GARAŞSYZLYK HAÇANDAN BAŞLANÝAR?

 

2007-10-27


Bu gün biz Milli garaşsyzlygymyzyñ 16-ýyllyk toýuny toýlaýarys. Diýmek, bu gün her bir türkmene guwanmaga-da, buýsanmaga-da, oýlanmaga-da näçe diýseñ, sebäp bar.

Buýsanjyñ sebäbi, elbetde, öz-özünden düşnükli – ýer ýüzünde öz alnyña milli döwletiñ bolmagy uly buýsanç! Bu her kime ýetdirip duran bagt däl. Ýüzlerçe milletler, halklar milli özbaşdaklyk hakda diñe arzuw edip oñmaly bolýarlar. Bize-de bu bagt gökden gaçmady. Elbetde, biz bu bagta diñe 1991-nji ýylda, SSSR-iñ dargany üçin ýetdik diýip hasaplasañ, onda bu pikir çyn bolup görünýär. Çünki geçen asyryñ 80-nji ýyllarynda Türkmenistanda başlanan milli-azat edijilik göreşiniñ netijesinde özbaşdaklygy gazanmaly bolan bolsak, onda göreşiñ adatdan daşary uzaga çekmegi ahmaldy. Emma biziñ bagtymyz getirdi – SSSR imperiýasy beýleki sovet respublikalarynda ugurdaş tutaşan milli-azat edijilik göreşiñ netijesinde tiz ýan berdi. Netijede biz il bilen deñ milli döwlet özbaşdaklygymyza eýe bolduk.

Ýöne SSSR-iñ dargamagynyñ türkmenleriñ ykbalynda aýgytly rol oýnamagy üçin, ondan has ozalky taryhy döwürde we geçen asyryñ 20-30-njy ýyllarynda-da müñlerçe türkmenler öz janlaryny gurban edipdiler. Hut şol döwürde türkmeniñ içinden Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak, Jüneýt han, Eziz han ýaly gaýratly adamlar çykmadyk bolsalar, onda, belki-de, Türkmenistan häzirki çäklerinde turuwbaşdan özbaşdak respublika hökmünde döräp we kemala gelip bilmezdi. Diýmek, SSSR-iñ ýykylmagynyñ-da, biz üçin milli bähbidi bolmazdy.

Emma häzirki döwürde Türkmenistanda bu hakykat doly inkär edulýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gaýgysyz Atabaýdyr Nedirbaý Aýtagyñ häzirki zaman Türkmenistan döwletiniñ düýbüni tutujylar hökmünde atlarynyñ agzalmazlygy, olaryñ ýadygärlikleriniñ ýykylmagy hut şuny añladýar. Emma Türkmenistan döwletiniñ düýbi 1991-de däl-de, eýse 1924-nji ýylda tutuldy. Bu taryhy fakt. Türkmenistan döwletiniñ gözbaşynda duranlar hem türkmeniñ beýik ogullary – Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak we olaryñ wepaly egindeşleri. Diñe şolaryñ öz wagtynda görkezen gahrymançylygynyñ netijesinde has soñrak bize döwlet hökmünde özbaşdaklyk almak nesip etdi. Diýmek, dogrusyny aýtsañ, biziñ bu gün Garaşsyzlygyñ 16-ýyllyk toýuny toýlamaga-da, täze taryhda milli döwletimiziñ düýbüniñ tutulmagynyñ 83-ýyllygyny toýlmaga-da doly hakymyz bar! Iñ esasy zat hem bu iki şanly senäni biri-birine garşy goýmaly däl, gaýta olary utgaşdyryp toýlamalay! Ikisiniñ hem gadyryny bilmeli!

Türkmenleriñ Gündogardaky we halkara arenasyndaky gadymdan gelýän şöhratly taryhy abraýlarynyñ görnetin pese gaçmagyna sebäp bolan zannyýaman dikme geçen ýyl amanadyny tabşyrdy we ýurtda häkimiýet başyna täze baştutan geldi. Şonuñ üçinem bu gezekki Garaşsyzlyk baýramy biz üçin uly umytlar bilen bile geldi. Halk täze prezidentiñ gijigen demokratik özgerişleriñ başyny başlamagyna garaşýar. Bu umytlar amala aşsa, onda halkda döwletlilik düşünjezini berkejegi gürrüñsiz. Sebäbi demokratiýa, söz we metbugat azatlygy, köppartiýalylyk, erkin saýlawlar, sosial taýdan goraglylyk, ykdysady erkinlik hakdaky halkyñ isleg-arzuwlarynyñ arkasynda – döwletiñ düýbüni berkidýän bazis derejesindäki syýasy, ykdysady, sosial, medeni we hukuk gymmatlyklary ýatyr. Diýmek, halkyñ şol islegleriniñ durmuşa geçirilmegi Türkmenistany ebedilik berkarar döwlete öwrüp biljek faktorlardyr.

Milli Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli men ”Gün” neşirýatynyñ adyndan siziñ şol kanuny islegleriñiziñ tiz durmuşa geçmegini arzuw edýärin! Saglyk, agzybirlik, bagt size ýar bolsun!

Ak Welsapar, ýazyjy