|
”MÜLLI TAHYRYÑ HUDAÝLYGY” ROMANYNDA AÝAL-GYZLARYÑ OBRAZY |
| ”Güneşiñ” öz habary |
|
”Mülli Tahyryñ hudaýlygy” romanynda aýal-gyzlaryñ obrazy” diýen temadan internet arkaly geçirilen edebi çekişme örän gyzykly boldy. Bu çekişmede ondan gowrak adam çykyş edip, roman hem türkmen aýal-gyzlarynyñ obrazynyñ çeper eserde şöhlelenişi, kitabyñ gahrymanlarynyñ durmuşdaky prototipleri hakda öz pikirlerini orta atdylar. Aýratyn hem aýal-gyzlaryñ çykyşlary gyzykly boldy. Kanadadan Gülsenemiñ, Nabadyñ, Eýrandan Maýanyñ roman hem ondaky aýal-gyzlaryñ obrazy dogrudaky pikir öwürmeleri çekişmä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Nabat romanda aýal-gyzlaryñ ynandyryjy obrazlarynyñ döredilendigini, Zylyhanyñ öz ýanýoldaşyna wepaly, edepli, özgeleriñ ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşýän hakyky türkmen zenanynyñ obrazydygyny aýtsa, Maýa romanyñ gahrymanlarynyñ durmuşdaky prototipleri bilen özüne sowet döwründe Türkmenistan Ylymlary Akademiýasynyñ Dil we Edebiýat institutynda bile işeleşmegiñ miýesser edenligini ýatlady. Roman bilen baglanyşykly tankydy bellikler hem aýdyldy. Akmyrat Gürgenli romanda Mülli Tahyryñ türkmen milletine aşa ýiti tankydy nazar bilen garaýandygyny nygtady. Maýa aýal-gyzlaryñ garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşda aýylganç kynçylyklara uçrandyklaryny, bu meselede günäniñ uly böleginiñ-de türkmen erkekleriniñ üstüne düşýändigini belledi. Gülsenem romandaky aýal-gyzlaryñ obrazlaryna çekişmä gatnaşýanlaryñ käbiriniñ berýän bahasynyñ türkmen aýal-gyzlaryny ideallaşdyrmak isleginden gelip çykýandygyny belledi. Onuñ pikiriçe, öz halkyñy ideýallaşdyrmakdan ägä bolmaly, bu gylyk millete peýda getirmeýär. Gülsenem ”Mülli Tahyryñ hudaýlygy” romanynda gürrüñi edilýän wakalaryñ käbiriniñ eýýäm 70-nji ýyllarda türkmen aýal-gyzlarynyñ arasynda göze ilip ugrandygyny ýatlatdy... Türkmenistandan bu roman hakda öz pikirini hat bilen çekişmä ýetiren okyjylaryñ biriniñ pikiriçe, Mülli Tahyr ölenden soñ Zylyha kyn ýagdaýa uçraýar. Bir gezek ol hatda aldanyp, ýaramaz öýe, ýaramaz adamlaryñ arasyna düşýär. Bu pursatda okyjy dul galan türkmen zenanynyñ başyndan inen synaga ýürekden gyýylýar. Zylyhanyñ ol bozuk öýden jaý wagtynda öz ar-namysyny baýdak edinip çykyp gaýtmagy bolsa okyjyny diýseñ begendirýär. Mülli Tahyryñ dirikä goýberen käbir ýalñyşlyklaryna garamazdan, okyjy onuñ wepaly ýanýoldaşy Zylyhanyñ öz ahlak belentligini, zenan päkligini saklamagyny isleýär. Çekişmede giriş sözi bilen çykyş eden we soñra okyjylary gyzklandyrýan soraglara jogap beren ýazyjy A.Welsapar bu romanyñ özi üçin hem halkyñ durmuşynda iñ kyn döwürde, 1991-nji ýylyñ güýzünde ýazylandygyny gürrüñ berdi. Zylyhanyñ obrazynyñ Mülli Tahyrdan köplenç güýçli gelýändigini diñe roman ýazylyp gutaransoñ görüp galandygyny boýun alyp, awtor munuñ ýörite edilen iş däldigini, özüniñ türkmen aýal-gyzlaryna bolan ynamynyñ, çäksiz hormatynyñ netijesidigigini aýtdy. Romandaky aýal-gyzlaryñ obrazlary dogruda Abdyrahmanyñ, Gylyjyñ, Ýusubyñ, Hajynyñ we beýleki okyjylaryñ çykyşlary, eden bellikleri-de gyzykly boldy. Garaşsyz türkmen edebiýaty häzirki döwürde Türkmenistanyñ çäklerinden daşarda öz ösüşini dowam etdirýär. Ol türkmen okyjylarynyñ-da, beýleki ýurtlaryñ okyjylarynyñ-da ünsüni çekmäge ukyply. ”Gün” neşirýatynda çap edilen ”Dirilik suwy” atly kitabyñ bu ýylyñ dowamynda iki sany edebi baýraga mynasyp bolmagy we internetde 2007 ýylyñ 16-njy sentýabrynda geçirilen gyzykly edebi çekişme agzalan pikiri tassyklaýan faktlardyr. 2007-09-22 |