Hudaıberdi HALLY

 

M  Ö  J  E  K

 

H e k a ı a

 

       Ol bir bela-beterligiň geljegine jahan ıagtylaly bäri garaşıardy. Gün dogup, ıerden kölege göterilenden, ıakymsyz tarryldy eşidildi.

      Ses kem-kemden golaılaşıardy. Janyna ıer tapmadyk möjek süreninden çykdy-da, öwrüm edip, sesiň garşysyna ugrady.

      Ol köp ıöredi. Ahyry töweregine garanjaklap, ıanyny ıel köwen çalynyň ykyşyna bukuldy. Birhaıukdan aıylganç tarryldy golaılap geldi. Tarryldynyň üstünde goıun derisini kellesine geıen mal eıesi gaışarylyp otyrdy. Döşünden bolsa ıowuz bela kese asylgydy. Agzyndan ot çykarıan ol gara belanyň sesi bu tarryldydan has eımenç bolmaly.

      Tarryldy möjegiň düınki geçen yzyny yzarlap barıardy. Kellesi goıun derili öňe – möjek yzynyň ugruna seredıärdi. Düınki näletli yz bu belany aılap-öwrüp, ahyry sürene elter, ol ıerdenem dolanyp bäri gaıdar.

      Möjek tarryldynyň yzynda galan ıakymsyz ysa seňrigini ıygryp, gahar bilen towusdy-da, gumdan guma aşdy.

      Ol güıjüni deňeçerläp, özüne känbir zor salman goldan-gola, pesden-pese inip, öz belet depeleriniň daşyndan öwrüm edip ugrady.

      Bu depeler onuňkydy. Ol janyny goramandy, şu depeleri welin gorapdy. Sowuk gyş gijeleri gum depeleriniň iň belent gerşine çykyp, gyıak gözlerini asmana dikıärdi. Bulutlaryň aňrysynda şemalyň garşysyna ıüzüp barıan Aıa seredip uzyn-uzyn uwlardy hem özüne höwür agtarardy. İöne ıekebaş erkinligini bar zatdan ıeg göredi. Kellesi goıun deriliniň malyny saklaışy ıaly, nirede gezse-de, gözi çägindedi. Herne gelip, öz çägine siıip gidıärdi. Soň şol ysy alan jandaryň çäkden geçip, aw edip bilse, halaly bolsun!

       Ol ıere bagryny berip, agyr süriniň daşyndan aılanıardy. Onuň ysyny alan jandarlar birnäçe gün peşewini saklap bilmezdiler. Süriniň ıelesi-de, ygy-da onuňkydy. Indi bolsa bu meıdan möjegi gorap bilmeıär. At tezegine bukulan möjek öz süreninden, pezzik çetidir çalynyň saıasyndan, ıel köwen oıtumlardan janyna pena tapman, seňkildäp gaçyp barıar. Diňe gaçmagam däl, mesgeni bilen hoşlaşıar.

      Demini dürsemäge duranynda, şol ıakymsyz tarryldy allowarradan eşidildi. Möjek ıaňadan aıagyna bat berdi. Şemalyň şuwwuldysyna tizligini deňeçerläp, öňküsinden has çalt ylgap başlady.

      Ol soňky duranynda, tarryldynyň ıygjamlaşıanyny aňdy-da, gyssanjyna güne seretdi. Gün entek köp wagtlap ıokarda saklanjakdy. Muny ol güne seretmände-de bilıärdi, emma soňky güni bolansoň, seredip galdy. Düınki awlan awynyň – göni baryp alyp gaıdan bir toklusynyň hem iň soňky awdygyny bilipdi. Elbetde, owaly bilen onuň kanagady gutardy. Ol öz nebsine buırup bilmedi. Nebsine çapyp awlan awyny iıeninde, ömrüniňem tamamlanjagyny bilipdi. Ondan soňky gutaran zat uky boldy. Indi teninde jany hem ep-esliräk güıji galdy. Başyna goıun derisini geıen yzyndan ıetip janynyn alıança, güıji-de harçlamak gerek.

       Tarryldy bilen aralyk açyklaşdy. Sapalaga ıer galmady, al-mekirligem gutardy. Möjek bar ümzügini öňe berdi. Sebäbi tarryldy ony gönüläp kowup başlapdy.

      Şol gide-gide ahyry möjegiň içinde nämedir bir zat üzüldi. Demi gelmeıärdi. Indi güıjem gutaran bolarly. Ony ıüz-müň beladan halas eden we ekläp-saklan ıüwrük aıaklary diıen etmeıärdi. Aıaklary edil guırugy ıaly epilip ıatyrdy.

      Möjek iki ıana sazanaklady. Ahyrynda ıamzyny art aıaklarynyň arasyna berkje gysyp, syrtyny ıere goıdy.

       Tarryldy ara çäk salyp saklandy. Kellesi goıun derili hä diımän, eline gara belany aldy.

       Şu ömrüne itleriň gargynjynyň oňa ıetmeışi ıaly, möjegiň gözündäki gazap hem garşysyndaka ıetmedi.

       Dünıä ümsümlik aralaşdy. Nämeler boljagyny aňan ıaly, töwerek galdyrap başlady hem howsalaly güwwüldi döredi.

       Öwzaıyň ıaramazdygyny bilen möjek teninden huşunyň göterilıändigini bilıärdi. Bedeniniň iň ejiz bölekleri – ıüregi bilen gözi hanasyndan çykyp barıardy. Aşa dartylan damarlary üzüleıin diııärdi. Has beterem syrty saklamak gerekdi, ony nämedir bir zada diräp, şol gara belanyň öňünde durmalydy.

      Arman, şol direg ıokdy, hatda bir töňürtge, iriräk kesek bolsady. Älem ıalazydy hem ıalaňaçdy. Möjek bolsa göwresini saklap bilmän, gözüni özüne gezelen goşa nilden aıyrman, iki ıana süışenekleıärdi.

       Sähelçe daıanç bolanynda, ol ölümiň öňünde-de bir durup görjekdi.

07. 12. 92 ı.     A ş g a b a t.