|
EDEBIİATDA DOSTLUK HEM HALYPALYK GATNAŞYKLARY |
|
Çyn zehin hemişe garaşsyz bolıar, şonuñ üçinem dirikä beıik talantlar bilen dostluk gatnaşygyny saklamak hemme kişä başardanok. Onsoñ, adatça, diñe özleri aradan çykansoñlar, çyn zehinleriñ dostlary köpelip ugraıarlar...
|
|
Türkmen edebiıatynda döwürdeş şahyrlaryñ arasyndaky dostluk hem halypalyk gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyıetden alyp gaıdıar. Çünki bagşy-sazandalykda-da, şahyrçylykda-da ösmek, kämilleşmek üçin özüñden öñdäki nesilleriñ tejribesini öwrenmek, özleşdirmek örän zerur, ıöne ol tejribäni özbaşdak özleşdirmek añsat iş däl. Şol sebäpden hem halypasyz ösen bagşy-sazandanyñ, ıazyjy-şahyryñ kämillige barıan ıoly uzak bolıar. Elbetde, çyn zehin düıbünden halypasyz bolsa-da, iru-giç kämillige ıetip biler. İöne ol özüne mynasyp halypa tutunyp, ilki şondan degerli sapaklary alsa, onda kämillige ıetmesi añsatlaşıar. Orta asyrlardan bäri türkmen ıazyjy-şahyrlary, bagşy-sazandalary bu ıörelgä eıerip gelipdirler. Döredijilikde dostluk, halypaçylyk – dünıäniñ köp halklarynda adaty ıörelgedir. İöne edebiıatda we sungatda halypa tutunmak töwekgel iş. Sebäbi ıiti zehin öz derejesinden pes halypa tutunsa, hökman utdurıar. Kütek halypa ıaş zehini nädogry ıola salyp, hemişelik azaşdyryp, hatda onuñ zehinini köıdüribem biler. Halypalyk ıaşyna ıeten ıazyjy-şahyr, bagşy-sazanda şägirdini öz abraıy bilen basmarlap, öz galybyna salyp, adatça, tebigy suratda ondan özüne meñzeş birini ıetişdirmäge ymtylıar. Onsoñ kütek halypa tutunan ıaş zehiniñ köıdügi bil. Sungatyñ taryhynda bu seırek bolmaıar. Bu meselede esasy ıitgi çekjegiñ ıaş zehiniñ özüdigi üçin, halypa tutunmak işine seresaply çemeleşilse ıagşy. Döredijilikde dostluk meselesi-de edil şonuñ ıaly: sungat äleminde, adatça, zehinliniñ zehinli, kütegiñ-de kütek bilen sözi alyşıar, ıogsa dostluk uzaga gidenok. Çyn zehin hemişe garaşsyz bolıar, şonuñ üçinem dirikä beıik talantlar bilen dostluk gatnaşygyny saklamak hemme kişä başardanok. Onsoñ, adatça, diñe özleri aradan çykansoñlar, çyn zehinleriñ dostlary köpelip ugraıarlar... Olaryñ haısynyñ çyn, haısynyñ-da ıalan dostdugyny bilmek hem añsat iş däl. Türkmenistanda indi Gurbannazar Eziz bilen özüniñ dost bolanlygy hakda ıañrap ıören kän. Şahyryñ tragiki ölüminden soñ, şeıle ”dostlaryñ” sany has hem artdy. Bu ıagdaı Bapba Gökleñ bilen baglanyşykly hem gaıtalanıar. Şahyr tragiki ıagdaıda wepat bolanda, onuñ ıasyna, belli günlerine, hat-da ıylyna görünmäge-de bogny ysmadyklar bu gün ol hakda makala ıazyp, radioda agyzlaryny dolduryp çykyş edıärler. Nätjek, dil bir öl ıere biten zat… G.Eziz aradan çykansoñ, onuñ kitaplaryna sözbaşy ıazanlaryñ hemmesi-de, özlerini beıik şahyryñ dosty diıip yglan etdiler. Delil hökmünde-de esasan şahyr bilen bile düşülen surat, ıa-da onuñ tötänden ıazan haty agzalıar. İöne bu meselede bir hakykaty unutmaly däl: bile düşülen surat ıa-da ”salam hat” entek dostlygyñ tassyklamasy bolup bilmez. Sebäbi durmuşda tötänleıin suratlar-da, hatlar-da kän. Uly zehinler, adatça, örän kiçigöwünli bolıarlar, kim gelip ıanynda bile suratyny aldyrsa-da, ony kowmaıarlar. Olar özleriniñ adaty geçirimliligi bilen mekirleriñ mekirligine, hilegärleriñ hilegärligine çydaıarlar. Käbir körzehinler beıikleriñ durmuşdaky bu geçirimliliginden özleriçe peıdalanıarlar we öz öılerini belli şahsyıetler bilen bilelikde aldyran suratlary bilen bezeıärler. Şol suratlar, hamana, olaryñ özleriniñ-de bihal däldigini subut edıärmiş… Örän geñ subutnama… G.Eziz wepat bolansoñ özüni onuñ ıakyn dosty, ıogsa-da (iñ bärkisi!) jan ıaly şägirdi diıip yglan edenleriñ-de sanasañ sogaby bar. Emma ıaşuly türkmen ıazyjy-şahyrlarynyñ gürrüñinden çen tutsañ, onda Gurbannazar Eziziñ öz galamdaşlarynyñ arasynda çyn dosty diñe Halyl Kuly eken. Bu iki zehin syrdaşlyk hem dostluk gatnaşygynda bolupdyrlar. G.Eziziñ döwürdeşi, hak dosty, H.Kulynyñ eselerini siz www.günesh.org-dan okap bilersiñiz. Ak Welsapar, ıazyjy |