. – İalkym öz-özüni gyssady. – Gapjygynyň alnandygyny biläıse, bu heleı edil ıöne awtobusy düňderäıer. Sesem gaty…”

   Ol awtobus duralga ıeten badyna towsup düşdi-de, o taıdan garasyny saılamak bilen boldy. Çola ıere baryp, gapjygy açyp gördi: içinde dogry 820 manat pul bar eken. İalkymyň ökjesi ıeňledi, guş bolup uçsam diıdi:

   – İaş-şasyn Waleriı! – diıip, ol begenjini daşyna çykaranyny duıman galdy. – Köpeı ogly, bilmän aıdanok eken-ow! Asyl, Nyıazmyradyň ony hüwi tirkän ıaly edip, yzyna tirkäp ıörşündenem biläımelidi-le ıönelige däldigini! Gör ol haramzadany, türkmeniňem aňyrdan gelıän häsiıetiniň üıtgänligini gowy bilen eken.

   İoldaky restoranlaryň birine sowlup, garbak-gurbak edinensoň, begençden ıaňa İalkymyň bütin bedenine nähildir bir ıeňiljek argynlyk aralaşdy. ”Öıe gidip ıataıyn, dem-dynjymy alaıyn, bu günki iş tamam – diıip, ol içini gepletdi. – Şähere agşamlyk çyksam hem bolar…”

   Ol tünegine baryp, özüni düşege oklady, uzyn gün ıatdy. Soňam ikindinler pişik basyşyny edip, öıden çykdy. Ilki restorandan keıpini kökläp, soňra jüık burnuny howa salkynlanda märekäniň üışıän ıerine – merkezi seıil bagyna garşy öwürdi. Jüık burny ony ıalňyşman, märekeli baga getirdi. İalkymyň göwnüne bolmasa, bu agşam adamlaryň keıpi göçgünlidi. Ol seıil bagynda birsalym aılandy. Soňra bir geline gözi düşdi. Ol gelin körpeje çagasynyň elinden tutup, bagda gezelenç edip ıördi. İalkym esli wagtlap bularyň yzyna düşüp gezdi. Gelin ahyrsoňy al-ıaşyl çyralaryň töwerege ıalkym saçyp duran ıerinde, ”şeıtan tigri” diıilıän ullakan tigriň beılerägindäki uzyn agaç oturgyçda ornaşdy. İalkym hem alahekik kimin galkyjaklap, olaryň beılesindäki oturgyçda gondy.

   Ejesine duıdurman, oglanjyga lak atdy, gözüni gypdy, öz gulaklaryny towlap görkezdi. Oglanjyk ıylgyrdy, soňam, ejesi beılesine bakanda, onuň sumkasyndan ıaldyrawuk ala-beder gapjygy çykardy-da, oturgyjyň aşagyna oklap goıberdi. Gelin muny görmedi. İalkym çyn ıürekden ıylgyrdy: ”Haı, bezzat diısäni!”

   Gelin oglunyň elinden tutup esli arany açansoň, İalkym oňa gapjygyny eltip berdi. İaş gelniň ony alkyşlaışyny görsediň!

   – Ömrüňiz uzak bolsun! Çagaňyza guwanyň! Wah, sumkama elini sokaıandyram öıtmändirin-dä. Taňyrıalkasyn!

   İakymly duıgydan ıaňa İalkymyň ıüregi ersip gitdi. Göwnüne, ıüzem azajyk gyzardy.

   – Aıdanyňyz gelsin! – soňky sözleri nädip diıenini özi-de bilmän galdy: – Zadyňyza bekräk bolaweriň, ogry-jümrem köpelipdir soňky döwürde...

   – Wah, o gyran degenlere çäre barmy? – diıip, ıaş gelin garaşylmadyk ıerden odukdy. – Bek bolaňda ne peıda? Şu gün, ynha, iıeni haram bolmuşyň biri gündiziň güni meň goňşymyň 820 manat puluny ogurlapdyr. Düşek aşyna ıarasyn ogurlany ıerçekeniň! O görgüliň owalam ıeke özi iki çagany ekleıär, zordan gününi aılaıar. Her kim nä günlük bilen gazanıar gazananjasyny. İorgan-düşekli ıatyr o pahyr öıländen bäri…

   Göz öňüne ıaňaklary çukurjykly burunlak gelin gelende, İalkymyň oňa ıüregi awady:

   – Zadyňyza bekräk bolmaly-da özüňizem – diıip, şonuň üçin ugursyz hüňürdedi.

   Gelin bilen hoşlaşyp gidiberjek ıaly etse-de, uzaklaşmanka, İalkym gaty ıöräp, ıene-de onuň yzyndan ıetdi. Gaharly gürledi:

   – Özüňizdenem bar. Awtobusa münüp-düşeňizde hemişe häzir bolmaly. Bilıäňiz-ä jübükeserleň edil şol münülip-düşülıän ıerde, basgançagyň aıtymynda işleıändiklerini! Näme goranmak kynmy? Görseňiz-ä, dyknyşyk ıok ıerden dyknyşyk döräp ugradymy – häzir boluň-da şonda!

   Gelin çagajygynyň elinden ykjam tutup durşuna, bu garaıagyz, çepiksi adamynyň janykmasyna diňşirgendi. Onuň ıüreginiň daş görnüşine görä däldigini geňledi. Iki nätanyş biri-biriniň ıüzüne garap, näme diıjeklerini bilmän, sakyndylar. Soňra gelin oglunyň elinden tutup, öz ıoluna gitdi. İalkymyň keıpine sogan dograldy. ”Nätmeli? – diıip, ol oılandy. – Belki, ıene reatorana sowlup, keıpi köklemelidir?” Emma buz gezek ol keıpini düzlemegiň başga ıoluny saılap aldy. Awtobusa münüp peıwagtyna aılanmaly diıen karara geldi: edil ”işe” çykan ıaly… Kimde näme bar, näçe bar – görıäň, ıöne degeňok! Ol öz tapyndysyna heziller etdi. Keıpi täzeden ıokary göterildi. Öz gözüniň öňünde mertebesi beıgeldi. Duralga barıança, sykylyklap gitdi. Gidip barşyna, gurluşykda işlän ıyllaryny ıatlady. Belki, iru-giç ıene gurluşyga dolanar. Çagalar öıünde bile bolan oglanlarynyň köpüsi gurluşykda. İalkymyň ”ugrundan” işleıänlerem gyt däl. Her kim bir ıerde gününi görıär. Hökümet edaralarynda wezipe aıeläp oturanlaram bar. İöne olaryň işem, gep salgyndan, jübükeseriňkä golaı. Arkalarynda hökümet durmasa, olaram jübükeserler ıaly ıygydan ele düşmeli…

   ”Jübükeser” sözi ıadyna düşende, ol elmydam adamlaryň ıöntemligine geň galıar. Bu sözi eşidende, adamlaryň köpüsi İalkym dagy şarladyp, elleri ıiti päkili jübi kesip ıörendir öıdıärler. İöne beıdip, jübi, sumka kesmeli bolıan gezegi seırek. Eger haısydyr bir edarada düşewüntlije wezipäň bolup, adamlaryň özi seniň öňüňde jübülerini çöwürmeli bolmasalar, onda saňa diňe köçede işlemek galıar… Jübükesere-de gündelik iş üçin zehin hem edil pagtaçy gyzlaryňky ıaly çalasyn el, hirurglaryňkydyr keşdeçi gyzlaryňky ıaly-da çeıe barmaklar gerek!

   İalkymyň özi kärdeşleriniň arasynda eli çalt hem zehinli diılip tanalıanlaryň biri. Onuň gözleri goja suratkeşiňki dek synçy. Pidasyny peıläp, onuň üst-başyny siňňin synlap duranyny kesesinden görenler bu adamyny suratçydyr öıdıärler. Bir görseňem, onuň gözleri agyr jebir çekeniň gözlerini ıatladıarlar. Olardaky düşnüksiz gussa köp adama ıetjek. Edil häzir welin, onuň keıpi adatdakysyndan kök, päli-de hiç neneň däl. Elbetde, beıle şowlulyk onuň durmuşynda her gün gaıtalanyp duranok, soňky ıyllarda-ha has hem seırek duşıar.

   Duralga ıetensoň, ol ıüzüniň ugruna dyknyşyk awtobuslaryň birine urduryp girdi. Bu wagt ıolagçylaryň köpüsi ıaş-ıeleňlerdi, sebäbi kinoteatrlar öz işlerini gutarypdy. Ol geınüwli iki gyzyň gapdalyna saklandy. Olaryň biriniň sumkasyndan owadanja gapjygyň çeti görnüp durdy, pökgüje gapjyk… İalkym gultundy, özüni hödürleıän gapjygy almazlyk kyndy.

   – Sumkaňyzyň syrmasyny syryň, gapjygyňyz gaçaımasyn! – diıip, ol özüne jebir berip, iň soňky pursatda gyza ıagşylyk etdi.

   Gyz sumkasynyň syrmasyny hasyrra syrdy-da, garaıagyzdan gelen çepiksi nätanyşa geňsi duıgy bilen garady. İalkym oňaısyz ıylgyranda, lowurdap giden gyzyl dişleriň hatary ıaş gyzyň göwnüne ıaramadyk bolarly, ol derrew ıüzüni kese sowdy. İalkym olardan beıleräk çekildi. Ol oglanlaryň duran ıerine bardy. Şol wagt ondan iki adam aňyrda duran oglan bilet almakçy bolup, jübüsinden gapjygyny çykardy. İalkym daraklygyna galdy. Gözüňe söweıin, gyzyl onluklar, ıüzlükler… Jübükeseriň burnuna peti gaçmadyk täzeje kagyz pullaryň ysy urdy. Gezelenç edip ıörenligini ıadyndan çykardy, eli gijäp ugrady...

   – Içigara galmyş… – diıip, ol gapjygyň eıesinemi, özünemi ıa-da başga birine dişinden syzdyryp käıindi. – Arkaıynçylykda bir aılanaıjakdym-da, boljak däl-ow… – Ol usuljakdan ıigidiň ıanyna golaılaşdy, amatyna garaşdy. İöräp barıan awtobus aralykda çukanaga gabat gelip, bir siltenende ıigidiň jübüsindäki doly gapjyk eglenmän İalkymyň jübüsine geçdi. Onsoň ol ıolagçylaryň arasy bilen suwlunyp, ulagyň gapysyna tarap süışüp ugrady. Maksady awtobus durdugy ilki bolup böküp düşjekdi. Bu taıda eglense, ıagdaıyň bulaşmagynyň ahmaldygyna düşündi. Sebäbi häzir öňden ıigidiň sargan bileti gelmelidi. Bilet gelende, ıigit oby gapjygyna saljak bolar. Jübüsine elini sokdugam – ogurlygyň üsti açylar! Biletiň sürüjiden bäriligine elden-ele geçip gaıdanyny görende, İalkym has-da gyssandy. Ol edil gapynyň azyna baryp, taıyn bolup durdy. Indi diňe awtobusyň duralga ıetmegi gerekdi. İagdaıyň dartgynlydygyny bilensoň, ol tizräk düşmekçidi, öler ıaly gyssanıardy. Ine-de, duralga…

   Arman, sürüji onuň edil işjagazyny gördi, duralgada durman, wazlap geçdi ötägitdi!

   – Şofer, sakla maşyny, düşjek bar! – diıip, ol gyssanjyna zowlatdy.

   Emma indi giçdi. Ol çykyp ıetişmedi. Gapjygyň eıesi jübüsiniň boşdugyny görensoň, töweregine göz aılap, ıap-ıaňyja ıanynda duranyň gapa ıelmeşip durandygyny görüp, gapjygyny kimiň çilendigini bildi. Daıanykly ıigit dostlary bilen jübükeseriň üstüne gaıtdy. İalkym ogurlan belaly gapjygyny hasyrra ıere oklady, ıöne indi giçdi… Oglanlar gapjygy aldylar-da, aňyrdan gelişlerine, ”sen-men” ıok, İalkymyň ıakasyndan ebşitläp tutdular. Içiňi ıakaıyn diıen ıaly, awtobus hem edil şol wagt çola duralgada saklandy.

   İigitler jübükeseri südenekledip, ulagdan düşürdiler-de, garaňky duralgada ıençmäge başladylar. Urup, depip, onuň demini içine doldurdylar, köınek-balagy gara gan boldy, dodagy çapyldy. Oglanlar içlerini sowadyp, ugrajak bolup duran awtobusa böküp mündüler. İalkym olaryň özara gürrüňinden şuny eşidip galdy: ”Araky seň gapjygyňy alanam şol dälmi?” – ”Şol öıdıän – diıip, beıleki jogap berdi. – Şol ıa şolaň biri-dä, tapawudy nä!”

   Jübükeser garaňkylyga siňip barıan awtobusyň yzyndan bazzyldap gygyrdy:

   – Özüňizdenem bar, zadyňyza bek boluň! Siziň puluňyzy zorlap alıan barmy?! Agzyňyzy açyp ıörseňiz, entek zorlap alıana-da duşarsyňyz! Şonda siziň jübüňizi kesip oňmazlar!

   Soň ol entiräp, süırenip tünegine gidip barşyna çişen dili bilen alyn dişlerini sanady. Biri ıetenok… İuwudyldy. Köriçegä düşmese, belki, birki günden çykar...

   ”İeke işlemek kynlaşıar – diıip, ol boıun aldy. – Nyıazmyradyň öňünde çök düşmeli boljak. İöne olar indi İalkymy ıanlaryna alsalar diı? Saılama ogrulara goşuljak bolsaň sypatyň adamlarda ynam döretmeli: daş görnüşiň sypaıy, diliň şelaıyn bolmaly, syıasatdan başyň çyksa – tüıs geregi! Onda köçede ”işlemek” hökmanam däl… Başga nämeler gerek, belli däl, ıöne tijenmeli boljagy çyn: içgini azaltmaly, bir iňňeden geıinmeli… Dogry, İalkyma entek bu zatlary pikir ederden ir: ilki onuň ıaralary bitmeli, diş goıdurmaly, galan zatlar soň! Nyıazmyrat hak aıdıar, taıak iımejek bolsaň, işe düıpli çemeleşmeli.

   ”Tapıan sözlerine seret o deııusyň! – diıip, İalkym ıigrenç bilen dişinden syzdyrdy. – Emma gidere ıer ıok, onuňky dogry: ökd-ä – ökde diımeli!”

”İaş kommunist”, 1991 ıyl, 6-njy iıun

***