| Anna Rahmanova |
|
GARA GAÇAN GÜLLER… |
| Goşgular toplumy |
Gara garga Gara garga Meñ aınamyñ öñünde Gürreje silkindi. Nämäñ küıünde? Gagyldaıar: gak! gak! Uçdy-da soñam Özi üçin başga bir ıer peıledi. Gara ganatlarny kakyp, alyp bat, Şükür, ıoluñ o ıüzüni saılady. Sen nämüçin meniñ ıüzüme bakdyñ? Sen nämüçin gara ganatyñ kakdyñ? Sen aslynda neçün geldiñ bu ıere, Sebäp barmy maña gahar edere? Sen maña derkar däl! Gelsedi bilbil. Ol saırasa, uly iller bakardy, İarym gelip, penjirämi kakardy… Aınañ daşynda… Aınañ daşynda Gije-gündiz ıel… Kalbym töründe Ak garlykdan çöl… Ümsümlik hem gar Penjirede Aı – Bu baılyk maña Senden ıeten paı. Señ bilen gitdi, Gülki hem söıgi. Maña galany: Gözıaş hem gaıgy. Daşarda ıene İeldir tupan, gar. Kalbym töründe Ak gardan gubar… Men bu gün ıene ıatmadym… Men bu gün ıene ıatmadym, Uklap, kirpigim gatmadym. Pal atdym, ters çykdy palym… Guşlar alyp gitdi pälim. Sabrym alyp galdy göge Tötänleıin duşuşyga. … Sowuk eıwan, ıerde gözüm, Gaçaryn – Duımaryn özüm… Bagda alma – reñki al… Bagda alma – reñki oñ al. Sen söıseñ-de, men aşyk däl! Tamam. Barla ugrun tapyp! Sen çykdyñmy – gapym ıapyk! Jañ basylıar – bu nädogry, Bukulıarsyñ misli ogry. İitirdiñmi – sende ıazyk. Bu sanawaç – saña azyk! Garrylykdan gorkamok… Garrylykdan gorkamok, Başga zat ürkim… İaş sanasam gaıgydyr, Gaıgymdyr – gorkym. Gök asmanda meñ ömrüm Uçsyz-gyraksyz. Abanıar gara bulut Käte gereksiz. Garrylykdan gorkamok, Ol pälmi ıa däl? Bu ıalñyzlyk nämekä – Ykbalmy ıa pal? Ak garyñ üstünde… Garyñ üstünde, Çolalyk ıolda İatyrdy güller: Agyr bir halda… Men bu güllere Edıärin ıardam. Hem emaı bilen Göterıän gardan… Bu ıanan güller Girermi sana? Aıama alyp, Getirıän jana... Güller sen diıip, Men hyıal gurıan. Jan giren gülde Geljegmiz görıän… Rusçadan terjime eden A.Welsapar |