|
Buluda ıüzlenmek
Bulut, näme ıagta bereňok gerim?
Günüň yşygyny gysganıarsyňmy?
İa-da ıuwmak üçin dünıäniň kirin,
Al-asmandan ıere gyssanıarsyňmy?
Belki-de, sen bir obanyň çetinde,
İaş-juwanlaň duşuşygny bozarsyň.
Belki-de, sen suwa mätäç ekine,
Ösmek üçin ıerde yzgar bolarsyň.
Eı, bulut, sen gara geıip, ıas baglap,
Ölen-ıitenleriň tutıarmyň ıasyn?
İa köıen söıginiň agysyn aglap,
Dökıärmiň sen gökden dury gözıaşyň?
Bulut, sende näçe gizlin syrlar bar?
Syryň aç, gel bärik daglardan aşyp!
Suwsuzlara bolarsyň sen tenekar.
Men saňa-da aşyk, güne-de aşyk!
Soňky hat
Meniň inçe duıgularmy jylawlap,
Öz islän ugruna ıöreden
dilber.
Gözel görki bilen gözümi baglap,
İüregimi gar dek ereden dilber!
Bu günem sen ıakdyň meni oduňa.
Derdimi dep etjek perman tapylmaz.
Sen ıanaňda, kim ıeterkä dadyňa?
İüregiň ıananda, derman tapylmaz.
Gyzyl güller daşyň alyp durmaz seň,
Çünki sen söıgiňi bilmediň aıap.
Meniň üçin bu gün seniň bolşuň geň,
İat bolupdyr saňa edepdir-haıa.
Günler geçer, menem
senden
sowaryn,
Başga bir heserem körär
ıürekde.
Men özge birine diıerin ıarym,
İöne ıatlamalar galar sen hakda.
Maňa düşünersiň, ıitirip belki?
Menem sensiz galyp, etmerin perıat.
Aradaky salam ıitmese ilki,
Baş atyşsak, bolmarys biz ıedi ıat…
Geläıjek ıaly
Garaňky gijäniň tümlügin böwsüp,
İarym maňa tarap geläıjek ıaly.
Gülleriň içinde al-elwan öwsüp,
Maňa garap birje güläyjek ıaly.
Gözelligin bütin äleme ıaıyp,
Owadan bulut deı asmanda gaıyp,
Asmandan ıol ıasap damja deı taıyp,
İarym maňa tarap geläyjek yaly
Güneş kimin bir gün hoş habar buşlap,
Meniň jahyl duıgularmy taraşlap,
Ak gollary arzuwymy gulaçlap,
İarym maňa tarap geläıjek ıaly
Bir tohum deı ıeriň gabygyn ıaryp,
Gözelligne bahar howasyn garyp,
Köp ıol geçip, belki, azajyk aryp,
İarym meň ıanyma geläıjek ıaly...
Tanyş owaz eşidilyär
Tanyş owaz eşidilıär uzakdan,
Bilmeıärin ol nämäniň owazy.
Bir diňlesem, yüregimde yaňlanıar,
Bir diňlesem, meniň sazym däl ıaly.
Nirede gözbaşy agyr ökünjiň?
Bagyrdamy, öıkendemi, ıürekde?
Çagalykda galdy oıun künjegi,
Oıun oınamok men indi bu çakda.
Köıen söygüsini hala dokaıan,
Gyz ıüregniň sesi – daragyndanmy?
İa bu ses bukulyp, keıigi atıan
Daş ıürek awçynyň ıaragyndanmy?!
İowuz urşda balasyny aldyran,
Naçar enäň nalyşymyň ıa-da sen?
Söıgisini Zöhre gyza bildiren
Tahyryň sesimi, gadymdan galan?!
Gije-girim çola ıollardan barıan
Ökjeli köwüşleň aıak sesimi?
İuwan gülkä her ädimde bat berıän
Haıasyz gelinleň iň bir pesimi?
İa bolmasa, dünıä inen babegiň
Ilkinji ıaňlanan iňňäsimi sen?
Haıa bilen galdyranda gabagyn,
Bir gözeliň atan iňňesimi sen?
Tanyş owaz gelıär uzak bir ıerden,
Bilip bilemok men nähili owaz.
Guşlaryň sesine meňzeıär birden,
Birdenem dutara meňzeıär ol saz.
Bilbil saıraıar
Bilbil saıraıar durman,
Ne gül duııar, ne bagban.
Saıraıar irmän-arman,
Göwnüni güle baglan.
Bilbil saıraıar ıene.
Sesi yaňlanıar zaryn.
Gargalar diňşirgenıär,
Bilbil gözleıär ıaryn.
Bilbil saıraıar her gün,
Saıramasyn goıanok.
Säher çagynda sergin
Gulak ondan doıanok.
Bilbil saıraıar günde,
Aıdymlary oňlanıar.
İöne tomus gelende,
Oň aıdymy soňlanıar.
Bilbil ölıär,
Gül solıar...
Gündogardan güneş dogıar
Tümlügiň syryny açyp,
Gündogardan güneş dogıar.
Töweregne nurun saçyp,
Gündogardan güneş dogıar.
Bilbiller başlady saırap,
Baıguşlar yadady gargap,
Güller
çygjarypdyr derläp,
Gündogardan güneş dogıar.
İaşaıyşyň dowamaty,
Gowulygyň alamaty,
İaradanyň keramaty,
Gündogardan güneş dogıar.
Tümlük
öwrülıär aıdyňa,
Adamlar
sylıar alnyna,
Beıik
Allanyň adyna,
Gündogardan güneş dogıar.
İyldyzlar göz gypıar
Garaňky gijäniň tümlügin
böwsüp,
İyldyz şöhle saçıar her dürli öwsüp.
İüregimiň inçe taryny tapıar –
İyldyz göz gypıar.
İagtylıar bu dünıä, daňam berıär saz,
Az salymdan guşlar ederler owaz.
Daň säher kem-kemden gündize sapıar –
İyldyz göz gypıar.
İüregimiň ıalňyzlygny bilıämi?
İa-da mening sadalygma gülıämi?
Taıçanak dek gökde sürlenip çapıar –
İyldyz göz gyrpıar.
Belki, ıyldyzlaram bolandyr aşyk?
Şonuň üçin kakyp duıgy
taryna,
Gije gelse, arzuwlara
ulaşyp,
İagty saçyp, garaşıandyr
ıaryna?!
|