Ak Welsapar, ýazyjy

 

EGRI HEM BOLSA, ÝOL ÝAGŞY!

 

Bu çäre merhum diktator Saparmyrat Nyýazovyñ ozal ýurtda girizen tersin düzgünlerine garşy häzire çenli urlan iñ güýçli zarbadyr!

 

Türkmenistanda soñky döwürde bolup geçýän käbir oñyn özgerişler ýurduñ geljegine umyt döredýär. Ministrler kabinetiniñ 23-nji apreldäki ýygnagynda şeýle özgerişleriñ ýene birini amala aşyrmak makul görüldi. Mejlisiñ başlygy Akja Nurberdiýevanyñ ilatdan gelýän köpsanly haýyşlara, hatlara salgylanyp girizen teklibine görä, ýurtda ozaldan ulanylyp gelnen grigorian aý atlaryna dolanmak karar edildi. Hepdäniñ günleri-de, ozalkysy ýaly atlandyrylar.

Türkmenistanyñ Ministrler kabinetinde ýurdy dünýä jemgyýetçiligine gaýtadan integrirlemek üçin bu çäräniñ örän möhümdigi nygtaldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedov aý-günleriñ atlaryny dikeltmek meselesinde agzalan argumentler bilen doly ylalaşýandygyny aýtdy. Diýmek, bu meseläni çözüldi hasap etse bolar. Bu çäre merhum diktator Saparmyrat Nyýazovyñ ozal ýurtda girizen tersin düzgünlerine garşy häzire çenli urlan iñ güýçli zarbadyr!

Dogrudanam, eger ýurduñ peýdasyna çapsañ, Türkmenistanyñ geljegini alada etseñ, onda öz milletiñi, ýurduñy halkara jemgyýetçiliginden üzñeleşdirjek bolmaly däl, gaýta, tersine, ony dünýä jemgyýetçiligine has içgin, has berk integrirlejek bolmaly. Ýurduñ Baş kanuny-da, beýleki kanunlarydyr kanunçylyk aktlary-da, adam hukularynyñ we söz azatlygynyñ derejesi-de Halkara standartlaryna gabat getirmeli. Diñe şeýle edilende, öz milli özboluşlylygyñy gorap saklamaga we ösdürmäge çynlakaý mümkinçilik döreýär.

Paradoksal bolup görünse-de, bu ugur hakykatda örän netijeli we ýeke-täk dogry ýoldur. Öz millli özboluşlylygyñy dünýäden üzñeleşip däl-de, diñe özüñi köpdürli we köpukladly dunýä jemgyýetçiligine içgin integrirläp, saklamak hem ösdürmek mümkin. Ýogsa, ata-baba däp-dessuryñ-ha beýle-de dursun, eýse millet hökmünde uzak saklanyp biljegiñ-de gümana!

Elbetde, türkmenlerde gözuñ göreji ýaly gorap saklamaly gowy däp-dessurlar, ýörelgeler, gylyklar sanardan kän: arassalyk, öz sözüñe wepalylyk, mertlik, batyrlyk, ar-namys, ula – hormat, kiçä – sylag, aýal-gyzlara aýratyn sarpa – türkmeni türkmen edýän gowy gylyklaryñ diñe käbirleridir. Bu saýlantgy ýörelgeleri ýatdan çykarmak, äsgermezlik, has beteri-de olardan ýüz öwürmek, millete-de, ýurda-da hiç bir peýda getirmez. Beýle edilse, tersine, biziñ geljegimize uly zyýan ýetip biler. Sebäbi barha globallaşýan maddy dünýäde öz milli kökleriñden üzülmek – geljegiñi gümana goýmakdyr. Geçmişiñi ideallaşdyrmagyñ geregi ýok, ýöne ata-baba däp-dessurlardan, milli kimligiñden ýüz öwürmek hem paýhaslylyk däl.

Milli gymmatlyklaryñy, öz milli kimligiñi zerur derejede saklamak üçin dogry hem synagdan geçen ýoldan ýöremeli. Bu ugurda sapak alyp boljak ýurtlar bar. Şeýle ýurtlaryñ biri-de Ýaponiýadyr. Ýaponlar häzirki döwürde düýäde iñ ösen halklaryñ biri, şol bir wagtda-da, olarda ýakymly milli aýratynlyk duýulýar. Her bir ýaponda öz geçmişine buýsanç bar. Olar bu üstünligi dünýäden çetleşip däl-de, eýse öz ýurtlarynyñ ähli kanunlaryny halkara ülñülere, aýratynam Günbataryñ synagdan geçen standartlaryna gabat getirip, gazandylar.

Ata-babalarymyz ”Egrem bolsa, ýol ýagşy!” diýipdirler. Demokratiýanyñ ýoly egri däl, ýöne kötel. Emma ýurdy ösdürjek bolsañ, şol ýoldan ýöremeseñ, başga alaç ýok. Çünki demokratiýa ähli halkyñ akyl-paýhasyna, köpçüligiñ döredijilikli işeññirligine ýol açýar. Häzirki zaman dünýäsinde şonsuz ýurduñ üstünlikli ösmegi düýbünden mümkin däl. Türkmenistandaky häzirki özgerişler ýurdy – soñy baryp petige direýän – dar ýodadan çykaryp, beýleki ýurtlaryñ ýöreýän giñ ýoluna salmaga edilýän iñ ýönekeýje synanyşyklardyr.

 2008-04-24