|
"Zalymlar har bolar, galar aıakda!"
|
|
Kyıamatdan bir
söz diıdim baıakda, |
|
Magtymguly, XVIII asyr |
|
Şwesiıanyñ Göteborg şäherinde 24-27 sentıabr aralygynda Halkara kitap ıarmarkasy bolup geçdi. Oňa, adatdaky ıaly, örän köp ıurtlardan neşirıatlar hem ıazyjylar gatnaşdylar. Iki gatly ullakan binanyň içinde – dogrusy, onuň içinde at çapybermeli! – dört günläp dowam eden kitap baıramçylygynda ıazyjylaram, okyjylaram özlerine gerek ylhamy aldylar. Bu ıere gelen okyjylar birnäçe günläp öz söıgüli ıazyjy-şahyrlary bilen duşuşyp, olaryň ,ykyşlaryny diňlemäge, awtorgraflaryny almaga, olara özlerini gyzyklandyrıan soraglary bermäge mümkinçilik aldylar. Adatdakysy ıaly, şwed ıazyjysy Jan Guillou öz daşyna iň köp märekäni ıygnady. İaňy at alyp ugran şwed ıazyjysy Liza Marklund bu ıyl märekäniň ünsüni geçen ıylkysy ıaly köp çekip bilmedi. Muňa onuň ady bilen baglanyşykly şu ıylyň başynda ıüze çykan skandal häsiıetli jedel päsgel beren bolsa gerek? ”Gün” neşirıaty bu ıyl beıleki kitaplar bilen birlikde türkmen edebiıatyna degişli iki sany täze kitaby okyjylara hödürledi. Olaryň biri mekdep ıaşyndaky okuwçylar üçin niıetlenilen ”Varför grodan kväker” (”Gurbaga näme üçin warryklaıar”) atly türkmen halk ertekileriniñ şwed dilindäki ıygyndysy we ikinji kitap-da ussat ıazyjy, Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky döwlet baıragynyñ laureaty Tirkiş Jumageldiniñ ”Milli oıun” atly gyzykly hem täzeçil äheñde ıazylan romany boldy. Bu kitaplaryň ikisi-de okyjylaryň ünsüni çekip bildi. Iň bärkisi kitaplardan Halkara kitap ıarmarkasyna eltilen onlarçasynyň hemmesi şwed hem türkmen okyjylarynyň ellerine geçdi. Kitap ıarmarkasynyň dowamynda Şwed ıazyjylar guramasynyň uly sahnasynda türkmen-şwed ıazyjysy, Şwed ıazyjylar guramasynyň agzasy, İazyjylaryň Halkara Pen-klubunyň hormatly agzasy A.Welsaparyň ”Türkmenistandaky bogulıan sesler” atly çykyşy boldy. Onda ıazyjy türkmen edebiıaty hem şu günki Türkmenistanda edebiıatyň hem ıazyjy-şahyrlaryň kitaplarynyň gadagan edilişi hakda gürrüň berdi. ”Gün” neşirıaty |