|
”DOGDUK TOPRAGYŇ HOWANDARY” EDEBI KONKURSYNYÑ JEMLERI
|
|
”Dogduk topragyñ howandary” ady bilen ýaş türkmen ýazyjy-şahyrlarynyñ arasynda 2009-njy ýylda yglan edilen Edebi konkursyñ jemleri jemlenildi. Bu Edebi bäsleşigi Ýewropada hereket edýän ”Gün” neşirýaty geçirýär. Geçen 2009-njy ýylda Edebi konkursa gelip gowşan goşgularyň az sanly hem hil taýdan gowşaklygy sebäpli bu gezek poeziýa žanry boýunça ýeňijiniň baýragyna mynasyp bolan ýok. Proza žanry boýunça-da 1-nji we 2-nji baýraklar eýesiz galdy. ”Dogduk topragyñ howandary” atly Edebi bäsleşigiň jemlerine görä, 3-nji baýraga Türkmenistanly ýaş prozaçy Baýmyrat Kepil mynasyp görüldi. Baýmyrat Kepile ”Gün” neşirýatynyň Diplomyny we 3-nji derejeli edebi baýragy gowşurmak karar edildi. Žuri öz kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Ýaş ýazyjy Baýmyrat Kepiliň eserlerinde sagdyn pikirleriň durmuş filosofiýasy bilen sazlaşykly utgaşmasy bar. Onuň hekaýalaryndaky we liriki oýlanmalaryndaky ruhy merdemlik, aýlawly dil, tebigy obrazlar okyjynyň ünsüni özüne çekmäge, ony imrindirmäge ukyply. B.Kepil sözleri we söz düzümlerini ýerlikli ulanmagy, töweregindäki durmuşdan özüçe filosofiki netijleri çykarmagy başarýar. Onuň eserlerinde türkmen diliniň hem türkmen topragynyň gözellikleri janlanýar.”
|
|
”Dogduk topragyñ howandary” atly Edebi bäsleşigiñ žurisi: Ak Welsapar, ýazyjy,
žuriniň başlygy |
|
”Gün” neşirýaty,
|