TÜRKMENISTANYŇ MILLI GARAŞSYZLYGYNYŇ

20 ÝYLLYGYNA

BAGYŞLANAN EDEBI KONKURS!

”DOGDUK TOPRAGYŇ HOWANDARY”
2011

 

”GÜN” neşirýaty

Türkmenistanyň milli garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, 2011-nji ýyl üçin ”Dogduk topragyň howandary” atly nobatdaky açyk edebi bäsleşigi yglan edýär. Edebi bäsleşigiň maksady – türkmen edebiýatynyň we diliniň ösüşine goşant goşmak.

 

2011-06-15

 

Edebi konkursyň şertleri:

  1. Bäsleşik proza (detektivden özge) we poeziýa žanrlary boýunça geçirilýär.
  2. Eserler türkmen dilinde bolmaly. Konkursa 18-35 ýaş aralygyndaky ýazyjy-şahyrlar gatnaşyp bilerler.
  3. Konkursa ozal çap edilmedik, radio, telewideniýe, beýleki elektron serişdeler arkaly köpçülige ýetirilmedik eserler kabul edilýär.
  4. Konkursa ýollanjak çeper eserleriň göwrüminiň çägi:

a)      prozadan her ýazyjy iki eser hödürläp biler. Eserleriň her biriniň göwrümi A4 standart kagyzda bir awtorlyk liste çenli bolmaly (24 sahypa);

b)      poeziýadan her awtor umumy göwrümi 500 setire çenli eserlerini iberip biler.

  • Eserler post (poçta) arkaly ýa-da elektron görnüşde ”Gün” neşirýatyna ýetirilmeli. Eserleri kabul etmegiň soňky möhleti 2011-nji ýylyň 15-nji oktýabry. Şoňa çenli neşirýata gelip gowşan eserler bäsleşige gatnaşdyrylar.
  • Konkursa gelen golýazmalar yzyna gaýtarylmaýar.
  • Konkursyň jemi boýunça Žuriniň gelen kararyna goşmaça düşündiriş berilmeýär.
  • Edebi bäsleşige gatnaşyjylar öz isleglerine görä, lakam ulanmaga haky bar.

 Konkursda proza we poeziýa žanrlary boýunça aýratynlykda baýrakly orunlaryň üçüsi bar:

1-nji baýrak: 300 USD (bir sany).
2-nji baýrak: 200 USD (bir sany).
3-nji baýrak: 100 USD (bir sany).

Edebi bäsleşikde baýrak alan eserler soňra umumy ýygyndy görnüşinde çap ediler. Bu kitaba baýrakly orunlara düşmedik, ýöne Žuriniň gowy bahasyna mynasyp bolan awtorlardan hem birnäçesiniň eserleri giriziler.

Edebi konkursyň Žurisi:

1.      Ak Welsapar, ýazyjy;
2.
      Hudaýberdi Hally, ýazyjy;
3.
      Gözel Durdyýewa, şahyr;
4.
      Allamyrat Rahym, şahyr;
5.
      Kuwwat Berdiýew, edebiýatçy.

Edebi bäsleşigiň jemleri 2011-nji ýylyň  23-nji oktýabrynda yglan ediler. Eserleri ýollamak üçin adres:

Gun Förlag
Fannagatan 36 B
749 41 Enkoping
SWEDEN

Elektron görnüşdäki eserler şu adrese iberilmeli: gunedebikonkurs@gmail.com

”Gün” neşirýaty
2011-06-15