|
DAŞARY İURTLARDA İAŞAİAN TÜRKMENLERIÑ DYKGATYNA |
| 2007-02-02 |
| Hormatly ildeşler! |
| ”GÜN” neşirıatynda ”AK GUŞ BOLUP UÇSAMDYM!” we ”DIRILIK SUWY” atly kitaplar neşir edildi. Kitaplar dürli ıaşdaky mekdep okuwçylaryna niıetlenilen. ”AK GUŞ BOLUP UÇSAMDYM!” kitabynyñ içki sütüni edilip türkmen folkloryndan aşakdaky dürdäne setirler alyndy: Ak guş bolup uçsamdym, Ata Watandan üzñe ıaşaıan türkmen maşgalalarynda önüp-ösıän çagalaryñ öz ene dilini ıitirmän saklamagy we ösdürmegi üçin bu kitap ene-atalara uly goldaw bolar diıip, umyt edıäris. Ene dilini öz çagalaryna, agtyk-çowluklaryna miras goımak isleıän türkmenleriñ gollanma derejesindäki edebi kitabyñ duşundan biperwaı geçip gitmejegine ynanıarys. Latyn elipbiıinde çap edilen bu kitapda çagalar üçin gyzykly goşgular, tapmaçalar, ıañyltmaçlar, hekaıalar, ertekiler bar. Olaryñ köpüsini durmuşda ıygy-ıygydan ulanyp boljak. Meselem, çaganyñ İaş toıunda, Europa senesi boıunça Täze ıyl bellenilende, Nowruz baıramynda, Gurbanlykda ıatdan aıdyp boljak goşgularyñ we sanawaçlaryñ bolmagy ıygyndynyñ gymmatyny has-da artdyrıar. Onda çagalar üçin hekaıalar we türkmen halk ertekileriniñ öñ okyjylar köpçüligine mälim bolmadyk, avtor tarapyndan halk arasyndan ıazylyp alnan nusgalary-da bar. Kitapda pasyllaryñ, aılaryñ her birine degişli alamatlary görkezıän goşgujyklaryñ uly toplumy ıerleşdirildi. Ol goşgularyñ wezipesi ösüp gelıän ıaş çagalaryñ ıüreginde töweregimizdäki gözel tebigatyñ görküne söıgi oıarmak. Gyşyñ, ıazyñ, tomsuñ, güızüñ görki nämede? Dürli aılaryñ tebigat bilen nähili sazlaşygy bar? Çagalar bu soraglara kitapdan ıönekeı we degerli jogaplary tapyp bilerler. ”AK GUŞ BOLUP UÇSAMDYM!” kitabyndaky goşgulary, tapmaçalary ıatdan öwrenmek añsat. Sebäbi olaryñ dili ıönekeı we akgynly. Türkmen çagalary olary ıat tutup, dürli toı-baıramlarda uly höwes, söıgi bilen gaıtalarlar diıip, umyt edıäris. ”GÜN” neşirıaty kitaba sargytlary toplaıär. Islegleriñizi aşakdaky adrese ıollap bilersiñiz: gunesh.redaktor@gmail.com Kitap 190 sahypadan ybarat. Ol reñkli suratlar bilen bezelen, daşy reñkli we laminirlenen (lowurdyly). Kitaby bezän suratçylar: Kseniya Samarina we Elman Kerimov. Bahasy: Kitaba gelen sargytlar: Gadyrly ildeşler, ”DIRILIK SUWY” kitaby şved dilinde neşir edildi. Bu kitapda türkmen halk ertekileriniñ täze nusgalaryny şved dilinde okap bilersiñiz. Kitap reñkli suratlar bilen bezelen, daşy laminirlenen (lowurdyly). Kitap 108 sahypadan ybarat we onda 12 sany türkmen halk ertekisi ıerleşdirildi. ”DIRILIK SUWY” kitaby (onuñ şvedçe ady ”EVIGHETENS KÄLLA”) şved dilinde okaıan okyjylara niıetlenen we kitap dükanlarynda satylıar. Bu kitaby edinmäge isleg bildirenler ony “GÜN” neşirıatynyñ özünden ıa-da “BOKHANDEL” kitap magazinlerinden satyn alyp bilerler. Neşirıatdan satyn alynsa, kitabyñ 1 nusgasynyñ bahasy: 100 SEK + post çykdajysy. Şvesiıada ıaşaıan türkmenler “DIRILIK SUWY” kitabyndan saılama türkmen ertekilerini şved dilinde okap bilerler. Agzalan kitaplar türkmen we şved çagalaryna gyzykly Täze ıyl sowgady bolar! “BOKHANDEL” kitap magazininden bizde ozal neşir edilen “AKPAMYK” kitabyny-da satyn alyp bilersiñiz. “AKPAMYK” şved dilinde çap edilen türkmen halk ertekileriniñ ilkinji ıygyndysydyr. Bu kitaby-da siz dine bir kitap magazinlerinden däl-de, eyes neşirıatyñ özünden-de satyn alyp bilersiñiz. Neşirıatyñ özünden agzalan kitaplary satyn almak üçin sargytlaryñyzy biziñ e-mail adresimize iberip bilersiñiz: gunesh.redaktor@gmail.com “GÜN” neşirıaty |