|
EÝRAN-TÜRKMEN ŞAHYRLARYNYŇ DÖREDIJILIGI Goşgulary redaktirlän Ak Welsapar
|
|
Edebiýat we durmuş ”Güneş” saýty öz bäş ýyllyk ýubileýi mynasybetli edebi materiallaryň tapgyryny çap etmäge girişýär Bu gün 1-nji sentýabr. Türkmenistanda 100 müňden gowrak oglan-gyzjagazlar ilkinji gezek ak mekdebiň gapysyny açyp, öz ene dilinde bilim almaga girişýärler. Şeýle bagt bu günki gün, kem-käsleýinem bolsa, Owgan türkmenlerine-de ýetdirdi. Yrak türkmenleri-de ýurtdaky diýdimzor režim ýykylansoň, türkmençe bilim almaga hukuk gazandylar. Emma uzaga çeken milli sütem zerarly bu günki yrak türkmenleri, gepleşikde türkmen dilini ulansalar-da, okuwda olara türk dilinde bilim almak aňsat görünýär. Sebäbi mekdeplerde türkmen dilinde okuw kitaplary, gollanmalar ýok, kitaplaryňdyr-gollanmalaryň hemmesi häzirlikçe diňe türk dilinde. Yrak türkmenleriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu ýagdaýyň birnäçe ýylyň dowamynda türkmen diliniň peýdasyna üýtgemegi mümkin. Ýöne bu ugurda Türkmenistan döwletiniň degerli goldawy gerek. Ene diliňde bilim almak meselesinde iň agyr ýagdaý eýran türkmenleriniň başynda. Eýranda türkmen mekdebini açmak resmi taýdan gadagan. Şonuň üçinem bu gün ilkinji gezek mekdebe baran türkmen çagalarynyň gulagynda ene dili däl-de, pars dili ýaňlanar. Şeýdibem, ilkinji günden başlap, eýran türkmenleriniň ýene-de bir nesli parslaşmaga mejbur ediler. Ählumumy bilim güni bolan 1-nji sentýabra gabatlap we eýran türkmenleriniň milli hukuklaryny goldap we olaryň bu ugurdaky parahatçylykly göreşine raýdaşlyk bildirip, bu gün biz öz okyjylarymyza eýran-türkmen şahyrlarynyň döredijiliginden käbir nusgalary hödürleýäris. Bu goşgulary hödürlemek bilen bir hakykaty tekrarlamak zerur: pars şowinizmini ýöredýän we milli azlyklaryň hukuklaryny aç-açan depgileýän totalitar tähran režimi her näçe jan etse-de, bu režime eýran türkmenleriniň elinden milli kimligini almak başartmaz. Türkmenler, messebini, aslyny saklamak, öz gahryman ata-babalaryna mynasyp ýaşamak, türküläp aýtsaň, türkmen bolup galmak üçin asyrlar boýy göreşip geldiler. Bu göreş biziň günlerimizde-de dowam edýär. Munuň iň uly subutnamalarynyň biri – eýran türkmenleriniň medeni durmuşyna degişli mysallardyr. Eger-de türkmenler, Eýranda türkmençe bilim almagyň gadagandygyna garamazdan, öz ene dilinde goşgy ýazýan, edebi eserleri döredýän bolsalar, bu olaryň milli aň-düşünjesiniň ýaşaýandygyny we ösýändigini görkezýär. Sebäbi gündelik gürleşilýän, goşgy düzülýän, aýdym aýdylýan dil – diridir, ol dil geçmişde galmaz, ol diliň geljeginiň bardygy ikuçsyzdyr! Ak Welsapar, ýazyjy |
Setdar Sowgy Eller seni Aýra düşdük biz çatrykda, Alyp gitdi ýollar seni. Bile geçen günler hakda Ýatlar ýörer diller seni. Nirä gitdiň? Nämä gitdiň? Gözýaş bolup, gözden ýitdiň. Sen uçgundyň, ýanar otduň, Basyrdymy küller seni? Ata mekan bolmadymy? Göwnüň awlap bilmedimi? Dost ýüzüňe gülmedimi? Söýmedimi dilber seni? Göze mährem dagu-düzden, Şirin dilden, şirin sözden, Duýman durkak ýa-da bizden, Aýyrdymy eller seni?.. Nirä gitseň, asman birdir, Basan ýeriň – gara ýerdir, Baý bolsaňam, göwün hordur, Örtär geçen günler seni. Ganat baglap, uç asmandan, Bulut bolup, göç asmandan, Damja bolup, gaç asmandan, Datsyn teşne güller seni!
|
Araz Muhammed Araznyýazy Galypdyr heniz! Ýygnalsa-da çagalygyň saçagy, Bir dişlem çöregim galypdyr heniz. Bitmese-de bu gün baýrymda läle, “Aýmy, Gün-teregim” galypdyr heniz. Saçyma çal sepdi gyşyň aňzagy, Bigünä baragym galypdyr heniz. Üýtgese-de bu gün keşbi adamlaň, Tanyş töweregim galypdyr heniz. Seň gaşyňa gelmen ellerim gülsüz, Pos tutan oragym galypdyr heniz. Söýgi meniň jaýlasa-da umydym, Umytdan geregim galypdyr heniz. Ýykylsa-da ýaşyl başly çynarym, Syrdam ak deregim galypdyr heniz. Tylla Günüň naýzasyny gizleýän, Gijede ýaragym galypdyr heniz. Dag daşlarna ötmese-de dyrnaklam, Yöne şir ýüregim galypdyr heniz.
|
Gafur Hoja Söýgi ölçegi Birazajyk mähir – Ýeterlik goşga, Dolandyryp bersin eneler şony. Birazajyk gujur – Ýeterlik goşga, Dolandyryp bersin atalar şony. Birazajyk ynam – Ýeterlik goşga, Dolandyryp bersin bir sadyk oglan. Birazajyk haýa – Ýeterlik goşga, Dolandyryp bersin bir sada uýam. Birazajyk heýjan – Ýeterlik goşga, Dolandyryp bersin gerçekler şony. Birazajyk hyýal – Ýeterlik goşga Dolandyryp bersin gyzyl gül şony. Birazajyk sözler – Ýeterlik goşga, Dolandyryp bersin Ene dil şony. Birazajyk söýgi – Ýeterlik goşga… (Goşgy bu ýerde bir sakynyp durdy!) Eýse, barmy näme çäklije duýgy? Bu şahyr ömrüniň müdümi derdi. Söýgüni hormatlap, sowgat berjek ýok! Balary dek toplamaly güllerden, Mährem aýdymlardan, mährem sazlardan, Ýüregiň törüne geçen illerden! Belki, dolandyrsyn ony bir dilber, Ýä-da adamzada tutaşan söýgi. Bu soraglar – şahyr ömrüne azyk, Bu soraglar oňa ömürlik gaýgy… Aýlançak Seň kalbyň bir zada gönükjek bolýar, Täsir alýar gyşlardan hem ýazlardan, Täsir alýar gök asmandan, ýagyşdan, Täsir alýar aýdymlardan, sazlardan, Täsir alýar baý reňklerden, nagyşdan. Seň kalbyň bir zada gönükjek bolýar, Täsir alýar gunçalardan-güllerden, Täsir alýar goşgudan hem bagşydan, Täsir alýar näzik, saýrak dillerden, Täsir alýar niýeti päk ýagşydan. Meň kalbym asmany arassalaýar, Ak buludy ýere ýagdyrjak bolýar. Seň kalbyň aýdymdan doly hemişe Dünýäni aýdymdan çogdurjak bolýar! Gün nuruna boýap seniň zülpleriň, Kuýaş seniň saçyň bogdurjak bolýar. Akja guşlar al-asmanda pel-pelläp, Ak bulutlaň deňesinde görünýär. Güller seniň dodaklaryň gaýtalap, Täsin görki eçilýärler bu dünýä. Saňa meňzeş ak bulutlar belentde, Gökden geçip barýar ellerin bulap. Bu senmi ýa öýkünmeli söýgümi? Bu menmi ýa öýkünjeňlik yşgymy? Bu senmi ýa gaýtalanýan ýagyşmy? Bu menmi ýa gaýtalanmaz goşgumy? Bu senmi ýa gaýtalanmaz nagyşmy? Şarlawuk
Sypalap ýedi gat ýeriň gaýmagyn,
Ýedi gat gaýanyň üstünden aşyp,
Tolkunyp dur
Şol ýokardan
Gaçyp dur…
Şarlawuk
Perişan zülpüni ýaýyp,
Ogryn hyjuwyndan
Gojaman daglaň
Köpürjikläp,
Gaýnap,
Şaglap göçüp dur.
Kümüş suwa degrip
Daraklaryny,
Ýarynyň zülpüni daraýar daglar.
Göýä leýlisaçlaň ýapragyn ýelpäp,
Alysda birini garaýar daglar.
Hat ýazyp,
Ony hem bukja ýygşyryp,
Dolandym yzyma,
Öýe dolandym.
Ýürek syrlarymy
Daga tabşyryp.
Ähli hasratlarym
Daga ynandym,
Bulaga ynandym
Ýazan hatlarym.
Eý şarlawuk!
Çöz sen zülpüň taryny,
Göreýin men
Seniň görküň baryny!
Hol tolkunyp akyp barýan
Çeşmeden.
Jogap ýazdym
Duýgy bilen men saňa.
Söýgüsi çyn,
Gyzgyn kalby teşneden.
Darap otyr
Zülplerini şarlawuk...
Akyp barýar çeşmelerden, bulakdan
Ýene bir hat, ýene müň hat gaýtadan
Joşup çykýar
Saňa aşyk ýürekden.
2008, iýul
Garly gün durmuşa çykan gyz
Ine, büräp ýatyr,
Dumly-duşy gar.
Asman haltasyndan
Ak tozga sepýär.
Men bolsa şol günde
Ädimim ölçäp,
Kädi gözläp çykdym
Gyrawly köçä.
Birdenkä gyňaçly,
Meňzäp ejaba!
Öňüm kesip geçdiň,
Münüp kejebä!
Hiç kimden soraman,
Seniň kimdigiň.
Bildim men, elbetde,
Seň türkmendigiň.
Onýança hol öňde
Türkmen ýigidi,
Saňa habar gatdy,
Oň bagty çüwdi…
Ol balykçy,
Sen hem –
Deňizden iren
Bir akja balyjak –
Ak tora giren!
Belki, saňa
Rehim etsin bu ykbal.
(Ýogsa, saňa duşan,
Elbetde, men däl…)
Ol ýigit, goý, saňa
Ömür ýar bolsun.
Gyzgyn gujagyňda
Mydam bar bolsun!
Horluguň perzendi Dumly-duş ümürli, Dumly-duş duman, Entägem ýagtyny Saçanok asman. German dramaturgy we şahyry Bertolt Brecht (1898-1956) Garamaýaklaryň Gara derinden, Ezilen ýürekleň Çuňňur töründen – Gürleýän men! Hor-homsy hem ezilen, Çökgün göwün, Ýürekleriň baryndan! Men – zähmet, Bir öýüň döwüm çöregi! Guran bogazlara bir ýuwdumjyk suw, Adamlaryň ölmez-ödi geregi. Wah, garamaýaga Çöregem ýokmy? Barmy onda Boş gürrüňleň geregi? Tapylmaýan agşam iýjek nahary… Men – işsizleň ökjesiniň gahary! Men – dünýä sygmadyk Agy hem perýat. Men näbelli ykbal, Bahasyz zürýat! Men mydam gyrçalýan, Kesmekli ýagyr. Dembe-dem garalýan Bir garabagyr. Gara gyşyň Ojaklarnyň tüssesi, Açlykdan aljyran Ýyllaň essesi. Men ýükün göterip, Ýoldan barýarka, Ýetmek üçin ejize hem garyba, Ykbaly çüwmezden Bäri ýanynda - Oňa ýetip bilmän galan araba. Men tüm işsizligiň Ýalazy öýi. Horluk, Öýsüzlikden Kaňkanlaň toýy. Gelse ynam, Ol gapyny kaksady: Men ejizleň Adalatly maksady! Men ene-atalaň Ajaýyp pendi, Ýönekeý dörtgyraň Sadaja öýleň Arzyly hem Göwni açyk perzendi. Men taýak! Belki-de, ýenjilen gelin, Ýyrtylan surat men, Zyňylan esbap, Nähak talak! Belki, kirlenen geýim. Men manysyz posa, Köçeden akýan. Edepden ogrynça Dodagy ýakýan! Söýgüsiz gözleriň düýbüne bakýan! Men uzyn köçäni ýuwudyp bilýän, Gap-gara tüssäniň garalan ýoly. Haýasyz dodaklar, gyzaran gözler Gündizler gizlenip bilerler ýaly. Men ýalan, Ketjallyk, Sögünç, mekirlik, Men terror! Men azar! Belki, ogurlyk, Garaňky diwaryň arkasyndaky Garaňky mazar... Men bärde ölümiň Satylýan güli, Meň jebirim uly, Ejirim uly! Erki elden giden - Oýunjak gurjak, Gözlerin açmasa, Kän horluk görjek… Dumly-duş ümürli, Dumly-duş duman, Başyň aşak bolsa, Nur saçmaz asman!
|
Aşyrmämmet Düýeji
DAŇATAR
Ýas elegiýasy
Daňatar jan, atmazdan daň,
Aýny ýaşda geçdiň sen.
Ýyldyz kimin, öz iliňde
Belent ýanyp öçdüň sen.
Galdy bu gün eneň-ataň,
Dogan-gardaş il bolup.
Ýakyn-ýadyň hallary teň,
Gözde ýaşlar sil bolup!
Jennetdedir jaýyň seniň,
Hemra bolsun imanyň!
Hüýr gyzlardyr taýyň seniň,
Ýüreklerde armanyň!
Bu dünýäniň derdi köne,
Aýlar-ýyllar tiz öter.
Didaryň dek seniň ýöne,
Hökman ýene Daň atar!
|
Teymir Kör
ÖZ ILIME Taňrym maňa bersin kuwwat, Ýüregime hem bilime. Duşanlarym bolmasyn ýat, Gadam goýsam öz ilime! Ýigrim üç ýyl ýanyp-köýdüm, Aýralykdan birçak doýdum, Her gün arzuw donun geýdim, Barsam diýip, ýaz ilime! Watan diýip, urdy ýürek, Düýşde gördüm, huşa derek, Ýarym Aýy – misli orak, Aýdym bilen saz ilime! Toý tutulsyn, şatlyk-gowur, Dolup-daşsyn dünýe, döwür, Güler ýüzüň bärik öwür, Geldim, dostum, tiz ilime! Salam, meniň süýji düýşlem! Dosty-ýarym, garyndaşlam! Ýürek joşar, syrym açsam, Gözüm düşse uz ilime!
|
Amanmuhemmet Teke GIJELER Gara gije gara geýnip, giç geler, Garaňkyda gijä galar gijeler, Gijäň garaňkysy edepli bolar, Garrap gelmese-de, gelip gojalar... Ondördi gijäniň Aýy doganda, Ýagty ýylgyranda gara gijeler, Aýyň nury ak süýt kimin çoganda, Seniň söýgiň meniň ýüregmi diler... USSADYM Babagammar sungatyna ýar bolan, Mylly agaň dutaryna tar bolan, Tutuş ömri aýdym bilen bar bolan, Aýdyň pirden nusga alan, ussadym. Göz ýaşyňda ”Uçradymdan” aman bar, Ýüreklerde sazlaryňdan umman bar, Joşgunly kalbyňda, gör, ne arman bar, Şirin mukamlary çalan, ussadym! Hünji deý derleriň yhlas derimi? Ylham bilen zehin duşan ýerimi? Türkmeniň dutary – gudrat pirimi? Perde-perde göge galan, ussadym! ”Ýandymy” çalanda ot dek tutaşan, Bäş perdede "Bu jennete" sataşan, Dutar bilen al-asmana ýetişen, Asmandan aýlanyp gelen, ussadym!
|
Taýak RUBAGYLAR *** Derdim bar, dermanym ýok, Ýykyldym, permanym ýok, Çekýän derdim dermansyz, Sen sag – meň armanym ýok. *** Hiç kese beresim gelenok azar, Azarly ömürden özümem bizar, Doganlykdyr-dostluk ýitdi bireýýäm, Diňe ikiýüzli gyzdyrýar bazar. *** Ojagyň ojary öçdi diýdiler, Adamyň gujury gaçdy diýdiler, Agaç ata ýükläp maly-mülküni, Bir bende dünýäden göçdi diýdiler. *** Duýgy dünýäsinde dörär bir şahyr, Söýgi dünýäsinde ýörär bir şahyr, Aşygyň magşuga wysaly üçin, Şem bolup ýolunda erär bir şahyr. *** Bozlap gelme ölemde, Yzlap gelme ölemde, Ýas guşagyň biliňe Sazlap gelme ölemde.
|
| 2010-09-01 |