NÄMÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÜİTGEDIP GURMAK İEÑILDI?

 

Dünıädäki ähli gury ıeriñ altydan birini tutıan totalitar imperiıa bolan SSSR-de 1985 ıylda Üıtgedip gurmak syıasaty başlandy. Şonda ençeme onıyllyklaryñ dowamynda stalinizmiñ basyşy astynda saklanan, syıasy erki elinden alnan halklar oıanyp ugradylar. Netijede ozalky Sovet döwletiniñ bütin territoriıasynda adam hukuklary, milli mertebe, milli garaşsyzlyk ugrundaky göreş tutaşdy.

Bu göreşde Baltika respublikalary öñe saılandylar. Ukraina, Moldova we Kawkaz respublikalary-da tizara olara deñleşdiler. Emma Orta Azyıa halklary bu döwürde özlerini syıasy we jemgyıetçilik taıdan passiv hem biparh alyp bardylar. İagdaı aıratynam Türkmenistanda agyrdy. Töwerekdäki ähli halklar oıansalar-da, türkmenler çuññur ukuda galmaklaryny dowam etdirdiler. Bu nämüçin beıle boldy? Türkmenleriñ syıasy passivliginiñ sebäbi nämededi? Bu meselede günä halkdamydy ıa-da türkmen intelligensiıasynda?

Bütin SSSR-de ıurdy demokratiıalaşdyrmak, adam hukuklary, söz azatlygy ıaly belent adamzat gymmatlyklary ugrunda ıiti göreş barıarka, meselem, türkmen ıazyjylary näme bilen meşguldylar? İakyn wagtda biz ıazyjy A.Welsaparyñ anyk faktlar, mysallar esasynda agzalan döwre töwerekleıin baha berıän makalalar tapgyryny çap etmekçi.

Bu gün biz size Üıtgedip gurmak döwründe ”Edebiıat we sungat” gazetinde çap edilen bir goşga ıazylan edebi ıañsyny hödürleıäris. ”Meıit hakda bäş beıt” atly bu ıañsyda şol döwürde ”Edebiıat we sungat” gazetinde işlän bir ıazyjynyñ milli añ-düşünjesiniñ derejesi tankyt edilıär. Bu edebi ıañsyny öz wagtynda türkmen gazet-jurnallary çap etmekden çekindiler. ”Hiçden giç ıagşy” diıen pähime eıerip, bu gün biz ony köpçülige ıetirıäris. Edebi ıañsyny okanlar agzalan möhüm syıasy döwürde türkmen ıazyjy-şahyrlarynyñ käbiriniñ milli añ-düşünjesiniñ nähili ıabygorly bolanlygyny görüp bilerler.

Edebi ıañsyda tankytlanylıan türkmen ıazyjysy Tejende doglan we önüp-ösen, emma ol nämüçindir hatda öz jesedini-de dogduk obasyna, Tejen topragyna dözenok! Edebi ıañsyda ıepbeklenilıän ol kişi türkmeniñ söıgüli şahyry Kerim Gurbannepesiñ:

”Gaññalyñ oıunda, Tejende galdy,
Meniñ ıigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ.
Ok geçmez jeññelleñ içinde galdy,
Meniñ ıigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ…”

diıip, tüıs ıürekden wasp eden topragyny kemsidıär, oña kembaha garaıar, ony goñşy etrabyñ topragyça görenok. Megerem şol sebäpdendir, ölensoñ, ol özüni başga etrapda jaılamagy wesıet edıär…

Eıse ıazyjy-şahyr üçin türkmen topragynyñ hemme ıeri des-deñ mukaddes dälmidir? Bütin türkmen topragyny, külli türkmeni deñ derejede söımeıän, oña deñ göz bilen garamaıan adam nädip ıazyjy ıa-da şahyr bolup bilıär? Beıle dar düşünjeli, reaksion pikirli “ıazyjynyñ”, ”şahyryñ” edebiıata, öz halkyna peıdasy köp bolarmy ıa-da zyıany? Biz bu soraglaryñ çözgüdini okyjylarymyzyñ özlerine goıup, ıakyn wagtda türkmenbaşizmiñ kökleriniñ nireden gaıdıandygyny derñemäge girişeris…

”Güneşiñ” redaksiıasy