”KITABY DEDEM GORKUT”
(”Gorkut Atanyň kitaby”)

 

DÖWHÄ GOJA OGLY
DÄLI DOMRUL BOİUNY BEİAN EDER

 

Göçürilip çap edilende, çeşmesi görkezilmeli!

 

Oguz illerinde Döwhä goja ogly Däli Domrul diıen bir är bardy. Ol bir gury çaıyň üstünden köpri gurup, kim şondan geçse, otuz üç akja (akja: teňňe, pul – Ak Welsapar) alyp, geçmedikden-de, gaıta ura-ura, kyrk akja alardy. Muny etmesiniň sebäbi onuň özüne aşa göwni ıeterdi. Onsoň ol: “Dünıäde menden däli, menden güıçli är tapylsa, ol meniň bilen söweşe çyksa. Şonda meniň ärligim, batyrlygym, çalasynlygym, ıigitligim Ruma, Şama ıetip, äleme ıaırardy!” diıerdi.
Bir gün şol köprüniň ıamajyna bir oba göçüp geldi. Şol obada bir ıagşy ıigit dünıäden ötdi. Allanyň emri bilen ol ıigit öldi. Kimse ogul diıu, kimse gardaş diıu, aglaşdylar. Ol ıigit üçin uly ıas baglandy. Duıdansyz ıerden Däli Domrul bu oba atyny çapdyryp ıetip geldi, aıdar:
   – Meniň köprümiň ıanynda näme üçin aglarsyňyz, bu ıas, bu gowga näme?
   Olar:
   – Hanym, biziň bir ıagşy ıigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin aglaşarys – diıip, jogap berdiler.
   Däli Domrul:
   – Siziň ol ıigidiňizi kim öldürdi? – diıdi.
   Olar aıtdylar:
   – Alla tagaladan buıruk boldy. A:l ganatly Ezraıyl onuň janyny aldy.
   Däli Domrul:
   – Ol adamyň janyny alıan Ezraıyl diııäniňiz kimdir? – diıip sorady. – Eı, kadyr Alla, birligiň, barlygyň haky üçin Ezraıyly bir meniň gözüme görkez! Onuň bilen söweşeıin, çekişeıin, dikleşeıin, bu ıagşy ıigidiň janyny gutaraıyn! Gaıdybam Ezraıyly ıagşy ıigitleriň janyny almaz ıaly edeıin! – diıdi.
   Däli Domrul ol ıerden gaıtdy, döndi, öıüne geldi. Hak tagalaga Domrulyň sözi ıakmady.
   – Bakyň, bakyň! Däli kişi meniň birligimi bilmez, birligime şükür kylmaz. Meniň dergähimde men-menlik eılär – diıdi. Ezraıyla buıruk etdi:
   – Ezraıyl, sen bar-da, ol däli kişiniň gözüne görüngil. Onuň meňzini saraltgyl! Harladyp, janyny algyl! – diıdi.
   Däli Domrul kyrk ıigidi bilen iıip-içip oturardy. Duıdansyz ıerden Ezraıyl onuň gapdalyndan çykdy. Ezraıylyň öıe girenini ne çawuş gördi, ne gapy sakçysy. Ine, birdenkä Däli Domrulyň görer gözi görmez oldy, tutar elleri tutmaz oldy, dünıä-älem gözlerine garaňkyrap göründi. Däli Domrul ner kibi kükreıip, gygyrdy:

– Ja:n, ne haıbatly goja sen?!
Gapyçylar seni görmedi, çawuşlar seni duımady,
Meniň görer gözüm görmez oldy, tutar ellerim tutmaz oldy!
Titredim, janym joşa geldi,
Altyn käsäm elimden ıere gaçdy,
Agzymyň içi buz kibi, süňklerim duz kibi oldy!
Eı, sakgaljygy akja goja, gözjagazy çöňňe goja!
Mere, ne haıbatly goja sen, diıgil maňa!
Gadam-belam tokunar bu gün saňa! –

diıdi.
   Beıle diıgeç, Ezraıylyň gahary gelip:
   – Eı, Däli, gözümiň çöňňeligine ne begenmez sen, gözi görkli gyzlaryň, gelinleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň agaranyna ne begenmez sen, ak sakgally, gara sakgally ıigitleriň janyny köp aldym. Sakgalymyň aklygynyň manysy budur – diıdi. – Hä, ıeri, sen: “Ezraıyl bir elime düşse, ony öldürip, ıagşy ıigitleriň janyny onuň elinden gutarsam” diıerdiň. Ine, däli, indi men seniň janyňy almaga geldim. Janyňy berermiň ıa-da meniň bilen jeň edermiň? – diıdi.
   Däli Domrul:
   – Hä, şol a:l ganatly Ezraıyl senmi? – diıdi.
   Ezraıyl:
   – Hawa, men – diıdi.
   – Şu ıagşy ıigitleriň janyny alıan hem senmi?
   – Hawa, men.
   Däli Domrul:
   – Aı, saklawlar, gapylary ıapyşdyryň! – diıip gygyrdy. Soňra
   Ezraıyla garap:
   – Men seniň bilen giň ıerde duşuşmagy arzuw ederdim. Emma dar ıerde elime düşdüň, indi men seni öldürip, ıagşy ıigitleriň janyny gutararyn! – diıdi.
   Ol gara gylyjyny syryp, Ezraıyly çapmak üçin hemle kyldy.
   Ezraıyl kepderi sypatyna öwrülip, penjireden çykyp, uçup gitdi.
   Däli Domrul el çarpyp, loh-loh güldi.
   – İigitler, görüň Ezraıyly, men ony gaty gorkuzdym, ol gyssanjyna giň gapyny taşlap, dar penjireden guş bolup uçup gitdi, her ıere gitse-de, men ony sypdyrmaryn! – diıdi.
   Ol ıaraglanyp atlandy, kowup gitdi, meıdanda bir-iki sany gögerçini öldürip, öıüne gaıtdy.
   İolda Ezraıyl onuň atynyň gözüne göründi – at ürkdi. Däli Domruly göterip, ıere çaldy. Ezraıyl onuň üstüne münüp, bogup başlady. Däliniň bogazy harlamaga başlady.
   Däli Domrul:

– Aı Ezraıyl, aman!
Taňrynyň birligine ıokdur güman.
Men seni beıle bilmez idim,
Ogryn jan aldygyň duımaz idim,
Depesi beıik biziň daglarymyz olar,
Ol daglarymyzda baglarymyz olar,
Ol baglaryň gara salkymlary – üzümi olar,
Ol üzümi sykarlar – al şeraby olar.
Ol şerapdan içen esrik olar,
Şeraplar içdim doımadym –
Ne sözledim, bilmedim,
Beglik bile osmadym.
İigitlik bile duımadym –
Janym alma, Ezraıyl, medet!

   Onda Ezraıyl aıtdy:
   – Aı, Däli, maňa näme ıalbarar sen? Allatagala ıalbar. Men hem bir ıumuş oglany, başga bir elimden gelıän zat ıok.
   Däli Domrul:
   – İa-da jan berip, jan alıan Alla tagalamy? – diıdi.
   – Hawa, şonuň özüdir.
   – Onda sen bu ıerde näme işlär sen? Sen aradan aıryl, men Allanyň özi bilen sözleşjek.
   Soňra ol Alla ıüzlenip:
   – Sen hemmelerden belent sen, sen hud mömunler köňlündesen. Eger meniň janymy almakçy bolsaň, özüň al, meniň janymy Ezraıyla aldyrma! – diıdi.
   Däli Domrulyň bu sözleri Hudaıa hoş geldi:
   – Eı, Ezraıyl, Däli meniň birligime şükür kyldy; eı Ezraıyl, Däli Domrula söıle: eger Däli Domrul jan ıerine jan tapyp berse, onuň öz jany azat bolsun!
   Däli Domrul aıdıar:
   – Men nähili jan tapaıyn? İöne meniň garry atam bilen garry enem bar. Gel, şolaryň ıanyna gideli, belki, ikisinden biri janyny berer.
   Däli Domrul sürdi, atasynyň ıanyna geldi, onuň ellerinden ogşap, söılemiş, göreliň, ne söılemiş:

– Ak sakgally, eziz, yzzatly, janym atam!
Biler bolsaň, näler oldy:
Küpür söz sözledim.
Hak tagalaň hoşuna gelmedi.
Gökden a:l ganatly Ezraıyla emr etdi.
Ol uçup gelip, döşüme basyp mündi
Harladyp, meniň süıji janymy alar boldy.
Atam, indi senden jan dilär men, jan berermiň?
İogsa-da, “Ogul, Däli Domrul!” diıu aglarmy sen?
Onda atasy aıdar:
– Ogul-ogul, aı ogul!
Janymyň parasy ogul!
Dogdugynda, dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul!
Altyn tüınük ak öıümiň gabsasy ogul!
Gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň güli, ogul!
Garşydaky gara dagym gerekse, söıle,
Gelsin, ol Ezraıylyň ıaılasy olsun.
Sowuk suwly bulaklarym gerekse, oňa içit olsun.
Teble-teble şabaz atlarym gerekse, oňa minit olsun.
Hatar-hatar düıelerim gerekse, oňa ıüklet olsun.
Agyldaky akja goınum gerekse, oňa iımit olsun.
Altyn, kümüş pul gerekse, oňa harçlyk olsun.
Belli bilgil, dünıä şirin, jan süıji, janym saňa gyıa bilmen!
İöne söıgüli eneň ıanyna bar, ol janyny berer, belki?

   Däli Domrul atasyndan ıüz tapman, sürüp enesiniň ıanyna bardy. Ol aıdar:

– Ene, bilermi sen näler oldy?
Gök ıüzünden a:l ganatly Ezraıyl uçup geldi.
Meniň döşüme basyp mündi,
Harladyp, janymy alar boldy.
Atamdan jan diledim, bermedi.
Senden jan dilärem, ene, janyňy maňa berermi sen?
İogsa-da, “Ogul, Däli Domrul!” diıu aglarmy sen?
Ajy dyrnak ak ıüzüňe çalarmy sen?
Garga kibi gara saçyň ıolarmy sen, ene? –

diıdi.
   Enesi oňa bir söz diımiş, göreliň, ne söılemiş. Enesi aıdar:

– Ogul-ogul, aı ogul!
Dokuz aı dar garnymda göterdigim ogul,
On aı diıende, dünıä ıüzüne getirdigim ogul,
Dolap-dolap ak süıdümi emdirdigim ogul,
Akja burçly hysarlarda tutulaıdyň, ogul,
Sasi dinli gäwür elinde tussag olaıdyň, ogul,
Altyn akja güıjüne sygyban, seni gutaraıdym, ogul,
İaman ıere barmyş sen – bara bilmen.
Dünıä şirin, jan eziz, janymy gyıa bilmen,
Belli bilgil.

   Enesi hem janyny bermedi. Ezraıyl Däli Domrulyň janyny almaga geldi.
   Däli Domrul aıdar:
   – Aı, Ezraıyl, aman! Taňrynyň birligine ıokdur güman.
   Onda Ezraıyl aıdar:
   – İeri Däli, indi nä aman dilär sen? Ak sakgally ataň ıanyna bardyň, jan bermedi. Ak bürenjekli eneň ıanyna bardyň, jan bermedi, dagy kim saňa öz janyny bersin?
   Däli Domrul:
   – Hesretim bar, şony aıtsam! – diıdi.
   Ezraıyl aıtdy:
   – İeri, Däli, hesretiň kimdir?
   – Meniň ıat gyzdan halalym (halalym: nikaly aıalym – A.Welsapar) bar! Ondanam iki oglum bar, bir-de amanatym (amanatym: gyzym – A.Welsapar), olara [soňky] sargydymy etsem, senem şondan soň janymy alsaň.
   Däli Domrul sürdi, aıalynyň ıanyna geldi, aıdar:

– Bilermi sen näler boldy?
Gök ıüzünden a:l ganatly Ezraıyl uçup geldi,
Meniň göwsüme basyp gondy,
Meniň datly janymy alar boldy.
Atamyň ıanyna bardym, jan bermedi,
Enemiň ıanyna bardym, jan bermedi,
“Dünıä şirin, jan süıji” diıdiler.
Indi ıüksek gara daglarym saňa ıaılag olsun,
Sowuk-sowuk suwlarym saňa içit olsun,
Teble-teble şabaz atlarym saňa minit olsun,
Altyn tüınük ak öıüm saňa kölge olsun,
Hatar-hatar düıelerim saňa ıüklet olsun,
Agylda akja goınum saňa şüwlen olsun,
Gözüň kimi tutarsa, köňlüň kimi söwerse, sen oňa bargyl.
Iki oglanjygymy oňsuz goımagyl –

diıdi. Onuň aıaly söılemiş, göreliň, ne söılemiş:

– Ne diıer sen, ne söılär sen?!
Gözüm açyp gördügim!
Köňül berip söwdügim!
Goç ıigidim, şa ıigidim!
Datly damak berip, soruşdygym,
Bir ıassykda baş goıup, emişdigim!
Garşy ıatan gara daglary senden soňra men neılärem?
İaıla:r olsam, meniň görüm olsun,
Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam,
Meniň ganym olsun!
Altyn akjaň harçlar olsam,
Meniň kepenim olsun,
Teble-teble şabaz atyň müner olsam,
Tabytym olsun!
Senden soňra bir ıigidi söwüp barsam, bile ıatsam,
Ala ıylan bolup meni soksun!
Seniň ol muhannes eneň-ataň bir janynda ne bar,
Saňa gyımandyrlar!
Arş tanyg /şaıat/ olsun!
Kürs tanyg /şaıat/ olsun!
İer tanyg /şaıat/ olsun!
Gök tanyg /şaıat/ olsun!
Kadyr Taňry tanyg /şaıat/ olsun!
Meniň janym, seniň janyňa gurban bolsun! –

diıip, janyny bermäge razy boldy.
   Ezraıyl ol aıalyň janyny almaga geldi. Emma adamsynyň ıoldaşyna gözi gyımady. Ol Hudaıa ıalbardy:
   – Eı, uly Taňrym! Uly ıollar üstünde seniň üçin ymaratlar saldyraıyn, aç görsem, doıraıyn – seniň üçin; ıalaňaç görsem, don ıapaıyn – seniň üçin; alsaň, ikimiziň janymyzy bile al, goısaň, ikimiziň janymyzy bile goıgul! – diıdi.
   Däli Domrulyň bu sözleri Hudaıa hoş ıakdy, ol Ezraıyla buıruk etdi.
   – Däli Domrulyň atasynyň, enesiniň janyny al, ol iki halala ıüz kyrk ıyl ömür berdim! – diıdi. Ezraıyl onuň ata-enesiniň janyny aldy.
   Mundan soň Däli Domrul öz ıoldaşy bilen ıüz kyrk ıyl ıaşady.
   Dädem Gorkut gelibän, boı-boılady, soı soılady:

– Bu boı Däli Domrulyňky olsun!
Ony menden soňra alp erenler söılesin!
Alny açyk jomart erenler diňlesin!
İom bereıin hany: ıerli gara daglaryň ıykylmasyn!
Kölgelije gaba agajyň kesilmesin!
Dolup akan görkli suwuň guramasyn!
Kadyr Taňry seni namarda zar etmesin!
Ak alnyňda bäş keleme doga kyldyk, kabul olsun!
İygsyn, düırsün, günäňizi
Ady görkli pygamberimiz dep etsin, hanym heı!


***

”Kitaby dedem Gorkutdan” bu boıy eposyň dürli neşirlerini deňeşdirmek arkaly redaktirläp, çapa taııarlan:
Ak Welsapar, ıazyjy.