Türkmen edebiıaty


Men ölerin.
Şeıdip mazarym dörär.
(Alaç barmy – tebigatyñ emri bu).
Söıgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi.

Gurbannazar EZIZOV

 

SÖİGI

(Sonetler çemeni)

 


I
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüñ eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl – gaıdyp gelere.

Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. İöne men hergiz
Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
Meniñ bar ruhumy direlden serwim.

İolumyzyñ çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi götergin merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ıatlamalardan.

Düşüñ, ıatlamalar, köñlüme häli,
Saralan ıapraklañ düşüşi ıaly.

II
Saralan ıapraklañ düşüşi ıaly,
Solgun ıatlamalar giripdir köñle.
Uçurdyñ eliñden arzyly ıary,
Indi bir ıatlamañ söhbetin diñle.

Köpler kimin duşmasam-da ıara men,
Duıdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duıgy bilen,
Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş.

Duımadym şoñ bilen gussa-gaıgyny,
Soradym halyñy her bir geçenden.
Öñde-soñda iñ päk – asyl duıgymy
Alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden.

İollar kimin uzap barıar bu günler,
İollarda duşuşıar aşyk göwünler.

III
İollarda duşuşıar aşyk göwünler,
Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary.
Gysdy penjesine ölümli günler,
A men, näme üçindir, ıene-de diri.

Buguñ eteginde ıazyldym ıere.
Öldüm. Soñ seretsem, ıene-de diri.
Berliniñ öñünde öldüm men ıene.
Öldüm. Soñ seretsem, ıene-de diri.

Señ bilen ıylyndym çygly zeminde,
Señ bilen, eı, meniñ şatlygym, görgim.
Ähli ölümleri öldürdim şonda,
Özüm üçin, hemem señ üçin, serwim.

Töwerek gümmürdi, töwerek däri.
İollar aıra salıar ıar bilen ıary.

IV
İollar aıra salıar ıar bilen ıary,
Özi bolsa gidip otyr ummana.
Indi seni baky dünıeden bäri
Görüp biläıjegim örän gümana.

İöne mahal-mahal iñrik garalyp,
Seni ıatlap, oı edemde uzak, ıar,
Azaşan ıolagçyñ geımine girip,
Meniñ söıgim meniñ gapymy kakıar.

Kämil bolup, aklym ıetdi bir zada:
Mydam köñül arzuwyna ıetme ıok.
Bir gezek söımek bar ıagty dünıäde,
İaşamagam iki gezek berlenok.

Her günüñ – bir ömür, bir uly sene -
Söıgi günleriniñ adaty, ine.

V
Söıgi günleriniñ adaty, ine:
Her günüñ – açyşdyr,
her günüñ – şatdyr.
Onuñ algebrasyn çözersiñ. İene
Birini ıazansyñ, ikisem ıatda.

Meniñ söıgim şeıle kämil çykypdyr,
Eger sen dönäıen bolsañam daşa,
Söıgim gursagyña girip, diıerdi:
“Sen meni ıaratdyñ.
Indem sen ıaşa!”

Bir gösem-ä, saña elim ıetenok.
Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaı.
Bir özüme gökde ıyldyz az ıaly,
Ikimize welin, ıeterlik olar.

İatlama-da sary, gussa-da sary.
Yşk lezzeti köñli guçıar günsaıy.


VI
Yşk lezzeti köñli guçıar günsaıy,
Ol lezzet bahardyr ıar bilen ıara.
Baglañ pyntyk ıaryşy deı mart aıy,
Ähli duıgularyñ pyntygyn ıarar.

Şeıdip, mana düşer ıigdekçe, ine.
Nädogry ıaşaışy birden sazlaşar.
Düşüner ol Aıyñ gözelligine,
Lukman bolup güller bilen sözleşer.

Aşyk ıigit bilen söhbet açma kyn:
Şol wasp eder otyr ıerdäki aıyn.
Demigip gürrüñ biır saña günuzyn,
Ol uzyn gijä-de taıyndyr taıyn.

Köñül öwşün atmaz yşkyñ nuruna,
Aşyklar duşmasa biri-birine.

VII
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Bir deñze guımasa ol goşa derıa,
Ähli umyt siñer ıeriñ şoruna,
Ähli geljek göni geçmişe barıa.

Men seni soraglap gezıän dünıäni,
Seni tapjak bolıan şamu-säherden.
Bu gün bu şäherden otla münıärin
Taparyn diıp başga oñat şäherden.

Sorag belgisi deı garañky gökde,
Egri aı soragly bakıar gözlerme,
...İyldyzlar uzakda, şeıle uzakda,
Uzaklygy çalym edıär gözlerñe.

İürekler almasa söıgüden paıy,
Dogmajak ıalydyr güni hem aıy.

VIII
Dogmajak ıalydyr güni hem aıy,
Aşyk ıigit aıra düşse ıaryndan,
İöne gam çekmekde, heı, many barmy?
Bu ıeke-täk ıolmy ıollañ baryndan?

Söıgi hasrat däldir.
İürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söıgini belent göterdim örän,
Misli maña tabşyrylan al baıdak.

Men ölerin.
Şeıdip mazarym dörär.
(Alaç barmy – tebigatyñ emri bu).
Söıgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi.

Söıgim gözıaş döker üstümde günde,
Her hal säher tüm çetinden jyklanda.

IX
Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Suwy süıjän alma kimin dañ atar.
Şeıdip, ıarym, dünıe gezen ykmanda,
Günüñ mis naızasy zemine ıeter.

Sen meniñ bagtymmy ıa meniñ gaıgym?
Bagtymmy?
Gaıgymmy?
Ony kim bilıär.
Seslen sen, seslen sen, eı meniñ söıgim,
Saña oñat sözler aıdasym gelıär.

Men sensiz şatlykda ıaşadym, arman,
Örän köp şatlykdan ıadadym-irdim.
Seni tapsam, şat şäherde ornuñ bar.
Gussa şäherimi bagta öwirdim.

Şonda bagtym üste uly gün dogar,
Rugsat berenden soñ haıbatly horaz.

X
Rugsat berenden soñ haıbatly horaz,
Başlar baky urşy “ıok” bilen “baryñ”.
A men sen barada ıazaryn gazal,
Oñarsam gussamy ilden gizlärin.

Öterin men ähli deñizden, otdan,
Goı, ot bilen suwdan bolsun ıazanym.
Söımek üçin mertlik gerek bar zatdan,
Seni söıüp, soñra mertlik gazandym.

Döredi öñümde gomlaryñ beıgi,
İeñdim men olary ıeñşi deı gämiñ.
Belki, myradyna ıetmedik söıgi
İeten söıgülerden kämildir kämil.

Bu dünıe jemidir (oı ediñ, barlañ!),
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ.

XI
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
Dünıesidir biziñ ümmülmez dünıä.
Duşanlary – bir ıassykda uklarlar,
Duşmadyga – bir ıassyk az görünıä.

Şu gün köçämizden bir gözel geçdi.
Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden?
Ol saña şeıle bir gaty meñzeşdi,
Señ adyñy tutman saklandym zordan.

Sen sesimi eşden bolsañ eger-de,
İüregñi gyıardy ol misli päki.
Men nirde ıansam-da, doñsam-da nirde,
Seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky.

Seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger,
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar.


XII
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar,
Oñatlygyñ hemem erbet pälleriñ.
Onuñ örän uly aladasy bar –
Olam aladasy uly şarlaryñ.

İogsa onuñ özem men diıen aşyk,
Şol ylgap ıör. Oña pellehana ıok.
Her günde bäş sany materik aşyp,
Şindem Aı ıaryna duşup bilenok.

İöne ol ıyladıar duşmadyklary,
Aıa duşman, edıän ahmyrna derek.
Bize-de, Gün ıaly, gussajyklary
Öz nurumyz bilen gizlemek gerek!

Oñatlyk, nur ıagsa ıagmaly wagty.
Söıülse, Gün dogsa dogmaly wagty.

XIII
Söıülse, Gün dogsa dogmaly wagty,
Sekiz elli gussañ manysy ıokdur.
Iru-giç päk bolsa ynsanyñ bagty,
Başda söııän wagty ıüregi päkdir.

Söıgiñ bilen maña beren päkligiñ
Bu başymy belent göge ıetirdi,
Meniñ ykbalymda seniñ ıoklugyñ
Maña juda tämiz gussa getirdi.

Seniñ gussañ bilen galdym belende,
Seniñ gussañ bilen ömrüm abatlyk.
Gussa söıgi bilen dörän bolanda,
Dünıede iñ tämiz şatlykdyr şatlyk.

Guramaz dünıede söıgiñ daragty! –
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty.

XIV
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
Söıgi bet pygyldan çykıandyr üstün.
Siz şeıle bir söıüñ, şeıle söıüliñ,
Goı, gökde ıyldyzlañ gözleri gitsin.

Söıüp – peslik, pislik köküni gyryñ!
Söıgi bilen söıüñ! A söıgi giñdir.
Her hal geçmişimden ıokdur ahmyrym,
Çünki meñ geçmişim – seniñ söıgiñdir.

Seniñ aıdyp ıetişmedik sözleriñ,
İañakda gijeden yz galan halyñ,
Seniñ meni gözläp ıören gözleriñ –
Şudur ähli geçen, geljek ykbalym.

Gör, eııäm iñrige gark bolupdyr ıer,
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler.

MAGISTRAL
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Saralan ıapraklañ düşüşi ıaly.
İollarda duşuşıar aşyk göwünler,
İollar aıra salıar ıar bilen ıary.

Söıgi günleriniñ adaty, ine:
Yşk lezzeti köñli guçıar günsaıy,
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Dogmajak ıalydyr güni hem aıy.

Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Rugsat berenden soñ haıbatly horaz,
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar!

Söıülse, Gün – dogsa dogmaly wagty,
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty!