|
ALTYN ASYRYÑ MIS OÝUNLARY
|
|
Türkmen sportsmenleri näme üçin Olimpiadadan boş çykdylar?
|
|
Ýañy-ýakynda Pekinde bolan Halkara Olimpiada oýunlarynyñ netijeleri hakda Türkmenistanly sport janköýeri bilen geçirilen gürrüñdeşlik. |
|
A.WELSAPAR: Siz Pekindäki Halkara Olimpia oýunlaryna tomaşa etdiñizmi? JANKÖÝER: Elbetde, başdan-aýak tomaşa etdim. Men özumi bilelim bäri dünýä sport ýaryşlaryny duşumdan geçiremok, onsoñ Olimpiadany görmesem bolmaz-a! Çanak antennam hezil berdi. A.WELSAPAR: Onda siz Türkmenistanyñ Pekinde ullakan şowsuzlyga uçranlygyndan habarly-da? Şowsuzlygyñ sebäpleri hakda siz nähili pikir edýärsiñiz? JANKÖÝER: Elbetde, türkmenistanlylara özbaşdak pikir etmek gadagan. Ýöne onda-da men, kellämi etegime salyp, käbir zatlary aýtmasam boljak däl, sebäbi sport janköýeri hökmünde men indi bu masgaraçylyga halys çydap bilemok. A.WELSAPAR: Ýurduñ Köpçülikleýin Habar Serişdelerine göz gezdirseñ, Türkmenistanda sport gülläp ösýär, bu ugurdan kemçilik ýok. Beýle bolsa, näme sebäpden biziñkiler Pekindäki Olimpiadada ýekeje baýragam alyp bilmediler? JANKÖÝER: Gynansak-da, diñe bir baýrakly orunlar däl, iñ bärkisi bizden ýokarky bäşligiñ hataryna girenem – diñe bir sportsmen! Bu barypýatan masgaraçylyk! A.WELSAPAR: Ozalky sowet respubliklarynyñ hemmesem şeýlemi ýa-da diñe Türkmenistan Olimpiadadan barmagyny burnuna sokup, boş gaýtdymy? JANKÖÝER: Ozalky sowet respublikalarynyñ köpüsi gaty gowy çykyş etdiler. Moldawiýa 1, Gyrgyzystan we Täjigistanyñ 2, Özbegistan bilen Ermenistan 6, Azerbeýjan 7, Gazagystan hem 13 medal gazandylar. Türkmenistanyñ sportsmenleri welin, hatda finala-da çykyp bilmediler! Gynanmakdan geçen, men bu ýagdaýa, dogrusy, gaty geñ galdym! A.WELSAPAR: Nämüçin geñ galdyñyz? Bu taýda geñ galar ýaly näme bar: güýçli utar, ejizem utular-da! Oña derek – türkmenistanlylar Altyn asyrda ýaşaýarlar. Onsoñ altyn medal alan bagty pes sportsmenler-ä Olimpiada gutaransoñ, gan aglap, ýene-de öz mis asyrlaryna gidendirler, biziñkilerem gülüp-oýnap gelip, ýene-de Altyn asyra gark bolandyrlar! Olimpiadada utuldyñ nä, utduñ nä, esasy zat Altyn asyrda ýaşasañ boldy-da! JANKÖÝER: Ýok, juda beýle-de däl. Sportuñ ýagdaýy ýurduñ nähili asyrda ýaşaýandygyny örän gowy görkezýär. Edil häzir Türkmen sporty ýurduñ altyn däl-de, daş asyrynda ýaşaýandygyny subut edýär. A.WELSAPAR: nädip? JANKÖÝER: Hemme zadyñ köki ýurduñ ykdysadyýetinden suw içýär. Sporta bolan höwes ýurduñ ekonomiki kuwwatyny, jemgyýetiñ nä derejede sagdynlygynyñ, ýaş nesliñ geljege bolan ynamyny görkezýär. Biziñ ýurdumyzyñ ösuş depgini, hamana, beýleki ýurtlaryñkydan has ýokary. Resmi çeşmelere salgylansak, Türkmenistanyñ ykdysadyýeti her ýylda 20% gowurak ösýär. Bir ýylda nebitden, gazdan we tranzitden gelýän girdejiñ özi 20 mlrd USD. Döwlet budjetinden sporta goýberilýän serişdeleriñem uludygyna şübhe ýok. Sebäbi soñky ýyllarda birnäçe uly sport merkezleri guruldy: Olimpia stadionlary, suwdaky sport görnüşleriniñ merkezi, buz üsti sport görnüşleriniñ merkezi we başgalar. Häzirki döwürem, hamana, biziñ Altyn Asyrymyz. Emma döwlet sporty ”atalyk aladasy” bilen gurşasa-da, biziñ ýaş sportsmenlerimiziñ ýeñşe höwesleriniñ pesligi, özlerine ynamyñ ýoklugy aç-açan görnüp dur. A.WELSAPAR : Atalyk aladasy bilen gurşalan sportsmenleriñ näme üçin ýeñşe höwesi ýokka? JANKÖÝER : Bagyşlañ, men döwlet sportsmenleriñ atalyk aladasyny edýar diýemok, sportyñ atalyk aladasyny edýär diýdim. Has dogrusy, sportuñam däl-de, eýse diñe sport desgalarynyñ! “At almankañ eýer al!” diýenlerini edip, biz beýikden beýik, gymmatdan gymmat sport merkezlerini gurýarys, soñam at almagy ýatdan çykarýarys… Ýagny sportsmen ýetişdiremzok! A.WELSAPAR: Gurulýan ymaratlaryñ manysyna düşünip, ýaşlar kem-kemden sporta höwes edip, ýeñip ugrarlar-da? Gymmat desgalaryñ gurulmagy, belki, döwletiñ oñdenñörujiligidir? JANKÖÝER: Öñdengörüjilik diýseñem bolar, ýöne, meniñ pikirimçe, ol garaşsyzlyk döwründe sportuñ Türkmenistanda gülläp ösýän milli görnüşleriniñ birimikä diýýän. A.WELSAPAR: Şeý diýseñiz-le! Asyl bizde-de sportuñ gülläp ösýän görnüşleri bar eken-dä? JANKÖÝER: Bar. Ýöne sportuñ ol görnüşleri Olimpiadanyñ programmasynda ýok, şol bizi köseýär... A.WELSAPAR: Aýtsañyzlañ, ol nähili sport? Soñky ýyllarda ýurtdan daşarda bolamsoñyz köp zady duşumyzdan geçiripdiris öýdýän. Berekella! Şeýdip Türkmenistanam iñ bolmanda sportuñ käbir görnüşlerinden öñe saýlansa ýagşy. Bize-de çarygymyzy suwdan çykarmaga çen boldy! JANKÖÝER: Haý, näbileýin-dä, biziñ milli sportumyz Halkara arenasynda ýol alaýsa... Ol oýunlar Halkara kanunlaryna gabat gelenok-da, birazajyk nemeräk-dä... A.WELSAPAR: Nämeräk-dä? ”Mus-mus” diýip durman, ”Mustapa” diýseñiz gowy boljak. JANKÖÝER: Dogrymdan gelsem, ol oýunlar bikanun oýunlar-da. Türkmenistanda ýolbaşçylaryñ öz, halkyñam öz gowy görýän ”sport oýunlary” bar. Ýolbaşçylaryñ oýnuna ”pul ýuwmak” diýilýär, halkyñka-da – agzyñy berk ýumup, el çarpmak. Ýöne sportuñ bu görnüşleri Halkara arenasynda ýol almasa gerek. Onsoñ beýik sport desgalaryny guranyñ peýdasy nä? A.WELSAPAR: Hormatly Janköýer, siz gaty göwnüçökgün görünýäñiz. Ýöne beýtmäñ ahyry, düşünjek boluñ: eger sport desgalary gurulýan bolsa, olar iru-giç netije berer. Hemme işi birden bitirip bolmaz-a, gymmat binalaryñ özüni ödemegi üçin wagt gerek dälmi nä? JANKÖÝER: Ýok, ol uly ymaratlar özüni edil gurlup gutaran badyna ödeýärler… Ýogsa, kim olary gurjak? Ol desgalar sportuñ ”pul ýuwmak” görnüşine degişli. Ol oýun hem türkmen ýolbaşçylarynyñ iñ ökde oýny. Beýik ymaratlary, elbetde, beýik adamlar gurýarlar. Onsoñ ol adamlar hasam beýik, ýagny baý bolýarlar... Ýönekeý adamlar bolsa ýolbaşçylaryñ beýikligine guwanyp, özlerini bagtly duýýarlar. Bu bagta sportsmenleriñ Olimpiadada ýeñilmekleri hiç hili täsir edip bilmez. Sebäbi bu örän düýpli bagt – oña Altyn asyr diýilýär! A.WELSAPAR: Gep mundan geldi diýsene... Onda ”Altyn asyr” diýmek – Beýik Häkimiýet bilen ýönekeý halkyñ, ýagny, ýokarkylar aýtmyşlaýyn ”garamaýak halkyñ” özara düşünişip, gaty ysnyşykly ýaşamagy-da, şeýlemi? Ýolbaşçylar-ha islän zadyny etmeli, ýurdy talamaly, türkmeniñ nebitini-gazyny çar tarapa satmaly-sowurmaly, halkam agzyny ýumup oturmaly, şeýlemi? JANKÖÝER: Diñe agzyñy ýumanyñ ýeterlik däl, aç ölmejek bolsañ, agzyñy berk ýumup, başlyklañ her sözüne bar güýjüñ bilen eliñi çarpmaly! Wezipe aljak bolsañam, olary öwmeli. A.WELSAPAR: Ýaryş kemi ýok. Ýöne sportuñ bu görnüşi, megerem, türkmeniñ ýurduny gutarnykly tozdursa gerek? JANKÖÝER: Wah, gepem şonda-da! Şonuñ üçinem Türkmenistanda sportuñ ýurduñ geljegi üçin howply görnüşleri ýatyrylyp, tizräk hakyky sport ösdürilmese, türkmeniñ ýurdy edil towuga ýükläýmeli boljak. Ýene-de bir zady aýtmaly. Bolmaz iş bolup, birdenkä türkmenleriñ arasyndan dünýa çempionlary çykaýsa, soñunyñ nämä barjagy-da belli däl. Halk üçin bu-da gorkuly… A.WELSAPAR: Beh, onuñ nämesi gorkuly? Ugran ugrumyz gorky boldy durdy-la?! Ýurtda dünýä derejesindäki pälwanlar dörese, gaýta halkyñ milli ruhy göterilmezmi? JANKÖÝER: Ýok, ýok, siziñ aýdýanyñyz näme?! Biziñ halkymyz 20 ýyldan bäri diñe bir “çempiony” söýmäge endik eden. Onsoñ ýurtda birdenkä birnäçe çempion dörese, abraýly adamlaryñ sany artsa, halk aljyrar! Bu halkyñ añyna agram salar, adamlaryñ däliremegi mümkin. A.WELSAPAR: Onda biziñ bagtly geljegimiz üçin aramyzda sportuñ dünýä çempionlarynyñ döremegi-de diñe zyýan boljak-da? JANKÖÝER: Hawa, gynansak-da, ýurt hem onuñ beýik ýolbaşçylary üçin bu örän gorkuly. Eger-de muña Gunbatarlynyñ däl-de, türkmen watançysynyñ gözi bilen garasañyz, özüñizem düşünersiñiz. Gep bu taýda kimiñ oýunda utýanynda däl, çynda kim utýyar – şoña seretmeli! A.WELSAPAR: Onda siz: sport – ýalan, pul hem – çyn diýjek bolýañyz-da? JANKÖÝER: Siziñ logiki pikir ýöredişiñiz meni haýran galdyrýar. Megerem, siz ýurtdan öñräk çykan bolsañyz gerek? Sebäbi biziñkiler logiki pikirlenmek ukyplaryny birçak ýitirdiler. Türkmenistanlylara logiki pikir etmegem, haýsydyr bir problemanyñ düýbüni derñemegem gadagan. Sportuñ näme sebäpden ösmeýänligi hakda gürrüñ etmegem bolanok. Umuman, türkmenistanlylara sagdyn logika daýyanmak bolanok. Logiki taýdan sagdyn pikirlenip bilýyänler Adam ata bilen How enäniñ uçmahdan kowluşlary ýaly biziñ Altyn asyrymyzdan kowulýyarlar! A.WELSAPAR: Belki, Olimpiadanyñ programmasyna türkmenler üçin endikli milli oýunlar girizilse gowy bolar? Türkmenistanda häzir sportdan ýörgünli ugurlar ýokmy? JANKÖÝER: Heý bolmazmy, elbetde bar! Siz nä şonam bileñzokmy? A.WELSAPAR: Gynansam-da, bilemok… Sebäbi ýurtdan mejbury çykyp gaýdanyma 15 ýyl töweregi boluberen eken... Onsoñ nämäñ nämedigini biläýmegem kyn, aýratynam sporta gezek gelende. Aýdyp oturyñ, bu zamanda sportuñ haýsy ugurlaryndan biz dünýäni añk edip biljek? JANKÖÝER: Öwünjeñlikden hem ýaranjañlykdan! A.WELSAPAR: Diýmek, herhal geljege umyt bar-da?! JANKÖÝER: Öwünjeñlik bilen ýaranjañlyk Halkara Olimpia oýunlarynyñ sanawyna goşulsa, biziñ öñümize geçjek tapylmaz! Nädersiñ ýöne, ”türkmen gelýä” diýilse, millet dagdyraşyp dursa! A.WELSAPAR: Olimpiada indikide ýene Pekinde geçirilse, Hytaýyñ öwünjeñlikdir ýaranjañlygy ýaryşyñ sanawyna salmagy ahmal. Ýörite Türkmenistanyñ hatyrasyna. Sebäbi, birinjiden-ä, olara-da tebigy gaz gerekdir; ikinjidenem, sportuñ bu görnüşleri Hytaýyñ özünde-de ösen. Umuman, öwünjeñlik, ýaranjañlyk Türkmenistan, Hytaý, Demirgazyk Koreýa ýaly totalitar ýurtlarda gowy ösýär. Ýurtda bedenterbiýe sapaklary, sport işleri düzgüne salynsa – onda hakyky sport hem öserdi. Arman, ýöne düzgünsiz ýurtda düzgünli sport bolup bilmez. JANKÖÝER: Gaty dogry bellediñiz. Ýogsa, türkmenlerem halys göýdük millet däl ahyryn! Diñe adam şekilli türgenleşik hem hakyky alada gerek. Azap edip, sportsmen ýetişdirmeli. Ol azabyñ netijesini hem dünýä boýunça geçirilýän ýaryşlar görkezýär, Olimpiada-da şol ýaryşlaryñ iñ ulusy, iñ şöhratlysy. Olimpiadada baýrakly orunlar gazanylmasa, okuw jaýlarynda bedenterbiýe sapaklarynyñ we bütin ýurtda sport işleriniñ derejesiniñ gaty pesde boldugydyr. Türkmenistan muny hökman boýun almaly we häzirden indiki Olimpiada gatnaşjak sportsmenleri taýynlap başlamaly. Ýogsa, ýurtda basym, ol-a sportsmen eken, janköýerem galmazmyka diýýän... A.WELSAPAR: Hormatly Janköýer, beren gyzykly gürrüñleriñiz üçin tañryýalkasyn!
Pekin-Aşgabat-Stockholm |