Edebi bäsleşigiň ıeňijisi!

 

Baımyrat Kepil

 

ÖWÜSGINLER WE ÖMÜRLER

 

Köp zatlar üıtgäp barıar. Köp zada goşulyşyp, bizem üıtgeşiklige uçraıarys. Aslynda, seredip otursaň, biziň duçar bolıan üıtgeşikliklerimiz durmuşa bolan höwesimizi artdyrıar. Onsoň biziň ıaşamaga bolan hyjuwymyz has hem goıazylaşıar. Eısem, tebigatyň maňzynda üıtgeşiklik ıokmy näme? Özgeriş, kämillik ıa-da bolmasa, has ıönekeı dilde aıdanymyzda, özgerişlik.

                      Hyıal dünıämize gezelenç edıäris; ilki bilen ıadymyza pyntyklap oturan ıaşyl hyjuwly agaç düşıär. İa-da bolmasa, saralyp-solan ıapraklarmy? İkisinde-de tebigatyň gözelligi bar, ikisi-de özünde durmuş pelsepesini jemleıär. Pyntyklar – ternelik, gögelelik, sary ıapraklar bolsa kämillik, gaıtalanmazlyk. Bir pursat oılanyp, içki dünıämize ser salsak näme üçin Ezizowyň sary ıapraklardan monjuk örenine göz ıetirip bileris. Bir ıerde ıaprak barada gürrüň edeninde ol şeıle diııär:

Sary şemal ony tändirip geçıär”

                      Ussat suratkeşiň kämil galamyndan dünıä inen ıakymly surat ıaly ıokarky setirler bizi özüne bendi edıär.

Gözümiň öňünde sary şemal we sary ıaprak ikisi bilelikde janlanıar. Sary ıapraklary idirdedip, öňüne salyp kowalap barıan öçügsi şemal – aıralygy ıadyma salıar.

                      Has-haslap, ıola düşen gazaply otly güızüň çigrek howasynda al-asmandan öçügsi şöhlesini eçilip, öz yzyndan garap galıan Günüň ıadaw tyglarynyň astynda öňe sary omzap barıar. Çigrek şemal şahalarda şuwwuldaıar. Otly gür agaçlygyň içine siňip gidıär. Onuň tizliginiň güıjüne emele gelen tebigy ıelgin meniň ünsümi özüne çekıär. Demir ıoluň gyrasyndaky agaçlardan gaçan ıapraklary ıerinden gozgap, aňyrlaryk kowup geçen otlynyň şemalyny şahalarda sykylyklaıan gazaply şemal bilen deňeşdirıärin. Başga başga zatlar...

                      Üıtgäp barıar köp zat. Otlynyň wagonlary – ömrümiň ıyllary. İapraklar – ömürler, daragt – dünıä, gazaply şemal bolsa ıapraklary daragta baglaıan sapagy goparıan ajal...

                      Çagalykda seniň aıak basan ıerleriň indi ebedi tagma bolup, seniň durmuşyň geçmiş sahypalaryna siňipdir. İetginjekligiň bolsa däli jeıhun derıa bolup, akyp ıatyr. İöreıän ıollarymyz, ıodalarymyz köpelıär... İodalarymyz bize kesekileşıär. Pikir ıöretmek gerek. Özüňi tapmak gerek. Reňkden reňke girip, pasyllardan ybarat geıimleri çalşyrynyp, her sekundyňy garbap tutmak, oňa düşünmek gerek.  

“Öli ozanlaryň jemgyıeti” atly filmde täsin mugallym okuwçylara garap “Seize the day”, ıagny, İaşaıan her günüňi garbadiııär. Filmiň içinden eriş-argaç bolup geçıän bu aňlatmanyň her bir erkin pikirlenip bilıän adamyň durmuşynda uly gymmaty bar. Aslynda şeıle beıik düşünjäni durmuşymyzda maksat edinen ıagdaımyzda biziň her bir sekundymyzyň bahasy gymmatlar, wagtyň gadyry artar, ıöreıän ıolumyz aıdyňlaşar...

                      İene-de bir pursat ıüregime diň salyp, onuň çuňunda ıaňlanıan beıik ussadyň setirleri bilen ıangynly göwnüme teselli berıärin...

Ömri gyl üstünde ıapraklar öçıär.
Sary şemal ony tändirip geçıär.
Sary şemal ony tändirip geçıär,
Soňkuja ıapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ıör höwri.

                      Beıik ussadyň yzyna eıermek agyr. Onuň geçen ıoly şeıle bir gowgaly şeıle bir çetin, hatda ol ıerde sary şemalam, altyn ıapragam, şahalaryň şuwwuldysam aıry many aňladıar. “İol” düşünjesi – giň we çuň...

                      Käbir ömürler zabun şemalyň güıjüne daragtyndan aırylıar. Käbir öwüsgin ömürlere bagtyıarlyk paılaıar... Käbir daragtlar öz ıapraklaryny gazaply ıelden gorajak bolıar... Pikirler, aň edil talapkär öwüsgin mysaly göwünleri daraklaıar, taraşlaıar, oňa täze öwüşgin çaııar, täzeçillik bagyşlaıar. Şeılelikde köp zat özgerıär. Adam durmuşynda uly many bolany üçin biz hem has çuň “biz-e” öwrülıäris, özgerıäris, ösıäris.