|
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna!
|
|
”DOGDUK TOPRAGYNG HOWANDARY” EDEBI BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI 2011-10-21 |
|
Edebi bäsleşigiň žýurisiniň ýörite belligi Biz bu Edebi bäsleşigiň jemini jemlän wagtymyz edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew türme tussaglygyndady. Hut şol sebäpdenem žýuri ”GÜN” neşirýatynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen Edebi bäsleşikde ýeňiş gazanan Döwletmyrat Ýazgulyýewi haýal etmän azatlyga goýbermegi talap etdi. Şondan bary-ýogy birnäçe gün soňra zehinli edebiýatçy we žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew azatlyga goýberildi. Elbetde, adalatyň dabaralanmagy bizi begendirýär. Ýöne her halda biz Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna bir hakykaty ýatladyp goýmak isleýäris: öz professional borjuny ak ýürekden ýerine ýetirýän döredijilik adamlarynyň agzyny mumlajak bolmak synanyşyklaryny bes etse, türkmen häkimiýetleri üçin has abraýly bolardy! Žýuri agzalary zehinli edebiýatçy we žurnalist, Edebi bäsleşigiň ýeňijisi Döwletmyrat Ýazgula we onuň maşgalasyna gözüňiz aýdyň diýýär! Şeýle-de poeziýa we proza žanrlaryndan ikinji baýraklara mynasyp bolan Aman Nobat bilen Baýmyrat Kepili edebi baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
|
|
Edebi bäsleşigiň jemleri dogrudaky maglumat ”Gün” neşirýatynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ”Dogduk topragyñ howandary” atly Edebi bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşigiň jemlerine görä, türkmenistanly ýaş ýazyjylaryň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Poeziýa žanry boýunça Aman Nobatyň bäsleşige ýollan goşgular toplumy ikinji baýraga mynasyp görüldi. Žýuri bu meselede öz gelen kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Ýaş şahyr Aman Nobatyň goşgulary türkmen poeziýasynyň öňden gelýän gowy däplerini dowam etdirýär. Bu goşgularda liriki gahrymanyň öz şahsy ykbaly, başdan geçirýän gapma-garşylykly duýgulary-da, poeziýanyň dürli tärleri ulanylyp, okyjylary gyzyklandyryp biljek derejä ýetirilýär. Aman Nobatyň goşgulary döwürdeş türkmen ýaşlarynyň öňdebaryjy böleginiň progressiw milli gylyk-häsiýetler, edep-terbiýe bilen birlikde umumyadamzat gymmatlyklaryna wepaly bolup galýandyklaryny görkezýär. Ýaş şahyryň goşgularynda ownuk-uşak çeperçilik ýetmezçilikleriň bardygyna garamazdan, olarda geljekki türkmen şahyrynyň döredijilik ýüzüni görmek mümkin”. Bäsleşikde proza žanryndan ikinji baýrak ýaş ýazyjy Baýmyrat Kepile berilmeli edildi. Žýuriniň kesgitlemesi: ”Ýaş ýazyjy Baýmyrat Kepiliň döredijiligi ”Gün” neşirýatynyň ozalky edebi konkurslarynyň birinde 3-nji baýraga mynasyp bolupdy. Baýmyrat Kepiliň prozasy gyzykly, many taýdan goýazy setirler düşnükli hem manyly. Bu hekaýalardan döwrüň agyryly meseleleriniň awtory biparh goýmaýandygyny, onuň ruhy gözlegleriniň geriminiň-de gitdigiçe giňelýändigini görse bolýar. Ýaş ýazjynyň hekaýalary, edebi ýazgylary okyjyny döwür hakda bilelikde pikir öwürmäge, döwre baha kesmäge çagyrýar”. Edebi konkursyň žýurisiniň kadadan çykma hökmünde bu gezek bir aýratyn edebi baýragy döredenligini-de aýtmak gerek. Edebi oçerkler žanry boýunça döredilen bu bir sany 1-nji baýrak ýaňy-ýakynda adalatsyzlyk bilen türmä basylan zehinli edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýewe gowşurylmaly edildi. Žýuri öz kararyny şeýle esaslandyrýar: ”Döwletmyrat Ýazgulyýewiň edebi makalalary türkmen edebiýatynyň bu žanra degişli däpleriniň iň gowularyny dowam edýär we ösdürýär. Türkmeniň geçmiş gahrymanlarynadyr, Gündogaryň belli edebi şahslarynadyr olaryň eserlerine bagyşlanan bu edebi oçerklerde düýpli meseleler gozgalýar. Bu işler okyjylary diňe bir taryhy şahslar, olaryň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrman, eýse öz çuňňur mazmuny bilen diňe bir geçmişiň däl-de, eýse hut biziň günlerimiziň aktual soraglaryny galdyrýar. Döwletmyrat Ýazgulyýewiň ”Jüneýt han”, Ferdöwsiniň ”Şanamasy” baradaky edebi işleri halkyň häzirki döwürde başdan geçirýän kynçylyklarynyň seljerilmegine we dogry ahlak netijeleriň çykarylmagyna goşant goşýar. Zehinli edebiýatçy diňe bir döredijiligi bilen däl-de, eýse öz şahsy mertligi, kynçylyklaryň öňündäki durnuklylygy bilen-de türkmen okyjylarynyň, aýratyn-da ýaşlaryň gyzgyn goldawyny gazanmagy başardy”. ”Gün” neşirýaty we ”Dogduk topragyň howandary” atly Edebi bäsleşigiň žýurisi Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini mynasyp bolan baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň geljekde-de galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edýär! Şeýle-de Edebi bäsleşigiň žýuri agzalary we bäsleşigi gurnaýjy ”Gün” neşirýaty Türkmenistanyň häkimiýetlerinden toslama günä ýöňkelip, nähak türmä basylan zehinli edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň haýal edilmän azatlyga goýberilmegini talap edýär!
”Dogduk topragyň howandary” atly Edebi bäsleşigiň žýurisiniň adyndan – |