”DA VINÇINIÑ KODY” HRISTIAN DÜNÝÄSINI ODA SALÝAR

2006-05-18
 

Den Braunyñ ”Da Vinçiniñ kody” atly meşhur kitabynyñ esasynda döredilen adybir filmiñ dünýä premýerasy başlandy. Bu täzelige millionlarça adamlar soñky günlerde demlerini alman diýen ýaly garaşdylar. Bütin dünýäde, şol sanda hristian dünýäsinde-de, musulman dünýäsinde-de, bu hadysa gyzyklanma örän uly. Sebäbi Den Braunyñ kitaby we onuñ esasynda surata düşürilen film hristian dininiñ köküne palta urýar. Hristian dininiñ iñ gymmatly rowaýaty Isa pygamberiñ haja çüýlenendigi we haçdan aýrylansoñ, gaýyp bolandygy hakyndaky rowaýatdyr. Bu rowaýatda Isa pygamberiñ başy ölümli adam däldigi, eýse Hudaýyñ ogludygy tassyklanýar. (Hristian dininde Isa pygamber köplenç Hudaý bilen gatyşdyrylýar.) Hristian dininiñ iñ düýpli taglymatlarynyñ biri-de, Isa pygamberiñ iru-giç dirilip, yzyna gaýdyp gelmelidigi we kyýamat güni adamlaryñ ynsabyny, meshebini goramalydygy hakyndaky tassyklamadyr. Bu rowaýata görä, ol Tañrynyñ öñünde adamlaryñ ähli etmişlerni öz boýnuna çekip, günälerini göterip, hristian dinine uýýanlaryñ hemmesiniñ ruhlaryny dowzahdan halas etmeli.

Günä iş edip, öz günäñi iliñ boýnuna ýüklemek isleginden gözbaş alýan bu rowaýaty Den Braunyñ kitaby we onuñ esasynda döredilen film kül-peýekun edýär! Sebäbi bu kitapda we adybir filmde Isa pygamberiñ hudaýlygy inkär edilýär, onuñ başy ölümli adamdygy we Maria Magdalina öýlenendigi, ol ikisinden önen çagadan ýaýran nesilleriñ soñra Europada mekan tutandygy dogruda gürrüñ berilýär (Isa pygamberiñ hiç haçan haja çüýlenmändigi, eýse diñe haja dañlandygy,  diri galyp, soñra ýurtdan gaçyp gidendigi we has soñ Hindistanda aradan çykandygy barada-da maglumatlar bar).

Den Braunyñ kitabyndaky we adybir filmdäki tassyklamalar hristian ruhanylarynyñ we buthanasynyñ gonjuna gor guýýar! Eger Isa pygamber Hudaý ýa Hudaýyñ ogly däl-de, eýse başy ölümli adam bolsa, ol Maria Magdalina öýlenip, olardanam çaga önen bolsa, onda hristian dininiñ esasynda ýatan esasy toslamalar dyr-pytrak bolýar we iki müñ ýyl bäri diñe rowaýatlardyr toslamalar bilen iýmitlenip ýaşap gelýän hristian dininiñ köki sarsýar.

Eýse beýle ýagdaý bilen hristian ruhanylary we buthanasy heý ylalaşyp bilermi? Elbetde, ýok. Şonuñ üçinem eýýäm esli wagt bäri din hadymlary Den Braunyñ kitabynyñ we ertirden görkezilip başlanjak adybir filmiñ garşysyna diş-dyrnak bolup çykýarlar. Olar ilki-hä ýazyjynyñ kitabyny näletlediler, soñam entek ekrana çykmadyk filmi näletlemäge girişdiler. ”Da Vinçiniñ kody” atly filmiñ dünýä tanyşlygy golaýladygyça-da hristian ruhanylarynyñ we buthanasynyñ näleti barha dik asmana galýar.

Eýýäm Ellada Pravoslav Buthanasy dine ynanýanlaryñ hemmesini bu filmi boýkot etmäge çagyrdy we bu çäräni ”hristian dinini goramagyñ bir görnüşi” diýip yglan etdi. Vatikan hem gol gowşuryp oturanok, medeniýet boýunça Papalyk Geñeşiniñ başlygy kardinal Pol Pupar Den Brauny ”buthananyñ taryhyny ýoýmakda” aýyplady. Moskva Patriarhatynyñ metbugat sekretary Mihail Dudko bu film dine ynanýanlaryñ duýgularyny kemsidýär diýýär.

Eýse bu nämüçin beýle? Sebäbi hiristian buthanasy we ruhanylary hristian halklaryny gutarnykly elden bermekden gorkýarlar. Adamlaryñ añy ösüp barýar. Indi halklaryñ toslama rowaýatlara ynanyp ömürlerini ötüresleri gelenok. Adamlar ýaşaýyşyñ dini däl-de, ylmy düşündirişine ynanýarlar. Bu ynam berkedigiçe-de hristian buthanasynyñ, ruhanylaryñ halklara edýän täsiri gowşap gidip otyr. Hristian halklarynyñ üstünden sürüp gelen agalyklaryny Täzeden döreýiş döwründen başlap ýitirip ugran hristian buthanasy we ruhanylary XX asyrda öz hökmürowanlygyny gutarnykly ýitirdiler. Günbatar ýurtlaryndaky ägirt uly tehniki we tehnologiki ösuş diniñ nämedigine, onuñ nädip we näme maksat bilen döredilendigine adamlaryñ gözlerini açdy. Netijede hristian buthanasy we ruhanylar hristianlaryñ erkini elinden gideripdiler.

Günbatar dünýäsi hristian dininiñ iki müñ ýyl mundane öñ tosnanylyp tapylan dogmalaryndan aýgytly ýüz öwrüp, gitdigiçe beter dünýewi ýaşaýyşa ýykgyn edýär. Ýazyjy Den Braunyñ “Da Viniçiniñ kody” kitaby-da, bu kitap easynda döredilen adybir film-de hristian dininiñ esasynda ýatan iñ möhüm rowaýata zarba urýar. Ine, hut şonuñ üçinem hristian buthanasy we ruhanylar oda-köze düşýärler.

Ylym-bilimiñ, tehnikanyñ we tehnologiýanyñ ösmegi bilen adamlar Injilde wada berlen uçmahy, akylly we işeññir bolsañ, şu dünýäde-de gurup boljakdygyna göz ýetirdiler. Adamlaryñ gözlerinden diniñ öñündäki gorky syrylyp, añlarynda materializm gutarnykly ornaşdy.

Ýazyjy Den Braunyñ kitaby-da adamlara toslamalaryñ, dini rowaýatlaryñ täsirinden çykmaga kömek edýär. Hut şonuñ üçin-de adamlaryñ üstünden hokum sürmegi gowy görýän we hristian dünýäsiniñ erkini yzyna gaýdyp almaga synanyşyklaryny hiç haçan bes etmeýän hristian buthanasy we ruhanylary Den Braunyñ özüni-de, onuñ “Da Vinçiniñ kody” kitabyny-da ýigrenýärler.

Adamzat taryhynda, gör indi näçinji gezek, Sungat bilen Din, Hudojnik bilen Ruhany, Dünýewi garaýyş bilen Dini garaýyş, Ýagşylyk bilen Ýamanlyk, Giñ dünýägaraýyş bilen Çäkli dünýägaraýyş çaknyşýar! Bu çaknyşygyñ nähili gutarjakdygy entek belli däl, ýöne adamzat indi hiç haçan öz erkini dindarlaryñ eline bermez, diýmek, bu gezekki çaknyşykda Sungat ýeñer diýen ynam bar.

Din häzirlikçe halklaryñ agzyny alartmaga ukyply bolsa-da, mundan beýläk tutuş adamzadyñ ösüşini bökdäp bilmez.

A.Welsapar, ýazyjy