|
Ak Welsapar
|
|
HÖTJET
|
|
Hekaýa |
|
Atalynyň geňsi bir gylygy bardy, näme haýyş etseň et, ol ur-tut: "Ýok, bolmaz, başarman! – diýip, jogap bererdi. – Wagtym ýok!" Sen oňa: "Ataly, erte-birigün kömek gerek, eliň degse, gaýrat etsene?" diýersiň. Ol hem derrew: "Ýok, o diýýäniň bolmaz, başarman! – diýer. Soňam bokurdagyna iki barmagyny syhap görkezer: – Öz işimem, kekirdekden! Ýetişip bilsem – zor boldugym!” Ondan şondan başga jogaba garaşybam oturma. Bolmaz. Atalydan başga jogap alyp bilmersiň. Ol bir töwra adam, gepiniň soňuny "bor" bilen gutarjagam bolsa, başyny hökman ”ýok” bilen başlaýar… Bu gün agşam meýdandan, kolhoz işinden gelende, Ataly gapylaryndaky tagta sekiniň üstünde kimdir biriniň öz gelni Ogulşeker bilen gümürdeşip oturandygyny gördi. Entek traktordan düşmänkä, kabinadan boýnuny uzadyp, ol geleniň kimdigini biljek boldy. Tanady. Şonuň üçinem gyssanyp durmady. Traktoryny öýüniň arkasynda, gum getirdip, ýörite ýasadan tümmeginiň dik depesine çykaryp, bazardan soň, daň bilen ýüzüniň ugruna işe sürüp gidibiýr ýaly edip, "starta" taýynlap goýdy. Şeýtseň, irden traktoryň otlanmasy aňsat, ýogsa, sähel çigrek düşse, ony el bilen otlajak bolup, kösenip durmaly. Köne traktor-da: warak bolmasa-da, waragyň bäri ýany. "Akkumulýatorlarda derek ýok! – diýip, Ataly tomus bu tümmegi ýasap ýörkä, nämedigini biljek bolup, daşyna üýşen çagalara düşündirdi. – Şu depäni akkumulýator diýiň-de düşünäýiň: ynhalekgin, indi bara, tormozdan aýryp, ýapaşak goýberersiň welin, edil ýöne öz-özünden otlanar ötägider! Sögünmelem bolmaz, käýinmelem. Süýredip, otlamagam gerek bolmaz, esasy zat şol. Traktoryň beýik kabinasyndan böküp düşdi-de, ol "demir atynyň" daşyndan bir öwrüm etdi. Soňam gapysyndaky tagta sekä çalarak göz aýlady: hawa, edil özi – Näzik ene. Ýeke bolansoň, hemişekisi ýaly, Ogulşekeriň ýanyna gümürdeşmäge gelendir. Ol gum depesinden düşüp, aşakdan öz ”bozdumanyny" mähirli synlady: haý, janawar, bedew dagyn däldir-le, diňe guýrugy bilen ýaly kem diýäýmeseň! Ynha, ertir bazarlap gelägedin, soňky gün daňdan roluň başyna geçip, tormozdan boşadagedin, depeden aşak goýbär welin, nädersiň, edil ýöne ýüzüniň ugruna tarlap, ot alyp ötägitse! Bujagaz ýasama depäniň hözürini ol örän basym görüp başlasa gerek. Sebäbi gündüzlerine Gün az-owlak gyzdyrsa-da, gijelerine eýýäm çigrek – oktýabr. Oktýabryňam aýagy. "Aýagy" sözi kellesine gelende, ol öz aýaklaryna göz aýlady – durşy bilen gum… Kakyşdyrdy. Işleýäniň kolhoz meýdany, gowaçaň içi bolsa, eýse nä… Mydama üstüň-başyň gumdur. Ol yzyna dolanyp, traktoryň tekerleriniň öňüne kerpiç goýuşdyrdy: bilip bolmaz, çaga-çuga-da bu töwerekde oýnaýar. Ätiýaçlyk gowy zat. Soňra ýüzüniň ugruna ýygan ter otundan ýatakdaky mallaryň nowasyna oklady. Işini gutardym edip, gapa garşy ýöredi: – Salawmaleýkim, Näzik ene! – Amanmysyň, Ataly jan, aman-saglykmy? Sag-gurgun gezip ýörenmisiň, ballym? – Näzik ene Ataly bilen ikelläp görüşdi. Traktorçynyň berdaşly eline, hemişekisi ýaly, ilki bilen garrynyň boldan biçilen süpüljik ýeňleri degdi. Näzik ene burnuna salyp, hal-ahwal soraşmagyny dowam etdi: – Kolhoz bilen nädýäňiz? Bir mydar barmy? Pagta doljakmy büýl wagtynda ýa ýene milleti zir-zöwran eder ýörermikäler tä gowaçany gar basynça?Ataly eginlerini gysdy. – Bilmedim, Näzik ene… Nädeli diýseler, öz ellerinde, başlyklara çäre barmy? Men-ä, dogrusy, dikleşip, zordan bir günlüjek rugsat aldym. Bazarlap geljek. Kolhozyň işine-de, ölmeseň, hiç gutarma ýok. Adam pahyr arasynda bir bazary-ojaram görmel-ä! – Hawa-da… – diýip, Näzik ene ikuçly äheňde jogap berdi. – Bazaram hezil zat-da he-e, barsaň, gaýdasyň gelenok. Hezillik, şol aýlanyp ýörmeli: içseň, düýeçal bar, iýseň – gatyk. Bu töwereklerde ady ýok ir-iýmişleriňem getirip satýalar, puluň bolsa bolany. Men-ä ýöne, Ataly jan, alsaň, habarlyja gelendirin… – Nä habar, Näzik ene? – Aý, näme, biziňkem ýekelliň habarydyr-da, köşek. Eger "bor, Näzik ene, möhümiňi bitireýin" diýseň-ä, şu taýdanjyk, aýtjak-da, turjak ötägitjek… Ýogsa-da nä – ol çalaja ýylgyryp, Ogulşekeriň ýüzüne syrly garady, – ýene bir gün gelmeli bor-da… Ataly birneme üşerilse-de, özüne zor salyp: – Aýdyberiň, Näzik ene, iki gulagym sizde! Näme üýtgeşik habaryňyz bar? – diýdi. Näzik ene ynjalyksyz gobsunjyrady, gürrüňdeşinden ”ýok, bolmaz” jogabyny eşitmäge öňünden taýyn bolup, ýüregini bire baglady: – Aýtsam, men-ä saňa, gaýrat et-de, ertir tamymyň ýele gapdalyny suwap, gyşdan öň bitelik edip ber diýjek bolýan… – Haýyşyň dowamynda garrynyň ýalbaryjy äheňe geçeni üçin onuň sesi has hem güňleç çykdy. – Geçen gyş, sadagasy boldugym, guýdy durdy-da, ygally boldy-da. Halys ysgynyny alaýan eken köne suwagynyň. Ýaňyrak görüp galdym-da, soňam aýtmaga ýaýdanyp gezdim, indem, ynha, howa-da gün-günden bulaşyp barýar. Tamyňam ýele gapdaly bolansoň, indiki ýyla-da goýup boljak däl… Bu haýyşy eşidip, Ataly ör-gökden geldi, garryň ugrybir jogabyny berjek bolup çemelendi, gury ýere oklanan balygyňky ýaly edip, hatda agzynam açyp-ýumdy. Ýöne öňünde öz enesi bilen ýaşyt garry, biçäre aýal oturansoň, gaty-gaýrym diýibem bilmedi. Onsoň, näderini bilmän, dözümli ädimläp, iki ýana gezmeledi. Arasynda saklanyp, aýaklaryny ýere urup, taýly gezek tapyrdatdy, ädiklerinde tozan goýmady, baý, ykjam kak-da! Ahyry-da, pikirini jemläp, dil ýardy: – Ýok! – onuň gaharynyň gelendigi bildirdi. – Men ýygym başlaly bäri birinji gezek işden rugsat aldym. Halys ýadaw: bazara gitjek, aýlanjak: düýeçal özümizden önse-de, ir-iýmişimiz ýok, alma-nar aljak, ýogsa edil Sibirde ýaşaýan ýaly, aýda-rowanda bolaýmasa, çagalaram şol zatlardan binesip. Eýse nä, kolhoz hususy hojalyklara suw bermese, ähli suwy gowaça gulkudyp ýatsa, nireden ir-iýmiş bolsun? Ýogsa, şu adamlar şony ekmejekmi? Çagalara başga-da ony-muny alyşdyrmaly. Gepiň gysgasy, men hökman bazara gidäýmeli. Ýaňy ýolda gelýäkämem, ýatlap, almaly zatlarymy sanaşdyryp gelýän, birden ýadymdan çykaraýmaýyn diýip. "Aýda-ýylda bir bazar, onda-da gäbiň azar!" diýleni – ol bokurdagyna iki barmagyny syhamagy-da unutmady: – Öz aladamam, ine, şuş-şundan! Ýetişeniň janyna berekella diýäýmeli. Garaz, ýok, Näzik ene, bolmaz, başarman! Dogrusy, Ataly ýalan sözlänokdy, hojalygyň işi onuň aýdyşyndanam bäş beterdi. Eýse nä, olam indi bäş çaganyň atasy, onsoň alada-da bäş esse bor-da! Ýatagynda-da il deňinde birki sany kel toklusy, köşekli düýesi boýnuny süýndürip, her gün ikindin onuň gelerine garaşyp durlar: olaryňam terje ot iýesleri gelýär. Atalynyň artykmaç kömegi ýok, çagalary entek uşak, onsoň ähli iş onuň özüne garap dur. Aýaly Ogulşeker, uzynly gün bäş çaga bilen sermenekleşip geçýär, nahar-şordan, kirden daşgary, çagalaryň ýyrtylan egin-eşigini ýamamagam – oňa uly iş. Pagta plany dolmasa, basym edil esgerlige çagyran ýaly, köpçagaly enelere çenli hemme kişini pagta sürerler, onsoň-a ýöne, dat günüňe! Gepiň keltesi, Atala "sen kömek etseňem edersiň, etmeseňem!" diýip boljak gümany ýok. Raýyna garamaly. Şonuň üçinem Näzik ene haýyşynyň yzyny sypaýyçylykdan sypaýyçylyga sapdy: – Wah, büýl suwalmanda-da boljakdy-la welin, häý, şu geçen ýylky ýagyn halys haýyny alaýdy-da, alajyň nä… Beýleki üç gapadalynyň suwagy erbedem däl-le welin, birki ýyl durjagam-la entek… – diýip, Atalynyň ýüzüne müýnli garap, ol burnuna salyp hüňürdedi, soňam, kän eglenmän, turmak bilen boldy. Garry öz tünegine gitdi, Atala-da susluk aralaşdy. Sebäbi kejirlik Atalynyň ýeke-täk geňsi gylygy däldi, onuň ýaly üýtgeşik gylyklardan onda ýene birnäçesi bardy. Şolaryň biri-de onuň kömege mätäje dözmez gylygydy. Bir bada "ýok, bolmaz, başarman!" diýip, ýüz tutanyň ýüzüne gelse-de, heran-haçan onuň soňundan oýlanmasy, ölçerip-dökmesi bardy. Ýüz tutan adam hala uly bolsun, hala-da – kiçi, hökman möhümini bitirjek bolardy. Özi azara galardy, ýöne aňrujy ýagdaýyny tapsa, birewiň sözüni ýerde galdyrmazdy. Ine, bu-da Atalynyň ýene bir belli gylygydy. Onuň bu gylygyna-da oba beletdi. Şonuň üçinem "ýok!" diýenine garamazdan, obadaşlary oňa gyssanan gezeklerinde hökman ýüz tutardylar. Näzik ene-de şol sebäpden başga biriniň ýanyna däl-de, hut Atalynyň ýanyna gelipdi. Emma nätjek, "bolmaz" diýlensoň, oýkanyp oturanyňdan ne peýda? Näzik enäniň sözüni ýykyp, yzyna ugratsa-da, Atalynyň şondan soň mazasy gaçdy. Öz-özüni işe göwnetjek bolýan görnüşde: – Haý, bir bazara gezelenç edip gaýdaýjakdym-da, köpden bäri gitmändim. Düýä owsar almak bahanamam bardy, hamana, özüm işip bilmeýän ýaly… – diýip, hüňürdäp ugrady. Adamsynyň dözmez gylygyna belet Ogulşeker oňa "kömek edem diýmedi, etme-de" diňe gabady gelende: – Näzik ene görgüliňem nä, goňşy-golamdan özge daýanara daýanjy ýok-da, hossarsyz-da görgüli… – diýip, suňşurdy. Bolany şol. Atalynyň aýagy bişene döndi: ne arkaýyn çaý içdi, ne beýleki etdi. Daş işige çykyp, Näzik enäniň tamyna garşy boýnuny süýndürip, nämedir bir zady görjek boldy. Göwnüne bolmasa, garry enäniň egba tamy has-da peselen, has-da çalamydar bolup göründi. Soň ol günbatara, güýz Gününiň tylla tabak deýin edaly sallanyp barýan gapdalyna ünjüli garady. Günbatardan bir bölek bulut toplum tutup, bäriligine süýşüp gelýärdi. Onuň göwnüne, şol gara bulut edil Näzik enäniň tamynyň üstünde saklanaga-da, şabyrdap, aldygyna guýuberjek ýaly boldy. Ataly howpurgady… Ol öýe girip, demli çäýnegi öňüne çekdi, çaýy üç öwre gaýtaryp, gök çaýdan horaz gülli käsäni gyrmalady. Bir düwür nabady-da agzyna atyp, dodaklaryny saza başlajak tüýdükçiniň dodaklary deýin çömmeldip, demini alan çaýdan yhlas bilen owurtlady. Soňam beýle ýanynda öz işi bilen gümra bolup ýören aýalyna çyny bilen zeýrendi: – Adam pahyra şu dünýede dynç alma ýok-da. Ertir bazarlap, göwün açyp geläýjekdim-dä welin… Gidersiň! Açarsyň! Adyň Ataly bolsa, gidibilseň git, göreýin! – Il oňlasa, atyňy soý – diýlendir. Il gereklese, oňa ýetesi näme bar. – Ogulşeker adamsynyň gowşak damaryndan tutdy: – Mätäçden kömegiňi gaýgyrmak – saňa gelişjek zatmy? – Aý, bu obaň işi gutarasy ýok-la! Bu gün Näzik ene geler, indiki bazarda – Güller ene, soňky bazarda – Hojam aga… Agzyň gowşakdygyny bilensoňlar, bular üstüňi atalar durarlar, çäre bolmaz. Menem, şeýdip, bazara-da gidip bilmän, öler giderin… Ogulşeker içini çekdi. – Agzyňdan haýyr aç, oglan, diýýäniň näme?! Bir günden bir gün hökman bazara-da gidersiň. Menem äkidersiň, onsoň ikimiz bileje bazara aýlanarys. Ataly birdenkä dyzyna galdy: – Ogulşeker, biz bu obadan göçäýsek näderkä? Gel, şähere göçeli ýa-da goňşy oba! – Goýaweri, oglan! – gelni elini dodagyna eltdi. – Heýem, kömek soraýalar diýip, öz dogduk obaňy taşlap, göçüp gidibermek bolarmy? Gelşiksiz bor-a ol! Ataly biraz gowşady: – Onda göçmeris. Ýöne men ertir "nänim gerek, şol boluň!" diýäge-de, bazara gitjek. Göreli, şonda şu millet nädýärkä: başyny çaraýarmyka ýa ýok? Men şony görjek, meniň şony göresim gelýär! Aýaly bu gezek oňa gabak astyndan garap, ahyrky çözgüdi özüne goýdy: – Onçasyny özüň gowy bilersiň. Göwnüňe geňeş… Atalynyň bady gaçdy: – Wah, şony edäýsem – bilýän-le welin… Soň nädersiň Atalynyň adyny tutaýsalar! – ol dagynyk pikirlerini çugdamlajak boldy, öz-özüne garşy gitdi: – Ýok-la, wah, ony edip bolasy ýok. Ony edip bilýän bolsaň, seň adyň Ataly bormy diýsene! Ýogsa, şu obada menden başga-da eli gilmala tutýan bar-a! Ýöne, gör, öňi bilen meň ýanyma ylgaýarlar!Ogulşeker arasynda daş çykyp, ep-esli eglenip geldi. Onuň daşarda nämedir bir işe gümra bolany bildirdi. Dolanyp gelip, adamsynyň beýle ýanynda, eline tikin işini alyp, çörňeşip oturdy. Ataly bu wagt eýýäm çaýyny boldum edip, ykjamlanyp otyrdy: – Bar, meň suwag edemde, geýýän eşiklerimi tapyşdyr! – Eýwanda asawaçdan asyp goýdum. – Papagymam tap! – Papagyňam şo taýda. – Brezent ädiklem nirede? – Kakyşdyryp geýgin, daş işikdedir… Hemme abzallaň taýyn edilip goýlandygyna göz ýetirensoň, Ataly uludan bir demini aldy: eglenere bahana galmandyr. Onsoň ol aýalyna: – Onda men ugradym. Ýogsa-da, oň ylaý eder ýaly kepjesi bir barmyka ýa özümiziňkini alyp gitmelimi? Baraňsoň, eglenip durmaly bolsa, adamyň lapy keç bolýar. Günem gijigip barýar. Ylaýy häzir garyp goýmasaň, ertire çenli demini alyp ýetişmez – diýdi. – Näzik ene: "kepje pilimi taýynlap goýdum-a" diýdi. Ataly "siz dilleşen bolaýmasaňyz ýagşydyr” diýen manyda gelnine az-owlak şübheli göz aýlap, ýerinden turdy. – Onda men gitdim. Gelni oňa: – Gitseň, ýoluň ak bolsun, oglan! – diýip, uşajyk dişlerini lowurdadyp, ýylgyrdy. – Agşam ňaharyňy öýden iýersiň-ä? Çaýyňy demläp goýaýynmy ýa?.. Adamsy onuň henegine henek bilen jogap berdi: – Bir tam suwarlyk ylaý edemsoňyz, şo taýda-da bir çäýnek çaýa geçeris-le. Sen arkaýyn bolaý. Ataly suwag edýän eşiklerini geýip, papagyny-da "şahyna" ildirip, köçä çykdy. Näzik ene bu wagt hum çäýnege gök çaý demläp, basyryşdyryp, başagaý bolup ýördi. Kepje pilini, howuzdan suw çekiljek bedresini ak öýländen taýynlaşdyryp goýupdy. Indem öňňilki suwagdan galan gumunyň üstüni açyşdyryp, bir halta samanam oňa ýaplap, Atalynyň geljek ýoluna yzly-yzly garaýardy. Geler ýerde gelmänsoň, "gijä galýa-la bu" diýip, çybşyldap, köçe bilen agaç sekiniň bir çetinde basyrylgy duran hum çäýnegiň arasynda birsyhly gatnaýardy. Ýogsa, ol Atalynyň hökman geljekdigini, onuň aňsat-aňsat adam göwnüni ýykmaýandygyny anyk bilýärdi ahyryn! "Sowet Türkmenistanynyň aýallary" žurnaly, Nr 7 1986 |