”DOGDUK TOPRAGYNG HOWANDARY” EDEBI KONKURSYNYÑ JEMLERI

 

2008-05-26

 

 ”Dogduk topragyñ howandary” ady bilen ýaş türkmen ýazyjy-şahyrlarynyñ arasynda geçirilen Edebi konkursyñ jemleri jemlendi.

Juri agzalary bu gezekki konkursyñ netijelerine görä, 1-nji hem 2-nji baýraklary hiç kime gowşurmaly däl diýen karara geldiler.

”Dogduk topragyñ howandary” Edebi bäsleşiginiñ 3-nji baýragy we Diplom Türkmenistanly ýaş şahyr G.Batyra gowşurylýar.

Juri öz kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Ýaş şahyryñ goşgulary liriki taýdan inçelige dalaş edýär. Goşgulardaky duýguçyl oýlanmalar, ýürege ýakyn setirler okyjynyñ ünsüni özüne çekip bilýärler. G. Batyr sözleri ýerli-ýerinde we jaýdar ulanmagy başarýar. Onuñ goşgularynda öz döwrüniñ agyrly meselelerine seslenme, öz topragyna howandarlyk duýgusy we şunuñ bilen baglanyşykly oýlanmalar agdyklyk edýär.”

”Dogduk topragyñ howandary” Edebi bäsleşiginiñ Juri baştutany:

Ak Welsapar, ýazyjy
Juri agzalary:

Hudaýberdi Hally, ýazyjy;
Saparmyrat Öwezberdi, şahyr;
Allamyrat Rahym, şahyr;
Kuwwat Berdiýev, edebiýatçy.

2008-05-25