Akmyrat Şir
HEKAİALAR
Nirelerdir bir ıerlerde men, ıagny meniñ ejemiñ söwer ogly, aılanyp ıör. Ötegçiler ony görıärler, oılanıarlar: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş! Onuñ ruhy bireııäm bedeni bilen birigip gitdi. Ol aılanyp ıör, aılanyp ıör, ıadanynam bilenok. Ol aınalara-da garanok, geçip barıanlara-da tiñkesini dikenok, emma bar zady görıär. Onuñ gözleri özüne garşy gönügen, ol özüne bakıar. Ol ıalñyz, ol ıalñyz agaç ıaly, jaı ıaly, planeta ıaly, tebigatyñ ıalñyzlykda ıaradan bar zady ıaly – ıalñyz, ıöne ummasyz şäheriñ içinde ıitip giden däl. İok, onuñ entek jahylka gazanan, göreşip alan öz orny bar: pişiklije otagy, durmuşyñ syıyndan berk ıapyşıan, gijäniñ bir wagtyna çenli çyrasyny söndürmän oılanıan otagy bar.
Nirelerdir bir ıerlerde men – ejemiñ söwer ogly ygyp ıör. Ony görüp, ötüp-geçip barıanlar oı edıärler: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş!
Döredijilik otagy
Çörek, duz, sogan. Tapylsa, ponidor. Dadranyñ köki, burçuñ bolmagy – elpe-şelpelik. Pyçag-a hökman bolaımaly. Bloknot hem galam. Çilim. Otluçöpi hem unutmaly däl. Radiony çalaja açıan. Hawa, çaıam demläp basyrmaly. Ynha, indi ıagty jahan özümiñki, aınanyñ daşyndaky daragtlaram, asmanyñ sergezdan bulutlaram meniñki, bary, olaryñ bary meniñ myhmanlarym, meniñ şagalañyma gelipdir. Hawa, durmuş bizi duzlaıar, gowurıar, taplaıar. Badalga hem uçuş. Daglaryñ, durmuşyñ depesinde batbörek deı uçup ıören köñül.Tutuş gün bujagaz otagda nämeleriñ bolup geçeni, jaıyñ leññer atyp, ıeriñ endiräni diñe maña mälim. Goñşularym bolsa, biziñ goñşymyz gowy, ümsüm, ıöne birneme ıabanyrak diııärler.
Hudojnik
Säheriñ çyglary bulduraşyp duran gara hoşalar – sizi döredesim gelıär! – başaryp bilemok!
Aıyñ süıümi ıaly küızeden akyp gelıän suw – sen ıaly bolasym gelıär! Başaryp bilemok!
Ak ümür basan daragtlar, sizi ıaradasym gelıär! – başaryp bilemok!
Eı, siz, kalbymdan, baş bermän, daş çykan yza hem ah, sizi ıaradasym gelıär! Başaryp bilemok!
Maña näme boldy, bu niçik ahwal boldy? Maña görmek, duımak berlipdir, eşitmek, söımek, hesret çekmek berlipdir… İöne… onda näme olaryñ ählisi bokurdagyma tegek bolan suñk ıaly bolup dur, näme diıip söze, reñke, owaza aılanman, diñe ıöne ıaryljak, döküljek, nagra dartjak, pyşyrdajak, uçjak bolup dur!
Tebigat, bagyşla, öz telbäñi bagyşla!
Gorky
Dört sany ıaş ıigit göıä dört sany at ıaly, takyr bile aldygyna ıorgalap barıar. Olaryñ egninde kepene çolanan jesetli tabyt. Şemal ak matany galgadyp, burnuma babamyñ sakgalynyñ ysyny getirıär. Yzdan sürrekleşip, üç nesil: ogullar, agtyklar, çowluklar gelıär. Babamyñ ne ıaşdaşy bar, ne dogany, ne dosty, olar eııäm babamyñ alnyp barylıan ıerinde. Dört ıigit başyny aşak salyp, elıaglyklaryny, elleriniñ arkasyny ıaşa ezip, eıgermän gelıän göleçilerden ylgaşlap arany açyp barıar. Hä diımän, ogullarynyñ biri bir gysym toprak atar weli, babam hemişelik ıiter gider. İiti ıagty bolup, yşyrap, topraga, daşjagazlara, çüırän çöp-çalamlara garylyp giden bu adamdan näme galar? İatlamamy? Eıse ol çynmy?
Çagakam dyrmalana ak sakgalym, üzüm hoşasyny galdyrjak bolup eglen hortap göwresi, hiñlenibräge-de aıdyp berıän hekaıatlary we şuña meñzeş üzlem-saplam ıatlamalar, meger, hakyda galar. İöne iñ hakyky zady, onuñ, belkem, özüniñem düşünmedik esasy zadyny şol dörtler alyp gider.
İeke çöp bitmedik, gugaryp ıatan mazarystana imisalalyk ıa gije aralaşansoñ, men gelerin hem oña diri wagtynda berip bilmedik sowallarymy bererin. Ol özüne akyl ıetirip, bildimikä? Ol bize nähili ıaşamagy maslahat bererkä? Onuñ açyp bilen iñ soñky hakykaty nämekä? Ol özünde öwrülişigi başyndan geçirdimikä? Öz ıaşan uzyn asyrynda näme gyzykly zat gördükä? Kim ol? İene ençeme soraglar…
Dymyp ıatan guburyñ deregine mör-möjegiñ jürrüldisi, şagallaryñ uwlamasy, aıyñ şuglasy, gijäniñ dymyklygy jogap gaıtarar.
…Dört ıaş ıigit, dört at ıaly giden takyrlykda galagopluk bilen meniñ gorkymdan daşlaşyp, özlerini özi mazarystana alyp barıar.
Rusçadan terjime eden
Nobatguly Rejebov