|
Bapba Gökleñ
|
|
GELNALYJY |
| ”Tokmak” jurnaly, 1980-nji ýyllar |
|
Dürli kysymdaky ýeñil maşynlardan düzülen gelnalyjy gyk-baklap, haý-haýlap, waý-waýlap, aýdym aýdyp, dep kakyp, tozan turzup, ýoldan çykyp, ýola girip, biri ozup, biri galyp, ýaglyk parladyp, sozanguýruk bolup, gelin alynjak öýüñ alkymyna süsdürilip bardy. – Geldiler! – diýen söz agyzdan agza geçip, gyzyñ oturan otagyna kürsäp girdi. Bu sözi eşidip, otagda oturan daýzalar gapa tarap eñdiler. – Bekje duruñ! – diýip, olar biri-birini gaýduwsyzlyga çagyrdylar. Daşky gapynyñ agzynda duran aýal-ebtat, çaga-çuga gün aşyp gelip, suwly nowanyñ daşyna üýşen goýun sürüsine döndi. – Hany, kim birinji bolup gapyny açmaly! – diýşip gygyryşdylar. – Öýlenýän oglanyñ agasy açar-da – diýip, köpi gören bir daýza ýatlatdy. – Myrat, bol, böwedi böwüs! – diýip, oglanyñ agasyny ruhlandyrjak boldular. Beýle hormata garaşmadyk Myrat ýaýaplap ugrady. Gyzyl onluklardan elimize tutdurmasa, böwediñ golaýyna-da gelmez – diýip, daşky gapa direnip duran daýzalar dillendiler. ”Mende bary-ýogy 11 manat bar, onuñam bäş ýarym manady yza – öýe gitmäge bilet pulumdy. Bilet jähennem diýsemem, 11 manat bu duran arwahlaryñ haýsyna ýok bolsun?” – diýip, Myrat içini gepledip ýaýdandy. – Ýaýdanyp durma, bar-da, omzaber – diýip, öýlenýän oglanyñ dosty, daýaw ýigit Myrady itip goýberdi weli, ol gapy saklap duran daýzalaryñ ýanyna entirekläp bardy. – Mende-hä şü… – diýip, Myradyñ jübüsinden onlugy çykarany hem şoldy weli, ony şol demde kakyp aldylar. Pul ýetmedik daýzalar indi gapa has hem bek ýapyşdylar. Myrat eli birlikli öñe gitdi. Ony yza pyzyp goýberdiler. Onuñ çepiksi göwresi arkanlygyna serpildi. Onsoñ ýigit tarapdan gelen aýal-erkek bary gapa tarap çozdy. Hakyky gyk-bak şondan soñ başlandy. – Haýt-haýt, ýuwaşrak – diýen sesden soñ ”waý, owratdyñ” diýen ses eşidildi. ”Waý, öldürdiñ, oglan, goýber, puluñyzam gursun, zadyñyzam” diýip, gapy saklap duran daýzalaryñ biri janhowluna bagyrdy. Gyssaga düşen ejelerini görüp, çagalaram eñşeşip başladylar. Mugt-a äkitmersiñiz – diýip, gyzyl-hyşdyñ daýza gelnalyjylara güýç berenokdy. Oña: – Ba-aý, öñ berendiris-ä! – diýdiler. Ol daýza munuñ bilenem gowşamady. Onuñ eline bir manat tutdurdylar. – Ýitir, oglan, onyñy, onyñdan zat bolmaz! – diýip, daýza ýigidiñ eline kakyp goýberdi. – Me-how, al, me! – diýip, ýigit onuñ eline bäşlik tutduryp, öñe omzady. Gapy birden açylyp, adamlar jaýyñ içine güpürdäp gaýtdylar. – Wiý, a gyz, hany bize, bize bir manadam ýetmedi-le – diýip, pul ýetmedik daýzalar ýykylyşyp ýatan ýerlerinden zeýrenişdiler. Daýaw ýigit olaryñ üstünden atan-satan bolup geçip, gyzly otagyñ gapysyna geldi. Ol bu ýerde hilä ýüz urdy: – Açyñ gapyny, meniñ elimdäki gyzyl onluklaryñ ysy burnuñyza uranokmy! – diýdi. Gapy çalaja açyldy. Wagyrdy peseldi. Gapy saklaýan daýzalar jyklap seretdiler. Olar ýigidiñ elindäki iki sany köne birligi görüp, şakyr-şukur gapyny ýapdylar-da: – Bir manatlyk gyz ýok bärde! – diýşip gygyryşdylar. – Waý, elim gapyñ arasynda galdy! – diýen çirkin ses gelnalyjy tarapdan eşidildi. Iki tarapyñ zoruna çydaman, gapy jygyldap hem gymyldap başlady. Ine-de, gapy açyldy. Ýigit bir gysym ak şaýlygy jaýyñ içine seçip goýberdi. Oglan bilen gyz tarap tapyşyp, omadaklaşyp şaýy çöpleýärdiler. Diñe bir daýza gyzyñ başyna ýaglyk atmak bilen boldy. Seçilen şaýydan eline gara köpük ilmedik hälki gyzyl-hyşdyñ aýal ol daýzany pyzyp goýberdi. Özi hem gyzyñ üstüne ýykyldy. – Waý, boýnum oñruldy! – diýip, gyz gygyrdy. Daýaw ýigit baryp, ýañky daýzany bir tarapa süýräp aýyrdy. – Waý, hany gelniñ köwşi? – diýşip gygyryşdylar. Jaýyñ içinde heniz gopgun ýatmandy. Gyzyñ üstüne ýykylan gyzyl-hyşdyñ daýzanyñ elinden köwşi aljak bolýardylar. – Bäş manat bermeseñiz, köwüş ýok! – diýip, daýza köwşi gujaklap ýatyrdy. Bäş manat berip, onuñ elinden köwşi aldylar. Dürli kysymdaky ýeñil maşynlardan düzülen gelnalyjy gyk-baklap, haý-haýlap, waý-waýlap, aýdym aýdyp, dep kakyp, tozan turzup, ýoldan çykyp, ýola girip, biri ozup, biri galyp, ýaglyk parladyp, sozanguýruk bolup, gyz alyp gitdi. *** Hekaýanyñ teksti Türkmen-latyn elipbiýinde ”Gün” neşirýatynda 2008-nji ýylda täzeden ýygyldy. |